03:28 Galtak | |
GALTAK
Goşgular
Aslynda görüşmelidi, Soñky gezek... Gaýtmankañ, Hoşlaşmalydy. Kimiñ kime zulum edendigini, Señ bu pyrryldaklañ ölme deñdigni, Ikiligñi, dönükligñi, barsyny! Bilmeýändir öýdüp eden işlerñi Kafede otyrkañ señ üçin, kime... Haýsydyr bir ýüz tutanyña degmeýän kezzaplañ birtoparyna Ýüz tutanda... Señem üstaşyr garap Ýat erkege göz güldürip myrlañda, Soñam erkiñ gidip özüñem bilmän "Bular meni söýdi" diýip gürläñde, Soñ şol kezzaplaryñ gyjalat berip: "Ol meñzänok saña hezil berjege..." Diýenlerni, bir-bir ýakañdan tutup Ýüzüñe basmalydy... Teatrlañ müñläp aktrisasy Señ roluñy oýnamakdan pes geler. Dymmak - asylyk däl, Günäkärlik däl. Ol dymypdy, özi üçin däl, Señ üçin. Örterin öýdüpdi aýyplaryñy. Dymdy. Senem dili gysgadyr öýtdüñ. Çapak çaldy muña dili gysgalar, Asla gürlemäge ýüzi ýoklaram Ýatlaman öz eden haram keýplerni... Gür berdiñ görenñe, Ýalana ýugrup. Ol şeýdip ýörenñi bilýädi, elbet Bilmezlige salanyny gowy gördi. Ýöne beýtmeli däldi... Nirde, ne zaman, Kimleñ gujagynda, Oýnan rollarñy bir-bir ýakañdan tutup Ýüzüñe basmalydy... Wezipeli tanyşlarnyñ özi üçin Barmasa-da ýekesiniñ ýanyna Señ üçin kakypdy gapylaryny. Ol şol wagt birem pikir etmändi, Bilse islärmidi ahyrsoñunda Señ ýaly bigadyr Ikiýüzlileñ Adyna ýanalyp tutulsa ady Abraýynyñ suw deý dökülerini. Ýaz pasly, Güýz pasly... Eýse parhy nä Esreýäñ elmydam, Erkek dannañok. Oñ ýanynda halamadyk bolanñy Ykjam penjek geýmiş diýip zarlaýañ. "Düwnük boldum, ölüp barýan, Hoş imdi. Siz ýaşañ meniñ bir ýaşamadygmy..." diýip, oña ýalan nama gönderip, Gurhan ýaly päk sungaty harlaýañ. Soñam zat bolmadyk binamys kimin Tamadalañ uzaboýna bökenñi. Iñ bolmanda til kakyp señ özüñe bir-bir basmalydy gara ýüzüñe: Nurbat-hyry sypan sürtükdigiñi, Özünden göwnühoş tentekdigiñi. Kim sürse sürübermeli, Kim münse münübermeli, Zibil dökmek üçin ýolugra goýulan Galtakdygyñy... | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |