11:43

Türkmençe pikir etmegi gazanyp bilerismi?

Nukdaýnazar
Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 397 | Добавил: Moderator | Теги: Has Türkmеn | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Jeksparro  
405
horjun.tvde Ýekegalan we ş.m. gyzykly kinofilmler türkmençe terjime edilenleri bar. Gyzykly bolupdyr. Türkmen dilini ösdürmeli, bu dogry zat. Ýöne milliligem adamyň zandynda bolmalymyka diýýärin. Meselem käbir adamlaryň telefonlarynda diňe türkmençe aýdymlar ýa-da halk aýdymlardan doly. Daşary ýurt aýdymlaryny diňlese-de o diýen göwni ýetip baranok. Şolar ýaly zannyňda bolmadyk zady kinofilm ýa-da kitap bilen düzedip bolmaýmasa.
Ýöne kinofilmler türkmençe terjime edilip çykarylsa oňa ýetesi zat ýok. Şeýtsek hasam öňe gidişlikleri gazanyp bileris ýöne...

0
2 Dark_Wolf  
408
4-5 ýyllykda bir edarada garawuldym. Edaramyz gelim-gidimli ýerdi. Bir güni nobatçylygymda süýrgünortan bir aýal we 3 sany çagasy bilen gelip, edaralyk işini bitirdi-de, yzyna gaýdyşyn meň postymyň deňinde saklandylar we çagalaryň ulusy gapymy kakdy (14-15 ýaşly oglan). Girdi-de "agam, selam" diýdi. Soňra pataloga seredip, gözüniň agyny köpeldip sakynyp durdy. Men düşünip duryn "Buşugmaga ýer barmy, bar bolsa girsem bolýarmy" diýmekçi bolýar. Görgüli, şo pikirleri jemleşdirip, sözleri ýerli-ýerine goýup bilmän "a-a-a" diýip sakowlady. Duryp-duryp tapan sözi şu boldy: "Sizde si*ip bilejegim bir ýer varmi" diýdi... Hawa-da diýmedim, ýogam. Elim bilen aýak ýolunyň gapysyny görkezdim.
Çykyp gidensoň, stoýanka tarapdaky aýnadan az-hem synladym. Ol aýal türkmen maşgalasyna meňzeýär, uzyn türkmen köýnekli, kellesi gyňaçly, çagalaram türkmen sypat... Ýa-da türkmen bolsa-da, daşary ýurtdan gelen ýa-da gidiljek alamatynam görmedim...
Içimden "şumatdan şeýle bolsaň..." diýip goýdum.
Aýý, bular ýaly wakalar mende kän boldy. Men ýazsam, bir mowzuk bolar.
Mowzukda-da türkmen dilinde gollanmalaryň azlygy, säwligi hakynda aýdylypdyr. Bu hem esas bolup biler welin, iň esasy şumatky ýaşlar başga dilde gürlemekligi, başga imij'e geçmekligi döwrebaplyk, sowremennylyk hasaplaýarlar.

0
3 Money  
1834
Bu diýýänleriňiz hijem bolmaz. Esasy sebäpleriniñ birem bu hili zatlardan gorkulýanlygy. Ýaş nesliň aňynyň ösmeginden öler ýaly gorkýandyklary üçin bu hili zatlar bolmaýar. Umuman musulman halkyň ýagdaýlary barada Ezedulla Oguz makalalarynda has giňişleýin we açyk aýtýar.

0
4 pezzek  
1631
Dogry bellediň awtor. Gyzym şol wagt 1-nji synp bardyr ýa-da okuwa-da giden däldir. Uzak gün twden türk multik görýädiler. Gyzyl reňki görkezip şu nähili reňk diýsem "kyrmyzy" diýýär. Şol wagt gaharyma türkiň kabelini sogrup yapdym. Dil öwrenmek üçin şol dile söýgi bolmaly. Özüm türkçäni bilemok. Umuman şol halkyň dilinem, özünem halamok.

Daşary ýurt kinolaryny türkmen diline geçirseň gowy boljagy düşnükli zat. Geçirip bolar, ýöne maddy tarapdan üpçün edýän hemaýatkär gerek. Ine "TUT" suw öndürýän firma üç kinony terjime etdirip ile ýaýdy. Elbetde, kinony terjime eden we ses berenler mugtuna işlemez. Iň azaply işem uly göwrümli daşary ýurt romanyny çeper dilde, kämil türkmen diline geçirmek. Terjimeçä lomaý gonorar bermeseň eli sowar. Galam hakyny töleseň terjime eserlerem köpeler gider.

0
5 Garadag  
128
Daşary ýurt filmleriniň ideologiýa ýugrulmadyk aram filimleri terjime edilse gowy. Häzir Golliwud 100 ýyl bäri aňymyzy amerikanlaşdyryp bildi, soýuz döwrem sowet propagandasy, garaz şeýle...

0
6 Kekene  
1841
Hawa.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]