00:23 Gülmäbilseň gülme! | |
GÜLMÄBILSEŇ GÜLME!
Edebi makalalar
(Kärdeşimiz hakda söhbet) Onuň köwşüni süýräp barmadyk obasy, görmedik posýology, gapysyny kakmadyk edarasy, girmedik naharhanasy, ýatmadyk myhmanhanasy, münmedik ulagy ýokdur. Bütin ömrüne ýazan esasy žanry ― feleton. Şony ol goşgy bilenem, kyssa bilenem, hatda krossword bilenem ýazyp gördi. Feleton ýazmagyň hyllalla zamanalary gypynç etmezden ýazdy. Durgunlyk döwründe, ähli kemçiliklerimizi ýuwup-ýylmaýan döwrümizde ol ýüzlerçe batyrgaý feleton ýazdy. «Tokmak» žurnalynda çykyş etdi. Ol bize ― ýaş kärdeşlerine «Dişiňi uşatsalaram, feletonyň dişli bolsun, ýogsa onuň geregi ýok» diýerdi. Gurbangylyç gömelteý, gödek tankydyň tarapdary däl. «Tankytlamak aňsat, üstünden gülmek aňsat, güldürmek kyn». Ine, ol şu sözlerden ugur alýar. Her bir negatiw ýagdaýdan ýumor agtarýar. Bu aňsat işem däl. Çünki ýumor diňe güldürip oňanok, ol seniň adamçylyk derejäňi-de kesgitleýär. Kämil kişimiň, ýagşy kişimiň ― dälmiň ― gülşüňden aýandyr. Aýdaly, sen kino ýa-da spektakla tomaşa edip otyrsyň: eger artist zor bilen güldürjek bolsa myrryhyň atlanyp ugrar. Emma gülkä asyl-ha garaşmaýan pursatyň biri ýekeje söz aýdar weli, hatda gülmäge-de ýetişmän pyňkyryp goýberersiň. Meniň pikirimçe, ýekeje sözde, ýekeje jümlede bokurdagyňa hykga dolýan agy hem ýekeje jümlede gursagyňdan fontan urup çykýan gülki adama garaşly däl. Biz sözümiziň başynda gülki adamyň kämillik derejesini hem kesgitleýär diýipdik. Geliň, sözümizi esaslandyralyň. Sen spektakla tomaşa edip otursyň. Komediýa gyzykly bolsa-da, zal birden güläýenok. Ruhy derejesi gabat gelýän adamlaryň topary bir zada gülse, ikinji bir topary başga bir zada gülýär. Gurbangylyç Hydyrowyň stoluň başynda kagyzlara gümra bolup oturşyny synlasaň, gülüp bilýändirem öýtmersiň. Gytyk ak saçyny barmaklary bilen käte bir daraklap, äýnege endik etmedik gözlerinden ony ýygy-ýygydan aýryp-geýip oturan mähnet göwreli bu kişi hiç hili gep-gürrüň ýok ýerinden: ― Aýyň topragy ajy eken ― diýer. Onuň garaşylmaýan bir zady aýtjagyndan habarly ýoldaşlary heşerlenişip: ― Ýeri, sen ony nädip bilýäň? ― diýerler. ― Aýalym dilini degirip görüpdir! Gurbangylyç Hydyrow ýazyjylyga uly durmuş tejribesi bilen geldi. «Girdenekow, Gurbanow, Gylyjow...» bolup ülkämiziň köp ýollaryny sökdi, jemgyýetimize zelelli nogsanlary, ösmegimize päsgel berýän tipleri ýepbekläp, uly mekdep geçdi. «Ýumorçy boljak bolsaň, ilki öz üstünden, öz kemçiligiň üstünden gülmäni oňarmaly, soňra özgäniň. Özgäni güldürjek bolsaň, gijeler ejir çekiň özüň aglamaly bolýaň» diýmäni ol gowy görýär. Üstesine-de, ýoňa öwrülip ugran nogsany wagtynda duýup, dokuzlykdan urmagy başarýar. Ynha, onuň on-onki ýyllykda ýazan «Kejebe» atly ýumoreskasyndan bir mysal: «Arada obamyzda toý boldy. 18-61 bilen 19-87 guda boldular. 18-61-iň ogly 60-91 13-87-niň gyzy 27-18-i tüýs ýürekden söýüpdir. Söýgä toýdan başga näme alaç bar. Toý tutuldy. Toý diýseň hususy maşyn eýeleriniň käbiri öýlenjek ýigitden ýüz esse beter begenýärler. ― A-how, 18-61, toýuň gutly bolsun! 60-91, seniňem gözüň aýdyň, iki çyraň dört bolýa! ― diýip, belli hannas 48-71 öz endigi boýunça başam barmagyny süýem barmagyna taýly gezek süýkedi». Ýazyňyzdadyr, on-onki ýyllykda maşyn keseli elhenç ýokanç kesel hökmünde ýaýrady, maşynyň bolmasa seni adamam hasap etmediler. Adam adamy ady boýunça däl-de, maşynynyň nomeri boýunça tanady. Hydyrowyň durmuşa beletligi oňa wawwaly temalary saýlamaga, çeper beýan etmäge ýardam edýär. «Kejiriň kömür alşy», «Näme berjek?», «Hyrydarly harytlar», «Gara gapy», «Garyndaşlyk keseli», «Guşuň süýdi», «Bessir ejäniň pedagog bolşy», «Ýygnakparazlar» ýaly eserlerinde biz öz janymyzy ýakyp ýören zatlarymyzy görýäris. Gurbangylyjyň fantaziýasy örän giň. Ol şu günüň ýetmezini ýepbeklemek, kemçiligini köteklemek üçin gadymy real hem mifiki gahrymanlara, geljegiň gahrymanlaryna jan berýär. «Salam alýan günüm däl» atly kitabyny okap otyrkam birden birhili bolum. Bu how, «Görogly» eposyndan-la, Görogly Aýsoltany Garahan döwden azat etmäge barýar. Köse-de şol gazaply söweşe gidermen däl. Kyrklaram «meni alyp gal-da, menem alyp gal». Ahyry Köse Göroglynyň ýanynda bukuly habaryny aýdýar. ― Aýtsam habarymy, Görogly, ýalňyz balaň Öwez şu ýyl onunjy klasy gutarýar, ýetişenlik attestatyny alýar. Indi ol üçekde kepderi kowalap ýörmeli bormy? Wakalar şu gün bile baglanyşýar-da dessine ýazyjy eseriň stilinem üýtgedýär. Biziň edebiýatymyzda ulanylmadyk stil. Söhbet telegrammalar arkaly dowam edýär. «Öwez ýykyldy nkt. Näme maslahat ― Köse». «Genjime Reýhan Arabyň gyzy Bibijany galyňsyz mura-mugt beripdim nkt. Kyrk müňe derek kyrk goýuny gaňryp alyň ― Görogly». «Abituriýent Öwez Göroglyýew üstünlik gazanýar ― Köse». «Goýun keramatly janawardyr. Köse ― Görogly». «Biz saňa telegrammany edaranyň hasabyna berýärdik, şony derňewçiler... ― Köse». Ýazyjy Göroglam bolsaň «mal bilen pul diýeniň rast bolmasa», oglunyň öz güýji bilen okuwa girmeginiň hyllalladygyny obrazly beýan edip, arasynda et bilen mesgäniň tapylmaýandygynam ýolugra tankytlap geçýär. «Etimiz bilen mesgämiz gutardy nkt. Bergimiz müňe ýetdi ― Agaýunus». «Ýumurtga börek iýiň nkt. Gülruhy et kombinatynyň garyn-içege sehine işe geçiriň, gijesine bulka kombinatynda işlesin. Şol ýerden mesge alar ― Görogly». Gurbangylyjyň ýumoristik hekaýalarynyň durmuşy hem çeper çykmagynyň ýene bir sebäbi ― ol ýazjak bolýan wakasyna gahryman edip ýaşap ýören, tanaýan real adamsyny alýar. Metbugat öýünde kärdeşleriniň arasynda beýan etjek wakasyny şol real adamyň gahryman bolmagynda gürrüň berýär. Gyzyl-gyran gülüşýärler, hatda şol adamyň özi hem gülüp hezil edinýär hem özüniň häsiýetindäki kemçiligi düzetmelidigini duýýar. Onuň «Pirli pälwan» hekaýasynyň wakasyna-da, gahrymanyň prototipine-de respublikamyzyň žurnalistlerem, ýazyjylaram belet. G.Hydyrow bir žurnalist bilen respublikamyzyň çet künjegindäki çarwa obasyna komandirowka gidýär. Obada olary diýseň gowy garşylaýarlar. «Çebşiň çekdirmesi, berre guzyň böwregi, jüýje horazyň içdykmasy, hörek maýaň agarany, ýörän ýerini ýakyp barýan «Ekstra» biziň halys gäbimizi azdyrdy. Pirli mesligine çydap bilmän, boksýor Muhammet Aly ýaly bolup möwjäp, uçup barýan siňege ýumruk salyp başlady»... Ertesi şol obada toý bolýar. Mes Pirli göreşe çykýar. Gurbangylyjyň gürrüň bermegine görä, garşydaşy Pirlini aýlap ugraýar, žurnalist ýoldaşynyň äýnegi bir ýaňa, bloknoty bir ýaňa, köwşi bir ýaňa uçup gidýär. Beýle ulaltmalary her bir satirik ýazyp bilýär, emma ― pälwan Pirlini depesinde wertalýotyň çarhy ýaly bir aýlady weli, ol asgyryp başlady. Pälwan Pirlini ýere düşürdi, asyl görüp otursak, ol şol aýlananda sowuklaýan eken ― diýip täzeçe ulaltmagy welin Gurbangylyç başarýar. Häzir biziň edebiýatymyzda satirik käneldi, emma ýumorly ýazyp bilýäni welin az. «Satirik käneldigisaýy ýumor azalýar». Bu Gurbangylyjyň sözi. G.Hydyrowy öwüp oturanymyzdan, geliň onuň bilen baglanyşykly ýadymda galan degişmeleri size-de gürrüň bereýin. Bir gezek bir topar bolup, fitçi iýmäge gitdik. Naharhanada kimdir bir ýoldaşymyz: ― Kakaň etçi bolsa, iýjegiň fitçi ― diýip Gurbangylyjyň sözlerini gaýtalap ― Gurbangylyç, bu gün naharhananyň fitçisi gaty kiçijikle ― diýdi. Ol durkuny üýtgetmän jogap berdi: ― Naharhananyň ştaty känelendir. Bir gezek radiodan «Diňläň we dynç alyň» diýen konserti diňledik. Gaty ýaramaz eken. Şonda ol konsertiň adyny «Diňläň ýa-da dynç alyň diýip düzetmeli» diýip konserti taýýarlan adama jaň etdi. Gurbangylyç Hydyrow ömrüniň agramly bölegini «Tokmak» žurnalynyň işine bagş edip, pensiýa çykdy. «Men dynç almak üçin pensiýa çykmadym, işlemek üçin, biziň ösüşimize päsgel berýän nogsanlyklary ýerinde köteklemek üçin pensiýa çykdym». Bu Gurbangylyjyň sözleri. Ol hut şeýle-de etdi. Ol «Bilim jemgyýetiniň» lektory, ýumorçy hökmünde Gökdepe, Aşgabat raýonlarynda bir aý töweregi komandirowkada bolup geldi. Bir aýam komandirowka bolarmy diýýäňizmi? Bolar, sebäbi Gurbangylyjy goýbermeseler nädersiň. Ol baran obasynyň arzyly myhmany, çykan sahnasynyň meşhur lektory. Ol gülenok, ol mähelläni güldürýär. Býurokratlary, gözboýagçylary, parahorlary, gara nebsiniň ýesirlerini, ilden çykýan hepbesizleri, ýiti ýumor astyna alýar. Onuň gülküsi howaýy zatlar barada däl-de, anyk faktlara esaslanýar, şonuň üçinem ähmiýetli. L.N.Tolstoý gülküli gürrüňleri edip bilýän adamlary üçe bölýär. Birinjisi, gürrüň berýärkä özi gülýär, il gülmeýär. Bu şeýle adamlaryň iň ýaramaz sorty. Ikinjisi, özem gülýär, ilem güldürýär. Bu orta sorty. Ýokary sorty ― ili güldürýär, özem gülmeýär. Gurbangylyç şeýle adam. Ol gürrüň beren wagty özi gülmeýär. Il weli gyzyl-gyrandyr. Döwrümiziň meşhur ýumorçylarynyň biri Gurbangylyç Hydyrow iş üstünde. Geliň gülşeliň, kim gürrüňi özüne çekip gyzarsa, goý, ol kemçiligini düzetmegiň ugruna çyksyn... Nobatguly REJEBOW, ýazyjy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |