11:34 Hakykat çyndanam o taýda bir ýerdemi... | |
HAKYKAT ÇYNDANAM O TAÝDA BIR ÝERDEMI: GAPBARÇANAKLARY GURŞAP ALAN GIZLINLIK HAKDA GÜRLEŞMEK GEREK
Geň-taňsy wakalar
Ýer togalagyndan başga ýerde ýaşaýşyñ barlygy boýunça soñky geçen kongres jogapdan köp soraglaryñ döremegine sebäp boldy. Gije gök ýüzünde uçýan çanaklar hakda gep-gürrüñler onlarça ýyl bäri bar (Unsplash) Mundan on dokuz ýyla golaý wagt öñ ABŞ-nyñ Kaliforniýa ştatynyñ kenarlarynda öýländen soñ amerikan piloty Dewid Frawor öñki ynanýan zatlaryny üýtgedip taşlajak bir zat gördi. Ol "F/A-18 Hornet" eskadriliýasy bilen okuw-türgenleşik işini geçirip ýörkä, asmanyñ ýüzünde öñ görüp-eşitmedik zadynyñ bardygyny bildi. Ol öz sürüp barýan uçarynyñ ululygynda, emma biziñ bilýän fiziki kanunlarymyza ters biçüwde hereket edip bilýän, "Tic Tak" şekeriniñ şeklindäki birtüýsli jisimdi. Käbirleriniñ göz açyp-ýumasy salymlykda 24 müñ metrden 6 müñ metre çenli aşak inendigi aýdylýardy we Frawod Frawor ýakynlaşdygysaýy jisimlerden çalt gözden ýitipdi. Pilot birnäçe ýyl geçenden soñ beren interwýusynda "ömrümde gören iñ çakgan hereketli närsedi" diýdi. Dewid Frawor Obýektleri anyklan ýeke Frawor däldi. Onuñ toparyndan başga bir sürüji "Tic Tac"-laryñ birini wideoýazgy etdi. Bu wideoýazgy amerikan hökümetiniñ bäş ýyllyk gizlin maksatnamasynyñ üns berýän ugruna we 26-njy iýulda geçirilen kongresde takyklap bolmaýan uçýan jisimler (gapbarçanaklar) boýunça ýygnagyñ jedelli temasyna öwrüldi. ABŞ-ly kanun çykaryjy Robert Garsiýa komitetiñ aşakky düzüminiñ ýygnanşygynyñ açylyş sözünde "Takyklap bolmaýan adaty däl hadysalara degişli köp sanly habara aýan edilýän we düşündirmeli hakyky soraglar, derñew we gözegçilik gerek" diýdi. Ine, biz şonuñ üçinem häzir şu ýerde. Gapbarçanaklardan ýa-da amerikan hökümetiniñ aýdyşy ýaly UAP-lardan (kesgitläp bolmaýan howa fenomenleri) gürrüñ etmegimiz gerek. Onlarça ýyllap gök ýüzünde aýlanyp ýören syrly gämiler hakdaky hekaýatlar ylmy-fantastiki edebiýatyñ ýa-da ABŞ-nyñ günorta-günbataryndaky çölde "51-nji raýon" ady berilen syrly harby bazada nämeleriñ bolup geçendigi bilesigeliji, eksantrik adamlaryñ gyzyklanýan ugrudy. Şeýle-de bolsa, soñky ýyllarda ýokary düzümli ygtyýarlylardan düýpli soraglar gelmäge başlady. Pentagon 2007-nji ýyldan 2012-nji ýyla çenli şeýle gapbarçanaklary öwrenmek üçin 22 million dollarlyk gizlin maksatnama ýöretdi. ABŞ-nyñ öñki prezidenti Barak Obama hem Ak Tamdan çykyp gaýdandan soñ gök ýüzündäki syrly jisimleriñ aýlanyp ýörrndigi hakda subutnamalaryñ bardygyny boýun alypdy. Obama iki ýyl öñ "Nähili hereket edýändiklerini, nirede düşleýändiklerini düşündirip bilemzok" diýipdi. Geçen aý geçirilen kongresiñ aşakky komitetiniñ ýygnanşygy "Gizlin bukjanyñ" ("The X-Files:) çeper personažy Foks Malderiñ içini ýylatdy. Arasynda Fraworyñam bolan öñki amerikan ofiserleri depe saçyñy düýrükdirip biljek zatlary aýtdylar. Bularyñ arasynda amerikan hökümetiniñ gapbarçanaklara eýelik edýän we bulary gizlin saklaýan, gizlinlik bilen maliýeleşdiren maksatnamalaryñ gapbarçanaklary gizlin saklamak tabşyrylan, dünýäden daşarky tehnologiýany gizlemek we tersine inženerçilik işlerinde adamlaryñ zyýan görýän ýa-da şikes alýan we heläkçilik zonalaryndan "adama meñzemeýän" pilot galyndylarynyñ çykarylýandygy ýaly ýalan beýanat bermek jezasyna degişli çaklamalar bardy. Şu babatda öñki amerikan kontrrazwedkaçysy Dewid Gruşdan hökümetiñ kosmosly ýaşaýyş formalary bilen aragatnaşygy ýola goýup-goýmanlygy soraldy. Gruş özüne geñ galyjykly nazar bilen äñedýän kanun çykaryjylaryñ içinde "Bu gürrüñ halk köpçüligine açyk şertlerde orta atyljak gürrüñ däl" diýdi. Gruşyñ aýan eden zatlaryna jogap edip, NASA-dyr Goranmak ministrligi dünýäden daşarky ýaşaýyş baradaky subutnamalaryñ bardygyny ýa-da olaryñ tehnologiýalarynyñ ýaşyrylýandygy hakdaky gep-gürrüñleri ret etdi. Emma maglumatlary "gizlin" ýarlygyny goýmakda has öte geçmek ýa-da ygtyýarlylara makul inkär edip boljak mümkinçiligi üpjün etmek üçin kontrrazwedkany böleklere bölmekde göz öñüne tutulanyñ doly tersibe täsirde bolan gyşarmalara eýe amerikan hökümetine ynam etmek kyn. Her haýsy bolanda-da, halka mälim edilen sözlerem howatyrlandyrmak üçin ýeterlikdi. Aşakky komitetde başga wagt biri-birine gyr duşman bolan demokratlar we respublikanlar açyk sözlüligi sebäpli karýeralarynda zyýan çeken şaýatlaryñ aýannamalaryndan we çynlakaýlyklaryndan deñ derejede täsirlenene meñzeýärdi. Aleksandriýa Okasio-Kortes jemgyýetçilige hasap berijilikli düzgünlere tabyn däl gizlin ýörite pudaklary ýöredýänleriñ işi hakda kyn soraglary berdi. Okasio-Kortes şaýatlara "Meniñ ýerimde bolsañyz, nirä serederdiñiz?" diýip sorady. Aleksandriýa Okasio-Kortes Gije ýarymdan soñ uçýan syrly obýektler hakdaky gep-gürrüñler onlarça ýyldan bäri dowam edip gelýär. Emma soñky aýdylanlara welin, hökman üns bermek gerek. Şaýatlaram, kanun çykaryjylaram syrly jisimleriñ aýan edilmegine garşy gadagançylygyñ "aklyndan azaşypdyr" aýyplamasyna duçar bolmakdan gorkýan pilotlaryñ üstüne howp-hatar abanmagyna we basyş edilmegine sebäp bolýandygyny biragyzdan öñe sürýär. Eger pilotlaryñ biri adaty däl bir zady görüp, muny aýdandygy üçin karýerasyna atanak çekiljek bolsa, dymanyny gowy görýär. Kanun çykaryjy Garsiýa "Raýat we harby pilotlara gapbarçanaklar hakda aýdyp biljek ynamly we aç-açan şertleri döretmeli" diýdi. Howp-hatarlaryñ potensialy hakykat. Ýygnanşykdaky şaýatlaryñ hemmesi gören ýa-da öwrenen hadysalarynyñ adamzat üçin howp döredip biljegini aýdýardylar. Kanun çykaryjylaryñ biriniñ gabatlaşylan käbir jisimleriñ kontrrazwedka maglumatlaryny toplaýan enjamlar bolup biljekdigi hakdaky pikirini goldadylar. Şaýatlaryñ garşy çykmasy kyn düşjek potensial "ekzistensial" howpa yşarat edýändigini aýtdylar. Frawor 2004-nji ýyldaky "Tic-Tac" ýakyndan gabatlaşmasy barada "Gabatlaşan tehnologiýamyz biziñ henize çenli ýeten hemme zadymyzdan kän öñdedi" diýdi. ABŞ-nyñ Harby-Howa Güýçleriniñ ofiseri Gruş komplimasiýaçy telbeden has beter harby pähimdara çalym edýär. Gruş Owganystandaky söweşlere gatnaşdy, has soñra Pentagonyñ gapbarçanaklar boýunça taýýarlan aýratyn maksatnamasynda işlemäge başlady. Az wagtyñ içinde hiç kime ynanmazlygy öwrendi. Iýun aýynda aýannamalaryny jemgyýetçilige mälim etmezden öñ aklawjy tutundy we ýörite janpena berilmegini talap etdi. Harby edaralaryndaky kärdeşleriniñ jemgyýetçilige aýan etmek islän zatlary üçin beýlekileriñ başyna gelen gorkunç netijeleriñ gaýtalanyp biljekdigi hakda duýdurylandygyny aýtdy. Kanun çykaryjylar gizlin maglumatlaryñ jedelini etmek üçin howpsuzlandyrylan otaga girmegiñ harby ygtyýarlylar tarapyndan gadagan edilendigini, aşakky komitetiñ gurulmagy we iñ esasanam şeýle ýygnanşygyñ geçirilmegine-de berk garşy çykylandygyny öñe sürdi. Wekil Tim Berçett "Her ädilen ädim çetin göreşdi" diýdi. Tim Berçett Kanun çykaryjylar 26-njy iýulyñ aşakky komitetiñ geçirjek köp sanly ýygnanşygynyñ başlangyjy boljakdygyny öñe sürdüler. Şeýle ýygnanyşyklaryñ älemde diñe bizde ýaşaýyş barmy ýa ýokmy soragynyñ syryny çözüp-çözmejekligi heniz belli däl. Emma, belki-de, bu ýygnanyşyklar amerikan hökümetini älem hem-de ýer ýüzi boýunça meselelerde çäklendirýän gereksiz gizlinlik diwarlaryny ýykyp biler. Borzu DARAGAHI, pars žurnalisti / @borzou Çarşenbe, 09.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||