23:07 Eýrandaky gozgalañy ulaltmak - häzirem ýaýdanyp ýörenlere ýüzlenmegi añladýar | |
EÝRANDAKY GOZGALAÑY ULALTMAK - HÄZIREM ÝAÝDANYP ÝÖRENLERE ÝÜZLENMEGI AÑLADÝAR
Publisistika
Eýranlylaryñ köpüsi režimiñ wezipesini hyýanatçylykly peýdalanýan ýolbaşçylaryny, korrupsiýasyny we düýpli geleñsizliklerini itden beter ýigrenýänem bolsa, dindar ýa-da iñ azyndan medeni-sosal taýdan konserwatiwligine galmagy dowam etdirýär. Molla eşiginde öz ýoly bilen ýöräp barýan birine topulmak oppozisiýa üçin gowulygyñ alamaty däl. (AFP) Ýaş oglan-gyzlar daraklygyna basyp, käte yzlaryndan, käte-de ýanlaryndan mollalara golaýlaşýar. Yzyndanam edepsiz hereketleri edip, kemsidip we çagalaç hereket bilen aslyşyp, mollanyñ sellesini başyndan sypyryp alýarlar. Eýranyñ internet saýtlary ýaşlaryñ onlarça ýyllap olara höküm süren mollalara garşy hamana ar alýandyryn öýdýän şular ýaly wideoýazgylardan doly. Ýaşlary aýyplap bolmaz, hatda ýurtda we diasporada olary goldaýan millionlarça eýranlylary-da. Umuman alanda, Eýranyñ mollalary masgalanmaga mynasyp. Baş lider Ali Hamaneý hökümetiñ dürli gulluklaryndaky ruhany kömekçileri we olaryñ gorkak ýallakçylary bilen 44 ýyla golaý wagt bäri eýranlylara basyş edip gelýär. "Ahlak polisiýasy" tarapyndan tussag astyna alynanda aradan çykandan soñ ýedi hepdeläp dowam eden tolgunşygy tutaşdyran 22 ýaşly Mahsa Emini ýaly ildeşlerimize yzygiderli ýagdaýda ýaramaz çemeleşdiler. Mollalar ýurduñ baýlyklaryny öz bähbitleri üçin taladylar. Eýrany goñşulary tarapyndan ynam edilmeýän we beýleki garakçy döwletlerden başga hemmeleriñ gaça durýan ýigrenji döwletine öwürdiler. Ýöne molla eşiginde öz ýoly bilen ýöräp barýan birine topulmak oppozisiýa üçin gowulygyñ alamaty däl we mundan el çekmeli. Eýran oppozisiýasy häzirlikçe uçdantutma söweşden zyýat rewolýusiýa tarap barýar we düýp maksady halk gozgalañynyñ režimi agdaryp biljek sepgide ýetmegini gazanmak bolmaly. Oppozisioner aktiwistler we militanlar mollalary diñe otnositel zyýansyz ýañsylar bilen nyşana almady. Gijäniñ bir wagty medreseleri we Hamaneýiñ edara binalaryny ýangyn bombalary bilen oda berýärler. Geçen hepdäniñ aýagynda ýurduñ günorta-gündogarynda bolup geçen wakada mollalaryñ biri awtoulagynda atylyp öldürildi. "Clubhouse" atly sosial setinde bir aktiwist "Häzir Eýranda molla eşigini geýmek - Germaniýada Ikinji jahan urşundaky nasist eşigini geýmek bilen bir" diýdi. Şular ýaly obýektleri urmak üçin ýeterlik sebäpler bar. Hamaneý 33 ýyllyk baş liderligi döwründe dini gatlaklary režimiñ esasy şahasyna öwrüp, döwletiñ baýlygyny gäbazan wekilleriniñ agalygyndaky dini fondlaryñ we medreseleriñ gaznasyna akdyrdy. Hut şol fondlardyr medreseler hem ýönekeý adamlary terrorçylaşdyrýan yñdarma "Besic" milisiýalaryny ýetişdirýär. Olar režimiñ görkezmelerini daşary ýurtlarda ýerine ýetirmek üçin ulanylýan yrakly, liwanly we beýleki daşary ýurtly urşujylaryñ täliminde rol oýnaýarlar. Ýöne eýranlylaryñ köpüsi režimiñ wezipesini hyýanatçylykly peýdalanýan ýolbaşçylaryny, korrupsiýasyny we düýpli geleñsizliklerini itden beter ýigrenýänem bolsa, dindar ýa-da iñ azyndan medeni-sosal taýdan konserwatiwligine galmagy dowam etdirýär. Şeýle adamlar gozgalaña goşulman galan we başly-barat protestlere gatnaşýanlaryñ sanyny howpsuzlyk güýçleriniñ belli bir möçberdäki urup-ýençmeler bilen hötdesinden gelip biljek derejesinde tutan tarapsyzlaryñ arasynda ýer alýar. Tarap tutmaýanlary (protestlere goşulmaýanlary) saýrylaşdyrsañyz, olar bir gyrada durmalaryna dowam edip ýa-da has erbedi - režimiñ tarapyna geçip bilerler. Ýurduñ içindäki we daşyndaky eýranlylar bu adamlary tolgunşyklara goşulmagy üçin nädip yryp boljagyny, olary nädende muña mejbur edip boljagyny "Clubhouse", "Twitter" ýaly internet ulgamlaryndaky söhbetdeşlik çatlarynda birnäçe hepde bäri jedelleşip gelýärler. Ýurduñ içindäki aktiwistler köp sanlysy režime garşy gidýän we geçmişi 1999-njy ýyla çenli uzaýan öñki protest demonstrasiýalaryna gatnaşan, özlerinden ýaşy uly millionlarça eýranlyny nädeniñde tirseklerine galdyryp, köçä çykaryp boljagynyñ gamyny iýýär. Eýranyñ dindar konserwatiwleri heniz protest demonstrasiýalaryna gatnaşmadygam bolsa, olaryñ köpüsi Mahsa Emininiñ öldürilmeginden, onuñ yzyndan edilen hökümet basyşyndan has dünýewi ildeşleriçe düýrükýändigini we režimiñ korrupsiýalarydyr geleñsizligine gaharlanýandygyny aýdýarlar. Aktiwistleriñ biri maña "Daşaryk çykanoklar, çünki boljak zatlardan gorkýarlar" diýdi. Öýlerinde gorkuşyp otyrlar, çünki üstünlik gazansak-da, gazanmasak-da, näme boljagyny bilenoklar. Her iki ýagdaýda-da ýeñiljegimizi pikir edýärler. Meniñ pikirimçe, eger bu köpçülik daşaryk çyksa, protestler dört esse güýjär. Režimiñ habar beriş serişdeleriniñ we tarapdarlarynyñ gorjaýan gorky-ünjüsi - özleri-de eden-etdilige ýüz uran oppozisionerleri basyp ýatyrmak üçin elindäki ähli mümkinçilikleri ulanýan aýgytly hem-de eden-etdiligi kesp edinen režim bilen Eýranyñ täze Siriýa öwrülme ähtimallygy bilen gorkuzmaga dyrjaşmakdan ybarat. Eýranyñ ikinji Siriýa bolmagyny islemeýän şeýle adamlary gozgalaña gatnaşmaga nädende yrza edip bilersiñiz? Eýranly aktiwistleriñ we intellektuallaryñ pikiriçe çykalgalaryñ biri - agzybirligi we bilelikdeligi öñe sürüp, häkimiýeti Hamaneýiñ tarapdarlarynyñ monopoliýasyna beren režim bilen garşyma-garşy ters bolan gelejegiñ Eýranyna gönükdirilen özüneçekiji köpgyrañlylygy orta goýmaly. Boston kolležiniñ akademigi Muhammed Ali Kadiwar "Ilkinji nobatda köçe çykyşlarynda, staçkalarda (köpçülikleýin iş taşlaýyşlarda), ýa-da oturma demonstrasiýalarynda (сидячая демонстрация) hereketiñ içindäki adam sanyny artdyrmaly" diýýär. Beýtmek üçin üýşmek bir zat, gelejege umytlandyrýan kesgitli köpgyrañlylyk bolsa, düýbünden başga zat. Oppozisiýanyñ ýurdy dolandyrmaga we halkyñ ýaşaýşyny hasam gowulandyrmaga ukyplydygyna ynam döretmegi gerek. Munuñ özi käbirleri üçin ylalaşmak näçe kyn bolsa-da, ha molla bolsun, ha Rewolýusion gwardiýanyñ agzasy, hatda "Besic" milisiýa otrýadlarynyñ agzasy bolsun, tapawudy ýok - konserwatiw eýranlylara ýa-da režimiñ öñki goldawçylaryna gelejegiñ Eýranynda orun boljakdygyny buşlaýan "Hoş geldiñiz" signalyny bermegi añladyp biler. Ha molla eşikli bolsun, ha-da harby lybasly biri bolsun, sütemkärlik edenler eden etmişleri üçin gurban bolanlaryñ hossarlaryna jogap bermeli bolar. Şeýle etmişleriñ hataryna "yslamy egin-eşige gabat gelmeýän eşik" geýenmiş diýip 22 ýaşly her gabat gelen aýal-gyzy köçede el-aýagyny baglap, oña sütem etmegem girýär. Basyş mehanizminiñ parçasy bolan harby, dini, raýat edaralaryñ barsy täzeden gözden geçirilmeli ýa-da doly ýatyrylmaly. Emma çem gelen mollanyñ başyndaky selläni sypyryp aýyrmak Eýrandaky gozgalañyñ Yslam Respublikasynyñ aýnadaky suduryny getirip biljegini pikirlendirip, doly ýalñyş signallary berýär. Borzu DARAGAHI, halkara korrespondent / @borzou Duşenbe, 14.11.2022 ý. https://www.independent.co.uk/independentpremium | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |