13:11 Göwnüm seni | |
GÖWNÜM SENI
Goşgular
Däli göwnüm melul bolma, Hoş edermen göwnüm seni. (Aýdymdan) Melul bolma sada göwnüm, Ýazgarma geçmişde meni. Köp zaman kän bir ullakan, Hoş edip bilmedim seni. Oturyşsam hem turuşsam, Bilerim ýaly çak-çeni, Jylawyň çekdimde ýördüm, Joş edip ýörmedim seni. Golum uzatdym mätäje, Ýamana bermedim ýeňi. Ezildim ejiz ýanynda, Daş edip ýörmedim seni. Başarşymça bu durmuşda, Ýaşap ortahal, il deňi, Öňe geçip, pulum seçip, Baş edip bilmedim seni. Goja göwnüm, goýma göwnüň, Durmuşdyr, bolandyr kemi. Geçen geçdi, mundan beýläk, Ýaş edip bilmerin seni. “Watan” radio ýaýlymy, 03 dekabr 2021 ý. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |