19:45 Dünýä ikinji "Sowuk urşuñ" bosagasyndamy? | |
DÜNÝÄ IKINJI "SOWUK URŞUÑ" BOSAGASYNDAMY?
Publisistika
Bäsdeşligiñ çygyrdan çykmagy mümkin, Waşingtondaky we Pekindäki dinamikalar dünýäni ýadro güýçleriniñ arasynda gereksiz çaknyşyga iterip biler. Iñ ýaramaz netije bolsa geleñsizlik bilen görnetin ýadro urşuna itermek bolar (Sputnik/AFP). ABŞ-nyñ abraýly düşünje we habar žurnaly "Foreign Policy" ABŞ-ly we Günbatarly syýasat guraýjylaryñ Hytaý bilen adam hukuklary, deñizüsti ýük daşaýjylygy, maliýe, klimatyñ üýtgemegi, kuantum informatikasy, mikroçipler boýunça has güýçli şekilde garpyşmagyny talap edýän azyndan alty makalany bary-ýogy bir hepdäniñ dowamynda çap etdi. "Bilip bolmaz, belki kimdir biri düşünen däldir" diýýän ýaly başga bir makalada-da Hytaýa garşy gönükdiren harby pozisiýasyna maliýe komponentini goşmak üçin Waşingtona "ykdysady uruş geñeşini" gurmak maslahat berildi. Onlarça ýylyñ dowamynda ýaşaýyşymyzy we ýurtlary şekillendirip biljek täze "sowuk uruş" dünýäniñ boýnuna dakyljak bolunýar. Emma dünýädäki örän köp kişi şekillenip barýan urşyñ ugurlary babatda taýýarlyksyz we habarsyz. Häzirden dünýäniñ çar künjündäki elitalar iki tarapyñ arasyndaky ykdysady, kontrrazwedka, diplomatiki, belki-de, harby çaknyşyklar bilen baha berilen XXI asyryñ bolmagyna garaşýar: NATO we uly Aziýa-Okeaniýa ýurtlarynyñam goşulan, ABŞ-nyñ ýolbaşçylygyndaky birtopar ýaranlyk we hyzmatdaşlyk bir ýanda, Hytaýdyr Russiýa bilen düzüminde Demirgazyk Koreýanyñ, Belorussiýanyñ, Eýranyñ hem bolan partnýorlaryñ Ýewraziýa öñbaşçylygyndaky ýaranlygy bolsa beýleki tarapda. Latin Amerikasy, Ýakyn Gündogar, Afrika tarapsyz galmaga meýilli görünýänem bolsa, iki tarapyñ arasyndaky söweş meýdanlaryna öwrülip bilerler. Bäsdeşligiñ çygyrdan çykmagy mümkin, Waşingtondaky we Pekindäki dinamikalar dünýäni ýadro güýçleriniñ arasynda gereksiz çaknyşyga iterip biler. Ýewraziýa awtokratiýalarynda dawa-jenjel basyp ýatyrylan ýagdaýda. Hytaý mediýasy we düşünje guramalary dünýäniñ iñ uly iki güýjüniñ arasynda uzak wagta çekjek we howply duşmançylyk döwrüniñ başlanma ähtimallygyny bilýänem bolsa, edýän işleri sebäpli diñe ABŞ-ny günäkärleýär. Waşingtonda-da respublikanlaryñ we demokratlaryñ Hytaýa garşy bürgütlerçe durup, biri-birlerinden rüstem çykjak bolýan howply toparyñ düşünjesi giñden ýaýran ýagdaýda. Emma Günbatarly saýlawçylar bilen ýurtdaşlaryñ güýji we sesi bar hem-de olaryñ bu dawa-jenjellere goşulmagy gerek. Ýewropada-da nýuanslar bar. Geçen hepde hem Fransiýanyñ prezidenti Emmanuel Makron hem-de Ýewrobileleşigiñ komissiýasynyñ başlygy Ursula won der Leýen Pekindedi we Hytaýyñ başyny çaşyryp, Russiýanyñ Ukraina urşuna berýän diplomatiki we maddy goldawy ýaly Günbataryñ we birnäçe Aziýa-Okeaniýa ýurdunyñ hökmany hasaplaýan ugurlaryndan el çekdirmek üçin dürli synanşyklary etdiler. Çak edilşi ýaly, şereketiñ uly delegasiýasynyñ ýoldaşlyk eden parahatçyl Makron ýokary derejeli ygtyýarlylar tarapynda eliñ aýasynda saklansa, özüni has batyrgaý alyp baran Won der Leýen köp ýerde görmezlige salyndy we döwlet habar beriş serişdelerinde amerikan gurjagy hökmünde görlüp, ýedi gat ýeriñ teýine sokuldy. Hytaý hakykatdanam problemaly ýurt. Çakdanaşa gözegçilik döwlet tarapyndan goldanýan we distopiki model bolan awtokratik dolandyryşy eksport etmäge (ýa-da iñ azyndan kadalaşdyrmaga) jan edýär. Öz uýgur we tibet etniki azlyklaryny adam hukuklary boýunça agyr düzgün bozulmalary arkaly didiwana mündürýär. Kiçi ýurtlara garşy köplenç global diýdimzorlugyny edýär. Wladimir Putiniñ Ukraina garşy alyp barýan basybalyjylykly urşuny goldaýarka-da, ikiýüzlüligini edip Günbatar imperializmini ýazgaran bolýar. Geçen ýyl Aziýanyñ iñ güýçli demokratik ýurdy hökmünde görkezilen Taýwana-da haýbat atmagyny dowam etdirýär. Şol bir wagtyñ özünde ABŞ-nyñ ýaranlary we şärikdeşleri-de yzygiderli ýagdaýda birmeñzeş görnüşdäki adam hukuklary bozulmalaryny amala aşyrmakda Hytaýdan kem galanok. ABŞ dünýä taryhynyñ iñ uly diýdimzorlarynyñ arasynda ýer alýar. BMG-nyñ Howpsuzluk geñeşiniñ rugsadyny almazdan başlan ugursyz Yrak okkupasiýasyny ýatdan çykaryñ. Diñe gowşak ýurtlara garşy gönükdirilen, jemgyýetçiligiñ gözünden has uzakda galan howplaram bar: amerikan eksportçylarynyñ satýan egin-eşiklerini öz tekstil bazarlaryna aralaşmagynyñ öñüni almaga synanyşan pukara Ruanda garşy diñe şu sebäpden söwda urşuny başlaýşy ýaly. Hytaýyñ döwlet ýolbaşçysy sowuk, hilegär awtokrat, ýöne 69 ýaşly Si Szinpini Sith Lordu hem saýyp bolmaz. Onuñam möwriti geçer we Hytaýyñ çuñluklara uzaýan medeniýeti, san-sajaksyz ilaty, bazarlary ol işden gidensoñam ýa ölensoñam öñküsi ýaly dowam eder. Günbatar häzir Hytaýa bolan çuññur ykdysady garaşlylygyny aradan aýyrmagyñ ugrunda. Munuñ özi gowy zat bolmagy-da mümkin, senagat Günbatar ýurtlarynyñ merkezlerine gaýdyp gelip biler we Basra aýlagyndaky nebitiñ Ýewropada satylmaly muhoboýkalary öndürmek üçin Hytaýdaky plastiki zawodlara ugradýan bolgusyz ýük kerwenlerini aradan aýryp biler. ABŞ aýratynam Aziýa bolan näsaz bergi garaşlylygyndanam gutulmaly, onuñ Hytaýa we Ýaponiýa 1,85 trillion dollar bergisi bar. Emma ABŞ we Günbatar şol bir wagtyñ özünde käbir öñki ýaramaz endiklerine düşme howpy hem bar. ABŞ-da hytaýlylara we asly hytaýly amerikalylara görkezilýän bağnazlık artýar. Günbatar oppozisionerler we uýgurlara garşy bolýan düzgün bozulmalary ýazgaranda-da, Hytaýy gabamak üçin Aziýa-Okeýaniýadaky awtoritar döwletleriñ düzgün bozulmalaryna şärikdeş bolmaga we bulary bolaýmaly zat ýaly görmäge meýilli çykyş elitalaryñ arasynda artyp barýar: edil Günbataryñ birinji "Sowuk uruş" döwründe sowet täsirini gowşatmak üçin Latyn Amerikasyndaky we Aziýadaky militaristik sagçy diktaturalary goldaýşy ýaly. Hytaýyñ Türkiýä meñzeş kelleagyryly şärikdeşdigi, Günbataryñ on ýyl öñ göz öñüne getiren möhüm bäsdeşdigi, ABŞ Kongresiniñ respublikan agzasynyñ ýatladyşy ýaly "ekzistensial" howpdygy, ýa-da ABŞ-nyñ Daşary işler ministri Entoni Blinkeniñ baha berişi ýaly "uniwersal gymmatlyklara" garşy gönügen howpdygy babatda gyzgyn jedelleriñ başyny başlamak üçin Günbatar jemgyýetlerinde ýeterlik sebäpler bar. Emma iñ erbet netije - wýetnam we yrak uruşlaryny turzup, terrorizme garşy global uruş ýaly heläkçilikleri döreden Waşingtonyñ daşarky syýasatynyñ hemişeki demirbaşlary tarapyndan goldanýan görnetin global urşa geleñsizlik bilen iterilmek bolar. Borzu DARAGAHI, halkara korrespondent / @borzou Çarşenbe, 12.04.2023 ý. https://www.independent.co.uk/voices | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |