23:43 Puryja | |
PURYJA
Goşgular
Ýene "Çopan ata" gonamçylygy... Ýere siñip ýatan solgun mazarlar Ýene kelleagyry... Eýmenç çakyza. Synamy gaplady ynjy-azarlar. Içgysgynç ümsümlik... Janly-jandar ýok, Ýumlugypdyr birýan aýgyr pişikler. Ölüpdir ynsanlyk, ölüpdir ynsap Çyn söýgiñ jürüni dikipdirler-ä! Bir-birden söndürip umyt ýalkymyn Brunony dañyp agaç sütüne Ýakyşlary ýaly ýakypdyrlar-a... Kesilipdir mundan alty ýyl owal Sosnanyñ düýbünden şildiräp akan suwlar... indi dodak öllemäge-de, Satyn alyp içýän bir owurt suwy. Kepäp ýatyr şehit edilen Aral, Bireýýäm gyryldy ördegi, guwy... Ertiriñ-ä mundan gowy bolar diýip Ýalandan göwnümi aldamaga-da Mejalym ýok. Ejabym ýok... ýitipdir. Kyýamatmy? Aý ýok... entek-enteg-ä, Dünýäñ puryjasy bara meñzeýär. Añ gözüñi açsañ görünýär pelle Kowlamaga meýdan dara meñzeýär. Şugulça, akmaga, doga tentege Döwran dolanypdyr edil şu pille Zordan aýlanyp dur dünýäñ nepesi Sümlen ýaly göýä döşüne gülle Için tutup ýatyr adamkärçilik. Oýun ýaly boldy haj parzy, selle... Boş bolsa-da ýetik eken ýekesi Özünden müñ esse göwnühoş kelle! Dünýäniñ galanja puryjasynda Geýmesem-de - günde zer halat, hülle Içmesem-de - günde gyzyl şeraby Gezmesem-de - Häzirbegjan, Yragy Ýönekeý şahyryñ derejesinde Bolan, boljak ähli nogsanlyklara Kelleagyrydan, çakyzadan çetde durup dürli yza-azardan Men şu gün arkamda nijeme ýyllap Hopba bolup gelen bir boş mazardan Sypyndym-da çykdym dünýäñ giñine. Agyrylarym gitdi umma, Göterildi towsa derdim. Urdum.. men özümi yşkyñ oduna Öñde... görünse-de dünýäñ pellesi Semenderiñ jany otdadyr otda Ölerin men otdan çykan badyma. Gumsagat ýöreýär... wagt gidip dur. Ýaýdanjyñ wagty däl, Müddetler çäkli. Kyýamat daşdadyr, ýakyndyr belki... Bilemok men anygyny o zatlañ. Bu diñe dünýä däl, Ikimize-de Berilen puryja, Bil, şony ilki... | |
|
√ Mollanepes / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Kyýamata goýlan goşgy / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Göwünlik / Goşgular - 12.08.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Setirlem / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 10 | ||||||||
| ||||||||