12:09 Eýranda demonstratlar öwrülşik üçin köçelerde: "Hiç zat öñküsi ýaly bolmaz" | |
EÝRANDA DEMONSTRATLAR ÖWRÜLŞIK ÜÇIN KÖÇELERDE: "HIÇ ZAT ÖÑKÜSI ÝALY BOLMAZ"
Publisistika
Mahsa Amininiñ ölümünden bäri atylyp çykan gahar-gazap režimi sarsgyna saldy, emme Yslam respublikasyny agdarmak üçin has köp demonstrat we ot güýji gerek bolar. Ýakyn wagtda Eýranyñ demirgazygyndaky şäher demonstrasiýaly gijeleriñ birini başdan geçirdi. Ol çagalyk ýyllaryny şu ýerde geçiripdi. Daşdyr çüýşe zyñyp, ot ýakan galmagalçy ýaş oglan-gyzlaryñ arasyndady, ýigrenji ahlak polisiýasynyñ golastyndaka aradan çykan 22 ýaşly eýranly kürt gyzy Mahsa Amininiñ ölümine, režimiñ elinde ömürboýy dowam eden basyşa we ikiýüzlilige gaharlydy. Tüssedir garañkylygyñ içinden garşysyndaky raýat eşikli režim güýçleriniñ we "Besic" milisiýa otrýadlarynyñ seteran bolup durşuna seretdi. Olar öý şagalañlarynyñ üstüni basýan, jemgyýetlere hökmüni ýöredýän ýa-da köçelerde ýaşlara el ýetirýän hemişeki rehim-şepagatsyz garakçylardy. Emma şol gije sütemkärlerde has öñ hiç duýmadyk täze bir zady bardy. Şol gije gorkyny gördi. Ine, şol ýerdediler, biri-birilerine gysylşyp durdular. Demonstratlardan hakykakdanam gorkýardylar. Demonstratlaryñ biri parolly telefon programmasy arkaly gyryk ses bilen beren reportažynda "itler diýen gorkýardylar" diýip ýatlaýar. Olary howsala gurşap alypdy. Bu tolgunşyklardan soñ hiç zadyñ öñküsi ýaly bolmajagy görnüp dur. Eýran Amininiñ ölümi bilen möwç alan we üç hepdeden gowrak wagt dowam edip gelýän, adam pidalarynyñ bolup geçýän köçe protestleri bilen lerzana gelýär. Arasynda ýüz-gözi pytraññy hereketiñ agzyny birikdiriji nalalaryna öwrülen birnäçe ýaş aýal-erkegiñem bolan köp sanly raýatlar çaknyşyklarda wepat boldy. Protestleriñ 43 ýyllyk Tähran režiminiñ ýykylmagy üpjün etme maksadynyñ bardygy aýdylsa-da, tolgunşyklar heniz kritiki derejä çykmady we ýene belli bir wagta çenli çykmanam biler. Baş ruhany Ali Hamaneý, prezident Ybraýym Reisi dagy protestleriñ üstünde durup geçip, çak edişlerinden daşarky güýçleri ýurduñ at-abraýyny pese düşürmek we gazanylan üstünlikleri elinden almak üçin agzalalyga meçew bermekde aýyplady. Görlüşi ýaly, režim häzirlikçe protestleri gysymyna gysandygyna ynanýar we heniz gorkunç howpsuzlyk çärelerine ýüz urmady. "The Independent" habarlar gullugy Eýrandaky protestlere gatnaşan alty adam bilen gürrüñdeş boldy. Bu adamlar näbelli ugra tarap barýan gowgaly ýurtdan söz açýar. Protestleriñ režimi sarsgyna salandygy belli. Ýokary wezipeli ygtyýarlylar başýapynjasy boýunça kanunlaryñ täzeden gözden geçirme meselesini öwrenjekdiklerine we anna güni mälim edilen sud-medisina ekpertizasynyñ aktynda urulmandygy netijesine gelinen Amininiñ ölümini derñejekdiklerine söz berdi. Şol bir wagtyñ özünde arasynda öñki prezident Haşimi Rafsanjaniniñ gyzynyñam bolan müñlerçe demonstraty, raýat-jemgyýetçilik aktiwistlerini, žurnalistleri, sungat işgärlerini we syýasatçylary tussag etdi. Bu döwülme täsirliligi gowşan din adamlarynyñ tarykatpisint bölegi, Eýran-Yrak urşuna gatnaşan ofiserleri, olaryñ tarapdarlary we bir nesil ýene eýranlylaryñ arasyndaky gatnaşyklaryñ arasyny üzdi. Galmagally hadysalar prezident Mahmut Ahmedinejadyñ jedelli ýagdaýda ikinji möhlete prezidentlige saýlanmagy bilen möwç alan 2009-njy ýylyñ tolgunşygyndan soñ birnäçe ýyla çeken belli bir derejedäki parahatçylygyñ doly aradan aýrylandygyna yşarat edýär. Jons Hopkins uniwersitetiniñ Ýokary Halkara gatnaşyklary fakultetinde Eýranyñ döwlet ýolbaşçylary we ideologiýalary boýunça iş alyp barýan alym Nargiz Bajogli, "Ýokary synpyñ wekilleri režimiñ ýykylmagyndan gorkýarmy ýa-da häzirki aýratyn pursatyñ yslam respublikasynyñ çökmegine getirmeginden? Ýok" diýdi. Emma aýdylanlardan çen tutsañ, olar bu uruşda ýeñlendiklerini-de bilýärler. Görnüşinden, Eýran bir gijede öwrülişigi başdan geçirdi. Aýal-gyzlar başýapynjasyny mejbury atynmaly edýän kanuna garşy gönükdiren raýat ytagatsyzlygy talking bilen her gün peçelerini (çabytlaryny) zyñýar. Ygtyýarlylar muña gözegçilik etmekden ejiz gelýär, hatda bolup geçýän jemgyýetçilik rewolýusiýasyna doly düşünip bilenok. Bajogli "Köpçülik aýaga galanda aýal-gyzlar peçelerini çykaryp zyñýar diýip, indi näme ederlerkä?" diýdi. Munuñ özi her bir ýaşdaky aýal-gyza täsirini ýetirýän mesele. Ene-atalara, oglan-gyz doganlara täsir edýär. Siziñ eliñizdäki zat syýasatyñ we döwletiñ resmi syýasy ugrunyñ çygryndan çykan mesele. Her gün diýen ýaly eşdilýän ýaş aýal-gyzlaryñ ölüm habarlary režimiñ problemalaryny hasam agraldýar. Režim halk köpçüligini köşeşdirmäge dyrjaşýanam bolsa, howpsuzlyk güýçleri we ýarany "Besic"-iñ milisiýa otrýadlary oduñ üstüne kesewili gitmäge dowam edýär. Wepat bolanlaryñ arasynda Tährandaky protestlerde öldürilen 16 ýaşly Nika Şakrami, ikisi-de Kerejde wepat bolan 16 ýaşly Sarina Esmailzadeh, 23 ýaşly Hadis Najafi-de bar. Her bolýan ölüm halk köpçüliginiñ arasynda täze gahar-gazap uçgunyna öwrülip, protestleriñ hasam möwjemegine sebäp bolýar. Eýran dini režimine öñdenem belli bu öwrülişik 1979-njy ýylyñ öñýanyndaky aýlarda şanyñ agdarylmagyna we mollalary häkimiýet başyna getiren dinamika bilen birmeñzeş. Tolgunşykly wakalar we demonstrasiýalar köplenç mekdep okuwçylarynyñ başýapynjasyny ýyrtmalary ýa-da oda atmagy hem-de köçä çykmalary bilen başlady. Liseýlerde okaýanlar ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplar bilen ençeme ýylyñ dowamynda emele gelen ýakynlyklaryny paýlaşýar we etjek hereketlerini meýilleşdirmek üçin yzygiderli bir ýere üýşüp durýar. Eýranyñ aşa şäherleşen ilatynhñ arasynda bular ýaly ýakynlyklar seýrek duşýar. Demonstratlaryñ biri beren reportažynda "Biri-birimizi her gün görýäris" diýdi. "Habarlary sypdyrman görýäris we sosial mediýada paýlaşýarys". Protest hereketlerinde ýaşlar öñ hatarda ýer alsa-da, dürli ýaşly eýranlylar-da protestlere goşulýar. Käbirleri garma-gürmelikden daşrak durýanam bolsa, bir gözüni hukuk goraýjy işgärleriñ üstünden aýyrman protestlere gatnaşýar. Käbirleri-de awtoulaglarydyr motosiklleri bilen gelip, köçe-ýol hereketiniñ dyknyşygyny döredýär. Beýlekileri bolsa gijelerine üçeklerden gygyrýar. "Diktatora ölüm!" ýa-da "Aýal-gyzlara azat durmuş, erkinlik!" diýip seslenýärler. Nargiz Bajogli Adynyñ aýdylmazlygyny haýyş eden zenan hak-hukuklary boýunça bir aktiwist "Hemmeler gidýär. Menem gidýän we daş-töweregimdäki hemmeler, tanyş-bilişlerim gidýär" diýdi. "Hadysalara nähili ýakyn durjakdyklary ýagdaýlaryna, mümkinçiliklerine bagly, emma hemmämiz gidýäris. Öñden ýörejek däl, ýöne adamlar bilen bile ýörejek ýa-da motosiklimde gitjek, töwereklerinde aýlanyp, nirede garma-gürmelik bardygyny görjek, soñra düşüp pyýada ýörejek. Töweregimdäkileriñ barsy şeýdýär". Penşenbe güni gözellik salonlarynyñ birine baranda, resepsiýa işgäri oña her gije işden soñ Tähranyñ demirgazygyndaky "Tejriş" ploşadyna gidip, protestleriñ bolaryna garaşýandygyny aýtdy. Birnäçe müşderi-de protestlere gatnaşýandygyny we goñşy-golamlarynyñam gatnaşýandygyny aýdyp öwündi. "Belli bir günde, belli bir sagatda adamlar gatnaşýar" diýdi. "Emma dagynyk bolanda, tapmak has kyn bolýar. Galyberse-de tutulan adamlaryñ sany kän. Şonuñ üçinem seresaply boluñ". Köpçülikleýin tussag etmeler adamlaryñ durmuşynyñ enter-pelegini çöwürdi. Demonstratlar az uklamaga, agşamlaryna tanyş-bilişleriniñ öýünde galmaga, ele düşmezlik we tussag edilmezlik üçin telefonlaryny, SIM kartlaryny ýygy-ýygydan çalyşmaga başlady. Uzak wagtlap syn edip ýörenler her gün gatnaşmasa-da, çykyşlara gatnaşýanlaryñ giñ demografik tutumyndan täsirlendi. Adynyñ aýdylmazlygy şerti bilen bilýänlerini aýtmaga razylyk beren tähranly sosiolog "Şumat adamlaryñ uly topary köçelerde taýýar ýagdaýda dur" diýýär. Häzirki ýaşlaryñ ene-atalary 70-80-nji ýyllarda doglan, ýagny özleri-de rewolýusiýanyñ perzentleri we öñler köp sanly demonstrasiýalara gatnaşan adamlar. Şeýle-de bolsa, protestçileriñ sany 2009-njy ýyldaky protestlere gatnaşan ýüz müñler bilen deñeşdirende has pesdigini we eýranlylar režimi agdarmak üçin ýaşulylar bilen bir hatarda konserwatiw hem-de dindar eýranlylar ýaly dürli toparlary öz ýanlaryna çekmegiñ gerekdigini bilýärler. Dürli şäherlerde zähmetkeşleriñ wagtal-wagtal iş taşlaýyş edýändiginiñ habarlary eşdilse-de, ykdysadyýetiñ möhüm pudaklarynyñ tutylary syrmak çagyryşlaryna gulak asýandygy hakda örän az alamatlar bar. Tähranyñ günortasyndaky konserwatow raýonlaryñ birinde ýaşaýan raýat has arzan kireý tölegi üçin göçüp gelen raýonynda demonstratlaryñ kän görünmändigini aýdýar. Onuñ ýaşaýan raýonynda internet ýeke gezegem kesilmändir, ahlak polisiýasy-da bu ýere aýagyny sekmändir. Protestleriñ iñ gynançly geçen günleriniñ birinde ýerli dükana girende, dükanyñ eýesi telewizorda hezil edip gülküli gepleşige tomaşa edýärdi. Tähranly "Şady-horram bolup oturanyny görenimde, tasdan onuñ bilen dawalaşýardym" diýdi. "Bu adamlaryñ nämesiniñ bardygyny hakykatdanam bilemok. Köpüsine çyndanam düşünemok. Meniñ ýaşym otuzdan geçdi we köçä çykmaga hiç zatdan gypynç edemok. Dogrymy aýtsam, ýitirjek zadym ýok. Emma köp sanly eýranly häzirem ýitirjek bir zatlarynyñ bardygyndan gorkýar. Eýranyñ demirgazygyndaky aktiwist howpsuzlyk gullugyndan gelen telefon jañlaryny gürrüñ berýär, ilkibaşda protestlerden daş durmagyny aýdanam bolsalar, indi konfliktler soñlananda, özi bilen gyzyklanjakdyklaryny aýdýarlar. Daşary ýurda gidip, birsellem görünmän gezmegi meýilleşdirýärler. Ýagdaýlar örän darykdyryjy we baş-başdaklyk örän ýokary. Howpsuzlyk gullugynyñ işgärleri gelýärler, atýarlar, öldürýärler. Keýpine öldürýärler. Wagşylyklarynyñ çeni-çaky ýok. Millionlarça eýranly jemgyýetçilik pudaklarynda işleýär, daşyndan göräýmäge hususy ýaly edilen birnäçe şereketler-de döwlet bilen baglanyşykly. Olaryñ ýaşaýşy gurluşykdan bilime, ýokary tehnologiýadan örän möhüm nebit-himiýa ulgamyna çenli ykdysadyýetiñ her pudagynda şahalary bolan režime garaşly. Paýtagtda konserwatiw we dindar eýranlylara ýakyn durýan bir talyp "Adamlaryñ arasynda nägilelik bar, köpçülik ýagdaýdan ýadady, hemmeler režime we dini lidere garşy, şu ýagdaýda olar dine-de garşy bolup bilerler" diýdi. Emma köp adam üçin köçä çykyp, protestlere gatnaşmak öz bähbitlerine ters gelýär. Şonuñ üçin näme etjeklerini bilenoklar. Döwlet gözegçiligi-de juda berk. Hemmeler nämedir bir zat edesi gelýär. Emma olaryñam umumyhalk tolgunşygyna gatnaşmagy we rewolýusiýanyñ amala aşmagy üçin başgaçarak şertiñ, tutaşdyryjy uçgunyñ bolmagy gerek. Şeýle çatlama, syýasy bölünşik ýa-da 83 ýaşly Ali Hamaneýiñ ölümi ýaly aýgytly pursat bolup geçse, ýa bolmasa onuñ yzyny dowam etjek mirasdüşerlik göreşine girseler amala aşyp biler. Ýokary synpyñ arasyndaky haýsydyr bir çat açmanyñ protestçileri ýüreklendirjekdigini režimiñ öñbaşçylary-da gowy bilýäne meñzeýär. Režimiñ tarapdarlary nijeme protest hereketiniñ arasynda mynasyp garşydaş tapyp bilmändiklerinden zeýrendiler, üstesine apparat onlarça ýyllap ylymly-bilimli adamlary hökümetden çetleşdirmäge we täsirli raýat-jemgyýetçilik liderlerini türmä atmaga dowam edýärkä. Ejiz görünme gorkusy bilen diýdimzor gözegçilikleri gowşatmagy ret etdiler, hatda çäklendirmeleri ýygylaşdyrdylar. Mysal üçin, Hasan Ruhaniniñ sekiz ýyllyk prezidentligi döwründe gowşamaga başlan ahlak polisiýasy Reisiniñ geçen ýyl iş başyna gelmegi bilen geýinme düzgünleriniñ ýerine ýetirilmegine gözegçiligini hasam berkitdi. Bajogli, "Adamlar reformalar we üýtgeşmeler geçirmek üçin ýol görenok" diýdi. Bu dowam edip gelýän düzgüniñ eglişik edesiniñ gelmeýändigine anyk jogap. Eger eglişik etmäge ýanaşmasalar we demonstratlar çykyşlaryna dowam etseler, onda näme etmeli bolarlar? Ygtyýarlylaryñ häzirki pursatda ýüzbe-ýüz bolan ýagdaýy owalkylaryndan has tapawutly. Käbir protestçileriñ arasynda özleriniñ ýa-da başgalaryñ nämüçin yza çekilendigi hakda has gaýgylandyryjy düşündiriş bar. Ýaşlaryñ joşgunly çykyşlary daşary ýurtdakylaryñ hyýaly güýjüni ganatlandyranam bolsa, köp sanly eýranly köçelerde parahatçylyga çagyryş eden 16 ýaşly gyzjagazlary perwaýsyzlyk bilen öldürýäm režime garşy ahyrynda täsirsiz bolup galjagyndan gorkýar. Üstünlik gazanjakdyklaryna ymykly göz ýetirenlerinde protestlere gatnaşjakdyklaryny aýdýarlar. Eýranlylaryñ parahatçylykly sloganlar atýan wideogörnüşleriniñ Toronto ýa-da Londona güýç berip biljekdigini, emma Senendec we Kerec köçelerinr güýç berenleriñ eýranlylaryñ "Besijileri" ýenjýän wideoýazgylardygyny aýdýarlar. Tolgunşyklarda köp sanly hukuk goraýjy edaralaryñ işgärleri öldürildi, oppozision toparlar bular ýaly ölüm habaryny eşdende dagy, begenjine guş bolup uçaýjak bolýar. Döwlet telewideniýesi özüni uranda "Öl! Öl!" diýip gygyrýan protestçiler tarapyndan ele salnandygyny aýdýan "Besij" işgäri bilen geçirilen reportažy efire berdi. Gysga wideo eýranly oppozisionerleriñ sosial mediýa hasaplarynda wiral boldy we hemmetaraplaýyn öwgi aldy. Demonstratlaryñ biri "Yzda galan adamlar edilmeli işi protestler we sloganlar bilen edip bilmejegiñizden, has köp ot güýjüne mätäçligiñiziñ barlygyndan endişelenýär" diýdi. "Olaryñ polisiýa uçastoklaryny we telewizion kanallaryny nyşanalamak gerek. Häzirlikçe halkymyz örän seresaply hereket edýär we howpsuzlyk güýçlerine zyýan bermek islänoklar. Emma şeýtmäge, olary gorkuzma mejbur bolarys. Olary gaçar ýaly etmeli bolarys". Borzu DARAGAHI, halkara korrespondent / @borzou 13.10.2022 ý. https://www.independent.co.uk/news | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |