17:06 Günbatar aýgytlaýjy pursatda Sudany halas edip biljekdi... Halas etmedi | |
GÜNBATAR AÝGYTLAÝJY PURSATDA SUDANY HALAS EDIP BILJEKDI... HALAS ETMEDI
Publisistika
Günbatar Sudanyñ harby hökümetden raýat hökümetine geçip, birazajygam bolsa demokratiýa ýakynlaşmagyna goşant goşma mümkinçiligine eýedi. Ol bu mümkinçiligi yrýa etdi. Ýurduñ täze döwre gadam basandygy hakdaky umytlar bireýýäm gury ýatlama bolup galdy. (AP) Garşydaş ýaragly toparlar paýtagtyñ köçelerinde özara uruşýarlar. ABŞ ýurtdaky ilçihanasynyñ şahsy düzüminiñ haýal etmän alnyp gaýdylandygyny mälim etdi, emma çaknyşyklaryñ awusyny köçeleriñ ugrundaky öli ýatan ýa-da mygyllym bolan hassahanalarda ýaraly halda iñläp ýatan raýatlar çekýär. Şäherleşmedik ýerlerde uzak wagtlap möwjän gozgalañ gaýtadan tutaşýar. Sudan parçalanýar. Sudanyñ uzak wagtlap häkimiýet başynda oturan ýolbaşçysymu agdaran parahatsöýüjilikli halk gozgalañynyñ yzysüre ýurduñ täze döwre gadam basandygy hakdaky umytlar bireýýäm gury ýatlama bolup galdy. Iñ uly tragediýa bolsa, 46 million ilatly ýurduñ häzirki bikanunçylyklardan, hukuksyzlykdan we wagşyýanalykdan gaça durup biljekdigidi. Halkara jemgyýetçilik has köp ara girip ýa-da häkimiýet ugrundaky garpyşygyñ generallary we ofiserleri ýurtlarynyñ asudalygyny öz bähbitlerinden öñde goýan bolsa ýa-da Sudanyñ raýat edaralary has gowy goldanan bolsa we ýurduñ ýolbaşçylary daşarky güýçlerden has köp goldaw alan bolsa, belkäm, amala aşmagy-da mümkindi. Emma ýurduñ ýagdaýynyñ gidişindäki aýgytlaýjy pursatda Günbatar Sudany ýüzüsti taşlady we ABŞ-nyñ şol wagtky prezidenti Donald Tramp Sudanyñ ynjyk demokratik synagyny goldamagyñ ýerine ýagdaýy öz syýasy bähbitleri üçin ulandy. Günbatar Sudanyñ içindäki göwnüçökgünligiñ ýeke-täk, hatda baş arhitektory dälem bolsa, häzirki bulam-bujarlygyñ ýüze çymmagyna goşant goşan rol oýnady. Sudan demokratik hereketi birnäçe ýyl bäri göreşip gelýär, emma onlarça ýyla çeken harby hökümetden dynmak ugrundaky soñky synanşyk çöregiñ bahasynyñ gymmatlamagyna nägilelik bildirip edilen protest çykyşlara beleñ berilmegi bilen 2018-nji ýylyñ dekabrynda başlady. Nägilelikler çaltlyk bilen artdy we "Arap baharyndan" sekiz ýyl soñky protestler 2010-2011-nji ýyldaky gozgalañlarda köp babatda gyrada galan Alžir, Liwan, Yrak ýaly ýurtlary ýakyp-ýandyran ikinji bulaşyklyk tolkunyna birigip ýaýrady. Beýleki arap ýurtlaryndaky demokratik üýtgeşme hereketler ýaly Sudandaky gozgalañyñam başyny gytaklaýyn idealist, bilimli professionallar çekýärdi. Bularyñ köpüsi üýtgeşme ugrundaky göreşini sürgünde däl-de, ýurduñ ićinde alyp barýardy. Siriýa ýa-da Liwiýa ýaly ýurtlaryñ tersine Sudandaky aktiwistler uruş jenaýatlary bilen aýyplanýan ilkinji döwlet ýolbaşçysy bolmak ýaly ýaramaz şöhrata eýe harby güýç we uzak wagtlap döwleti dolandyran Omar el-Beşiri agdaranda, raýat hökümeti talap edip protest bildirende hiç ýaraga ýapyşmady. Emma aktiwistleriñ we raýat-jemgyýetçilik ýolbaşçylarynyñ syýasy tejribesi pes gelýärdi. Olar goşun tarapyndan dargadyldy, şoña çenli Sudanda demokratiýany, hatda doly raýat hökümetini-de ýola goýup bilmediler. Beşiriñ 2019-njy ýylyñ aprelindäki agdarylyşygyndan soñ Afrika bileleşiginiñ guramagynda baglaşylan ylalaşyk netijesinde harby gullukçylardan we protest liderlerinden ybarat wagtlaýyn geñeş düzüldi. Bu geñeşiñ ahyrynda raýat hökümetiniñ gurulmagyna öñbaşçylyk etmegi göz öñüne tutulypdy. Munuñ özi turuwbaşdan ynajlyksyzlandyrýan ylalaşykdy. Aktiwistler we raýat-jemgyýetçilik ýolbaşçylary eýýäm birküç hepde mundan öñ köçäñ ugrunda raýatlary gyryp-gyrjaşdyryp ýören we onlarça ýyllap pikirlerini açyk beýan edendikleri üçin olary türmä atýan hemişeki galtamanlar bilen häkimiýeti paýlaşmaga mejbur bolupdy. Şol günlersw Sudany synlap duran köp kişi Müsürde we Iordaniýada bilim alan general Abdylfettag Burhanyñam Darfurdaky gyrgynçylyklaryñ añyrsynda eliniñ bardygy öñe sürlen ganojak "Janjawid" militaristlerinden düzülen otrýada serkerdelik edýän general Muhammet Hamdanyñam raýat hökümetine garaşly däldigini duýdurýardy. Burhandyr Hamdan diñe mejbur edilen wagtynda demokratik eglişikleri etjekdiler. Howpsuzlyk güýçlerine aýdanyny etdirip bilýän Burhan ýurtdaky hakyky agalyk sürýän topara öwrüldi. Aktiwistler arap dünýäsine itergi berip biljek islendik demokratik tolgunşygyñ öñüni almak ýçin Birleşen Arap Emirlikleriniñ (BAE) we Saud Arabystanynyñ täsirini, puluny ulanmaga synanyşjagyndan şübhelenýärdi. Indi öñki şärikdeşi Hamdana (oña köplenç Hemeti diýilýär) garşy söweşýän Burhan bilen Müsüriñem güýçli kontaktlary bardy. Emma Beşiriñ agdarylmagundan we raýat geñeşiniñ düzülmeginden soñky hepdelerde hemme zat üýtgedi, hiç kimse ýurduñ ugrunyñ hanjakdygyny anyk çaklap bilenokdy. Iñ uly howatyr durgunlyk ýagdaýyndaky ykdysadyýetdi. ABŞ 2017-nji ýyldaky sanksiýalaryny ýatyranam bolsa, Sudany terrorçylygy goldaýan döwlet hasaplamagyny dowam etdiripdi, bulam maýa goýumlaryny goýmakçy bolýan kompaniýalary ürküzip, halkara guramalardan gelen haýyr-sahawatlaryñ öñüni petikläpdi. Ine, şulam ABŞ-nyñ we beýleki dünýä ýolbaşçylarynyñ Sudany ýüzüsti taşlan iñ aýgytlaýjy pursatydy. Halky köçelere çykaran ykdysady çöküşligi gowşatmak üçin ýurda maliýe çeşmelerini akdyryp, hökümet düzümindäki raýat gullukçylara goldaw berip biljekdiler. Munuñ ýerine 2019-2020-nji ýyllarda dürli ösüş maksatnamalaryna ownuk-uşak kömekleri eden boldular. ABŞ Sudanda asudalygyñ üpjün edilmegine goşant goşup, premýer-ministr Abdylla Hamduk bilen onuñ ýaranlarynyñ elini güýçlendormek bilen esasy maliýeleşdirijiniñ ýoluny baglaýan, terrorçylygy goldaýan döwlet kesgitlemesini çaltlyk bilen ýatyryp bilerdi. Emma ABŞ "11-nji sentýabr" teraktynyñ pidalarynyñ ýakynlaryny ynjydaryn gorkusy bilen bu kesgitlemesinden el çekmegi birnäçe aýlap gijikdirdi. 2020-nji ýylyñ saýlawlarynyñ öñüsyrasynda daşarky syýasatda üstünlik gazanmak islän bähbitçil Tramp hökümeti ahyrsoñunda Sudanyñ terrorçylygy goldaýan döwletleriñ sanawyndan çykarylmanka Ysraýyl bilen "Ybraýym şertnamalary" atly ýaraşyk şertnamasynyñ baglaşylmagyny talap etdi. Şertnamanyñ baglaşylmagy milliardlarça dollarlyk IMF we Bütindünýä bankynyñ fondunyñ ulanylmagyna mümkinçilik döretmelidi. Muña goşmaça Sudan ýurduñ ýañy agdaran režimi bilen baglanşykly 1998-nji we 2000-nji ýyldaky terrorçylykly aktlarynyñ pidalary üçin ahyrynda 335 million dollar kontribusiýa tölemäge mejbur edildi. Umuman alanda Ysraýyla garşy duşmançylykly pozisiýa eýe tipiki musulman-arap ýurdy bolan Sudan at-abraýyny bir gyra zyñyp, 2021-nji ýylyñ 6-njy ýanwarynda "Ybraýym şertnamalaryna" gol çekdi. Ýöne dillere dessan halk gozgalañynyñ üstünden eýýäm ýigrimi aý geçipdi. Geçen şunça wagtyñ içinde sudan ykdysadyýeti global çäklendirmeleriniñ agramy we generallar bilen olaryñ tarapdarlarynyñ gözegçiliginde korrupsiýanyñ hem-de ýaramaz hökümetiñ dowam edýändigi sebäpli hasam köp zyýan çekdi. Demokratiýa garşy sinizm möwç aldy. 2021-nji ýylyñ oktýabrynda goşun birnäçe sudanşynaslaryñ çaklan zadyny etdi. Burhan we Hemeti häkimiýeti ele geçirdi. Harbylar Hamduky öý tussaglygyna aldy. Harbylaryñ garnizonlaryna dolanyp barmakdan ýüz öwürmekleriniñ sebäbi gizlin däl. Raýat hökümeti generallaryñ uruş yglan etme ygtyýarlygyny çäklendirip, olary geçmişdäki eden-etdilikleri üçin jogapkärçilige çekjekdi we dürli dildüwşiklerini paş etme howpuny döretjekdi. Hamduk ahyrynda boşadyldy, ýöne Burhana ýakyn geljekde güýç toplap biljek masgaralaýjy şertlere gol çekmekden ýüz öwürdi. Şindizem biri-birine garşy urşup ýören we öýlerine çekilen raýatlary öldürmekden gaýra durmaýan iki general iş başyna geldi. Sudanyñ demokratiýa synagy soñlandy. Elbetde, bu synagyñ şowsuzlygynyñ iñ uly jogapkäri sudanlylaryñ özi. Russiýa, Müsür, BAE, Saud Arabystany ýurduñ içerki işlerine goşuldy. Emma Günbatar dogrusyny etme we Sudanyñ harby hökümetden raýat hökümetine geçip, birazajygam bolsa demokratiýa ýakynlaşmagyna goşant goşma mümkinçiligine eýedi. Ol bu mümkinçiligi yrýa etdi. Borzu DARAGAHI, halkara korrespondent / @borzou Duşenbe, 01.05.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |