10:28

Yslam respublikasy agdarylaýsa, Eýran nämä meñzär?

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 623 | Добавил: Gökböri | Теги: Borzu Daragahi | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 14
0
1 Ependi  
284
Olaryň içki syýasatyna goşulmak meýlim-ä ýok, daşyndan synlaýmasak. Ýöne, birzady aýdaýyn. Eýranly zenanlar gaty mert bolýar, şuňa welin gözüm ýetdi, öňem-soňam şeýledi. Atatürküňki ýaly, göni 3 günüň içinde perenjäni sypyryp aýyrtmagy başarýan lider gerek bulara. Näme diýip näme aýtjak, aýtsaňam birhili, aýtmasaň-da. Olaram adam şekilli ýaşamak islebär. Bu bir. Meseläň ikinji tarapam bar. Eýranda etniki halklar köp, ýurduň pytrap gitmeginden çekinip režimi elinde berk saklamaklaram şundan ybarat. Ýogsa, olar üçin mesele däl, perenjäni aýyrtmak.

0
2 mango  
651
@ependi kaka, “3 günde pürenjäni sypyryp aýyrtmagy başarmak” bu üstünlikmi? bu zulum bolanokmy? Edil medalyň arka ýüzüd-ä. Perenjekli bolmagy isleýänleriňem haky bar-a. Zorluk hiç tarapa-da gowy däl.
Ýaňy-ýaňylaram 90-njy ýyllaram bizde-de gyzlar ýaglyk daňynardylar.
Kän wagt geçenok, indi ýaglykly gyzlary diňe nastolgiýaly wideo-kliplerde, we resmi tw gepleşiklerinde (kinolarynda) görýäs. Tw-den gözüňi aýyryp daşaryk baksaň welin, ýaglykly gyza duşmak mümkinem däl. Dünýe özgerýär. Ýaglyk dak diýibem bolmaz, ýalygyňy aýyr diýibem bolmaz….
Ýöne şular ýalyjak “yşlary” bahanalap ýurtlary ýykýalar (ýa ýykylýar).

0
3 Ependi  
284
@Mango, menem şony düşündirjek bolýan agam, ýokarky teswiri doly okasaňyz, ýagny aşagynam, düşünersiňiz. Bilemok-da, haýsyny edeňde gowy boljak. Aýyrtsynlar diýseň ol birhili, öjükdirýän ýaly, daksynlar diýseň olara birhili. Bitarap bolaýmasak başga çykalga ýok.

0
4 Atsyzatly  
1393
Ýurt - bu hiç kişiniň şahsy mülki däl islänini edip hökmirowanlyk sürer ýaly, ýa-da şerigatyň guly däl buýranyny gypynçsyz ýerine ýetirer ýaly. Ýurt - bu adamlar köpçüliginiň özara arkalaşmaklary arkaly özleriniň maddy, medeni, ruhy baýlyklaryny araýan ýeri. Ol hiç kimiň pikirine gulluk etmäne ýa-da hiç kimiň pikiri ret etmäne haky ýok. Gaýtyp şol iki barlyşyksyz ortalygyň arasyndan "altyn ortalygy" tapmana borçly. Şonuň üçinem hiç bir pikiri ret edip bolmaz we güýje, süteme, zorluga daýanyp bir pikire uýduryp bolmaz. Zorluk dinde-de ýok zat.

0
5 Atsyzatly  
1393
@Mangonyň ýurdy ýykma degişli teswirine geçsek welin, gürrüň ýa-da waka ýurt ýykma barada däl-de, diýdimzor hökümeti çalşyp, ýerine adamyň hak-hukugyny araýan hökümeti gurma barada barýar.

- Belent daglar, beýikligiňe buýsanma,
Güdazda suw bolsa zer dek bolar sen!


Näçe ýuwaş, näçe sabyr-takatly, näçe biadyllyklara göz ýumup ýören adam bolsa-da adam ahyry bir gün saýgylanyp ýörmegi içine sygdyryp bilmän ýarylýar. Iriňem birden patlanok. Ýuwaş-ýuwaşdan çişip, iriňläp, iriňläp, ujupsyzja bir saý-sebäp üçin ýarylmak bilen bolýar.

0
6 Atsyzatly  
1393
Öňem bir aýdypdym ýene belläýin: Dury çeşmäniň suwyna daş atanyň bilen bulanmaz.

0
7 Ependi  
284
Ýaglykly gyzlarymyz, geçmişi ýatlatdyňyz. Siziňkem dogry!..

0
8 gomulgen11  
1366
Ýene gepi aýlap-dolap gyzlaň ýalygyna (ýaglykmyş-da) getirşiňize waw. Sözüm ýoklaý. Erkekler näme hakda gürleselerem hökman aýal-gyzlaryň üstünden düşmeli dp ýazylan kanunyňyz bar bolmaly. Millilik üçin talap edýän bolsaňyz ilki sizem milliligi saklaň-da erkekler! Çykaryň orsdan geçen kostýum jalbaryňyzy, bokserleriňizi; milli donumyzy, gyýma balagymyzy, ýüňi çümýän telpegimizi geýiň olara derek! Adam diýilýän zat ilki özüne seredip soň ile geplemäni öwrense, whatever, takal okamana lame.

0
9 Ependi  
284
Biziňkilere çagalykda öwredildi, okuwçy gyzlara börükli gezmeli buýurmak, oglanlara-da tahýa geýdirdiler. Çagalykdan börükli gezmegi öwrenen, soňra ýaglyk geýermi, ol bir. Öwreden özleri, dogram bu.
Ikinji tarapam, börüge öwrenen ýaglygy näbilsin, ol tarapam bar. Bu wagtky ýaşlar, ene-atany diňländen, özleriniňkini dogry edýärler. Häkimiýetiň börük geýmegi öz öwreden zady, okuwçylara. Ýaglyk geýermaý indem.

0
10 gomulgen11  
1366
Bir bolgusyz ýalyk daňmak ýa daňmazlyk bn terbiýäni garpyşdyrmansana.

0
11 Atsyzatly  
1393
Kelläň üsti boş boldy nä, doly, içinde zat ýok bolsa diýýäňmi.))

0
12 gomulgen11  
1366
Warsaka öwürme!

0
13 Taryhçy  
399
Mangonyñ teswirinde bir gram many ýok. Tema bir zat diýýä, ol başga zat diýýä. Megerem il bir tarapa gopsa, ol ünsi çekjek bolup ýa-da özüne akylly diýdirjek bolup ters tarapa gopmagy özüne dereje bilýän bolmaly. Ezeniñde ezmeli, sygyr sagan ýaly sagmaly, hamyny ýüzmeli, goýun ýaly ümsüm gezip ýörse-de, süriden enaýy görmän, islän tarapyña sürüp-gabap ýörmeli. Elinden çöregini alyp iýmeli, halkyñ daban azabynyñ hasabyna döwran sürmeli! Haçanda garşylyk görkezseñem, daşary ýurtlar döwletiñ içindäki adamlaryny ulanyp Eýrany ýykjak bolýarmyş! Adamlary şolar ýaly mal hasaplaýañyzmy? Indi döwür ösdi, adamlar hem ösdi, gadymy döwürlerdäki ýaly milleti milletden, dünýäden bihabar ýaşadylýan döwürden oba göçdi. Adamlar samsyk däl. Adam bolan adamyñ zorluga garşylyk görkezmäge haky bar. Bolmanda-da bir ýurtda bir başagaýlyk dörese ondan peýdalanjak bolýan taraplar bolar. Muny haýsy ýurt edenok. Hemme döwrem şeýle bolandyr. Eýran režimini dolandyrýanlaryñ özi milliardlap puly daşary ýurt banklarynda goýanlarynda, daşary ýurtly ýaranlary bilen bileleşip eýran halkynyñ ganyny soranlarynda, ýurduñ baýlygyny kel bilen bile iýip köse bilen deñ gägirenlerinde, olar dönük bolanok-da, ýönekeý eýranlylaryñ hakly garşylygyny daşary ýurtlardan goldasalar, halk daşarky döwletlere, ýagny Eýranyñ "duşmanlaryna" ýurdy ýykyşmaga kömek edýän dönük bolaýýamy?
@Atsyzatly gowy pikirleri ýazypdyr. Arman, yzyny oñarmandyr. :)

0
14 Ependi  
284
@Mango agany sylaň, bir minutjygam bolsa?! Özi bilgeşlin şeýdip gitdi, Siziň pikiriňizi bilmek isledi.

Sizem dogry zady aýtdyňyz!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]