10:57 Güýçmi ýa girdeji? Eýran Russiýanyñ Ukraina urşuna nämüçin ýardam edýär? | |
GÜÝÇMI ÝA GIRDEJI? EÝRAN RUSSIÝANYÑ UKRAINA URŞUNA NÄMÜÇIN ÝARDAM EDÝÄR?
Publisistika
Ukraina ele salynan eýran dronlarynyñ uruş başlandan soñ Russiýa berilen bolmagynyñ mümkindigini aýdýar. Ukrainaly ýangyn söndürijiler geçen aýky dron hüjüminiñ yzyndan kiýewlileriñ dadyna ýetişýär. (Reuters) Russiýanyñ Ukraina garşy ulanandygy aýdylýan eýran ýaraglary Kiýewiñ uruş gidýän zolagynda ele salynan dronlaryñ Günbatarda öndürilen şaýlaryna degişli jikme-jiklikleri mälim etmeginiñ yzysüre täzeden üns merkezine alyndy. Ukrainanyñ Goranmak ministrligi rus güýçleriniñ Gündogar Ýewropanyñ asmanynda ulanýan Eýranda öndürilen "Mohajer-6" dronynyñ Moskwanyñ çozuşa başlan fewral aýynda öndürilendigini görkezýän ýazgyly senäniñ bardygyny we munuñ Tähranyñ ýaraglary uruş başlamanka satandygy baradaky beýanaty bilen çapraz düşýändigini mälim etdi. Kiýew dronlarda ABŞ-da, Awstriýada, Ýaponiýada öndürilen şaýlaryñ ulanylandygyny aýdýar, Kanada bolsa Eýrana satan motorlarynyñ dronlarda ulanylan bolmagynyñ mümkindigini boýun aldy. Goranmak ministrligi "ukrainaly hünärmenler daşary ýurt şaýlarynyñ eýran dronlaryna nädip aralaşandygyny öwrenip ýör" diýdi. Seriýa belgileri we şaýlara degişli maglumatlar partner ýurtlara bireýýäm berildi. Russiýanyñ Ukraina garşy dokuz aýlap alyp barýan uruşy Moskwa bilen Tährany biri-birine öte ýakynlaşdyrdy. Käbir ygtyýarlylar Eýranyñ Russiýa barha azalýan ýarag arsenalynyñ ýerini dolduryp, ukrain obýektlerine hüjüm etmek üçin ulanyp boljak ballistik raketalary bermäge taýýarlanýandygyny öñe sürýär. "Sky News"-yñ adyny bermek islemedik çeşmä salgylanyp berýän habarynda Moskwanyñ söweşjeñ dronlar üçin 140 million ýewro barabar nagt pul töländigi we salynan britan hem-de amerikan ýaraglaryny berendigi öñe sürüldi. Eýran hökümetine ýakyn habarlar saýty muny inkär etdi. Köpçüligiñ dykgatyna ýetirilen beýanatlarda we habarlarda mälim edilişi ýaly, çarşenbe güni Russiýanyñ howpsuzlyk boýunça döwlet geñeşçisi Nikolaý Patruşew eýranly kärdeşi Ali Şemhani bilen duşuşyp, göze görnüp duran bilelikdäki ykdysady maksatnamalardan, Günbatar sanskiýalarybdan gaça durmak we Ukrainadaky uruş boýunça gepleşik geçirdi. Şemhani "Eýran Russiýanyñ we Ukrainanyñ arasynda ýaragly çaknyşygy bes edip we ýaraşyga getirip biljek dialoga esaslanýan islendik inisiatiwany goldaýar" diýdi. Eýran birnäçe aýlap Russiýa dron satandygyny inkär edenem bolsa, ýaraglaryñ 24-nji fewralda uruş başlamanka berilendigini mälim edipdi. Ukrainanyñ Goranmak ministrligi goşunlarynyñ ele salan "Mohajer-6" eýran dronyny we beýleki ýaragly uçarmansyz istrebitellediniñ fotusuratyny çap etdi. (Ukrainanyñ Goranmak ministrligi) Russiýa Eýrandan alan dronlaryny Ukrainanyñ senagat infrastrukturasyna zyýan bermek we raýatlary gorkuzmak üçin ulanýar. Dronlar söweş meýdanynda aýgytlaýjy rol oýnamasa-da, ýurduñ çäkli sandaky howa goranyş serişdeleri arkaly goralmagy mümkin däl añsat obýektlere hüjým edip, Kiýewiñ ätiýaçlyk gorlarynyñ ýoguna ýanýar. Birleşen Korollyk (Britaniýa) we Ýewropa bileleşigi geçen aý kamikadze dronlarynyñ Ukrainada arasynda ýaşaýyş jaýlarynyñam bolan raýat obýektleriniñ urulmagynyñ yzysüre Eýrana sanksiýa bermäge başlapdy. Eýran boýunça spesialistleşen ukrainaly žurnalistka Anna Raýskaýa "bulary elektrik beketlerine garşy ulanyp, Ukrainanyñ dürli ýerlerinde elektrik liniýalarynyñ kesilmegine sebäp bolýarlar" diýdi. Günde on sagatdan gowrak wagt elektrik liniýalary işlemese, Kiýew ýaly uly şäherlere ýetirýän täsiri uly bolýar. Tähranyñ ukrain urşuna goşulmagy Eýranyñ mundan öñ görlüp-eşdilmedik içerki gapma-garşylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolan döwründe Tährany Kiýewiñ we ýurdy goranyşyny goldaýan günbatarly ýurtlaryñ ýaranlygynyñ radaryna sokdy. Mahsa Emini atly ýaş gyzyñ köçäniñ orra-ortasynda "ahlak polisiýasy" tarapyndan saklanmagy bilen başlap, ýurt derejesinde ýedi hepdeläp dowam edip gelýän protest demonstrasiýalarynda azyndan 328 adam howpsuzlyk güýçleri elinden wepat boldy, eýran ykdysadyýeti agyr şikes aldy we Günbatar bilen gatnaşyklar hasam ýaramazlaşdy. Russiýa satylan ýaraglaram ýurduñ içinde gazaply ýazgarmalara sebäp boldy. Belli gazetleriñ biri, belli din adamlaryñ biri we Moskwada ilçi bolan öñki eýranly diplomatlaryñ biri ýarag satuwyny derñäp, hökümeti Tähranyñ bähbitlerine çapraz hereket etmekde aýyplady. Şeýle-de, "Jumhur-i Islami" gazetiniñ baş redaktory Mesih Muhajiri "Bar zadyñyzy orta goýup, Russiýanyñ tarapyna geçmeli diýen zat ýok" diýip ýazdy. ABŞ-nyñ we Britaniýanyñ ygtyýarlylary Moskwanyñ eýran dronlaryny satyn almagynyñ Eýranyñ ýarag senagatyna çäklendirmeler getiren BMG-nyñ Howpsuzlyk geñeşiniñ kararlaryny bozup biljekdigini öñe sürýär. Eýranly diplomatlar Russiýa satylan ýaraglar babatda ätiýaçly çemeleşýänem bolsa, Eýranyñ Rewolýusion gwardiýasyna garaşly mediýa organlary iş şertnamalarynyñ režimiñ kassasyny doldurýandygyna yşarat edip, şeýle ýarag söwdasynyñ edilýändigine buýsanýar. Režime ýakyn beýleki eýranly şahslar Tähranyñ başga çykalgasynyñ ýokdugyny aýdýar. Wagtal-wagtal hökümetde geñeşçi bolup işlän eýranly akademik Diako Hüseýni ýazan bir twitinde "Eýran bilen Russiýanyñ arasyndaky ýakyn gatnaşygyñ sebäbi Tähranyñ Moskwa bolan aşa söýgüsi däl" diýip ýazdy. Hakyky sebäp Eýrana Russiýadyr Hytaýa ýakynlaşmakdan başga ýol-çykalga goýmadyk ABŞ-nyñ üznüksiz syýasy we ykdysady basyşlary. Raýskaýa baş lider Ali Hamaneý bilen bile eýran liderleriniñ Ukrainada ulanyljagyny bilip duranam bolsa, Russiýa ýarag satmaga höwesjeñ ýapyşmagynyñ añyrsynda girdejiden has beter güýjüñ ýatandygyny öñe sürdi. Eýranyñ Kiýew bilen paýlaşyp bilmeýän zady ýogam bolsa, Tähran az sanly hyzmatdaşlaryndan biri bolan Russiýanyñ uruşda ýeñilmegine ýa-da Putiniñ şowsuzlyga uçramagyna göz ýumup bilmejegi netijesine gelen bolmagy mümkin. Raýskaýa "Hamaneý we ýokary wezipeli ygtyýarlylar şeýle çözgüde gelende Ukraina ýa-da başga ýer bolmagynyñ tapawudynyñ ýokdugyna düşünýärdiler" diýdi. Günbatara garşy başga ugurda söweşýärler. Munuñ pul bilen baglanyşykly ýeri ýok, megerem, güýjüñi görkezmek bilen baglanşykly bolsa gerek. Ýa bolmasa, belki-de, diñe Russiýa sorady, Eýranam ýok diýip bilmedi. Dronlar goranyş serişdeleri arkaly goralmagy mümkin däl añsat obýektlere hüjüm edip, Kiýewiñ ätiýaçlyk gorlarynyñ ýoguna ýanýar. (AP) Eýrandaky syýasy durnuksyzlyk we Waşington bilen Tähranyñ arasyndaky düşünişmezlikler Eýranyñ ýadro maksatnamasyny çäklendirmegi maksat edinýän gepleşikleri togtatdy. Russiýa ýadro maksatnamasyna çäklendirmeleriñ girizilmegi bilen Eýrana berilen sanksiýalaryñ ýatyrylmagyny teklip edýän 2015-nji ýyldaky mundan soñ çalajan ýadro maksatnamasynyñ tarapdarlarynyñ biri. Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin Eýranyñ ýadro maksatnamasyny ösdürmegine ýol bermegiñ mundan beýläk Moskwanyñ bähbidine boljakdygyny göz öñüne tutan bolmagy mümkin. "Blowing up Ukraine: The Return of Russian Terror" ("Ukrainany howa uçurmak: Rus terrorynyñ gaýdyp gelmegi") adlı kitabyñ awtory yazarı Ýuriý Felştinskiý "Putin Günbatar dünýäsini durnuksyzlaşdyrmaga dyrjaşýar" diýdi. Muny etmegiñ iñ gowy ýa-da iñ añsat ýolu-da eýranlylara bomba öndürmekleri üçin kömek etmek ýa-da olaryñ eline bomba bermek. Borzu DARAGAHI, halkara korrespondent / @borzou Penşenbe 24.11 2022 ý. https://www.independent.co.uk/news © The Independent | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||