12:21 Edilmeli iş kän, ömür bolsa çäkli... | |
EDILMELI IŞ KÄN, ÖMÜR BOLSA ÇÄKLI...
Edebi makalalar
(Gündelikden parça) "Bir kitabyñ sahabyna seretmäñ. Sahabyny açyp, içini okañ". Jelaleddin Rumy. • Medeniýetimize ýetmeýän medeniýet Döredijilik adamlary diýenimde, muny diñe ýazyjy-şahyrlary nazarda tutman, eýsem aýdymçylary, kompozitorlary, suratkeşlerdir heýkeltaraşlary, režissýorlary we aktýorlary hem öz içine alýan giñ gurşawda aýdýaryn. Geçen gezekki "Halkdan alan zadyñy halka gaýdyp bermeli" atly çykyşymyz käbir ýazyjy-şahyrlaryñ arasynda gyzgyn seslenme döretdi. Bu barada biziñ özümize-de jañ edip pikirini aýdanlar boldy. Şolary we geçen gezek aýdylman galan käbir pikirleri-de jemläp, tema boýunça göräýmäge ownuk ýaly bolup görünse-de, birinji üns berilmeli aýratynlyklaryñ üstünde durup geçesim gelýär. Makala boýunça pikirini aýdanda, edebiýatçy Döwletmyrat Ýazgulyýew belli aýdymçylaryñ biriniñ tötänden diýen ýaly gazetde duş gelen goşgusyny aýdym edendigi, soñra ol aýdymyñ çak edilişindenem has meşhurlyk gazanandygy, soñ bir ýerde ýañky aýdymça goşgynyñ awtory duşanda we goşgyny nireden alandygyny soranda gazetden alandygyny aýdandygy, aýdymçynyñ hatda şol goşgynyñ awtorynyñ özüdigini aýdanda, şahyra ýalandan sagbolsun hem aýtmandygy barada gürrüñ berdi. Şujagaz waka biziñ aýdymçylarymyzyñ medeniýet derejesini görkezýän iñ gowy subutnama bolsa gerek. Biz sazyñ, häzir kompozitorlaryñ ýokdugynyñ gürrüñini edýäris. Awtorlyk hukugy boýunça düzgünnamalaryñ doly güýjünde ýöremeýändigi üçin olaryñ daşary ýurt aýdymlarynyñ sazyny alaga-da aýdyp goýberýänligiden zeýrenýäris. Bular entek aýdymyñ sözüni nähili tertipde ulanmalydygyny bilenok. Bilmeýändigi owarram, munuñ üçin awtora minnetdarlyk bildirmegi-de özlerine kiçilik bilýär. Hukuk düzgünleriniñ ösen ýurtlarynda sazyñ ýeke notasynyñ ýa-da aýdymyñ goşgusynyñ ýeke bendi meñzeş gelse, sudlaşylýar we ogurlygy subut edilen adama jerime bellenilýär. Türkmen aslynda süýtleşip-gatyklaşyp, arzalaşyp ýörmegi halamaýan millet. Ýöne millet giñlige salýar diýibem beýle naýynsaplyga ýol berip bolmaz-a! Iñ bolmanda sylag-hormatyñy bir gysganma. Bu ýaramaz ýagdaý özlerini döredijilik adamsy hasaplaýan soñky ösdürimleriñ arasynda has ösen. Muña bir mysal bereýin. Bir döwür (2015-2017-nji ýyllar) "Line" sosial ulgamynda edebiýat akkauntlaryny ýöretmek ýoñ boldy. Şol akkauntlaryñ birine azaşyp düşen belli ýazyjymyz Atajan Tagan akkaundy ýöredýän oglana käbir peýdaly maslahatyny beripdir. Gynansak-da, sagbolsun aýdylmagyñ ýerine, ýazyjymyzyñ al-petinden alnypdyr. Muny juda ýokuş gören Atajan aga "galan ömrüme internet diýlen zadyñ golaýyna barmaryn" diýip özüne äht eden eken. Muny maña merhum mirasgär ýazyjymyz Aşyr Salyh gürrüñ beripdi. Goşgusy aýdym bolan ýene bir şahyryñ biri aýdymy başga wersiýada ýerine ýetirýän soñky ýaş aýdymçynyñ sosial mediýadan sazyny-da, sözüni-de özi düzen ýaly edip ýaýradandygyny, hatda diñleýjileriñ bu aýdymyñ sözi kimiñki diýip soranlarynda, gözüni-de gypan "özümki" diýip jogap berendigini, soñra bir ugur-ýoluny tapyp oña ýazandygyny we goşgynyñ awtorynyñ özüdigini aýdandygyny, ýalñyşyny düzedip ötünç soramaly aýdymçynyñ bolsa oña sögünç sözler bilen jogap berendigini aýdypdy. Sosial torlarda çykyş etmäge agram berýän we il içinde özüni ýeten şahyrdyryn öýdüp ýören ýene bir pekgäniñem ýönekeý okyjylardan gelýän bellikler beýlede dursun, ýaşuly ýazyjy-şahyrlardan edilen belliklere-de dogry düşünmän, olara agzyndan gelenini diýip ýörendigini bilýärin. Etseñ gybat, etmeseñ janyña dert. Umuman alanda, aýdymçylardyr, ýazyjy-şahyrlarymyzyñ ýagdagy-ha şeýleräk gadyrdanlar! Eger-de biz medeniýetimizi, sungatymyzy, çeper edebiýatymyzy dünýä derejesine çykarmak isleýän bolsak, özümizde kemterlik edýän şu medeni gylyk-häsiýeti ösdürmesek bolmaýar. • Başga-da bilýänler bar... Şahyr Oguljemal Çaryýewadan gelen seslenmede bir ýazyjymyzyñ roman ýazandygy barada aýdandygyny, soñ ol romanyñ gürüm-jürüm bolandygy aýdylýar. Bu meniñ makalada hassa düşeginde ýatanlygyndan we derman-därisine pulunyñ ýoklugyndan peýdalanyp elinden romany satyn alynan ýazymyz barada aýdanyma bap geläýdi. Özem şeýle romany ýazyldygy barada "Edebiýat we sungat" gazetiniñ ýetmişinji ýyllaryñ ahyryndaky-segseninji ýyllaryñ başyndaky "Kim näme döredýär?" atly stendde aýdylandygyny eşidip, gürrüñi gidýän gazetiñ şol ýyllardaky hemme sanyny waraklap çykdym. Ýa men tapmadym, ýa-da gazetleriñ gopum-gopum bolan podşiwkasyndan şol sahypa (bilgeşleýin ýa-da tötänleýin) ýyrtylyp aýrylypdyr. Romany kimiñ satyn alandygyny anyk bilýän ýene bir ýaşuly ýazyjy bar, ýöne men entek ony görmedim. Göremde-de, birinji öñünden çykan adamyñ ala-böle bu barada beren soragyna dogry berer öýdemok. Meniñ pikirimçe, O.Çaryýewa hem bu ýagdaýdan habarly bolmaly. Geljekde bu barada anyk faktlar esasynda giñişleyin durup geçeris. • Gamsyz geçen agyr on ýylym Gürrüñçiniñ özi hakda aýtmagy umuman gelşiksiz. Şeýle-de bolsa, özüm we gylyk-häsiýetim barada az-kem durup geçesim gelýär. Köplenç özümi sowukganly, giñ we biperwaý alyp barmaga çalyşýaryn. Ýadyma düşýär, talypkam 2009-njy ýylda Şor ýaşaýyş massiwinden 10 müñ amerikan dollaryna iki otaglyja jaý satyn alypdym. Özüm ýaş çatynja. Maşgala-da iñ az girdejili agza-da men. Ejem pahyryñ artdyran-süýşüren pullaryndan, aýalymyñ aýlygyndan, jigilerimiñ eden kem-käsleýin kömeklerinden, meniñem stipendiýamdan üýşen puldan soñam deñ ýarsyna golaýy bergi. Her gün okuwdan gelemsoñ, aýalym dört müñ dollary nädip üzeris diýip aglamjyrar oturardy. Men bolsa "nämä alada edýäñ, bergim bar diýibem şeýderlermi. Ynha, işe başlaýyn, derrew üzeris" diýip gülýärdim. Dogrudanam, işe başladym welin, bir ýyldan sähel gowrak wagtda bergiden çykdyk. Üstesine, ýene 15 müñ dollardan gowrak çykdajy etdim we jaýy üç otaga öwrüp, umuman zeýrenmäge, iñirdemäge ýakyn aýallaryñ bir wekilini hemme şertler bilen üpjün edilen jaýda bir sellem sesi çykmaz ýaly etdim. Onuñam ýañy bergisinden çykdym diýende, ýaşaýan ýerimiz ýykyldy. Hemme zatdan, edilen çykdajylardan el ýuwup gaýtmaly boldy. Goşumyzam arkamyzda. Özi ýogalyp, ogly-da türmede oturan ors daýzanyñ jaýynda dört ýyllap ýaşadym. Sabyr soñy sa:p altyn. Umuman alanda on ýyla golaý görlen şular ýaly kösençliklerden soñ, ahyrynda ak mermerli jaýyñ açary bize-de nesip etdi. Ors daýzanyñ öýünde wagtlaýyn ýaşap ýören döwrümde, ýaşaýan öýümiñ remontsyzdygyna we gelip-gidenleriñ soñ näme hyşy-wyşy etjekdiklerine garamazdan, şähere gelen her döredijilik adamsyny myhman almaga, olary öýe çagyryp, saçak başynda gürrüñdeş bolmaga çalyşýardym. Gynansak-da, şolaryñ biriniñ "oturyberiñ, men işde bolmaly" diýip işe gidemsoñ (edil şol gün oglum dünýä inensoñ, aýalymam hassahanady), öýüñ içini surata alyşdyrandygyny, we onda-munda "ynha, pylanyñ ýaşaýan öýi şular ýaly" diýip görkezendigini eşdenimde-de, birjigem gynanmadym. Gaýtam "adamlar törüñden orun berlende, şeýdip iýen duzuna kast edip bilýän bolsa, aýdara sözüm ýok" diýip dymanymy, günäni özümden gözlänimi ýeg gördüm. Ondan soñam birnäçe ýerde päk ýüreklilik bilen eden işlerimiñ özüme kesek bolup atylmagyndan soñ, ahyrynda bir netijä geldim: döredijilik adamsyna iñ uly zyýan döredijilik adamlaryndan gelýän eken! Gybatçysam şularyñ içinde, töhmetçisem. Ogrusy-da şularda bar, jümrisi-de. Aldawçysy-da, çemeçili-de, adamtañrylysy-da, ýallakçysy-da, ýüzüñe gülüp ýeñsäñden urjagy-da şularda kän. Mahlasy, jemgyýete mahsus ähli hapalyklar dogrulykda, arassalykda il-güne görüm-görelde bolmaly bu gatlakdan sowa geçmeýän eken. Gowsy, olardan gaça durmaly. Islendigi bilen gatnaşygyñ salam-salamdan añry geçmeli däl. Ýaşuly nesliñ wekili bolaýmasa, soñky ugursyz ösdürimleriniñ-ä gepinem diñlemeli däl. Haýsydyr biri bilen ýañkalaşjak, agyz deñejek bolsañ-a, şolarça-da bolmadygyñ. Kimiñ kimdigini, agramynyñ nähilidigini eden gowy işi, il-gün üçin bitiren hyzmatlary, döredijiligi, okyjylar, galyberse-de wagt atly adalatly kazy kesgitleýär. • Allaýaryñ sapaklary Döredijilik adamlarynyñ içinde häzire çenli gazanan we ýakyndan gatnaşýan iñ gowy adamlarymyñ içinde Allaýar Çüriýewi, Geldimyrat Seýidowy, Annamuhammet Allagulyýewi, taryhçy Orazpolat Ekäýewi, suratkeş Amangeldi Hydyry gypynçsyz görkezip biljek. Allaýar aganyñ şahsy durmuşym boýunça-da, döredijiligim boýunça-da beren atalyk maslahatlaryny hiç bir zat bilen deñäp bilmerin. Ol gürrüñdeş bolanymyzda köplenç meniñ ökde publisist bolup biljekdigimi nygtaýar. Eger bu aýdylanlar ugrunda bar bolsa, munda ýene-de Allaýar aganyñ çäksiz paýynyñ bardygyny boýun alman bilmerin. Allaýar Çüriýewiñ taryhy-publisistik makalalary juda az sanly ýazyjy-publisistde gabat gelýän gysbylygy, anyk faktlardan düzülendigi, faktlara we berilen gürrüñe özünden hiç zat goşman we aýyrman bolşy ýaly beýan edýänligi bilen görnetin tapawutlanýar. Juda köp sanly ýazyjyda, publisistde ýazan makalalaryna, kitaplaryna özlerinden çeper fantaziýalarynyñ goşulandygyny we goşýandyklaryny bilýärin. Emma Allaýar Çüriýewde welin, bular ýaly zat ýok. Çürt-kesik, ýönekeý we düşnükli dilde ýazylan. Şonuñ üçin oña ynanyp bolýar, salgylanyp bolýar. Ýüzüñ utanjak, soñ ýalana çykjak gümany ýok. Käbir ýazyjy ýa taryhçy öz ýazan zadyny magtap, "men şuny birinji aýtdym" diýip gygyrmagy gowy görýär. Gaýgysyz Atabaýew barada häzire çenli ýazylan makalalarda, edilen işlerde agramly orny bolan Allaýar aga soñ bir gün "Gaýgysyz Atabaýew barada heniz hiç ýerde aýdylmadyk faktlary orta atdyk" diýip belli ýazymyzyñ biri gürrüñdeş bolan taryhçysyny magtasa-da, "Bularyñ barsyny men öñ makalalarymda aýtdym-a. Nämesi aýdylmadyk, nämesi täzelik?" diýip ýylgyrar oturar. Ýa-da taryhy-publisistik kitaplarynda beýan edýän wakalaryny tutuş bir romana kopiýalap alsalaram, ýene-de seýrek duşulýan giñligini eder... • Edilmeli iş kän, ömür bolsa çäkli... Ýokarda özümiñ sowukganly tarapymyñ agyr basýandyny aýdypdym. Muña garamazdan meñ bilen gürrüñdeş bolan ýa sorag beren adama pert-pert jogap berme häsiýetim bar. Bulam beren jogabymy gaýybana okap duranlaryñ göwnüne gaharlaýan, dawalaşýan ýaly bolup görünmegime sebäp bolýar. Dogry, sözüñ gabat gelmän bilýär. Ýüzbe-ýüz bolnanda (gaýybana däl), gerek ýerinde dawalaşmaly ýerleri-de bolýar. Ýöne islendik düşünişmezligi-de dostlarça, doganlarça çözüp bolýar. Hernäçe sowukganly bolsam-da, gazap atymyñ öñünde durup biljek adam ýok hasap edýärin. Şoñ üçin men oña münmezlige ram edipdirin. Şular ýaly nädogry düşünişmezlikler, ýöredýän edebi saýtymyz kitapçyda köp bolýar. Saýtda umumy okyjylary hasap etmänimizde-de, ýörite agza bolanlaryñ sany iki müñe golaýlap gelýär. Her gün hem 2000-den 5000-e çenli okyjy girip çykýar. Uly iliñ isleg-talaby berjek peýdaly maslahaty, etjek belligi biziñ üçin hemme zatdan möhümem bolsa, nämäniñ nämedigini bilmän öz ýanlaryndan netije çykarýanlaryñ we salgymyza nägilelik bildirip ýazýanlaryñ hersine aýry jogap berere wagtymyzam ýok, mümkinçiligimizem. Şahsy durmuşymda ýokarda agzan we agzamadyk şondan has agyr kösençiklerimi göremde-de diñe gülüp we aladasyzlyk bilen ýeñendigimi aýtmak bilen, men kelle agyrdanyña degmeýän ähmiýetsiz gaýry zatlar üçin-ä hiç haçanam gaharlanjak ýa dawalaşjak zadymyñ ýokdugyny nygtamak isledim. Galyberse-de: Bir gezek tanyş okyjylarymyzyñ birine "saýta agza bolubam okan bloglaryña bellik edeñok, teswir ýazañok" diýemde, "agam, o zatlara güýmensem, men saýtda ymgyr köp ýerleşdirilen materiallaryñ haýsy birini okap ýetişeýin" diýip jogap beripdi. Meñki oñkudan iki esse kyn... Şoñ üçin her ýazylan zada-da jogap berenok diýip, hiç kimse aýyplaşmasyn. Edilmeli gowy iş kän, ömür bolsa çäkli. Juda çäkli... | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||