13:45 Göwnüme däl zatlar hakda | |
GÖWNÜME DÄL ZATLAR HAKDA
Goşgular
Birmeňzeş bezemen gyzlar, Birmeňzeş bezemen oglan. Olar gadym geçmişden däl, Olar şu günlerde doglan. ...Gara sakgal örtüp ýüzün, Ne betnyşan, düşse gözüň. Gyssanyp barýar jumaga, Namazda öňde durmaga. Oň ýalydan doly metjit, Diýdim: - Walla, äjit-mäjit. Birtopary oýunbazdyr, Görejiňde gara mäzdir. Gaýdan güni bu dünýäden, Bolsun kepen gara biýzden. Lenji çykan sözden irdim, Hamy galyň ýüzden irdim. Akylyň bolmasa dil nä? Ýa-da hasap dälmi il nä? “Il bilen nä işim?” diýdiň, “Gülse bolýar dişim” diýdiň. Alsa Allasyn tanamaz, Diýme: “Ilini talamaz”. Çyn ynsanperwer ýigitler, Dostuna dostun ýanamaz. Bilgiç däl men, “Bilenimi Aýtmak saňa borjum” diýdim. “Hars urup bar gazananyň, Haram pully horjun” diýdim. “Ýöne weli ak ýürekden, Çekmeseňiz azap” diýdim. “Gaty gitme, gaty gitseň, Bar dünýäde hasap” diýdim. “Akylyňa aýlanmasaň, Şol haklaşyk - gazap” diýdim. “Mollamysyň, müftümisiň, Bol Gurhana laýyk” diýdim. “Ýüzüň tutsaň şeýtan sary, Iman, yhsan köýük” diýdim. “Nebsine “ haý” diýip bilen, Herki ynsan beýik” diýdim. Pukaraýam, gardaşym sen, Ata-baba arkadaşym. Tagamyny bilmedim hiç, Minnetinden bişen aşyň. Kemin gözläp atasynyň, Ýörenlere “Puşman” diýdim. ”Ömri öter ýol-ýodasyz, Gurruk guýa taşlaň” diýdim. “Daşy jäjek, içi möjek”, Kim bolsa-da “Tilki” diýdim. “Il gözüne salyhaty, Ýom-ýok bolar ilki” diýdim. “Çyndan” gülküsi, agysy, Heniz-heniz selki” diýdim Öz-özüme: “ Eý, Allaýar, Guran binaň kesek” diýdim. “Eger gelse suw joşguny, Boluşyna eset!” diýdim. Sen, byradar, bu sözüme, Gaharyňa “Bes et” diýdiň. “Samahyllap oturma-da, Ilki özüň düzet” diýdiň. Dymsamam-a dymdym weli, “Göwnüm, göwnüm, eziz göwnüm, Ahwalyňa ses et” diýdim, “Ile-güne göz et” diýdim... 01.03.2023. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |