20:53 "Türk dünýäsiniñ halk döredijiligi nemes we skandinaw ertekilerine meñzeýär" | |
"TÜRK DÜNÝÄSINIÑ HALK DÖREDIJILIGI NEMES WE SKANDINAW ERTEKILERINE MEÑZEÝÄR"
Söhbetdeşlik
Sibirde, Türküstanda we Kawkazyñ demirgazygynda ýaşaýan asly bir türki halklaryñ hekaýatlaryny öwrenen Emrah Eje türk mifologiýasynyñ grek we skandinaw mifologiýalary ýaly baýdygyny, hatda has köpdürlidigini öñe sürýär. E.Eje türk hekaýatlary bilen nemes we skandinaw ertekileriniñ arasynda ullakan meñzeşlikleriñ bardygyny aýdýar Haýsymyz çagalygymyzda şeýle hekaýatlary diñlemedik ýa-da okamadyk? Hekaýatlar jemgyýetiñ geçmişdäki däp-dessurlary bilen şu günüñ arasyndaky baglanyşyklaryñ biridir. Käwagt hakykatdanam bolup geçen wakadan ugur alyp, köplenç bolsa hyýaly dünýäde janlandyrylan wakalaryñ dürli stiller bilen beýan edilmeginde orta çykan hekaýatlar dilden-dile ýüzlerçe ýyllap geçil gelipdir. Üns bilen öwrenilende, biziñ hyýaly diýip pikir edilýän hekaýatlaryñ her biri ata-babalarymyzyñ ýaşaýyş-durmuşlaryna, umytlaryna we gorky-ürkilerine, ýagny añasty añlaryna degişli gymmatly maglumatlary berýär. Türk(men)ler Orta Aziýadan Anadola göçüp gelenlerinde öz ýanlary bilen hekaýatlaryny-da getiripdir. Bularyñ bir bölegi wagtyñ geçmegi bilen ýatdan çykdy, bir bölegi bolsa täze durmuşa kybap goşundylar bilen formasyny üýtgetdi. Elbetde, dürli medeniýetler bilen tanyşyp, garym-gatym bolmagyñ netijesi hökmünde täze hekaýatlaram halk edebiýatynyñ üstüni ýetirdi. Emrah Eje kitabynda Orta Aziýada we Sibirde aýdylýan hekaýatlaryñ üstünde işläpdir • Türki halklaryñ ýaşaýan ýurtlaryndaky hekaýatlary toplady Emrah Eje Türkiýeden başga ýerdäki asly türki ýa-da türkler bilen garyndaş kowumlaryñ ýaşaýan Sibiriñ, Türküstanyñ we Deşti-Gypjagyñ, ýagny Kawkazyñ demirgazygy bilen Gazagystanyñ çäklerini öz içine alýan ýerlerdäki gadymy hekaýatlary elekden geçiripdir. Birnäçe ýyla çeken ylmy-barlag işlerini "Ötüken" neşirýatynyñ üsti bilen "Ýer-suw hekaýatlary" ("Yer-Su Hikâyeleri") ady bilen bir kitapda jemledi. Emrah Eje bilen türk taryhyndaky möhüm orunlary bolan bu ýerlerdäki hekaýatlara we olaryñ Anadolydaky hekaýatlar bilen meñzeşlikleri barada gürrüñ etdik. • Anadolyda-da türki dünýäsindäkiler bilen meñzeş hekaýatlar kän - Anadolydaky hekayatlar bilen Sibirdäki, Türküstandaky we Deşti-Gypjakdaky, ýagny Garadeñiziñ demirgazygyndaky hekaýatlaryñ arasynda meñzeşlikler barmy? - Aslyýetinde hekaýatlar bütin dünýä boýunça alanda biri-birine meñzeş bolýar. Şeýle meñzeşlikleri köpçülikleýin añ-pikirinden daşgarynlyk (бессознательное) we medeni utgaşmalar bilen düşündirip bileris. Mysal üçin türki dünýäsiniñ halk döredijiliginde aýdylýan hekaýatlar bilen nemes we skandinaw ertekileriniñ arasynda juda köp meñzeşlikler bar. Hatda käwagt biri-birini gaýtalaýan hekaýatlara-da gabat gelýär. Elbetde, Anadolyda-da türki dünýäsindäkilere meñzeş hekaýatlar az däl. Bolunyñ zalym begine garşy gozgalañ turzan Köroglynyñ meñzeş wersiýalary türki halklaryñ ýaşaýan ähli ýurtlarynda gabat gelýär • "Alakeýik" legendasy, "Körogly" ("Görogly"), "Gorkut ata" hekaýatlary türki halklaryñ umumy mirasy" - Türkler Anadola gelenlerinden soñ Orta Aziýadaky hekaýatlaryny ýatdan çykardylarmy? - Ýok, ýatdan çykarmadylar, ýöne hekaýatlar üýtgeşmelere uçrady. Mysal üçin, Çukurowa sebitleriniñ çeper edebiýata we kinofilmlere edebi esas bolan meşhur "Alakeýik" legendasy gyrgyzlaryñ "Moldojaş" dessany bilen birmeñzeş motiwleri öz içine alýar. Garry enemden eşiden bir aýy hekaýatymyñ beýleki türki halklarda onlarça warianty bar. "Körogly" we "Gorkut ata" motiwi-de birmeñzeş ýagdaýda türki halklaryñ umumy motiwleridir. Hekaýatlar derýa mysaly; doglup-dörän ýerinden lummurdap soñky baryp guýýan ýerine yzyny üzmän akýarlar, hekaýatlaryñ hemmesiniñ düýbüniñ bir derýadygyny kim inkär edip biler? E.Eje Anadolydaky aşyklyk däbiniñ Altaýlardaky kaýçylar bilen meñzeşliginiñ bardygyny aýdýar • "Altaý daglaryndaky kaýçylar Anadolydaky aşyklaryñ añyrsy bir" - Sähralarda ýaşaýan halklaryñ arasynda hekaýat aýtma däbi şindizem dowam edýärmikä? - Heý-de, adamyñ bar ýerinde hekaýatlar aýdylmazmy? Häzirki "manasçy" diýilýän ozanlar (dessançy bagşylar) "Manas" dessanynyñ müñlerçe bendini gopuza ýanap ýatdan aýdýar. Altaýlatda kaýçylar birnäçe güne çeken hekaýatlary gürrüñ berýärler. Anadoly we Häzirbegjan taraplarynyñ aşyklyk däbiniñem añyrsynyñ şolara birikýändigini aýdyp bileris. E.Eje türk mifologiýasynyñam grek mifologiýasy ýaly baýdygyny öñe sürýär • "Türk mifologiýasy grek we skandinaw mifologiýalary ýaly baý, hatda olardanam köpdürli" - Skandinaw we grek medeniýetindäki hekaýatlar baý mifologiýanyñ kemala gelmegine sebäp bolsalar-da, türkleriñ Orta Aziýadaky hekaýatlary nämüçin şolaryñ üstünligini gaýtalap bilmedi? - Mifologiýanyñ baýlygyndan söz açmaly bolsa, türk mifologiýasynyñ grek we skandinaw mifologiýalary ýaly baýdygyny, hatda olardanam köpdürlidigini aýdyp bileris. Türkler edil häzir örän giñ geografiki giñişlikde ýaşaýarlar we ýerine görä mifler üýtgäp durýat. Skandinaw mifilogiýasynda şwed, norweg, daniýa hekaýatlarynyñ birmeñzeş binýatda ösendigine garamazdan, dürli-dürlilikleriñ bolşy ýaly, türk mifologiýasy-da binýatda meñzeş bolmak bilen birlikde dürli-dürli wariantlarda gabat gelip biler. Mysal üçin, hudaýlar panteonynda atlar üýtgäp biler. Men bu soragy eger rugsat berseñiz, medeni baýlygyñ üstünden däl-de, populýarlygyñ üstünden jogaplamak isleýärin. Meniñ pikirimçe, "Dädem Gorkudyñ" hekaýatlarynyñ baýlygy Gomeriñ "Iliadasyndan" we "Odisseýasyndan" birjigem peslär ýaly däl. Emma başga mifler kinomatografiýa, çeper edebiýat, şekillendiriş sungaty, saz ýaly ugurlarda has köp işlendi, şonuñ üçinem olar has köp tanalýae, has köp meşhurlyga eýe. Deñeşdirmäm dogrumy biljek däl welin, meselem "Köroglynyñ" azyndan "Beowulf" ýaly gowy hekaýatdygyny bilýärin, hatda şondanam has köp wersiýasy bolan, has baý hekaýat. Türk mifologiýasyndaky zenan hudaý Umaý (Humaý) / Surat: Bartu Bölükbaşy • Çaga dogurmagyñ hudaýy Umaý musulman gazak hekaýatlarynda öwlüýä öwrülip gidipdir - Bu hekaýatlarda häzirem şamanizmiñ täsiri barmyka? - Sibirde aýdylýan hekaýatlarhñ gahrymany bolup şamanlar we hudaýlar çykyş edýär. Beýleki ýerlerde ynançlar üýtgäp durýandygy üçin şamanyñ we hudaýlaryñ ýerini başga motiwler alýanam bolsa, bu dowam edýär. Umaý türk mifilogiýasynda çaga dogluşunyñ hudaýydygyna garamazdan, musulman gazak halk hekaýatlarynda başga obraza girýär we ene bilen bäbekleri gorap, penakärlik edýän öwlüýä bolup çykyş edýär. Elbetde, türk halk hekaýatlaryndaky keşpden keşbe girme, tebigat ruhlary ýaly motiwleriñ çeşmesi gadymy ynançlardyr. Anadolyda "badaly aşyk" däbindäki hekaýatlar bilen "aşyga" bu dünýäden bolmadyk adamlar tarapyndan ylham (şerap) berilmegi, ruhlaryñ şamanlara şamanlyk keseligini bermegine we ony şaman saýlamalaryna juda meñzeýär. Çukurowadaky "Alakeýik" legendasynyñ meñzeşiniñ Gyrgyzystanda bardygy hasaba alyndy • "Hekaýatlardan taryha degişli maglumatlary taslamak ýalñyş bolar" - Hekaýatlar şol bir wagtyñ özünde türkleruñ geçmiş durmuşyna degişli käbir maglumatlary berýärmi? - Taryhyñ özi hekaýat. Emma her hekaýat taryh däl. Şonuñ üçin hekaýatlardan taryha degişli maglumatlary taslamak ýalñyş bolar. Eger beýtmelj bolsa, Teýmirleñiñ gundagda ýatan bäbejikkä derýanyñ boýunda ýatan bir sebetden tapylandygyna ynanardyk. Ýöne şeýle-de bolsa, sähralyklarda we taýgada ýaşatan halklaryñ nähili ýaşandygyna we sosial gurluşlaryna degişli käbir maglumatlaryñ üstünden baryp bileris. Mysal bermeli bolsa, gyrgyz halk hekaýatlarynyñ birinde bir awçydan söz açylýar, onuñ guşuñ gözünden urýan ökde mergendiginiñ öwülşi ýaly, onuñ awlan awyny halky bilen paýlaşyp iýýän adamdygynyñam gürrüñi edilýär. Munuñ özi aslynda jemgyýetiñ şahsyýetden garaşýan zady: şahsy üstünligi goldamak bilen birlikde munuñ diñe jemgyýetiñ peýadasyna ulanylanda gadrynyñ artýandygyny ündeýän prinsip we pikir formasy bar bärde. Çäkli mümkinçilikler bilen sährada we taýgada tebigat bilen eriş-argaç bolup ýaşaýan adamlaryñ umumy durmuşyny diñe şeýdilende dowam etdirmek mümkin. • "Türk hekaýatlaryndaky gan sorujy "Obur" slawýan we Balkan ýurtlarynyñ medeniýetine-de geçipdir" - Kitabyñyzdaky "Mazardan gelen adam" hekaýatyna seredip, sebit adamlarynyñ arasynda-da günbatardaky ruh, wampir ýaly gorkunçlyklar-mahluklar temasynyñ ýaýrandygyny aýdyp bilerismi? - Türki halklaryñ medeniýetinde "upir" ýa-da başga bir ady bilen "obur", ölen adamyñ direlip gan içmegi, hatda adamlara musallat bolup, olary eýelän ýagdaýynda emele gelýär. Çuwaşlar "wupar", özbekler "upır", Kazan we Sibir tatarlary "ubır" diýýärler. “Obur” ynanjy Deşti-Gypjak töwereklerinde slawýanlara we Balkan ýurtlarynyñ medeniýetine-de aralaşypdyr. "Obur, upir", häzirki ulanýan görnüşimizdäki formasy bilen "wampire" öwrülip, kinomatografiýa arkaly populýar medeniýetde hem öz ornuny tapypdyr. Karizmatiki wampir obrazynyñ düýp gelip çykyşynda adamyñ topugyndan gan içýän elhenç jandarlar bar. Ali KEMAL ERDEM. Şenbe, 02.04.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |