23:22 Hytaýyñ jümle-jahana diplomatiki güýjüni görkezjek bolýandygy görnüp dur | |
HYTAÝYÑ JÜMLE-JAHANA DIPLOMATIKI GÜÝJÜNI GÖRKEZJEK BOLÝANDYGY GÖRNÜP DUR
Publisistika
Pekin Eýran bilen Saud Arabystanynyñ arasyndaky gatnaşyklaryñ ýumşamagy üçin arada durup we Ukraina üçin özüniñ ýaraşyk meýilnamasyny hödürläp, bize özüniñ nähili beýik maksadynyñ bardygyny görkezdi. Hytaýyñ baş diplomaty Wang Ýiniñ nazary astynda Eýranyñ Döwlet Howpsuzlyk Ýokary geñeşiniñ baş sekretary Ali Şemhani (sagda) we Saud Arabystanynyñ Döwlet Howpsuzlygy boýunça geñeşçisi Musaad bin Muhammet el-Aýban (çepde) el gysyşýar (Şinhua/AP) Ukrainada parahatçylygyñ gazanylmagy üçin 12 maddalyk meýilnama taýýarlan we döwlet ýolbaşçysy Si Szinpiniñ hepdäniñ dowamynda Moskwada resmi saparda bolmagynyñ mümkindigi hakdaky habarlary ýaýran Hytaý soñky hepdelerde görnetin diplomatiki güýjüni güjeñlejek bolýandygy görnüp dur. Özüni global araçy hökmünde görkezmej üçin çytraşylan iñ gowy tagalla regional basdaşlar Saud Arabystanynyñ we Eýranyñ arasyndaky ýumşama araçylyk etmek boldy. Pekin gatnaşyklaryñ kadalaşmagyna gönükdiren başlangyç ylalaşygy baglaşmakda aýgytlaýjy rol oýnap, Hytaýyñ at-abraýynyñ güýçlenmegine, Eýranyñ we Saud Arabystanynyñ bolsa iñ uly bäsdeşi bilen bolup geçen dartgynlylygy gowşadyp, içerki işlerine üns bermeklerine mümkinçilik döretdi. Saud Arabystanynyñ mirasdüşer şazadasy Muhammet bin Salman patyşalygy global ýa-da iñ azyndan sebitleýin innowasion we medeni dinamizniñ merkezine öwürmek üçin täzeden işläp başlamaga gönükdirilen giñ möçberli meýilnamalara eýe. Saud Arabystany sport, dynç alyş, turizm we tehnologiýa pudaklaryna ummasyz uly maýa goýumlaryny goýýar. Tähranyñ we Riýadyñ Ýemendäki içerki urşuñ bir bölegi hökmünde ýöreden wekilçilik çaknyşygynyñ we Eýran bulen gönüden-göni garşyma-garşy bolmak ähtimallygynyñ suwytly peýda gazandyrjagyny görkezip biljek örän az alamat bar. Eýran ABŞ we Ýewropa bilen baglaşan ýadro ylalaşygynyñ güýjüni ýitirendigi sebäpli, başga bir basdaşy bolan Ysraýylyñ ýany bilen şu güýçleriñem ýumruk çenemeleri bilen ýüzbe-ýüz ýagdaýda dur. Şeýle-de Ukraina garşy ulanylýan ýaraglary Orsyýete bermek baradaky jedelli Tähran karary-da bar. Muña goşmaça köplenç ukuda hem bolsa, möhüm ähmiýeti bolan we sebitleýin hem-de jemgyýetçilik pozisiýalary aşan hereketde birleşen öz halkynyñ köpçülikleýin protestleru bilen garşyma-garşy ýagdaýda dur. Ylalaşyk Pars aýlagy ýurtlarynyñ arasyndaky dartgynlylygy gowşadyp biler we iki ýurduñ mediýasy arkaly hususanam Eýrandaky protestleriñ üstünden biri-birlerine hüjüm etmekleriniñ öñüni alyp biler. Bulam Tähranyñ bir ýandan Ysraýyla we ABŞ-na garşy göreş alyp barýarka, beýleki bir tarapdan harap bolan ykdysadyýetini dikeltmäge üns bermegini üpjün eder. Waşingtondaky "Gulf State Analytics" barlaglar we maslahatçylyk şereketiniñ düýbüni tutujy direktory Giorgio Kafiero "Patyşalygyñ ykdysadyýetiniñ üstünlikli formada diwersifikasiýalaşdyrylmagy üçin uly möçberlerde daşary ýurt kapitaly çekilmeli. Bulam diñe Saud Arabystanynyñ öz içinde we goñşy ýurtlar bilen gatnaşyklarynda parahatçylyga hem-de durnuklylyga eýe bolan ýagdaýynda hakykatçyl bolar" diýýär: - Riýad bilen dartgynlylygy azaltmak we ylalaşyk baglaşmak bilen... Riýadyñ Eýrandaky gapma-garşylyklar boýunça çap edýän maglumatlarynyn dozasyny azaltmak, režimiñ içinde uly monarhiýa krizisie bilen gidişmäge dowam edýärkä-de Yslam Respublikasynyñ bähbitlerine hyzmat edýär. Sebitiñ we Hytaýyñ üstündäki has giñ täsirleri göz öñüne getirilende, ylalaşygyñ aslynda neneñsi rutin bolandygyny ýatdan çykatmak añsat. Eýran we Saud Arabystany radikal yslamçy din adamlarynyñ Tähranda yslamy ele geçirip, beýleki musulman ýurtlara rewolýusiýany aralaşdyrmak tagallalaryna başlanyndan bäri geçen 44 ýylyñ dowamynda öñ ýetilmedik sepgitde ykjam we doly diplomatik gatnaşygy ýola goýdy. Ilçihanalaryñ işlemegi iki ýurduñ biri-birine gep süýkemegini ýa-da wekilçilik uruşlaryna girmeginiñ belli bir derejede öñüni aldy. ABŞ we SSSR "Sowuk uruş" ýyllarynda-da biri-birleriniñ paýtagtynda ilçihanalaryny ýapman işledipdirler. Sünni Saud Arabystany we Şaýy Eýranyñ arasyndaky oñşuksyzlykda mezhep tapawudyna köp üns berilýänem bolsa, din ýüzlerçe ýyllap Arap ýarymadasy bilen Pers platosyny bölşi ýaly, biri-birine-de baglap geldi. Saud Arabystanynyñ şaýy azlygy höwesjeñlik bilen Eýrandaky zyýarat edilýän ýerleriñ ugrunda. Eýranyñ dindar şaýy we sünni musulmanlary bolsa ölmänkä bir gezegem bolsa Mekgä haja gidip gelmegi parz hasaplaýar. Haj zyýaraty häzir Ýakyn Gündogarda iñ uly iş. Diplomatiki torlar 2016-njy ýylda Riýadyñ şaýy dini adamlarynyñ birini ölüm jezasyna höküm etmeginden soñ eýranly ekstremistik hülgentleriniñ saud diplomatiki wekilhanalaryna çozmagy bilen üzülipdi. Bu hemle gyýtaklaýyn ýagdaýda şol wagtyñ prezidenti Hasan Ruhanynyñ saýlanan we pragmatist hökümetini utandyryp, ökjesini paltalamagy maksat edinýärdi. Gatnaşyklary düzetmek üçin Bagdatda geçirilen duşuşyklar 2021-nji ýylda başlapdy, yzyndan Oman muny öz boýnuna alypdy. Hytaýyñ araçylyk etmek baradaky kararynyñ añyrsynda doly diýen ýaly haýsy gepleşikleriñ ýatandygy häzirem belli däl. Emma Pekin Eýran bilen bir hatarda Saud Arabystanynyñ nebitdäki birinji belgili müşderisi bolandygy üçin köstsüz ykdysady täsire eýe. Haýsydyr bir ýumşamanyñ garanty bolmak üçin dünýä güýçleriniñ arasynda onçakly kän çykalga-da ýokdy. Eýran, ABŞ, hatda Ýewropa bileleşigi (ÝB) munuñ ähtimallyklaryny weto ederdiler. Saud Arabystany Ukraina garşy uruş alyp barýan Orsyýete şu döwürde beýle ýeñiş gazandyrmagyñ ABŞ-nyñ, Birleşen Korollygyñ, ÝB-niñ gaharyny getirjeginden gorkýandygy üçin Orsyýeti ähtimallygyñ daşyna çykarardy. Şübhesiz, Eýranam, Saud Arabystany-da Hytaýdan ýarag ýa-da başga kömek soramasalaram, Pekine beýle simwoliki diplomatik ýeñiş gazandyrmahuñ Waşingtony-da, Ysraýyly-da ürküzjeginu bilýärdi. Günbatar bilen Pekiniñ arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryñ gülala-güllük däldigi-de gözden sypanok. Tähranyñ sebäplerini düşündirmegiñ geregi-de ýok. Munuñ özi Ysraýylyñ gaharyny getirmek üçin amatly pursatka, prezident Ibrahim Reisi-de ýurdunuñ daşyndan görnüşi ýaly izolirlenmändigini aýdyp biler. Saud Arabystanynyñ sebäpleri bolsa hasam çylşyrymly. Analitikler saudlaryñ "Aramco" şereketiniñ Abkaýkdaky möhüm nebit desgasyna gönükdirip Eýranyñ edendigine şübhelenilen dron hüjümine Donald Tramp hökümetiniñ johap bermedik 2019-njy ýylyndan bäri Riýadda üýtgeşme bolup geçendigini öñe sürýär. Saudly kommentator Ali Şihabi "Saud Arabystany ABŞ bilen bir taraply gatnaşygyny has diwersifikasylaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk portfeýasyny üýtgetmegiñ hökmanydygyny duýdy. Hytaýyñ, Birleşen Korollygyñ, Fransiýanyñ, Russiýanyñ her bir aýry-aýrylykda tegelek stolda bir zatlar goýýar" diýdi. Saud Arabystany Tähran bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyryp we hatda geljekde bilelikde işleşme şertnamalaryny baglaşma ähtimallyklaryny taýýarlap, ýurduñ iñ uly maksadyna gönükdiren iñ uly howpsuzlyk howpuny güýçsüzleşdirýär. Eýranyñ haýsydyr bir ylalaşyga ygrarly bolup galmagyny üpjün edip biljek ykdysady we diplomatiki täsire eýe ýeke-täk ýurt Hytaý bolubiler. Saud Arabystanynyñ Kontrrazwedka gullugynyñ öñki şefi şazada Turki el-Faýsal çarşenbe güni "Agence France Presse" habarlar gullugyna beren beýanatynda "ABŞ hem, Ýewropa hem iki tarapyñ arasynda dogry-dürs araçylyk edip bilmezdi" diýdi. Şihabi "Hytaýyñ Eýranyñ nezdinde agramy bar we şonuñ üçinem üç taraplaýyn ylalaşyga çekilen gol şertnamany anyklaşdyrdy" diýýär: Bulam öz gezeginde Saud Arabystanynyñ öñki ähli ikitaraplaýyn şertnamalary bozup gelen Eýran bilen baglaşylan ylalaşyga çynlakaý üns bermegini gazandy. Eýran gönüden-göni ýa-da wekilleriniñ üsti bilen haýsydyr bir duşmançykly hereket etse, Hytaýyñ abraýynyñ gaçmagyna sebäp bolar. Yzygiderli ýagdaýda Eýrany izolirlemäge synanyşýan we ony özüne abanýan iñ uly howp hasaplaýan Ysraýyl üçin bolsa ylalaşyk Tährana garşy durma tagallalaryna Saud Arabystanynyñ goşulmagy gazanmak maksadyny kynlaşdyrýar. Emma käbir analitikler Saud Arabystanynyñ, Birleşen Arap Emirlikleriniñ (BAE), Pars aýlagy ýurtlarynyñ Hyzmatdaşlyk geñeşiniñ (PAÝHG) beýleki ýurtlarynyñ Ysraýylyñ Eýrana garşy bolup biläýjek islendik hüjüminiñ ykdysady we howpsuzlyk taýdan ýetirjek zyýanlarynyñ astynda galmakdan beter gorkýandyklaryny we Tähran bilen gatnaşyklary düzeltmek ücij gyssanýan bolmaklarynyñ mümkindigini aýdýar. Bahreýniñ Eýran bilen 2016-njy ýylda arasy kesilen gatnaşyklary dikeltmäge synanyşan iñ soñky Pars aýlagy ýurdudygy aýdylýar. Kafiero "BAE-niñem arasynda bolan PAÝHG ýurtlarynyñ ysraýyl hökümeti we Eýran babatdaky tutumy boýunça örän ünjülidigini aýdyp bilerin" diýýär: - Ysraýylyñ ädýän ädimleri sebäpli howpsuzlyklarynyñ howp astyna düşmeginden howatyrlanýarlar. Borzu DARAGAHI, halkara korrespondent / @borzou Duşenbe, 20.03.2023 ý. https://www.independent.co.uk/news | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |