00:25 Grekleriñ Zewsi, skandinawlaryñ Odini bolsa, türkleriñem Ülgeni, Erligi, Umaýy bar... | |
GREKLERIÑ ZEWSI, SKANDINAWLARYÑ ODINI BOLSA, TÜRKLERIÑEM ÜLGENI, ERLIGI, UMAÝY BAR:
Edebi makalalar
AZ BILINÝÄN TÜRK MIFOLOGIÝASYNYÑ DETALLARY Edebiýat mugallymy, edebiýatşynas Merwe Kökeniñ täze çapdan çykan "Türk mifologiýasy" kitaby türkleriñ yslamdan öñ ynanan hudaýlary we adatdan daşary güýçleri barada gyzykly maglumatlar berýär. Türk mifologiýasynda erbetligiñ hudaýy Erlik (çepde). Aýallaryñ, çagalaryñ, haýwanlaryñ penakäri aýal hudaý Umaýy şekillendirýän suratyñ awtory Nuraý Bilgili / Erligiñ suraty: facebook.com/Türk mifologiýasynyñ taryhy / Umaýyñ suraty: Twitter @NurayBLGL1) Zews, Gerkules, Afrodita diýlende, adamlaryñ köpüsi bularyñ nämedigini azda-kände bilýärler. Hristianlykdan öñki paganistik ynanjyñ agalyk süren döwürlerinde gadymy grekleriñ hudaýlaryna degişlidigine ynanylýan we biziñ günlerimizde grek mifologiýasyndan aýrylmaz bölegi bolup galan bu atlar şindizem Türkiýe ýaly ýurtlarda birnäçe kafe-baryñ, hususy kärhananyñ atlaryny göterýär. Şeýle-de soñky ýyllarda b.e.öñki IX-X asyrlarda Ýewropanyñ kenarlaryny talan wikingler baradaky kinofilmleriñ köpelmegi bilen skandinaw mifologiýasynyñ gahrymanlary bolan Odindir Toryñ atlarynyñam Zews ýaly tanalmagyna getirdi. Skandinaw we german mifologiýasynda bar bolan "elfler" atly periler-de "Ýüzükleriñ hökümdary" kinofilmi bilen dünýäniñ çar künjünde tanaldy. Taryhda her jemgyýetiñ özüne görä mifologiýasy, hekaýatlary baram bolsa, bularyñ köpüsi grek, müsür ýa-da skandinaw mifologiýasy ýaly tanalyp durlanok. Mifologiýa sözüniñ manysy boýunça mifleriñ (adatdan daşary güýçlerdir adamlar baradaky toslanan kyssalar, halk hekaýatlary), döreýişlerini, manylaryny düşündirýän ylmyñ aýratyn ugry. Düýpli taryhy geçmişi bolan türkleriñem mifologiýasy bolupdyr. Edebiýat mugallymlygynyñ daşyndan edebiýat, taryh ýaly ugurlarda ylmy-barlag işlerini geçiren, osmanlydan latyn elipbiýine birnäçe terjimeleri eden Merwe Kökeniñ "Karakarga" neşirýatyndan täzelikde çapdan çykan "Türk mifologiýasy" kitabynda türki halklaryñ aýratynam yslamdan öñki ynançlarynda ýer alan hudaýlara we adatdan daşary güýçlere degişli maglumatlar bar. Merwe Kökeniñ "Türk mifologiýasy" kitaby türkleriñ yslamdan öñki ynançlary barada hem maglumatlary dykgatymyza ýetirýär • Türk mifologiýasynyñ kän bilinmeýändiginiñ iki sebäbi Kitaby barada berlen soraglara jogap beren Merwe Köken başga döwletleriñ mifologiýasyna garanda türk mifologiýasy baradaky çeşmeleriñ çäklidigini aýdýar. Köken türk mifologiýasynyñ grek, müsür, nors (skandinaw) mifologiýalaryna garanda az tanalmagyny-da türkleriñ has köp ýurtlara ýaýramagyna we yslam dinine girmekleriniñ yzyndan türkleriñ yslamdan öñki döwürlere degişli maglumatlary ýazgy etmändiklerine, hatda bu medeniýetiñ doly ýatdan çykarylmagy üçin tagalla edilendigine baglanyşdyrýar. Geçirilen meýdan barlaglarynyñ türk mifologiýasynyñ merkezindäki türk medeniýetiniñem az hasaplap bolmajak möçberdedigini görkezendigini aýdýan Köken ylmy işiniñ bu ugra gyzyklanma bildirýän adamlara girelge bolup biljek derejedäki kitapdygyny aýtdy. Türk dessanlaryndan daşgaryn Kökeniñ kitabynda gürrüñ berilýän gadymy türk hudaýlary we mifologiki gahrymanlary şular: Gök tañry ynanjynda şamanlaryñ uly roly bardy • Älem-jahanyñ eýesi Gök tañry (Kök Tañry) Gök ýüzi hudaýyñ, aýal hudaýyñ, olaryñ kömekçileriniñ ýaşaýan ýeri. Asman ýarym şar şeklinde göz öñüne getirilipdir. Şaman ynanjyna görä on alty gatdan ybarat. Gök ýüzüniñ garawullary ikikelleli bürgütler. Gök tañry (Asman hudaýy) on altynjy gatda oturan iñ ýokary derejeli hudaý. Ol bütin älem-jahana hökmüni ýöretmek bilen birlikde älem-jahanyñam döremegiñ sebäpkäri. Ondan başga birnäçe ruhy, hudaýy we zenan hudaýy özünde saklaýan gögüñ ýüzi mukaddes saýylýar. Şonuñ üçinem çadyrlaryñ ýokarsynda kiçijik yş (tüýnük) goýulýar. Munda gögüñ ýüzüne we Gök tañra yşarat bar. • Gök tañry üçin ýaş gyzlaryñ gurban edilendigi aýdylýar Gadymy türkler Gök tañra bolan hormat-sylaglaryny bildirmek üçin ganly ýa-da gansyz gurbanlyklary edipdirler. Gurban edişlik çäresi türkler tarapyndan mukaddes saýylýan buk agajynyñ ýanynda geçirilipdir, çärä şamandan has köp "Aksakal" ady berilen ýaşuly ýolbaşçylyk edipdir. Gurban edilen malyñ gany ýere damdyrylmandyr, eger ýere gan degse mukaddesligiñ bozuljakdygyna ynanylypdyr, işlerini dynanlaryndan soñ süñkler ýakylypdyr. Bu çärä aýallar we çagalar gatnaşdyrylmandyr. Köken kitabynda has irki döwürlerde ýylds bir gezegem bolsa, Gök tañry üçin ýaş gyzlaryñam gurban edilengi, jesetleriñ ýakylandygy barada gep-gürrüñleriñ bardygyny aýdýar. • Gün we Aý tañrysy: Bu iki at hem asman bilen baglanyşykly bolandygy sebäpli mukaddesleşdirilipdir. Hytaý çeşmeleri hun hökümdarynyñ her gün irden güne tagzym edendigini (güne salam bermek däbi -t.b.) hanar berýär, käbir uýgur ýazgylarynda hem Aý tañrysy düşünjesi gabat gelýär. • Ak ene / Ene Maýgyl "Ak ene" diýlibem tanalýan, tañry Ülgene "Ýaradylyş" dessanynda dünýäniñ ýaradylma ylhamyny beren mukaddes zenan ruh. Suwuñ çuñluklarynda ýaşaýar. Orta Aziýadan tapylýan taryhy eserlerde türk mifologiýasyna degişli yzlaram bar • Gök tañry bilen deñ funksiýa eýe tañry Ülgen Köp sanly birmeñzeş pikire görä, Gök tañrynyñ wagtyñ geçmegi bilen funksional taýdan deñ derejede galdyrylan, emma ady üýtgedilen görnüşi. Ülgen wagtyñ geçmegi bilen Gök tañrynyñ ýerini alypdyr. Dogalarda Ak Aýaz, Aýaz han ýaly atlar bilenem onuñ ady tutulýar. Iñ esasy kömekçileri Maýdere, Mangydyşere bolan Ülgrniñ Utguçy atly ilçisi-de bar. Ülgeniñ sany ýedi bilen dokuzyñ arasynda üýtgeýän ogul-gyzlary bar, olar asmanyñ dürli gatlarynda ýaşaýar. Gyzlarynyñ ýörite atlary ýok, olara umumy "Ak gyzlar" diýilýär we olar şamanlara ylham berýär. Ogullarynyñ ady bolsa Garaguş, Garşy, Pura han, Burça han, Ýaşyl han. Bularyñ içinden Garşyny has eý görüpdir. Ülgen üçin geçirilen gurbanlyk çärelerinde Gök tañra edilenden tapawutlylykda boz aýgyr öldürilipdir. Çäräni şaman dolandyrypdyr. • Ülgeniñ kömekçi ruhlary Ýaýyk: Wezipesi habar gatnatmak bolandygy üçin käbir ýerlerde "enem ýaýyjy" (çapar") hem diýilýär. Suýla: Günüñ gyryndysyndan emele gelendigine ynanylýan mukaddes maýa adamlara elmydama ýagşylyk edipdir. Garlyk: Duman bilen birlikde ady tutulýan Suýlañka meñzeş wezipesi bolan kömekçi ruh. Oña doga edilende, bir bacadan howa suw sepelenýär. Utguçy: Adynyñ manysy güler ýüz bilen garşylaýan diýmek. Ülgeniñ ilçisi ýagdaýyndaky bu ruh ýer ýüzüne inmän, hemişe asmanda gezýär. • Aýallaryñ, çagalaryñ, haýwanlaryñ goragçysy Umaý Altaýlarda zenan aýratynlyklaty bilen tanalan hudaý, mifiki ene hökmünde baha berilen güýç. Onuñ ady göktürk ýazgylarynda-da geçýär. (H)Umaý aýallary, çagalary, haýwanlary goraýan hudaý hasaplanypdyr. Käbir jemgyýetlerde "Sary ene" diýlibem tanalypdyr. Hatda biziñ günlerimizde tagtaçy türkmenleriniñ arasynda ýaýran "Sary gyzyñam" şu ynançdan gelýändugi pikir edilýär. Ok-ýaý bilen şekillendirilmeginiñ iñ esasy sebäbi, çagalary erbet ruhlardan goraýandygyna ynanylmagynda. • Ýer astynyñ häkimi, erbetligiñ tañrysy Erlik Erbetligiñ tañrysy Erlik we onuñ kömekçi ruhlary bilen birlikde ady tutulýan ýer astynyñ, tümlügiñ simwolydyr. Tümlükler älemi ýedi ýa-da dokuz gat görnüşinde şekillendirilipdir. Ýer astyndaky erbet ruhlaryñ şamana gara tilkiniñ sypatynda görünýändigi pikir edilipdir. Ýeriñ asty köplenç erbet ruhlaryñ gidýän "Tamug" dowzahy hökmünde-de beýan edilipdir. Erligiñ garaoglanlar diýilýän ogullarynyñ atlary we missiýalary şeýle: Garaş han: Garañkylyk bilen simwolizirlenen hudaý. Berdaşly we güýçli Garaş hanyñ gara ýylanlary bolupdyr we gijesine höküm sürüpdir. Kereý han: Ýer ýüzüniñ arabozar hudaýy. Agzalalyk tohumyny ekmegi bilen tanalypdyr. Matyr han: Daş bilekli edilip şekillendirilen Matyr han gaýduwsyzlygy bilen tanalypdyr. Kömür han: Şaman bilen Erlik hanyñ arasynda araçylyk edýändigine ynanylypdyr. Kömür ýaly gara sypatda şekillendirilipdir. Şyngaý han: Garjaşyklyk döredýändigine ynanylypdyr. Padyş-Pyý han: Ýer ýüzüni heläkçiliklere, ýokanç kesellere we tebigy betbagtçylyklara iterýän hudaý hasaplanypdyr. Ýabaş han: Ady bulagaýlyk, hülgentlik bilen tutulan hudaý. Demir han: Ýeke gözli Demir han demirçiligiñ hudaýy hasaplanypdyr. Ýer-sue hudaýlaryndan Ýo-Kan atly ogly bolupdyr. Uçar han: Şum habarlary getirmegi bilen tanalypdyr. Içalyçylygy hudaýy hökmünde-de hasaplanypdyr. • Ýer-suw hudaýlary haýsylardy? Ýo-Kan: Ýer ruhlarynyñ iñ güýçlüsi bolan Ýo-Kan ýeriñ goragçylygyny-da edipdir. Talaý han: Deñizleriñ we derýalaryñ howandary bolan Talaý han birnäve tarapy bilen grek hudaýy Poseýdony ýatladýar. Baý Baýanaý: Awçylaryñ goragçysy bolan bu ruh gök ýüzüniñ gündogarynda oturypdyr. Adam han: ynsanlary goraýan hudaý. Şalyk han: Awçylyk bilen baglanyşykly Şalyk hanyñ örän güýçli adamdygyna, şol güýji arkaly hudawy güýjr eýedigine ynanylypdyr. Awa çykýanlar oña doga-dileg edipdir. Şeýle-de aw bilen baglanyşykly Mohol Toýon atly ruhuñam bardygyna ynanylypdyr. Ali KEMAL ERDEM. Şenbe, 06.02.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |