12:01 Gündeligiñ soñy: Halypa hakda söz | |
HALYPA HAKDA SÖZ
Ýatlamalar
Akmyrat aga, Kerwen üçimiz Mämmetnazar agalara gitdik. Remezan aýy tamamlanyp barýar. Bu gün bu gün, erte erte bilen wagt geçip, gözden uçup barýar. Biz Akmyrat aga bilen halypanyňka görme-görşe baraly diýip niýet edip oturanymyz ne eýýamdi. Şu gün ýürege berk düwdük. Kerwen şahyram baraly -baraly diýip goldady. Garaz agyz açar wagty halypanyň 9 etaž diýen meşhur mähellesine gadam goýduk. Bärden barsak halypa ýaňy agzyny açyp, iýip-içip oturan eken. Mämmetnazar halypa bilen elleşmän salamlaşyp, saglyk-salamatlyk soraşdyk. Bize çaý-suw aýratyn getirdiler. Bu agşam halypa bilen arkaýyn ýazylyp-ýaýrap söhbet etmeli, nesip bolsa. Biziň üçimiziň hem halypa eýýamy agdaryp hakydany dörmeli, oýlanyp-oýlanyp jogap bermeli sowallarymyz bar. Biz genial şahyryň dünýägaraýşyna düşünesimiz gelýär. Uzak günläp agzy bekli halypa gyssanman naharlanyp oturşyna bize hem iýip-içmek hödür edýärdi. Halypanyň arkaýynlygy haýrana goýýar. Men halypa bilen kän öňden tanyş bolanymdan soň onuň bilen henek atyşyp söhbetleşýärdim. Akmyrat aga hemişeki salykatlylygyny saklap, saldamly sowallar berýär. Onuň berýän sowallary-da halypany oýlandyrýar. Ýöne halypa hem köpi gören, aňsat sowallara kanagatlanarly jogap bermeýär. Nämüçindir gümürtik jogap berýär, bilmediksireýär, özem ony şeýle ussatlyk bilen ýerine ýetirýär, sen oňa birbada ynanýarsyň. Meniň sowallarym özüm ýaly... başly-barat. Mundan urdum gylyjy, arapda şaňlar ujy...)). Şol aralykda halypanyň ogly işden gelip, biziň bilen salamlaşdy. Ol bizden rugsat alýan ýaly: “Men agzymy o jaýda açaýaýyn, siz arkaýyn oturyň” diýip derrew gitdi. Soňra ol kakasyna metjide-tarawa barýandygyyny aýdyp, bize çaý-suwuňyz barmy diýip sorady. Halypanyň çagalarynyň ählisi tüweleme diýseň hoşgylaw-hoşamaý ýumşak gylykly. Naharlanyp bolandan soň halypadan hemmämiziň arzuwlap oturan zadymyzy-goşgy okap bermegini soradyk. Halypa birbada razy bolmady. Aslynda onuň öz goşgusyny okanyny hiç görmändim. Ahyr ol ýerinden turup, iş kabinetine gidip bir kitap getirdi. Bu Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna şahyrlaryň goşgularyndan düzülen “Sözüm saňa Pyragy” atly kitap eken. Onda Mämmetnazar halypanyň Pyragy hakyndaky «Şygrystanyň şiri» atly goşgusy ýerleşdirilen eken. Halypa goşgusyny kynlyk bilen okady. Gözüm görenok diýip, goşgynyň arasyny bölüp aýdandan soň oňa ýüregim awady. (Biz şeýleräk matlap bilen halypanyňka görme-görşe gelýänimiziň özi hem belli bir derejede oňa ezýet berýärmikä diýip ünjä batdym). Soňra Akmyrat aga Mämmetnazar aganyň «Depämizden syrygyp dur gar suwy» diýip başlaýan goşgusyny okap bermegi menden haýyş etdi. Akmyrat aga hemişeki endigine wepaly bolup, 90-njy ýyllaryň dissidentleri barada halypa birnäçe sowal berdi, emma Mämmetnazar aga onuň sowallaryna kanagatlanarly jogap berip bilmedi ýa-da berjek hem bolmady. Aslynda Mämmetnazar aga hiç wagt syýasata goşulmandy, goşjak bolsalarda goşulmandy... Ýöne gepiniň arasynda 80-90-njy ýyllarda Aşgabatda ýazyjy-şahyrlaryň «Nahalstroý» diýen ýerde ýaşandygy barada başdan sowama gürrüň etdi. Aýdyşlaryna görä, ol ýerden edebiýatymyza ummasyz goşant goşan ýazyjylar çykypdyr. - Hawa Nahalstroýda biziň köp egindeşlerimiz şol ýerde jaý gurnup ýaşadylar, işlediler. Bir gezek Aşgabada baranymda Bapba Gökleňiň aýatyna gatnaşdym. Halypanyň howlukman gürrüň berşi birhili kalbyňa gyzyksyz nostalgiýa duýgularyny getirýär Biz halypadan gaýtmaga rugsat soradyk. Ol bizi ugratmaga daşary çykdy. Daşoguz agşamynyň hoştap howasy göwnüňi göterýärdi. Gep arasynda ogullarynyň üçisiniň hem namaz okaýandygyny aýdyp, agtyklary barada guwanyp gürrüň berdi. Biz ýolda gelýärkäk halypanyň täsin, geň häsiýetlerine haýran galyp, özara gürrüň etdik. Akmyrat aga «Mämmetnazar aga daşyndan asla şahyra meňzemeýär ne bir goşgysyny okap beresi ne-de goşgy barada gürrüň beresi gelýär. Edil goşgy ýazmaýan ýaly-diýip, haýran galýardy.-Edil içinde bir ruh bar ýaly, wagty gelende ýazýar, galan wagty şahyr däl, bolmasa onuň edebiýat, şygryýet, şygyr barada sowuklygy nämeden»? P.S Ýokardaky ýazgyny syntgylap oturşyma Akmyrat aganyň halypa baradaky sözlerini hakydama getirýärin. Hawa, dogry Mämmetnazar aga edil bir göwrede ýerleşen iki adam ýaly, döredijiligi başga, şahsyýeti başga adam. Bu ýagdaýy men Akmyrat agadan kän öň synlapdym, ol hakda bir gowşajyk sekizleme hem ýazypdym. • Şahyr Göni ýoldan zordan dogry ýöreýär, Oňly gepläp bilenogam ol bende. Ýöne bir kitaba sygmaýan pähmi, Ýerleşdirip bilýär ýekeje bende. Onuň özem haýran beýle ýagdaýa, Şonuň üçin gaýtalap ýör ir-ertir, «Özüm bilip edemoga men muny, Içimde başga-da bir kişi otyr». P.S . Aslynda Mämmetnazar halypa bagyşlap menem bir näçe goşgy ýazypdyryn, gazetlerde hem çykypdy. Ýöne olary soňra halamadym, hakydamda diňe bir: Gulaçlap ýüzersiň «Güller deňzini», «Aşyk Aýdyň pire» köňlüňi berip. «Ejizlik etmejek eziz köňlüňi» Daglar deýin göterip-diýen setirler galypdyr. 04.06.2018. * * * Mämmetnazar halypa hakynda akdepeli şahyr gelin Mährijemal Ýazowa mähirli sözler bilen şeýle gürrüň berdi. - Men entek okuwa baramokdym. Gulpagyny tasadyp ýören enaýyja gyzjagaz. Şol gün agşam Mämmetnazar aga özünden on-on bäş ýaş kiçi görünýän ýoldaşy bilen bize geldi. Men o wagt Mämmetnazar aganyň kimdigini hem bilemok. Ýöne kakamyň gelen myhmanlary aýratyn mähir bilen gujak açyp garşylaýşyny görenimde menem olary ýadyrgap durmadym. Mämmetnazar aga-da ýanyndaky ýoldaşy hem öýdäkileriň bary bilen alyşyp gitdiler. Men bolsa olaryň ýanyndan aýrylyp bilemokdym. Mämmetnazar aga dagy Akdepe tarapa gudaçylyga geçip barýan ekenler. Emma ýolda ulaglary döwlüp, eglenmeli bolupdyrlar. Gün gijigenden soň Mämmetnazar aga “Şu ýerde kursdaşym ýaşaýar, bu gije şonuňka mimançylyga baraly” diýip teklip edipdirler. Öň gelmedik gadyrdan myhmanlaryň duýdansyz gelip düşmegi maşgalamyz üçin uly şatlyk boldy. Gelen myhmanlaryň hormatyna söwüş soýduk. Ejem derrew goýnuň bagyr-öýkeninden gowrup, myhmanlary hezzetledi. Myhmanlar gowurmadan geregini edinip, gök çaý süzüp otyrkalar eýýäm palawyň käşir-sogany gaýnap durdy. Kijijik wagtyň bolup geçen wakalar edil kino lentasy ýaly göz öňüňde janlanýar durýar, kalbyňda öçmeýär. Öýmüze şahyrlar myhman gelensoň, goňşy-golamlary hem çagyrdyk. Goňşy gyzlar gelip, ýerli-ýerden ejeme kömekleşýärdiler. Kakam Mämmetnazar aga bilen bir döwürde uniwersitetde okansoň, dosty bilen gara-gadyr soraşyp-ideşip, deň-duşlary barada gyzykly gürrüňleşip göwün çolpudan çykdylar. Men Mämmetnazar aga bilen gaty öwrenişdim. Bir ýerden Kerim Gurbannepesowyň kitabyny tapyp gelip, «Ajy günler-süýji günler» poemasyny okap bermegini haýyş etdim. Soňra Mämmetnazar aganyň gujagynda goşgy bilen hüwdülenip, uklap galypdyryn. Şol wagt çagajyk bolsamam, şeýle bir bagtlydygymy duýýardym. Haçanda ertir oýanyp, myhmanlaryň eýýäm gidendiklerini görüp gaty gynandym. (Şol gezek Mämmetnazar aganyň ýanyndaky ýoldaşy ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýew eken.) 11.06.2018. * * * Mämmetnazar aganyň howlugyp ýörenini bir gezek gördüm. Bir gezek redaksiýa baranymda onuň koridorda eli bir topbak kagyzly ýören eken. Meni gördi-de: - Beh, gowy geldiň, häzir seniň goşgularyňy okap otyrlar-diýdi.-Ertir nesip bolsa owadan bolup çykar. Men başda üns bermedim. Soňra goşgy nädip owadan bolup çykýarka diýip soň oýurganyp oturdym. Ertir täzeje çykan gazetiň üçünji sahypasynda gazetiň uzaboýyna meniň goşgym goýlupdyr. Iň ýokarda bolsa suratym. Göni okyja seredip oturan gömelteý Sylapberdi Atabaýewiň gapdalynda Mämmetnazar aganyň ýaş şahyra «Ak ýol» arzuw edip ýazan bäş keleme sözi bardy. Ýaş wagtyň saňa edilen sähelçe üns hem wagty gelende daglar ýaly miwe berýän eken. Şol gün gaty begenip gezdim. Häli-häzirlerem şol güni ýatlanymda kalbym bilen kanagatlanýan, guwanýan. P.S Şol döwür men öz pikirim, islegim boýunça Atabaýew familiýasy bilen gazetlerde çap edilýärdim. Bu 2010-njy ýyla çenli dowam etdi. 12.06.2018. *** Baky söz Halypam, şahyr Mämmetnazar Babanazarowa bagyşlanýar Ýene gadam goýdy äleme Nowruz, Bahar eýýamynda wagtyň mizany. Men bir söz ýitirdim. Galdym bir özüm Hem ol ýitgi bagra çümen biýz ýaly. Sen sowgat mysaly loly peýkere, Dymyp ötdüň dür-merjen deý bibaha. Beýik Sözi öwrüp baky heýkele, Deregine näme berer bu bahar. Indem durar mydam ýaralam ganap, Seni küýsäp, ýüregim göz-göz bolup. Bagtdyr adam bolup gelmek bu pana, Soň jahanda galmak baky Söz bolup. • Alaw Mämmetnazar BABANAZAROWA Daşyna egriler üşäp-buýanlar, Ot ýananda, alaw alyp ýananda. Gaýra teser oňa golaý baranlar, Uçgun-alaw çabrap göge galanda. Ýaňaklar alma deý al öwsüp durdy, Burunlarmyz gyzarypdyr käşir dek. Ýöne ot durşuna ýalyndy, gordy, Gyzgynyna gaýra-gaýra süýşürjek Oduň mähri çendenaşa uludy, Otur oda çoýnup, gözleriň süz-de Indi üşän kalplara çen ýylady, Aňzak ýel şuwlaýan ýalazy düzde. Daňa ýakyn oduň howry gaçypdyr, Ot öçüp, galypdyr ýyldyz deý közler. Indi ukynyň hem ugry gaçypdyr, Ojakda bolmansoň gunduz dek közler. Tar-tar tüssä, közjagaza imrinip, Bi sährada golaý-golaý gelinýär. ...Ot dek adamlar hem küle öwrülip, Käte öçenden soň gadry bilinýär. Ot ýananda gaýra-gaýra tesenler, Öçenden soň külün bagra basarlar. *** Şu gün Jumanazar Annaoraz bilen gürrüňleşip oturdym. Ýaşuly bilen bir türli jynym alyşýar. Her gün obet wagty redaksiýadan çykyp, göni Jumanazar aganyñ ýanyna eñýän. Sebäbi sözleşip otursañ geçen şahyr-ýazynylaryñ durmuşyndan kän gürrüñ berýär. Bu günem Mämmetnazar aga hakda boldy gürrüňimiz. Nämüçindir ähli ýollar Rime eltýär diýlişi ýaly Mämmetnazar agasyz gürrüň ýok ýaly. Belki-de bu adam her kimiñ kalbynda öz talantyndan birje ülüş goýup ýetişendir. Onsañ hemme onuñ talantynyñ nuruny kalbynda göterip ýaşaýandyr. Her kimde Mämetnazar halypanyñ bir setiri bar, ýadyndan çykmaýan, kalbynda ýaşaýan. 31.07.18. *** 2021-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabada gaýtdym. Bu ýerde men ýazyjy Guldurdy Sähetdurdyýew bilen didarlaşyp, dostlaşyp, halypa-şägirt ýaly gatnaşyp ugradym. Ol maňa öz eserleriniň doly ýygyndysynyň elektron wariantyny berdi. Özara söhbetleriň arasynda men Mämmetnazar aga barada ondan soradym. Ol Mämmetnazar bilen birräk okandygyny aýtdy, soňra onuň ýaş wagtlary, talantly şahyr hem örän oňat ýigit bolandygyny aýtdy. Soňra Guldurdy halypanyň Külliýetinden onuň gündeliklerini okadym we Mämmetnazar aga hakyndakyu ýazgylara hem gabat geldim. • Guldurdy Sähetdurdyýewiň gündeliginden: Günleriň bir güni Mämmetnazar ikimiz Gurbannazaryň ýanyna gitmeşek etdik, ýygralygym sebäpli, şeýle şertleşdik, gapydan ilki Mämmetnazar girmeli, yzy bilenem men. Bardyk, gapyny açdyk, nämäniň näme bolanyny aňşyrmadym, içerden geliberiň diýen sesi eşidip, Mämmetnazar yza galyp, meni öňe iterdi, ine, Gurbannazar bilen pete-pet durun, hernä gepimi düşündirdim. Ýüz-be-ýüz tanyşlygymyz şondan başlandy. Şondan soň Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň ýaşlar bilen işleşýän maslahatçysy Gurbannazar Ezizowyň iş otagyna-huzuryna yzygider gatnap ugradyk. Ol esasan, Mämmetnazaryň goşgularynyň üstünde eglenerdi, degerli bellikler ederdi, meniňkini welin, tükelleşdirip, muny pylan gazete elt, muny žurnala ber diýip, öwrederdi, kä gezekler redaksiýa özüm gowşuraryn diýip alyp galýardy. Onuň biçak çalt karara gelşine haýran galdym, ýanynda hiç işiň müşgili ýok. Nämüçindir Mämmetnazar gatnawyny seýrekletdi, men ýeke baryp ugradym. Şol duşuşyklardaky maslahatlar okyjylar üçin gyzykly bolsa gerek, şolardan aýdasym gelýär. 30.06.2021 ý. Ýene-de Guldurdy Sähetdurdynyň ýazyjy Kömek Kula ýazan hatyndan bölek getiresim gelýär: - Güleňok diýipsiň. Köp oýlanýan welin mende wäşilik diýlen zat ýok ýaly görýän. Käte bir ataýmam bar. Ýöne käte! Zandyňda bolmasa, käteden şeý ýok. Gülki Mämmetnazara berlipdir-le! Çyndan gülüb-ä bilýän, hezil edip. Şoňa-da şükür. Mämmetnazar wäşi oglan. Ýöne goşgularynda wäşilik ýok. Neçün bu beýlekä. Orazmyrat Gurdam şonuň ýaly, goşgusyndan wäşgisi gyzykly. Kömek, birden-birden oýlanýan-da, Mämmet bilen Hydyr-Ylýasa haýran galýan. Olar geniler blaýmasyn. Fewral 1979 ýyl. • ŞAHYRYŇ DÖREDIJILIGI BARADA KÄBIR OÝLANMALAR Boýun almaly hakykat: Mämmetnazar Babanazarow şahyr hökmünde biziň döwrümiziň hadysasy. Onuň döredijilik dünýäsi täze, başgaça, üýtgeşik. Poeziýasyndan häzirki döwrüň, şol bir wagtda düýnüň, täsin ýeri indiki geljek günüň owazyny eşitmek mümkin. Şahyr öz döwri, jemgyýeti üçin döredijilik dünýäsiniň gymmatyny, ýazýan eserleriniň agramyny bilmezligi bolup biläýjek zat, emma halkyň bu gymmatlyklary bilmezligi şol halkyň betbagtçylygy ýaly bir zatdyr. Şahyryň setirlerinde söz sazlaşygy, kapyýalary, şygyr formalaryny ulanyşy, Goşgularynda ulanýan çeper detallary Tema aýratynlygy, täzeçil setirler Şahyryň döredijilik ussahaasynda sünnälenen, düýbünden täzeçil setirleri, many aňlatmalary bilen aklyňy haýran edýän şygryýeti ony beýleki döredijilik adamlaryndan görnetin tapawutlandyrýar. Şahyryň poeziýasynda aýdyljak bolýan pikiri okyja has aýdyň hem-de duýguly edip ýetirip bilýän sazlaşykly setirler ýüzlerçe: Adam bir gün Gün gyzaryp barýarka , Oňa soňky gezek direýär alny, Başymyzda şeýle aýralyk barka, Özge aýralyklar artykmaç dälmi?! *** Işläli, Iş bizi halas edendir, Maýmynlygyň tagaşyksyz elinden. Ýigit şonuň bilen adyna deňdir, Şonuň bilen owadandyr gelinler. *** «Tylla göwnüň dolaşmaz deý kerebe», «Hem görünýän deregine gülleriň, başyňdaky bahar kimin ýaglykdyr» ýaly setirler täze tapyndy hasaplaýaryn. Mämmetnazar Babanazarowyň «Aşyk Aýdyň pir» poemasynyň sekizinji bölüminde gahrymanyň monology ynanylmaz derejede çeper ýazylanlygy bilen gözüňe ilýär. Görnükli rus tankytçysy W.Belinskiý A.Puşkiniň «Boris Godunow» dramasynda sene ýazyjy Pimenanyň obrazynyň Boris Godunowyň ýaşap geçen orta asyrlarynda asla bolup bilmejekdigini aýdyp, ony diňe şahyryň özüniň döredýändigini belläpdir. Bu ýagdaýa «Literaturnyý lož» edebi ýalan diýip tankytçy at beripdir. Aşyk Aýdyň pir poemasynda hem gahrymanyň: - Neýleýin baglar saralsa, ýazy bize goýar gider.-diýen setirlerini hakda haýran galma bilen okaýaň. Bu meňzetme ýalan. Aslynda Aşyk Aýdyň sary güýz hakynda beýle duýguly setirler ýazmagy mümkinmi? Güýzçilik bizde Gurbannazardan başlanypdy ahyr. Aslynda rus edebiýatynda Puşkinde hem bar güýz hakda goşgular bar. Ýöne umuman taryhda Aşyk Aýdyň ýaly bir takwa ulamanyň beýle şahyrana sintemental pikirlenmegi mantyga dogry gelýärmi?! Şahyr bu ýerde taryhy realdan üzňe setirler döredipdir. Ýöne belli bir derejede bu örän gowy. Eseriň haýryna bolupdyr. Şeýle «edebi galatlar» barada aýdanda şahyryň «Geldim huzuryňa hökmürowan şa» diýip başlanýan Şükür bagşy goşgusy hem ýadyňa düşýär. Taryhy taýdan takyk alnanda Şükür bagşy agasyny halas etmek üçin Mämmetýar hanyň huzuruna barýar. Belki şahyr goşguda kapyýa üçin ýa-da bolmasa göwnüne gelşine görä şeýle edendir, ýöne bu hem goşgynyň çeperçiligine birjik-de zyýan etmändir. Hawa, çeper döredijilikde çeper toslama bilen ýasalyp, hakyky durmuş açylyp görkezilýär. • M.Babanazarowyň poeziýasynda dag temasy Şahyr Mämmetnazar Babanazarow öz aýdyşyna görä, asly dagly, ýagny XIX asyrda ahal sebitlerinde ýaşan ýazyr-garadaşly tiresinden, ol bu hakda hemişe ýaňzydyp ýörmese-de, wagtal-wagtal özüniň bu gadymy tirä degişlidigini buýsanyp aýdýar. Men şahyryň poeziýasyna ýarpy-ýalta göz gezdirenimde hem onda dag temasyny agdyklyk edýäniginiň şaýady boldum: Dünýe bir dag, dyrmaşsaň, Ýapyşan daşyň gopmasyn. (Ejizlik etme köňlüm 76 sah). Çakmak bolan ot ýakar, Şugla düşer gowaga. (şol ýerde 3 sah). Ýazlar akyp geler bulaklar bilen, Gozgalaňa salyp daglaň garyny. (şol ýerde 43 sah). Özüňi göterip taşlama, deňzim, Ýa yşkdan, Ýa sazdan erän dag deýin. (şol ýerde 63 sah). Gowagynda galan Görogly deýin, Aý-ýyllara oýun gurap ýatyrmyň. (şol ýerde 79 sah). Daşlanyp-daşlanyp ahyrsoňunda, Gowaga giren deý gönendi janym. (şol ýerde 47 sah). Gowakdan dünýä çykdyň, Girdiň nebsiň gowagna. (şol ýerde 26 sah). Dürli temalarda ýazlan goşgularda hem şahyr nähilidir bir ýol bilen dag barada bir zat aýdýar, meňzetme getirýär. Bu onuň ussatlygy, galyberse-de daglara bolan ünsi-üşügi ýa-da mähri. • SOÑLAMA ÝA-DA ŞAHYRYŇ OJAGYNDA SÖHBET Mämmetnazar halypa bilen edebiýatyň şu güni ertiri barada ikiçäk söhbet. Şahyr bilen çärýek asyrdan gowrak halypa-şägirt hökmünde gatnaşsagam, edebiýat barada basa oturyp gürrüňleşip bilmedik. Men ony öňki asyrdan bäri tanaýanam weli, oňa entek doly golaýlaşyp bilemok. Özbek şahyry Ykbal Mürzäniň “Şahyryň ýanyna baryp bolmaýar” diýen setirleri ýadyma düşýär. Onsaň herhal onuň harakterine, pikir-düşünjesine görä, onuň bilen edil öz-özüm bilen söhbet eden ýaly gürrüňleşdim. Hamala men halypa sowal berýärmişim, ol-da jogaplaýarmyş. Ýa-da dogrudanam aramyzda şeýle söhbetdeşlik bolupdymyka?! Bularyň bary dürli ýyllaryň dowamynda özara edilen söhbetleriň miwesi bolmagy hem gaty ahmal. Sebäbi men oňa uçursyz kän sowal berýärdim, şol soranjaňlygym häzir ýadyma düşende ýüzüm gyzaryp gidýär. - Ilkinji ýazan goşgyňyz ýadyňyza düşýärmi! - Çagalyk döwrümde, okuwçy wagtlarym. Bu lenç edilen sowal, şeýle sowallary kän bermejek bol. (Ol myssa ýylgyrýar). - Türkmen prozaçylaryndan kimi has gowy görýäň diýip şahyrdan sorasak nähili bolar! - Gowy bolar. Türkmen prozaçylarynyň içinde men Täşli Gurbany halaýan. Bir bellemeli zat, onuň ýazyş stili gylyk-häsiýetiniň ýumşaklygyna ýugrulandyr. - Ýaş ýazyjy-şahyrlara turuwbaşdan näme tabşyryk bererdiňiz? - Ýaş ýazyjy şahyrlar köp okasalar hem-de öz dogduk diýarlaryna bäş barmagy ýaly belet bolsalar, halkyň dilini, döredijiligini gowy öwrenseler ýaman bolmazdy. -Poziýada erkin görnüşde, ak goşgy ýazmak barada näme aýdyp bolar! – Ak goşgy ýazmak aňsat başardýan zadam däl. Bir düşünmeli zadymyz kapyýasyz ýa-da bogun sany bitertip bolan söz düzümlerinden ak goşgy bolanok. Goşgynyň bu formasyna gaty jogapkärçilikli garamaly. Özümem ömrümde bir-iki gezekden köp ak goşga ýüzlenip göremok. - Uklamaga näme päsgel berse gowy görerdiňiz? - Bu sowalyňa çaga gülküsi hem-de türkmen dutarynyň owazy ýaňlanyp dursa diýip bir halypa jogap beripdi. - Şahyrlaryň şahyr ogullary hem bolýar. Umuman şahyrçylyk nesil yzarlap bilýärmikä? - Magtymguly bilen Pyragy şahyr ata-ogullar diýýärler. Emma şahyrçylyk babatda gaty bir beýle dälmikä diýýän. Döwletmämmet Azady ilki bilen akyldar, ýöne ol öz idealaryny goşgy bilen beýan eden akyldar şahyr. Eger D. Azady goşgy ýazman, öz pikirlerini kyssa bilen ýazanda hem onuň eserleriniň ähmiýeti pes bolmazdy. Magtymguly bolsa ilkinji nobatda şahyr, soňra akyldar. Eger ol goşgy ýazman kyssa ýazan hem bolsa şahyr diýerdiler. Şahyrçylyk nesil yzarlaýarmy? Bilemok. Emma şahyr ylhamy Alla tarapyn inderilýän zat. Gowy şahyryň alym, ýazyjy ýa-da sazanda ogly hem bolup biler... - Roman ýazmaga synanyşypmydyňyz? - Pikirlenip görüpdim. - A goşgy bilen roman ýazmak kelläňize gelmedimi? - Goşgy bilen ýazylýan romanlaryň möwriti geçdimikä diýýän. Poeziýanyň hem öz progresi bar. -Poeziýanyň täsin bir kämillige ýeten döwürleri hem bolupdyr taryhda. Ine, şol döwür hakda sorasym gelýär! - Rus edebiýatynyň taryhynda “Kümüş asyr” diýlen bir döwür bolupdyr. Şol döwürde poeziýa şeýle bir belent derejä galypdyr, şahyrlaryň özleri hem şu wagtlaram kümüş asyryň poeziýasyny ezizleýärler. Ol döwri bir inçe nostalgiýa bilen ýatlaýarlar. - Doganlyk halklaryň, goňşy döwletleriň arasynda haýsysynyň edebiýatyny söýüp okaýarsyňyz! -Doganlyk we goňşy halklaryň arasynda gyrgyz, azarbeýjan ýazyjylarynyň eserlerini gowy görýärin. Ýöne has-da ýüregime ýakyn görýänim-özbek edebiýaty. Olar dünýä edebiýatyny köp okaýarlar, onsaň ýazýan-döredýän zatlaram saldamly bolýar. - Şahyr dostlaryňyz, gatnaşýan deň-duş döredijilik ýoldaşlaryňyz barada aýdyp beräýseňiz. Elbetde, edebiýat supasynyň daşynda döreýän dostluk ýöne-möne dostluk bolýan däldir! - Ýazyjy-şahyr Hydyr-Ylýas Amangeldiýewler bilen uzak ýyllardan bäri dostlukly gatnaşyklarymyz bar. Bile okan kursdaşlarymyzdan Ahmet Halmyradow bilen elmydama pikir alyşyp, öz ýazýan zatlarymyz barada gürrüňleşýäris. Ahmet Bekmyradow pahyr dagylar bilen hem bir wagt gowy gatnaşýardyk. Ajaýyp ýazyjy Ösman Öde pahyryň hem meniň döredijiligime sarpa goýup, eden kömek-goldawlary abyrsyz uludyr. - Ynsan özünden, öz durmuşyndan soň ogul-gyzdan artykmaç näme galdyrsa gowy bolardy? - Ynsan ýagşy at galdyrsa, ýagşy ada mynasyp etjek ýagşy iş edip gitse, nesliniň hem ruhy daýanjy bolup hyzmat ederdi. - Ene hakda az ýazýaňyz? - Ene temasy mukades, ýazmak jogapkärçiligi uly. *** P.S. Ýazgylarymyň başyny bolgusyz gürrüňden başlapdym öýdýän. Bu senaly ýazgylarymy adamlaryň, käbir “adama meňzeş adamlaryň” halypam baradaky gybatlaryndan başlamaly däldim weli... Aý bolýar-da... Aslynda men görüp otursam olar baky ýaşajak adamyň ölümi hakda gülkünç gürrüň edýän ekenler. ...P.S Ýene bir aýdasym gelýän zat, äpet ussat-Leonarda daWinçiniň öz eserlerini tamamlaman galdyryşy ýaly, ussat şahyrymyz Mämmetnazar Babanazar baradaky bu ýazgylarymy gutarnykly şekilde okyja tabşyrasym gelenok. Halypam hakdaky ýazgylar entek tamamlanar ýaly däl. 1 Genisiz bir ýerem ýokdur! (lat). Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |