17:14 Gündelikden bölekler: Halypa hakda söz | |
HALYPA HAKDA SÖZ
Ýatlamalar
Halypanyň goşgularynyň aýdym edip aýdylany bir ýa-da ikidir. Owaz we sazlaşyk taýdan aýdyma gelşip duran onlarça goşgularynyň bolmagyna garamazdan bu ugurda halypanyň goşgulary gözden salnypdyr. Emma 90-njy ýyllarda Mämmetnazar halypanyň «Degişme bilen aýdylan çyn» atly goşgusy meşhur aýdym bolup, halkyň dilinden düşmändi. Nazarlar çaknyşyp büdürän gözel, Ýetdi sabrym ýigrim birime çenli. Agşam gujagyma sygmady gazal, Orta goýdum ýogu-baryma çenli. Ýeser alartsaňda humaý gözüňi, Göreçleriň aldamady gözümi, Düýnki saňa diýen “a gyz” sözümi, Kem-kem üýtgederin ýaryma çenli. Iki ädim aramyzyň gerimi, Iş bolýar şonda-da sylmak derimi, Bir gün sandyraýan barmaklarymy Elterin şol goşa örüme çenli. Söýgime sygynyp guşadym bilim, Söýgiňe ynanyp ulaldy pälim, Ir-u-giç işiňe gatnaýan ýoluň Uzalar öýmüziň törüne çenli. P.S. Bu goşgydaky «Bir gün sandyraýan barmaklarymy, elterin şol goşa örüme çenli» diýen setirlerini öwran-öwran okap başyny ýaýkap oturşyna Kerim aga: «Mämmetnazaryň tämiz kalbyna, sypaýçylygyna seretsene» diýip, haýran galypdyr. Uly halypa Mämmetnazaryň jüpüne düşen setirlerine ýene sypaýçylygyny ýene bir ýola tekrarlap: «Sapar Öre bolanda goşa örüme çenli diýen ýerini goşa naryna çenli diýip ýazardy» diýip, hezil edip gülüpdir. *** Bu gün agşam Altyn asyryň nokadyna baranymda halypamyň gyzyny gördüm. Eneş Mämmetnazar halypanyň uluja gyzy Altyn Asyr ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde işleýär. Men bir zada oýlanyp içe girdim welin Eneş birinji kassada işläp oturan eken. Telefona pul geçirtmäge gelýän-gidýän seýreklän wagty bolansoň beýleki kassalarda oturan gelin-gyzlar özara gürrüňleşip otyrdylar. Men Eneş bilen salamlaşyp, telefon nomerimi aýtdym. Ol telefona pul geçirip durka, men halypamy soradym, köp wagtdan bäri görmändigimi aýtdym. Ol owadan ýylgyryp «Baraýmaly-da şonda, halypaňyzyň ýanyna» diýdi. Men tizara barjakdygymy, ähli goşgularyny elektron wariýanta, pdf-e geçiresimiň gelýändigini tizmähetdel gürrüň berdim. Telefonyma pul geçirdip, internet paket açdyranymdan soň, men sagbollaşyp çykyp gaýtdym. Ýolda halypamyň ýanyna barmak hakda oýlandym. 14.05.2018. 20:53 *** Öten agşam ýaş şahyr Kerwen Igdirow bir gowy zat aýtdy. - Çuwal bagşy «Şemşady» diňlejek bolsaňyz Gurban janyň ýanyna, «Gelemeni» diňlejek bolsaňyz Ilamanyň ýanyna baryň diýýär eken. Gurban Seýitmämmet, Ilaman Anna Çuwal bagşynyň ussat şägirtleri hökmünde il içinde adygan bagşylar bolan. - Men munuň ýaly ýagdaýy şahyrlarda hem mysal getirip biljek. «Sorapdyr bir wagt Aý Güne bakyp» diýip başlanýan goşgyny Gurbandurdy Gurbansähedow ýazypdyr, «Awçy atma jereni» goşgusyny Rehmet Seýit ýazan. Ol awtorlarda şeýle ýatda galan başga goşgy hem ýok. Emma Mämmetnazarda beýle däl. Onuň ähli goşgusy naýbaşy. Bu goşgusy bolýa, beýleki biraz neme diýip bolanok. Meniň şahsy pikirim şeýle. Ýöne muny aýtsam meni garyndaşparazlykda ýa-da tireparazlykda aýyplamaklary mümkin diýip Kerwennazar bu aýdanlaryny ýazmazlygy haýyş etdi. 14.0.2018. 21:32 *** Halypanyň «Deňiz» atly goşgusyny aýratyn gowy görýärin. Bu goşgy hakda hem men ondan «agzymdan süýt ysy gitmedik» döwrümde sorapdym. Men sowal beren wagtym halypam özüni nähili alyp bardyka?! (Göz öňüme getirip bilemok. Ýöne ol şol wagt örän üýtgeşik bir ýylgyrandyr). - Baltika deňziniň kenaryndan barýardym, noýabr aýlarydy. Şemally sowuk howada deňiz aýratyn yzgytsyz görünýär. Bir görsem bir owadan zenan suwa düşüp ýör. Suwuň sowuklygyny bilýän, ol zenan bolsa edil ertekiden gelen suwperi ýaly. Kenardan gaty uzak gitmän suwa düşýän zenana golaý baryp: «Menem suwa düşeýin!» diýip, rugsat soraýan äheňde oňa ýüzlendim. Owadan zenan agras nazar bilen ýüzüme garap: «Ýok, beýtmäň, haýyş» diýdi. «Men bir näçe ýyldan bäri türgenleşip gelýän suwda ýüzüji, siz häzir suwa girseňiz öýkeniňizi sowuklatjakdygyňyz anyk». Menem: «Onda indi sizem çykaýyň» diýip, oňa teklip etdim. Mämmetnazar agam maňa seredip: «Sebäbi howa hakykatdanam sowukdy, hemem suwda ýüzüji zenan bilen tanyşmaly bolar ahyr» - diýip, maňa göz gypypdy. 16.05.2018. *** Remezan aýy geldi. Bu aýyň ilkinji güni Mämmetnazar halypa ýadyma düşdi. Sebäbi ol bu aýda tutuş bir aý agyz bekleýär. Özem meniň bilşimden indi ýigrimi ýyldan bäri ol yzygiderli agyz bekleýär. Özem şu aýda bir damja hem agzyna içgi alaýmaz. Düýn-öňňinlikde halypanyň gyzy Eneş bilen sataşyp gürrüňdeş bolanymda ol: «Kakam Rejep, Meret aýlarynda belli bir günlerde agyz bekleýär» diýipdi. Bu ýagdaý halypanyň ýene bir täsin, genial tarapy diýip belläsim gelýär. 17.05.2018 *** Nämüçin Rejepgeldi aga bilen Mämmetnazar halypanyñ ýaşlyk ýyllary, studentlik döwri hakda kän zat soramandyryn, öwrenmändirin?! Ine, şu güne çenli edýän armanym, ahmyrym içimi ýyrtýan. Rejepgeldi aga gelşikli ýylgyryp gürrüñ bererdi. Emma aradan geçen ýyllar wakalary ilik-düwme ýadymda sakladanok. Mämmetnazar aga kursdaşlary bilen Pöwrize jülgesine gezelenje gidenlerinde özlerinden iki kurs dagy kiçi Rejepgeldini hem alyp gidýärler. Rejepgeldi aga şol ýaşlyk ýyllaryna dolanaýjak ýaly gowsunyp, galkynyp ýaz ýylgyryşy bilen degrämizi ýagtyldyp gürrüñ beripdi. Çeşme boýunda gyzlar meni oglantak, jahyl görüp degýärler. Rejep nähili näzik oglan, edil gyz ýaly-la - diýip, gyzlar Rejepgeldini öz aralarynda gujaklap, guçup, degişýärler, bir gyz-a iki setir sanawajam düşýär."Rejep, Rejep, gyz görse erejek". Gyzlar näçe gowy görse, menem şonça olara gysmyljyraýan diýip, Rejepgeldi aga ýylgyryp gürrüñ beripdi. Mämmetnazar aganyñ kursdaş oglanlary bolsa, öz gyzlaryny Rejepgeldiden gabanan bolup, "Rejep, Rejep, ahmal bolsañ burça direjek" diýip hüñürdeýärmişler. *** Ýazyjy Kakamyrat Ataýew bir wagt Mämmetnazar aganyň tas ähli goşgusyny dagy ýatdan bilýändigini aýtdy. Talyp döwürleri olar bir topar bolup Mämmetnazar aganyň goşgularyny okap, daňa çenli oturýan ekenler. Halypanyň çuň duýga ýugrulyp, sünnälenip döredilen goşgularyna aşyk bolup her gije ertir irden Daşoguza ýola düşeliň, halypany görüp gaýdalyň diýip dabaraly äht edişer ekenler. Emma ertir her kim bir ýere dagap, işli işine, okuwly okuwyna gidip, agşamky kelle gyzgynyna aýdylan sözler we äht huşdan çykaýýrmyş. Bir gün agşam Kakamyrat aga oturyşmada görünmändir. Birki gün geçen soň Kakamyarat aga okuwa gelipdir. Ýoldaşlary «Ýer-ow, birden nirä ýitdiň sen» diýip soranlarynda ol Daşoguza-Mämmetnazar agany görmäge gidendigini aýdypdyr. Kakamyarat aga «Her gün gideli-gideli» diýip ýörenimizden barybir peýda ýok, onsaň men-ä özüm gidip goýberdim diýipdir. Merdan Baýadyň toýuna gelende Kakamyrat aga şol wakany Mämmetnazar halypa ýatlatdy. Mämmetnazar aga «Bir garly gün sowukda gelipdiň sen ýalňyşmasam» diýip, kän oturandan soň ýadyna saldy. «O wagty sen ýaş oglandyň, kiçi görünýärdiň». Nullus enim locus sine genio est1 Depderlerimiň birine «Beýik Magtymguly Pyragynyň bir kowçum gökleň tiresinden çykyşy ýaly Mämmetnazar halypa hem garadaşly ýaly ownuk bir tireden çykan zehin» diýip belläpdirin. Hawa, halypanyň asly Ýazyrhan-garadaşly. Gyzyltakyara ýakyn ýerde, Arap obasynda doglan. Emma çagalyk, ýetginjeklik döwri Akdepä göçüp gidýärler. Men käte Mämmetnazar halypanyň goşgularynda ýürege ýakyn sähraýy äheňleriň gaýtalanýandygyny onuň çagalykda Akdepe sebitlerine nesibesiniň çekmegi bilen baglanyşdyrýaryn. Onsaň halypamyň çagalygynyň şol sähraýy ýerlerde geçendigi üçin bir töwra begenmänem duramok. Onuň özünden «Halypa siz haýsy tireden?» diýip sorasaň aýtmaýar. Türkmenlerden diýýär. Özi hem şeý diýýänine gaty buýsanýar. *** Mämmetnazar aga hakynda degişmä ýakyn, ýöne gussaly gürrüňler kän. Golaýda ýaş şahyr, zehinli terjimeçi Gurban Gurbanow şu gürrüňi gülmän, sypaýçylyk bilen gürrüň berdi. - Mämmetnazar aga bajasy Kömek bilen bir meýlisden çykyp gelýän eken. Meýlisden keýpi kök çykan Mämmetnazar aga biraz yza galyp gelýärmyş. Kömek ala garaňky köçe bilen ýöräp barşyna şahyr bajasynyň aýak sesleriniň eşidilmeýändigini duýup yzyna garapdyr. Mämmetnazar aga ýok. Edil ýer hopan ýaly... Ol derrew yzyna dönüp ýöräp ugrapdyr. Çar töwerege köw-söw edip bajasyny tapmandan soň köçäniň astyndan geçýän lagymyň açyk deşigini seretse, , Mämmetnazar elini çekgesine goýup, gussaly halda otyr diýýär. Bajasy oňa kömek edip ýokary çykarypdyr. Geň galmaly halypa lagymyň içine merduwan goýup düşen ýaly üst-başyna çaň-tozanam siňmänmiş. Ýöne şonda Mämmetnazar aga birhili gaty göwnüçökgün eken?!. P. S. Şu gürrüňi eşidenimde gadymy dünýäniň beýik filosofy Diogen ýadyma düşdi. Ol bendäniň öý-öwzary adam sygyr ululykdaky agaç çelek, (ähtimal küýze bolandyr diýip çaklaýarlar) bolup, şonda hem günlerini-aýlaryny geçiripmiş diýýäler. Meniň pikir edişime görä, Diogen ol çelekde dünýe we barlyk, durmuş hakda ynjalykly oturyp pikir ýöredip bilen bolmaly. Nämüçindir men Mämmetnazar agany gadymy döwrüň pelsepeçisine meňzetdim. 26.05.18 *** 1995-nji ýylda ilkinji gezek Mämmetnazar halypany gördüm. Obamyzda edebiýata gyzygýan bir adam bardy. Şol adamyň yzyna düşüp welaýat gazetiniň redaksiýasyna bardym. Mämmetnazar aga bilen ilki duşuşygym gaty bir täsirli bolmady. Mämmetnazar aga garaňkyrak kabinetde agras ýüzli bir adam bilen oturýan eken. Soňra onuň žurnalist Baba Şyhyýewdigini bildim. Mämmetnazar aga diýilýän murtly adam iki sanjak goşgymy alyp galdy. Goşgylarymdan iki aý çemesi wagt habar-hatyr bolmady. Bir gün şol obadaşym sataşyp: «Şägirt, seniň goşgularyňy bilgeşleý saklap oturan ekenler diýip, maňa ýagdaýy gürrüň berdi. - Olar seň ýaljak kiçjik oglan birbada myň ýaly kämil goşgy ýazyp bilermikä, bir ýerden alan dagy bolmasyn diýip, ynanman oturan ekenler». Men gaty umytdan düşdim. Ýeri, indi şol goşgulary özümiň ýazandygymy nädip subut etjek. Ýöne meni obadaşym arkaýynlaşdyrdy: «Men olara aýtdym, gaty sowatly oglan diýip, mekdepde mugallymlar dagy hem ondan sapak soranok, gaharyny getirse mugallymlara çözüp bilmejek soragyny berip masgara edýä diýdim». Obadaşymyň arzan öwgüsinden ganatlanyp geziberdim. Ýöne şondan soň goşgym tizara çap edildi. *** Mämmetnazar aganyň daş-töwereginde T. Artykgulyýew, H. Mätjumaýew ýaly goşgy dellalçylygyna baş goşan gurrumsaklar bilen birlikde halypanyň çyn dostlary hem bardy. Mämmetnazar aga bilen ýazyjylar Hydyr-Ylýas Amangeldiýewler, kursdaşy ýazyjy Ahmet Halmyrat dagy uzak ýyllaryň dowamynda gowy gatnaşýarlar. Men olary halypanyň 60 ýaş ýubileýinde, dabaraly toýda görüpdim. *** Bir döwür Mämmetnazar aganyň -Ýalňyşmaýan adam bolmaz elbetde, Ýogsam seni terk edibem giderdim. Şöhlesi gyýtajyk ýalynly ketde, Namardyň ýanyna nämüçin bardyň-diýip başlaýan «Mert kişiniň öwüdi» atly goşgusy meýlislerde ürç edilip okalýardy. *** Oguljennet Bäşimowa halypanyň poeziýasyna mejnun ýaly aşyk zenanlaryň biridir. Onda maryly doganlarymyza mahsus hyjuwly ýatkeşlik bar, ol Mämmetnazardan goşgulary sagatlap ýatdan okap bilýär. Oguljennet barada halypadan okuwçy wagtym birki ýola eşidipdim. Halypanyň aýduwyna görä, Oguljennet aram-aram onuň bilen habarlaşyp durýan eken. Mämmetnazar halypa hem Oguljennediň döredijiligine sarpa goýýardy. Onuň irki goşgulary hakda hem begenip gürrüň berýärdi. Bir gürrüňçilikde halypa Oguljennet durmuşa çykanda hem ýörite jaň edip toýuna çagyrandygyny aýdypdy. *** Mämmetnazar aga saýlap okaýar, terjime etmeli bolsa hem saýlap-seçip naýbaşy şahyrlary terjime etmegi gowy görýär. Meniň pikirimçe başga ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerinden terjime etmek, şeýle şahyry döreden ýaly hasaplaýaryn. Sebäbi biz köplenç halatda diňe terjimäniň üsti bilen daşary ýurtda şeýle şahyrlaryň bardygyny bilýäris. Halypa misli ýaramaz şahyrlaryň bizde peýda bolmagyny halys islemeýän ýaly. Terjime hakda aýtmaly bolsa, Mämmetnazar aga rus şahyry Nikolaý Rubsowdan, Şukşinden terjime etmegi gowy görýär. 27.05.2018. *** Geniý haýran galdyrýar, emma häsiýet hormat döredýär. Genial adamlar aňa täsir edýärler, häsiýetli adamlar ynsaba. Birinjä hormat goýýan bolsalar, ikinjiniň yzyna düşýärler. N.W.Şelgunow. Ussatlaryň gadryny ussatlar biler (ýoň bolan aýtgy) 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwar güni Akmyrat aga Guwanç Sapar, Mämmetnazar halypa dördimiz Ilmet Gurbanlara gitdik. Aýböwür tarapyň ýoly hem uzak, hem kötel, şonuň üçin bu teklibi başda bizi ulagynda äkitmeli Akmyrat aga çekine-çekine aýtdym. Durmuşy edebiýatsyz göz öňüne getirip bilmeýän Akmyrat aga Aýböwür tarapa gitjekdigimizi, ýoluň erbet bozukdygyny bilse-de, barybir durup bilmedi. Bu myhmançylygy özüm gurnapdym aslynda. Ilmät aga pahyr Mämmetnazar halypany entek görmän eken. Onsaň bir gezek öýüne baranymyzda gürrüňden gürrüň çykyp gitdi-de Ilmet agam: «Aý, Sylapberdi, men şunça ýaşap Mämmetnazary göremok, bir gün bize myhmançylyga alyp gaýdyp bileňok-maý» diýip, haýyş äheňinde ýüzlendi. Soňra Mämmetnazar halypa Ilmet agamyň salamyny ýetirip, myhmançylyga çagyryp oturandygyny aýtdym. Halypa garşy bolmady. Onsaň Täze ýylyň bosagasynda Ilmet agama telefon edip, Täze ýyl bilen gutladym, halypany alyp barjagymy aýtdym. Ilmet aga: “Biz taýýar, gelseňiz bolýa, Sylapberdi” diýdi. Rehmetli Ilmet agamyň gyrykdan owadan sesi bardy. Merdan Baýat bilen Mätgurban inimiz hem obada wagty gowy boldy diýip oýlandym. Sebäbi Mämmetnazar halypamyzy Ilmet kakalara eltmek maslahatynda olar hem bardy. Ýolda Akmyrat aganyň maşynynyň salonynda Mämmetnazar halypanyň gürrüňini diňläp, Guwanç Sapar ikimiz burnumyz kesilen ýalyjak bolup oturanymyz gowy ýadymda galypdyr. Biz dört etrabyň üstünde ötüp Aýböwür tarapa barýardyk. Köneürgenç etrabyna geçenimizden soň ýoluň ýakasyndaky ýaşyl maýsalyklaryň üstüne ýeňiljek düşen gary görüp göwnüm gobsundy. Bizde indi 4-5 ýyldan bäri gar ýaganok. Gaty küýsetdi. Garaňky mazaly gatlyşandan soň Saparmyrat Türkmenbaşy şäherine gelip girdik. Men gijelikjde maşynly bolsaň Ilmet agalara haýsy tarapdan barmalydygyny çenläp bilemokdym. Iki ýana elewräp ýörsegem gowy däl, häk Bazarbaý Tyllaýew bolanda-ha derrew tapardy diýip içimi gepledip hem barýan. Onsaň aldygyna Merdana jaň edip ugradym. Ondan ýol salgy aljak bolýan. Ýöne telefonda aňsat boluberenok. Telefonda Merdanyň howlugyp: «Aga, nirä ýetdiňiz, häzir krugdan ötdüňizmi» diýip garşa-garşa soraýar men bolsa gelip ýeten ýerimiziň salgysyny berip bilmän azara galýardym. Merdan biziň öňümizden çykyp ýol görkezmäge Mätgurbany goýberdi. Ahmet Gurbanorazowaryň öýlerinden geçip, Mätgurbana sataşdyk. Mätgurban maşyna münensoň biz bilen salamlaşyp, ýoly görkezip ugrady. Ýol bolsa görer ýaly däldi. Akanak-çukanak, baryndan beteri batgalyk. Aý garaz Ilmet aga bilen halypamyzy är ömründe bir ýola sataşdyrmak üçin ähli kynçylyklary sere alman, bet ýollardan seýkin basyp baryberdik. Ilmet agamyň täze jaýyna gelip düşenimizde garaňky gowy düşüpdi. Bu iki ägirdiň duşuşygy hem täsin hem ýönekeý. Ilmet aga halypa bilen ikelläp salamlaşdy. Mämmetnazar halypa uzyn boýly syrdam Ilmet aga gözlerini süzgekledip, inçe owazy bilen: - Ilmät diýilýäni senmi şu! – diýip, birinji gezek görýändigini duýduryp dillendi. Ilmet aga birhili begençli, şatlykly duýgular bilen ýylgyryp: -Hawa, halypa men şol - diýdi. Mämmetnazar endik boýunça onuň elini goýbermän durşuna: -Men seni kiçjik wagtyň görüpdim, o wagty sen garaja oglandyň - diýdi. - Men seni şonuň ýaly göz öňüme getirýärdim. Sen uly adam bolup giden ekeniň diýdi. Soňra biz içeri girdik. Içeride ýene bir halypamyz Şöhrat aga Abdyýew oturan eken. Biz Merdan, Mätgurban dagy bolup çaý-suw çekip, halypalara hyzmat edýändigimize öz ýanymyzdan begenip iki bolup bilemizokdyk. Halypalar bolsa köne gürrüňler edip oturdylar. Şöhrat aga Beki aga, Han däde dagylaryň, Sapar öreleriň döwründäki wakalary gyzykly edip gürrüň berdi. Soňra nahar çekildi. Naharyň başynda hem gowy gürrüňler edip oturdyk. Şöhrat aga ikinji nahara oturman turarman boldy. Ol Mämmetnazar aganyň öňünde üç bäşlik goýup pata sorady. Halypa gysgajyk omyn edip, ýoluň ak bolsun diýdi. Şöhrat aganyň bu hereketi gözümizde galdy. Soňra ýene nahar çekilmek üçin Mätgurban eli kündükli geldi. Şol aralykda Ilmet aga meni koridora çagyryp: -Sylapberdi, men arak goýmaýynmy?! - diýip, ýene sorady. Men halypanyň şol zährimara gezek gelende ejizligini göz öňünde tutup, birki gün mundan ozalam gep arasynda arak gerek däl diýipdim. Bu gezek hem Ilmet aga arak goýmawer, gerek däl diýdim. Şu günki ýaly ýadymda (häzir ýazyp otyryn weli gaty ýüregim agyrýar, biri içimde ýüregimi sygap oturan ýaly) Ilmet aga boýnuny burup: - Eý, Sylapberdi, men arak goýmasam bolmaýa, meň öýüme halypa birinji gezek aýak basyp dur, saçaga içgi goýubereýin-dä - diýip, çyna berimsiz özelendi. Bu zatlaryň bary meniň hakydamda geçen günlere köpri bolup kalbyma teselli berýär. Olaryň geçip gidenden soň nähili gowy günler bolandygyny indi bilýän. 29.05.2018 *** Mämmetnazar aganyň ýaşaýan ýeriniň garşysynda Baýdak meýdany bar. Bu ýerde şanly seneler, baýramçylyk çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda biziň gülläp ösýän Diýarymyzda toý-baýramlar goşa-goşadan gelýär. Onsaň günüň-güni bu ýere «massa» jemlenýär. Köpçülik bolan ýere polisýa işgärlerini goýup çykýarlar. Onsaň polisýanyň edermen işgärleri korpuslaryň arasynda durup, baýramçylyk geçirilýän ýere geçip-ötüp sýomka päsgel berjekleriň öňüni saklaýarlar. Bir gün şeýle çäreleriň birinden çykyp gelýärkäm Mämmetnazar aga gabat geldim. Köçede gezelenç edip ýören halypam bilen salamlaşdym. Ol endigi boýunça golumy goýbermän durşuna saglyk-amanlyk soraşdy. -Aý neme, ine şu ýerlerde her gün irden, giçde aýlaň-çaýlaň edäýýän. Onsaň şeýläk geçeýin diýip ýönelsem, bi ýigitler (polisiýanyň işgärlerini görkezýär) duran ekenler, ýaşuly geçmeli däl diýdiler. Menem onsaň aýlanyp geçiberdim - diýip, halypa biparhlyk bilen ýagdaýy düşündirdi. Halypa tebigaty boýunça passifist adam. Ýumşaklygy çenden aşa. Şu polady ýumşaklygy bilen nädip bu günlere ýetipdir, haýran galaýmaly. Ol ylahy talant bolanlygy üçin belki şeýledir diýip ynanýan. 31.05.2018 *** Mämmetnazar halypanyň Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow bilen şahsy tanyşlygy bar ekenmi ýa-da ýok, anyk maglumat bilemok, emma maňa berlen şeýleräk bir gürrüň ýadyma düşýär. Mämmetnazar aga birinji gezek Türkmenistanyň ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyna mynasyp bolanda, bu baýragy oňa «Beýik Serdaryň» hut özi gowşurypdyr. Dabaraly pursatlarda bu baýraga mynasyp bolanlaryň ady okalýar. Halypa öz ady okalanda prezidentiň ýanyna - sahna barýar. Halypa Prezident bilen elleşýär. Saparmyrat Nyýazow Mämmetnazar halypanyň elini gysyp: «Mämmet, gowumy ýagdaýlar, senem bamyň-ow?» diýip, oňa ýüzlenipdir. Bu epizody halypadan soranymda ol gülüp: «Aý üstüne goşýandyrlar, onuň ýaly zat boldumyka?!» diýip, gümürtik edip goýdy. Sizi ilkinji prezident ýakyndan tanaýarmydy diýip sowal berenimde ýok diýip jogap berdi. «Ýöne men prezidentiň ýanynda baranymda, wagt egläp durman ýaşuly baýragy elime alyp gidibereýin» diýdim. Prezident ör-gökden gelip «Ýok, ýok boýnuňa dakyp git» diýdi. Onsaň onuň özi beýlekilere edişi ýaly, altyn zynjyry boýnuma dakdy diýip, halypa gürrüň berdi. 01.06.2018. *** Halypa 2005-06-njy ýyllarda «Garrylar ýurdy» diýen at bilen pelsepewi roman başlady. Şol ýyllar ýurdumyzda ýaşaýan garrylara döwlet tarapyndan berilýän pensiýalary kesilip, ýaşuly nesil biraz çylşyrymly ýagdaýlary başdan geçirýärdi. Elbetde, bu ýagdaý şahyryň döredijiliginde şöhlelenmän biljek däldi. Mämmetnazar halypa ýazyp başlan täze romany hakda soranymda bir gezek ýok etdim, ýitirdim diýdi, ýene bir ýola soranymda ýazyp tamamlap bilmedim, bir ýerlere oklap goýberdim diýip başdan sowma jogap beripdi. Men halypanyň şu temadan gürleşesiniň gelmeýändigini duýdum. 03.06.2018 Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |