10:21 Eýranyñ döwlet ýolbaşçylary öz ýalanlaryna ynanýar we bu örän howply | |
EÝRANYÑ DÖWLET ÝOLBAŞÇYLARY ÖZ ÝALANLARYNA YNANÝAR WE BU ÖRÄN HOWPLY
Publisistika
Bu gezek ýurduñ öz perzentleri aýaga galdy, emma režimiñ ygtyýarlylary munuñ nämäni añladýandygyna düşünenok. Hepdeläp dowam edýän çykyşlarda ýygy-ýygydan Hamaneýiñ portretlerini ýyrtýan demonstratlar onuñ agdarylmagy we ölmegi üçin çagyryş edýärler. (Reuters) Munuñ özi ýurtda aýallaryñ, hatda ýaş gyzlaryñ göz-görtele garşy çykýandyklaryny bildirmek üçjn başýapynjalaryny çykaryp we yslam respublikasynyñ döwlet nyşanlaryny ýyrtyp zyñýan giñ gerimli protest hereketidir. Olara ýaş ýigitler, ene-atalar we işçiler hem goşulýar, bu bolsa hereketleri halk tolgunşygynyñ täze tolkuny ýaly görkezýär. Emma Eýranyñ ýokary wezipeli ygtyýarlylary ýurdy howpa iterjek şekilde bu ýagdaýy äsgerenok, hatda ýok hasaplaýar we haýsydyr bir eglişige gitmegi ret edýär. Aslynda demonstratlaryñ mantykly şikaýatynyñ bardygyna ynanmaýarlar. Bu diýseñ howply ýagdaý, ýöne Tähranyñ başynda oturan tarykatpisint toparyñ ideologiýasyna-da laýyk. Protestler ýurduñ ahlak polisiýasy tarapyndan saklanandan soñ reanimasiýa düşen Mahsa Amininiñ 16-njy sentýabrdaky ölüminden bäri bir aýlap dowam edip gelýär. Eýranly adam hukuklary boýunça aktiwistlerden düzülen "Hrana" setiniñ habar bermegine görä hepdeläp dowam eden bulaşyklyklar wagtynda 112 şäherdir posýologa baryp ýeten we azyndan 232 adamyñ ölümine sebäp bolan 428-den gowrak protestler bolup geçdi. Ýagdaýlar diñe ýaramazlaşyp biler. Şenbe güni ýurduñ birnäçe ýerinde ýüze çykan protestler şäherleri ot-ýalynly çaknyşyklara iterdi. Ygtyýarlylar Amininiñ ölüminiñ kyrkynjy güni bolan 25-nji sentýabryndan çekinýär. Merhumyñ kyrky güni musulman we Gündogar prawoslaw-hristian ynanjynda ruhuñ bu dünýäden o dünýä geçýän güni. Protestler Eýranyñ ýadro şertnamasynyñ täzeden ýola goýulmagyna gönükdirilen gepleşiklere oñaýsyz täsirini ýetirip, režime milliardlarça dollarlyk potensial doñdurylan hasapdan we täze iş şertnamalaryndan mahrum etdi. Elleri taýakly gaýdutlaryñ ýaşajyk gyzlary rehim-şepagatsyzlyk bilen ýenjip duran wideoýazgylary Tähran režiminiñ öñem arassa bolmadyk abraýyny hasam hapalady. Emma eýran häkimiýetiniñ ýokary wezipeli ýolbaşçylarynyñ pikirine görä, režimiñ öz howpsuzlyk edaralarynyñ 26 işgäri öldürilenem bolsa, ýurduñ iñ meşhur türmesinde ýüze çykan ölüm howply uly ýangyn ýurdy gurşap alandygy bütin dünýäniñ habar beriş serişdeleriniñ diline düşendigine garamazdan protestler janyñy ýakýan derejeden añry geçenok. Prezident Ibrahim Reisi paýtagtda hemmesi aýal-gyzlardan ybarat Al-Zahra uniwersitetinde eden çykyşynda demonstratlary "siñeklere" meñzetdi. Dini lider Ali Hamaneý bolsa protestleri daşardakylaryñ netijesiz gutarjak komplimasiýasy hökmünde baha berdi. Hamaneý 12-nji oktýabrda eden çykyşynda "Bu topalañlar öñünden meýilleşdirildi" diýdi. "Ýaş gyz bilen baglanyşykly waka bolmadyk bolsa, ýurtda durnuksuzlyk döretmek we gozgalañ turuzmak üçin başga bir bahana taparlardy. Bulary kim meýilleşdirdi? Bu oýunlaryñ ABŞ, talañçy, galphor, sionist režim we olaryñ hakynatutma esgerleri tarapyndan meýilleşdirilendigini açyk aýdyp bilj3k. Oturdylar, ölçerip-biçdiler. Bulary şolar taýýarlady. Garamagyndaky işgärleri, hakynatutma esgerleri, işçileri we daşary ýurtdaky käbir dönük eýranlylar-da olara ýardam etdi". Hamaneýiñ beýle agzyny köpükledip gürlemeginiñ sebäbi bar. Ol bu aýdýanlaryna hakykatdanam ynanýar. Režimiñ ideologiýasynyñ kozasına bir giren adama soñ bu kozadan çykmak kyn bolýar. Ol Yslam respublikasynyñ dogry ýoldadygyna, maksatlaryna we ýeten üstünliklerine tüýs ýürekden ynanýar. Mesele şikaýat edýänleriñ ýa-da protest bildirýänleriñ özünde bar we bulary çetleşdirmek gerek. Staliniñ 30-njy ýyllaryñ gahatçylygy döwründe şowsuz oba hojalyk syýasaty netijesinde Ukrainada açlykdan ölenleriñ Sowet Soýuzynyñ adyny garalamaga synanyşan "kontrrewolýusionerler" hasaplandygyny ýada salyñ. Hamaneý hakynda bir kitap ýazan we Waşingtonyñ Ýakyn Gündogar ýurtlarynyñ syýasaty institutynda uly ylmy-barlagçy bolup işleýän Mehdi Halaji "Munuñ özi totalitar liderler üçin tipiki ýagdaý" diýýär. Näme diýýän bolsa, şony pikir edýär. Ýalan sözlemeýär. Öz aýdýan sözüne çyny bilen ynanýar. Mehdi Halaji Hepdeläp dowam eden çykyşlarda yzygiderli ýagdaýda Hamaneýiñ portretlerini ýyrtyp zyñan protestçiler onuñ agdarylmagy ýa-da ölmegi üçin çagyryş edýär. Ýurduñ çar künjünde diwarlara "Hamaneýe ölüm!" ýazgylary ýazyldy. Owalky protestleriñ tersine, haýsydyr bir wezipeli işgäriñ işden aýrylmagy, bahalaryñ düşmegi ýa-da hak-heşdekleriñ köpeldilmegi ýaly talaplar ýok. Munuñ ýerine protestçiler yslamy sistemanyñ soñlandyrylmagy çagyryşyny edýärler. Emma özü-de Hamaneýi we beýleki eýranly dini adamlary ýetişdiren ylahyýet fakultetiniñ uçurymy bolan Halaji režimiñ muny piñine almaýandygyny aýdýar. Hamaneý demonstrasiýa gatnaşmak üçin köçä çykan adamlary ýalñyş dolandyrylýan azlyk ýa-da daşary ýurduñ konrrazwedka gulluklary tarapyndan gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn gözegçilik edilýän gapyllar hökmünde görýär. Halaji "Hamaneý edeni ugruna bolmadyk käbir adamlaryñ bardygy bilen ylalaşýar" diýdi. Emma olaryñ köpüsiniñ problemalaryndan Yslam respublikasyny jogapkär tutmakda ýalñyşýandyklaryna ynanýar. Hakykatdanam hemme zadyñ daşardan gurnalan komplimasiýadygyna ynanýar. Bu konfliktiñ arkasynda Jorj Soros ýa-da şonuñ ýaly biriniñ durandygyna ynanýandygyny aýdanda, ýalan sözleýändirinem öýdenok. Hamaneý protestleriñ añyrsyndqky dinamikalaryna doly we dogry düşünmedik bolup biler. Ol birnäçe ýylyñ dowamynda Eýrandan etniki we sosial-ykdysady bölünişikler bilen aýrylan jemgyýet hökmünde gürrüñ edýär. Emma nesilleriñ arasyndaky bölünişikler hakda kelam agyz dil ýaranok. Şu gezekki topalañlara öñbaşçylyk eden protestçiler baý-garyplardan, parslardan, azerileriden, kürtlerden, buluçlardan, ýöne şolaryñam köpüsi ýaşlardan ybarat. Bu gezek ýurduñ öz perzentleri aýaga galdy. Ygtyýarlylar munuñ näme many añladýandygyna düşünmedik bolmagy mümkin: syýasy we sosial pikirlerde yslam respublikasy bilen düýpden sazlaşmajak señselediji üýtgeşmeler ýüze çykdy. Režimiñ protest hereketini äsgermezlige salmagy, megerem oppozisionerlere ýaraýar we olara yzygiderli diýen ýaly ygtyýarlylaryñ aýagyna badak atma we büdretme mümkinçiligini berýär. Emma bular ýaly düýpli ýalñyş düşünje howpludyr. Režim protestleriñ mukaddes we hakly maksatlaryna garşy haýsydyr bir daşarky komplimasiýadygy pikirinden üýtgemese, çagalary täzeden okuw lagerlerine gabamak ýaly öte geçmeli we zorlukly howpsuzlyk çärelerini ulanmagyny dowam etdirer. Khalaji "Olar häzir reallykdan we sowukganlylykdan doly daşlaşdylar" diýýär. Teoriýalaryna ýa-da ideologiýalaryna garşy subutnama hökmünde alyp boljak hiç hili tejribe ýok. Diñe özleriniñ pikirleri mukaddes we garşysyndaky hakykatlaryñ hiç hili gymmaty ýok. Munuñ ideologiýa bilen baglanyşykly meseledigini pikirem edenoklar. Teoriýany hakykata eýertmegiñ ýerine, hakykaty teoriýa eýertjek bolup başagaý bolýarlar. 12-nji sentýabrda eden çykyşynda Hamaneý ýokary gatlagyñ arasyndaky käbir sellers protest hereketine garşy diñe howpsuzlyk güýçleriniñ we türmeleriñ ulanylmagyna garşy çykýandygyny, emma özüniñ bu pikirde däldigini aýtdy. Eýran režimi mejbury başýapynja bilen başlan we korrupsiýa, ýaramaz dolandyryş we syýasy azatlyk ýaly agsamalary-da öz içine alýan köp sany jemgyýetçilik nägilelikleriñ üstüni basmak üçin howpsuzlyk güýçlerini ulanma strategiýasynda has hötjet hala gelýär. Bu strategiýa ýurdy, sebiti we ummasyz adamyñ durmuşyny howp astyna salyp, has köp ölüme we ýykgynçylyga ýol açar, hatda içerki uruş oduny tutaşdyrar. Borzu DARAGAHI, halkara korrespondent / @borzou 21.10.2022 ý. * * * 1969-njy ýylda Tähranda doglan we "The Independent" britan internet habarlar gullugynyñ halkara korrespondenti Borzu Daragahi 2002-nji ýyldan bäri Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika, Günorta Aziýa, Ýewropa ýurtlary boýunça habarlary taýýarlap gelýär. Daragahi Tährandan, Bagdatdan, Beýrutdan, Kairden soñ häzir habarlar gullugynyñ Stambuldaky şahamçasynyñ düzüminde işleýär. Üç gezek "Pulitser" baýragynyñ finalisti bolan Daragahi 2003-nji ýylda Yrak urşuny we munuñ bilen baglanyşyklylykda ýüze çykan içki çaknyşyklary, 2006-njy ýylda Liwan urşuny, 2008-nji ýylda Gürjüstan konfliktini, 2009-njy ýylda Eýranda bolup geçen gozgalañy, 2013-nji ýylda Müsürde bolup geçen döwlet agdarlyşygyny, 2014-nji ýylda YŞYD-yñ güýçlenişini, 2016-njy ýylda Türkiýedäki döwlet agdarlyşygyna synanşygy ýerinde öwrendi. https://www.independent.co.uk/independentpremium | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |