22:38 Göwnüm | |
GÖWNÜM
Goşgular
Göwnüm, göwnüm, eziz göwnüm, Diýme muña öwündigim. Otuza ser uran günüm Ahyr bildim göwündigiñ. Il derdine ters bakmadym, Ony duşdan geçirmedim. Goñşymyñ için ýakmadym Hem oduny öçürmedim. Aç bolmadym, ýöne weli, Doklugymdan gägirmedim. Ýigit kimin söýdüm ili, Söýýän diýip gygyrmadym. Ýöne şum iş gyssananda, Basylanda käte sussum, Özüm däl, dost-ýarym üçin Seni köpräk öñe tutdum. Bu türkmeniñ bahary deý Ýaşlygymyz geçýär basym. Il başyna düşen işden Bizi hiç zat goramasyn. Hakyñ gözüne bakaly, Şer iş ýerden göçer ýaly. Ýüreklerde ot ýakaly, Ojaklary öçürmäli. Aglaly, bile güleli! Myrat tapsyn maksat tutan. Biz näm bolsak şol bolaly, Bolsa bolýar eziz Watan! | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |