15:53 Göze görünmeýän ruhlaryñ barlygy çynmy? -5: "Ruh awlaýjy" Garri Praýs | |
5. "Ruh awlaýjy" Garri Praýs
Geň-taňsy wakalar
"Ruh awlaýjy" Garri Praýs Angliýanyñ taryhy Borleý binasyndan söz açylanda, hökmany suratda ady tutulýan psihiatrdyr. Garri Praýs Angliýanyñ girmäge gorkulýan "ruhly öýi" hasaplanýan Wiktoriýa döwrüniñ binasy bilen gatnaşygy arakesmeler bilenem bolsa tutuş on dokuz ýyllap dowam edipdir we bu döwre degişli ýazan iki kitaby psihiki dünýäniñ gapysyny hemmeler üçin açybilipdir. Praýsyñ Borleý binasyna bolan gyzyklanmasy 1929-njy ýylda başlanypdyr. 1863-nji ýylda gurlan binada kireýne ýaşaýanlar her gezek adatdan daşary nämälim güýçler tarapyndan bimaza edilýändigini aýdyp jaýdan çykypdyrdyrlar. Praýs jaýa birinde gezek baranda on dokuz ýyllap ünsüni çekjek derejedäki hadysalara şaýat bolupdyr. Binada gaýmalaşyp ýören birnäçe ruh bar eken. Olaryñ arasynda ýörite ýasalan lupalar arkaly adam tarapyndan görlen: ruhany, başsyz adam, uzyn boýly gara sudur we haýdap araba sürüp barýan arabaçy barmyş. Adamlar hususanam jañ kakylýandygyny, aýak seslerini, her dürli güpür-tapyrlygy, boş otaglardan gelýän zynjyr şakyrdysyny, aýnasy döwlende açylyp ýapylýan gapy seslerini we binanyñ ýanyndaky buthanadan gelýän sazdyr, mynajat aýdymlarynyñ sesini eşdipdirler. Praýs 1937-nji ýylyñ dekabr aýynda lukmanlardan, arhitektorlardan, alymlardan we diplomatlardan düzülen kyrk adamlyk topar bilen jaýa ýerleşýär. Olaryñ käbiri sowuk gijeleri başdan geçirse-de, hiç zat gözlerine ilmeýär, emma toparyñ ýarsyna golaýy boş otaglardan gelýän üýtgeşik sesleri eşidýär. Filosofiýa ylymlarynyñ doktory Joad otagynda 10 gradus gyzgynlygyñ emele gelendigini duýupdyr. Aralarynda Praýsyñ özüniñem bolan başga bir topar bolsa ruhanynyñ ruhuny görüpdir. Jaýda geçirlen başga bir ruh çagyrma seansynda ruhanynyñ Mari Lairr atly zenandygyny, jaýyñ birmahalky eýeleriniñ biri tarapyndan Fransiýadan Angliýa getirlendigini we onuñ bilen ýaşaşandygyny, soñ bir gün öý eýesinden "kada laýyklykda" nikalaşmagy towakga edendigi sebäpli öldürilendigini we jaýa golaý bir ýerde gömülendigini anyklapdyrlar. Jaý 1939-njy ýylda ýanypdyr. Praýs 1943-nji ýylda gazuw-agtaryş işlerini geçirip, ol ýerden aýal kelleçanagynyñ we boýna dakylýan dini nyşanly kalýeler çykan mazaryñ üstünden barýar. Praýsyñ kitaplary köp kişi tarapyndan ylmy delillerden daşdaky kitaplar hasaplansa-da, "ruh awlaýjy" psihiatr London uniwersitetinde psihiki barlaglary geçiripdir. Şeýle barlaglary geçirmek üçin ýörite laboratoriýa gurupdyr we ölýänçä laboratoriýanyñ işlerine ýolbaşçylyk edipdir. (dowamy bar)... # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |