Goşgynyň terjimesi
Goşgyny terjime etmegiň üç ýoly bar. Birinji ýola öwrenje terjimeçiler eýerýär. Olar, köplenç, terjime edýän şahyrlaryna mahsus bolmadyk ölçegden, rifmalaryň düzüminden, öz sözlüklerinden peýdalanýarlar. Terjime edýän goşgularyny öz isleglerine görä gysgaldýarlar ýada uzaldýarlar.Ikinji ýola eýerýän terjimeçiler hem başdakylardan känbir tapawutlananok. Olar diňe öz hereketlerini delile getirjek bolýarlar. Mysal üçin, olar: «Eger terjime edilýän şahyr rusça ýazan bolsa, edil meniňki ýaly ýazardy» diýýärler. Bu tär, esasanam, ХVIII asyrda ýörgünli bolupdyr. ХIХ asyrda bu tär inkär edildi. Ýöne onuň täsiri şu günler hem duýulýar. Üçünji ýola, ýagny, iň kyn ýola eýerýänler terjime edýän goşgularynyň daş keşbini bolşybolşy ýaly saklamaga ymtylýarlar. Geliň, şol terjimeçileriň göz öňünde tutýan zatlaryny anyklamaga synanyşalyň.Goşgynyň döremegine esasy sebäpkär bolýan zat keşpdir. Keşpleriň sany çäkli bolýar. Köplenç, şahyr özünden öň döredilen keşpleri peýdalanýar. Şahyryň şahsyýeti şol keşplere gatnaşygynda ýüze çykýar. Şahyr terjime edende, esasy ünsi keşplere dälde, terjime edilýän şahyryň şol keşplere bolan gatnaşygyna bermeli. Mysal üçin, gadymy pars şahyrlary bägüli janly zat hökmünde göz öňüne getiripdirler. Orta asyr pars şahyrlary üçin bolsa bägül söýginiň we owadanlygyň nyşany eken. Puşkiniň bägüli diňe adaty bir güldir...Terjimeçi bentleriň we setirleriň sanyny hökman saklamalydyr. Şolaryň biri saklanmasa, terjime edilýän eseriň aýratynlygyny saklap bolmaýar. Stil meselesinde terjimeçi awtoryň poetikasyndan ugur almalydyr. Her şahyryň nazaryýet taýdan esaslandyrylan öz sözlügi bolýar. Mysal üçin, Uorswort goşguda diňe gepleşik diliniň ulanylmagynyň, Gýugo sözleriň göni manysynda ulanylmagynyň, Werlen bolsa, sözleriň ýönekeýliginiň we onuň erkin ulanylmagynyň tarapdary. Şonuň ýalyda, terjime edilýän şahyryň ulanýan meňzetmeleriniň häsiýetini hem gözden salmaly däl.Mysal üçin, Baýron anyk keşbi howaýy keşp bilen deňeşdirýär. Şeýle deňeşdirmä mysal edip, Lermontowyň «Howa arassadan näzik, çaganyň posasy ýaly» diýýän setirini görkezmek bolar. Şekspir howaýy keşpleri anyk keşplere deňeýär we ş. m...Goşgularda gaýtalanmalar, hereketiň ýeri we orny, mysallar kän duşýar. Şolary janyňteniň bilen saklamaga çalyşmaly. Rifma hakdaha aýdyp oturasy iş hem ýok.Terjimeçä goşgynyň owazyny terjime etmek has kyn düşýär. Ýöne hernäçe kyn hem bolsa, terjimeçi adyna eýe boljak bolsaň, terjime edýän goşgyň owazyny hem saklamaga çalyşmaly...
Rus dilinden terjime eden: Orazgylyç Çaryýew.
Edebi tankyt