06:31 Gowular bolsun ýoldaşyň | |
GOWULAR BOLSUN ÝOLDAŞYÑ
Goşgular
Ruslana Durmuş bi, göýä ki otluk meýdandan, Barýaň, gülleň ysyn ysgap çar ýandan. Birden-kä, kä ýerde tikenli otlar, Gaçyrar keýpiňi, çekip synaňdan. Şol tikenler meýdanyňdan daş bolsun, Bolsun sap gowular, saňa duş bolan! Herne Hudaý, mydam sulhyň alyşsyn, Işdeş bilen, ýoldaş bilen, daş bilen! Berk bellegin, bala, özge hem diňle, Ekmedik ekiniň meýdanna girme! Gijäň rahat bolar, günüň parahat, Başganyň bagynyň badamyn tirme! Az iýde, az ukla! Many al pentden, Gaça dur töhmetden, gybatdan-gepden! Ýaradanym, ýaman dilden gorasyn, Hem gaç, gedemlikden -pis häsiýetden! Bir zerur zat ýene, aýdaýyn saňa, Besdir şol, pespällik bolsa ganyňda. Hergiz, pespäl bolup görünjek bolup, Kiçelme özüňçe ýoklaň ýanynda! Gowulyk ündemek borjy atanyň, Aýtsaň aýdaýmaly öwüt, pent kändir. Herhal, olar baglydyr öz aklyňa, Hemmesin aýtdyryp etmeli däldir. 2021 ý. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |