14:42

Gündelik: Awtobusda

Ýatlamalar
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 593 | Добавил: Haweran | Теги: Has Türkmеn | Рейтинг: 4.8/5
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
0
1 kungfuu  
1292
Döwrüň aktual problemasy. Göze dürtülip duran ahwalat.
... Şeýle problemalary özünde jemleýän makaladyr beýleki edebi eserleri elektron wariantda köpçülige ýetirilse effektiwligi ýokary bolardy, meniň pikirimçe.
Sebäbi diýeniňde, indi adamlaryň hemmesinde diýen ýaly telefonlar, her dürli gadžetler bar we günüň köp wagtyny şolar arkaly internete girmek bilen geçirilýär. Şular ýaly ýazgylary okamak ähtimallygy ýokary bolýar.
Indi çap edilýän gazet-žurnallaryň möwriti ötüp barýar...

0
2 sylapberdimuhamov  
1428
Her hili adamlar bar. Bilim-terbiýesine garaşyk boluberýändir. Öz-ä bäş-üç ýyllykda Puşkin teatrynyñ öñünden geçýän köçe, awtobusda barýan. Adam kän däl, sebabi otyrdym. Şeýle görnüşe haýran bolup galaýsam nätjek. Trotuar bilen 70-80 ýaşly kempirler bir-birine söýenipjik barýar. Egni tipiçny rus eşikli birem türkmen. Rus mamam-a has garry, türkmen mamam-da garry welin, oña görä çakgan bolansoñ esasy goldawy şol berýar. Hiç zat bilen işleri ýok, ýuwaşjadan barýarlar. Beý-bää, bu görnüşiñ gowudygyny. Hiç ýadymdan çykmaýar. Surata düşüresim geldi olary. Awtobus bir zymda geçip gaýtdy ol ýerden. Emma şol mähribanlyga ýugrulan pursatlar añymda henizem meni guwandyryp ýaşaýar.
Soñ men pikir etdim, yañky kempirler bir ömür jana-jan goñşy, jora bolup ýaşan bolmalylar.
Biz etraba barjak bolsaň ýol kireý awtobus 1.50m, mikkro awtobus (marşurutka) 3manat, taksi ýolda münseň 5m. Şol 2-3 manat puluňy ekenom edip ýarym sagat yssa daňylyp degeniňe degýärmi? A-ga düşnükli , ol ýerde taksi gymmat diýeli. A Maryda itiň mugda. Mary şäherinde islendik künjegine 3 m b.n baryp bolýar.
Käbir hojalyklar çagalaryny okatmak üçin, gowy bilim alsyn diýip şäher mekdebine berýär. Ýol kreý, hem obet çäkli pul berip göýberýäler. Ýaňky çaga bufetdan ony-muny iýjek bolup berilen puly ekenom etjek bolýar. Awtobusa münmeli ýene etmeli puljagazyny süşürmeli. Şolaryň uly adama ýer bermesi janymy ýakýar. "Ýeri ene atalar çagyz bilim alsyn diýip çagalaryňyzy şäher mekdebine berýäňiz. Olara bilimden ötri terbiýe gerek. "Goý olar jemgyýetçilik ulagynda özüni alyp barmany başarsyn.
Ejem 80-ne golaýlap barýar. Indi ýola çykyp gitmäne ýaranok. Ýaraýan wagty garyndaşlaryma gitse "Eje awtobusa münjek bolmagyn. .Bolsa marşurada mün, bolmasa taksa. Özüm gönümel gabat gelmese awtobusa münemok. Münäýsemem ýaşuly adam mündigi ýerimi hödürleýän. Bolmasa gapdalymda okuçylaram otyr welin. Olaň içinde gowularam bar. Mündigiň ýerin berýän okuwçylar. Ýok otyrberem diýýän goýman soň otyrmaly bolýan. Özümi uly hasaplamok, 50 km ny dik durup geçirerin.

0
3 Edebiyatcy  
15
Bagabat, awtobusly gürrüňleriň siziň bir hekaýaňyzy ýatlatdy. Onda-da awtobusdaky gyzyň içgepletmeleri, was-waslygy beýan edilýärdi. Umuman, siziň şu durmuşy temadan ýazylan eserleriňi şowly hasap edýärin.
Bujagaz awtobusly gürrüňlerem gyzykly, täsirli. Galamyňa ezberlik dileýän agam!

0
4 Bagabat  
43
Hawa, "Salyma sygýan sowallar", "Ýetmişdörtlükde irkilseň...", "Osluk" atly hekaýalar hut şu ýolagçylyk medeniýeti we şonuň bilen bagly kurýozlara degişlidi.
Sag bol, minnetdar.

0
5 Injener  
1
Bir tanşymyň aýdyşy ýaly: Diri galjak bolsaň haýwanlaşmaly. Haýwanyň bolsa bir näçe sany aladasy bolýar, iýmek-içmek, ýatmak we köpelmek, galan zat haýwana gyzykly däl. Adamlary haýwana öwürjek bolsaň, iýmek-içmegi iň esasy maksada öwürmeli. Adamlaryň iň esasy aladasy, bir döwüm çörek bolar ýaly etmeli. Eger adamyň iň esasy aladasy, maksady, haýwanlaryň iň esasy aladasy we maksady bilen deň bolar ýaly etseň, adam bilen haýwanyň arasynda känbir tapawut galanok. Galan zatlar ýöne bir paboçny effekt....
Ýokardan goldaw we üns bolmasa, bizde indi hiç zat ösenok, biz şol derejä ýetdik. Medeniýetiň derejesi ýokary galdyrylmasa, adamlar ýyl saýyn diňe haýwanlaşar. Bir alymyň aýdyşy ýaly medenýet siwilizasyýany döredýär, ýöne siwilizasyýa medenýeti öldürýär, soň siwilizasyýa ýene medenýete ýüz tutmaly bolýar. Biz şu wagt medenýetiň öldürilýän stadiýasynda barýas...

0
6 Gumlygelin0700  
1545
@Zöhre, biziñem ýaşlarymyz ululara ýer bermezligi türklerden öwrenäýdimikä?

0
7 Shapak_A9602  
1502
Yene bir zat, şu döwrüň çagalary ysgynsyz, ýarym sagat, dik dursalar ýadaýarlar. Näme sebäpden beýle bilmedim? Ýaş gelinlerden garry daýzalar gaýratly.

0
8 Perminator  
1549
"Penselinden yasalan-da" diyen gurrüñ kelläme gelip gitdi

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]