07:08 Palestina babatdaky hereketsizlik bütin dünýäni täsiri astyna alýar | |
PALESTINA BABATDAKY HEREKETSIZLIK BÜTIN DÜNÝÄNI TÄSIRI ASTYNA ALÝAR
Publisistika
Ýakyn wagtda çapdan çykmagyna garaşylýan iki kitap ysraýyl ekspansiýasynyñ giñ gurşawly täsirlerine ünsi çekýär. Palestina meselesi örän wawwaly, güýçli we dünýäniñ çar künjegindäkileriñ gyzyklanmasyny özüne çekýär (Reuters) Marokko ýarym finalda Fransiýadan utulmazdan öñ ýygyndy toparlary yzly-yzyna ýeñip, Dünýä kubogyny almak ugrundaky futbol çempionatynda çaltlyk bilen öñe gidende, her ýeñişini diñe Demirgazyk Afrika ýurdunyñ özüne mahsus gyzyl baýdagyny parladyp däl-de, Arap dünýäsinde birnäçe adamyñ ýatdan çykarylandygyny ýa-da iñ azyndan täsirini ýitirendigini pikir edilýän dawa bolan Palestinanyñ baýdagyny-da asmana galdyryp baýram etdi. Emma 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyñ hem-de Ysraýyldaky we taryhy Palestinadaky soñky wakalaryñ görkezişi ýaly palestin konflikti örän wawwaly, güýçli we dünýäniñ çar künjegindäkileriñ gyzyklanmasyny özüne çekýär. Aýratynam ýakynda çapdan çykmagyna garaşylýan iki kitap Palestina-Ysraýyl oñşuksyzlygynyñ taryhy we biziñ günlerimizdäki netijeleriniñ iñ soñky derejede aktualdygyny görkezýär. ABŞ-nyñ prezidenti Donald Trampyñ baştutanlygynda baglaşylan "Ybraýym ylalaşyklaryndan" bäri ysraýyllylar we onuñ tarapdarlary has giñ Arap dünýäsi bilen sebitleýin integrasiýa arzuwlaryny palestin konfliktiniñ üstünde durmazdan amala aşyryp bileris öýdýärler. Ysraýylyñ dünýäniñ palestin topraklary hökmünde tanaýan ýerindäki 55 ýyllyk rehim-şepagatsyz okkupasiýasyna garamazdan ýagdaý şeýle. Bu geçmiş palestinalylaryñ we araplaryñ ilatyñ 5%-ni düzýän Ysraýyla-da musallat bolýar. Palestinalylaryñ arzuwy we çaknyşyklarda her iki tarapyñam başdan geçirýän aýylgançlygy we tragediýalar, agressiýanyñ täze we ynjalykdan gaçyryjy görnüşde gaýtadan möwjemegi bilen ýene bir gezek göze ildi. Hemişeki ýaly dökülen gan ysraýylly esgerler we göçüp gelýänler bilen palestinalylary garşyma-garşy goýýar. Käbir palestinalylar agressiwleşip, okkupasiýanyñ masgaraçylykly kemsitmelerine has berk garşylyk berýär. Tanyş we içgysgynç döwre bu. Palestinalylara gönükdirilen ölüm howply ysraýyl dökülşikleriñ ysraýylly raýatlara garşy hüjümlere getirmegi täze göçüp gelýänleriñem palestinaly raýatlara garşy pogroma meñzeş agressiýa iterýär. Palestinaly raýatlar has köp öç alyp, zyýan ýetirijilikli hereketlere has meýilli bolýar. Ysraýylyñ premýer-ministri Binýamin Netanýahunyñ radikal sagçy hökümeti (Ysraýyl taryhynyñ iñ ekstremistik hökümeti) agressiýany hasam möwç aldyryp, iki tarapy-da has köp umytsyzlyga itermek bilen howp salýar. Palestinalylaram, ysraýyllylaram Ierusalimdäki we Günbatar Şeriadaky göçïp gelýänlerdir esgerleriñ eli bilen ýerinden-ýurdundan jyda düşürilmeleriñ täzeleriniñ bolup geçmeginden gorkýar. Has dogrusy, araplaryñ bolmadyk Ysraýylyna çagyryş eden Ytamar Ben-Gwir we Bezalel Smotriç ýaly sagçy ministrler Birleşen Arap Emirlikleri we Marokko bilen söwda we diplomatiki gatnaşyklary güýçlendirmek maksady bilen "Ybraýym ylalaşyklaryna" esaslanyp bir zatlar gurmakdan zyýat Günbatar Şeriada ýaşaýyş massiwlerini gurmak bilen gyzyklanýar. Ysraýyl 1948-nji ýylda ysraýyllylaryñ ýeñişini baýram edip bellän, palestinalylaryñ bolsa halk üçin ullakan heläkçilik hökmünde görüp, hasrat bilen ýatlaýan uruşynyñ ortasynda guruldy. Emma hünärmen Oren Kessler ýakynda çapdan çykmaly kitabynda Ysraýyl-Palestina gatnaşyklaryny kesgitleýän agressiýa aýlanşygynyñ yzyny otuzyny ýyllardaky gozgalaña çenli dowam edip, häzirki agressiýa, gynanç we ynamsyzlyk dinamikasynyñ şu ýerde şekillenendigini öñe sürýär. 15-nji fewralda çapdan çykmaly "Palestina 1936" kitaby palestinalylary jöhitlere hem-de Britaniýa imperiýasyna garşy birleşdiren gozgalañtñ palestin jemgyýetçilik durmuşynyñ ýykylmagyna we ýurtdaky ilkinji zorlukly göçürilme tolkunyna nähili sebäp bolandygyny gürrüñ berýär. Özüni anyk derñewler hödürleýän ylmy iş taýýarlamagy maksat edinen alymdan zyýat köpçülige peýdaly maglumatlary toplan žurnalist we ýazyjy hasaplan Kessler şeýle ýazýar: "Sionizmi soñlandyrmak üçin başlan gozgalañ, tersine araplary mynjyradyp, jöhitleriñ şondan on ýyl soñ döwlet gurma tagallasynyñ garşysynda araplaryñ bilini bükdi. Üç ýyl dowam eden gozgalañyñ başga bir täsiri bolupdy. Bu gozgalañ "Holokost" trawmasyndanam öñ taryhy Palestinada ýaşaýan jöhitleri sarsdyryp, olary arap halkynyñ öz döwlet maksatnamalaryna asla razy bolmajakdygyny ynandyrypdy. Kessleriñ pikiriçe, gozgalañ segsen ýyl soñam täsirini dowam etdiren kölege döretdi. Munuñ özi alymlar, žurnalistler, aktiwistler, syýasatçylar bu oñşuksyzlygy bizar-peteñleri çykýança änigi-şänigi bilen öwrenendiklerine, ýazandyklaryna, pikir alyşandyklaryna garamazdan, bizi täze derejeler bilen geñ galdyrmaga dowam edýändigini okyjylara ýatladýar. Aýratynam, soñky ýyllarda otuzynjy ýyllardaky gozgalañ bilen baglanyşykly azyndan ýenr iki kitap çapdan çykdy. Öñümizdäki aýlarda çapdan çykmaly ýene bir täze kitapda bolsa, okkupasiýanyñ Ortaýer deñzi bilen Iordan derýasynyñ arasyndaky ýer zolagynyñ añyrsyndaky dünýäni nähili täsiri astyna alýandygy we täsirini ýetirmäge dowam edýändigi görkezilýär. Derñeýji-žurnalist Entoni Lýowenştaýnyñ ýazan "Palestina laboratoriýasy" ("The Palestine Laboratory") Ysraýylyñ okkupasiýa astynda ýaşaýan araplary boýunturyklamak üçin kämilleşdiren ýaragynyñ, tehnologiýasynyñ we taktikalarynyñ ýer ýüzüne nähili eksport edilýändigini, ýagny Ysraýylyñ aslynda palestinalylaryñ kösenjinden we jebir-jepasyndan nähili peýda görýändigini görkezmek üçin maglumatlardyr reportažlardan peýdalanýar. Lýowenştaýn giriş bölümünde şeýle ýazýar: "Bu kitap okkupasiýanyñ nähili ideal geçginli harytdygyny ähli jikme-jiklikleri bilen gürrüñ berýär. Ysraýylyñ eksportçylarynyñ arasynda Saud Arabystana satylan we merhum žurnalist Jemal Kaşykçyny yzarlamakda ulanylan "Pegasus" programmasy ýaly köpçülikleýin yzarlamada we elektron jansyzlykda ulanylan tehnilogiýalar bar. Bu programmany palestinalylary yzarlap, trhniki maglumatlaryny anyklaşdyrýan öñki ysraýyl jansyzlary işläp düzüpdi. Göçegçileriñ we bosgunlaryñ öñüni almakda global derejede ulanylan serhet yzarlama tehnologiýasyny satyp pul gazanýan ysraýylly firmalar Günbataryñ bu inçe meseleleriñ üstünde durup geçende ulanýan sözleri we strategiýalary şekillendirýär". Lýowenştaýn "ABD-Meksika serhedi bilen Ysraýylyñ okkupasiýasy astyndaky ýerlerde diwar arasyndaky meñzeşlikler ýyl geçdigisaýy artýar" diýip ýazýar. Biri beýlekisini habarly edip ylham berýärkä, tehnologiýa şereketleri-de duşman hasaplaýanlaryny nyşana almak we ele salmak üçin dynman täze-täze ýollary gözleýär. Derñeýji žurnalist jansyzlyk gurallary hakda aýdyp, Ysraýylyñ amerikan şäherleri bilen bir hatarda dünýädäki kömekçi güýçlerini azlyk ilata garşy agressiw polisiýa taktikalaryny ulanmaklary babatda nähili tälim berýändiklerini subut edýär. Lýowenştaýn Minnesota ştatynyñ polisiýa işgäri Derek Çauwiniñ Jorj Floýdy bogmak üçin dyzyny bogazyna direýşi ýaly emeliñ palestinalylara garşy köpçülikleýin ulanylýandygyny öñe sürýär. Emma 2020-nji ýyldaky aýyplamalaryñ yzysüre tassyklama işini alyp baran "Channel 4" amerikan poliseýiniñ bu taktikany ysraýylly kärdeşlerinden öwrenendigi barada haýsydyr bir subutnama tapmady. Yzly-yzyna gelen dünýä liderleri Ysraýyl-Palestina oñşuksyzlygyny çözmäge synanyşýarlar. Şeýle synanyşyklar şowsuz bolanda, şol liderler köplenç meseläni ähmiýetsiz görkezenini ýa-da görmezlige salanyny gowy görýär. Emma soñky hepdelerdäki bolup geçen wakalar şeýle tutumyñ peýda bermeýändigini görkezýär. Okkupasiýa babatda hereketsizligiñ syýasy we gumanitar zyýany gün geçdigisaýy artýar, üstesine diñe ysraýyllylar we palestinalylar üçin däl, dünýäniñ çar künjegindäkiler üçinem şeýle. Borzu DARAGAHI, halkara korrespondent / @borzou Duşenbe, 20.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |