13:29 Depder | |
DEPDER
Goşgular
![]() Men seni gözümde ulaldypdyryn Däl ekeniñ... Ham ekeniñ owalam. Ümsümlikden alýan men öz güýjümi Maña görä däl bu gopgun, şagalañ. Kime, Nä sebäpli gargynyp ýörsüñ? Ýok sözüñ üstünde turuzýañ jenjel. Bu gohlar ömrüñe, ruhuña zyýan Men jogap berjek däl, Gowusy, ynjal! Hiç kimse hiç kimsäñ ýoluny tutmaz, Her molla öz bilýän ugruna çeker. Başarmadyñ maña ynam etmegi, Mollasy köp çebiş harama çykar. Şamçyrag bolarsyñ öýtdüm ýoluma Gün düşmedik derelerme Aý etdim. A sen meni bir gezegem görmedik Esgilere, egsiklere taý etdiñ. Uzakda ýaşadym hyşy-wyşydan, Çakyñdan akdyr meñ amal depderim. Wah, ýene nämeler diýer eşiden, Men seni gözümde ulaldypdyryn... Has TÜRKMEN. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 5 | |||||
| |||||