17:13 Gündelikden: Halypa hakda söz | |
HALYPA HAKDA SÖZ
Ýatlamalar
(Gündelikden ýatlamalar, çaklamalar, pikirler) Mämmetnazar Babanazar hakyndaky şu ýazgylary ýazyp başlamagyma ussadyň hiç kimkä meňzemeýän ömri we döredijiligi sebäp boldy. Galyberse-de onuň bilen ýakyndan tanyşlygym, halypa-şägirtligim ol hakda bir zat ýazmasam günüme goýmady. Bir ýoldaşym aýdypdy. Soňra şuňa meňzeş gepi köp adamdan eşidip, halypa hakynda gürrüň gitse, bu hakda oýlanyp başladym. - Mämmetnazar aga bir zat bolsa, ondan beýik şahyr ýasarlar. - Mämmetnazar aga aýrylan güni Gurbannazardan hem ýokary baha bererler. - Mämmetnazaryň gözi ýumular weli, ony tanamaýanlar hem ol hakda uzyn-uzyn gürlärler. - Mämmetnazar halypa hakynda entek tom-tom kitaplar, ylmy işler ýazarlar, dissertasiýalar goran bolup, uly meseleler gozgarlar. Şeýle gürrüňleriň örüsi giňäp başlamanka (belki bu köpbilmişlikdendir) halypa hakynda bilýänjelerimi ýazyp başlamaly diýen karara geldim. 2015-nji ýyl iýun-iýul aýlary. *** Her gezek Mämmetnazar halypa hakda ýazgylaryma başlajak bolanymda «Ol ynha ýetip gelýär ýa-da Ol gidip barýar» diýip başlasym gelýär. Çünki, göwnüme bolmasa ol hemişe öz okyjysyna tarap ýyl geldigisaýy golaýlaşýar, golaýlaşýar. Bir görseňem ol yzyna garaman gidip barýan ýaly. Onuň ýaşan heňňamy tamamlanan dessine ýazan ähli zatlaram göwnüme ýitip gitjek ýaly. Misli ol bar wagty gadyryny bilmediňiz, indi ýazan zatlaryny hem aýawly saklasyňyz ýok diýip, bir näbelli güýç onuň ähli mirasyny biziň aňymyzdan syryp-süpürip äkitjek ýaly. Beýle zatlaryň meniň was-was fantaziýamyň gurrumsak oýnudygyny gowy bilýän. Şonuň üçin hem men ýylgyrýan. 2016 ý. maý. *** Daşoguz şäheriniň merkezinde, Dokuz etaž diýen mähellede Mämmetnazar aga ýaşaýar. Bu ýer bir täsin ýerler. Göwnüme şu töweregiň howasy hem başga ýaly. Indi ençe ýyllardan bäri halypam şu ýerde agzybir maşgalasy bilen ömür sürýär. Ertir säherde ýa-da agşam çaglary halypa köne endigi boýunça şol töwerekde gezmeläýär. Ol haýaljyk ädimläp, daş-töweregi siňňin nazar bilen synlaýar. Onuň peýwagtyna seýil edip ýörşi hoşuňa gelýär. Näçe gezekdir indi ony daşdan synlap, ýanyna barman säginip durýan. Göýä ýanyna barsam, bir üýtgeşik sazlaşygy bozaýjak ýaly öz-özümden dowla düşýän. *** Mämmetnazar aganyň hemme goşgusyndan kyssa ýazyp bolmaz. Emma käbir setirlerde duýgularyň püre-pürlüginden fantaziýaň oýnaýar. Duýgulardan doly setirleriň tymsal ýaly kyssawy görnüşleri aňyňda sahnalaşdyrýar. «Ejizlik etme köňlüm» kitabynyň birinji sahypasynda ýerleşdirilen adybir goşgyny okap görüň. Bu goşgy ägirt uly gapma-garşylyga duçar bolan adam we oňa aýdylan wesýet bolup eşidilýär. Ýa-da daşlanyp-daşlanyp kowlan adamyň ahwalaty göz öňüme gelýär. Sowuk gowaklarda kynlyk bilen çakmak daşy tapyp ot ýakan, tümlügi ýagtyldan adamyň «Ir öçseň, ir sowasaň her kes ýakaňdan ebşitläp tutup, ýakalar-çekelär» diýip, içini gepledip, soňam gaýduwsyz sypatda gazaba münüp oturyşy, täsin keşp bolup aňyma ornaşýar. Soňra agyr azaplara, görgi-güzaplara dözüp, dagyň gyýçak-gyýçak gaýalaryna dyrmaşyp barýan, ahyrynda belent uçudyň çür başyna galyp, duman basan jülgelere-derelere seredip duran gaýduwsyz adamyň obrazy goşguda kemal tapýar. Gaýa çykan batyr ynsanyň ömri beýlekiler çelgi bolýar. Mertleriň ýyldyzy ýananda nama bolup galýar. *** Halypa geň galyp hem aýratyn bir guwanç bilen hyýala çümüp gürrüň beripdi. -Bir gezek irden Akdepeden gaýdypdym. Howa sowukdy. Awtobusyň içi hem gaty bir ýyly däl. Adamlar dymyp otyrlar. Ak ümürli howada awtobus birsydyrgyn ýol külterläp barýardy. Awtobus haýsydyr bir obanyň deňinde saklandy. Awtobusyň gapysy açyldy. Şol wagt ondan düşüp barýan ýaş gelin bir enaýy garaýyş bilen ýüzüme seredip, soňam hiç zat diýmän düşüp ötägitdi. Şondan soň öýe gelip şu goşgyny ýazypdyryn. Özüm ýazanymam bilemok. • Otyryn Ot bilen oýun edemok, Indi birazajyk köşeşipdirin. Seniň keşbiň göz öňümden gidenok, Uzakda sudury ýitsede gyryň. Öň bu ýerler deňiz eken diýýärler, Soňra kem-kem çekilipler gidipdir. Döräpdir, ötüpdir okumyş ärler, Ýanynda şygyrly depder gidipdir. Bir ýiten depder men Ýüregi ýara Seniň saglygyňa degýändir hunum. Bilmezlikden gözüm düşen boz maral, Ýa sen guran deňizleriň ruhumyň?! Halypa şu goşgynyň döremegine sebäp bolan wakany gürrüň berenden soň, nämüçindir bu goşgy bilen onuň «Men saňa ýedi ýyl duşup bilmedim» diýip başlanýan goşgusy kalbymda ekiztaýa öwrüldi. Indi şol goşgulary deň ýatlaýan. *** Ýetginjek ýyllarymdan bilýän, Mämmetnazar aga A. Blogy söýüp okaýar, ony zergär şahyr hasaplaýar. Bir gezek onuň elinde Blogyň tomlugyny görüp, menem oňa öýkünip bu rus şahyryny ürç edip okamagy ýüregime düwdüm. Emma bolmady. Blok okatmady. Soňra ýene bir öwrümde men Mämmetnazar agadan Blok barada soranymda: - Baý-bu-u - diýip, ol goluny salgady.- Her setirini zergäriň çekiji bilen sünnäläp, bir-birine sazlaşdyrýar. Onuň ýaly şahyr orslarda seýrekdir. Blogy täzeden okamaly boldum, ýöne bu gezek türkmençe-rusça sözlügem gapdalyna goşup okap başladym. *** Halypanyň örän üýtgeşik ruhly öýi bar. Her gezek baranymda şeýle bir täsin mähre duş gelýän bu öýde. Men ony öý bikesiniň - Güljan bibimiň täsiri diýip düşünýän. Halypanyň kabinetinde hem bu ýylylygy gowy duýýaryn. Kitaplar tertipli duran kagyzlar. Halypanyň iri, owadan poçerki hemişe kalbyma rahatlyk berýär. Sebäbi şu ömrümde halypamyň ähli setirlerinden kuwwat tapyp, ylhamlanyp ýaşadym. Mämmetnazar halypanyň döwründe ýaşaýandygyma şu wagt hem buýsanýaryn. P.S. Kämahal ýazyp oturan zatlarym, olaryň gömelteý-gödek ýerleri barada oýlanyp biraz gapyrga çekýän. Halypanyň ömri-ykbaly bilen baglanyşykly zatlary ilik-düwme beýan edip otyryn welin, muňa meniň moral hukugym barmyka?! Şu pikiri kellämde köwsarladyp oturşyma ýene halypanyň “Poeziýaň öýünde galmagal etmäň, özgäň ýüregine agram düşmesin” diýen setirleri ýadyma düşýär. Halypanyň örän üýtgeşik ruhly öýi maňa bir zat diýmekçi ýaly?.. *** 1998-nji ýylyň maý aýlarydy. Halypamyz, žurnalist, şahyr Rejepgeldi Mejikowyň ýanyna bardym. Onuň iş kabinetinde otyrkak elimdäki depderimi görüp: -Entek hiç zat ýazylmandyr, täze aldyňmy?-diýip, owadan ýylgyryp ýüzüme garady. Men baş atyp depderimi oňa uzatdym: -Hawa, täze aldym weli, näme ýazyp başlajagymam bilemok. Rejepgeldi aga hemişeki hoşgylaw ýylgyrşy bilen ýüzüme garap uzadan depderimi alyp, birinji sahypasyna galamynyň ujyny degrip bir salym sägindi. -Saňa bir goşgy ýazyp berjek, kimiňkidigini aýdyp ber onsaň! Halypa şeý diýdi-de owadan poçerki bilen täze depderimiň sahypasyny keşdeläp ugrady. Men agzymy öweldip, Rejepgeldi aganyň hiç säginmän çalt-çalt hereket bilen depderiň sahypasyny sünnäläp oturşyna seredýärdim. Ahyry ol ýazyp boldu-da, depderimi yzyna uzatdy. Men onuň owadan ýazuwyndan gözümi aýryp bilmän ýazyp beren goşgusyny gözlerim bilen okaýardym. -Kimiň goşgusy -Bilemok-diýdim. Ol meniň soragly nazaryma dözüp kän oturyp bilmedi. Şonda-da: Şu goşgynyň ýazylanyna otuz ýyl boldy-diýip, ýene meni gyzykdyrdy.-Özem goşgynyň awtory bilenok şu goşgyny. Bir mende galdy, meniňem ýadymda. Men özelendim: -Rejepgeldi aga, aýdaýsana kimiň goşgusy bu? -Halypaň goşgusy ahyr bu, sen nä ýazyşyndan bilmediňmi? Men ynanmaýan ýaly ýene elimdäki depderiň ýüzüne ýaňyja ýazylan goşga öwran-öwran seretdim. Rejepgeldi aga: -Mämmetnazar dördünji kursda okap ýördi, men ýaňy barypdym okuwa. Ol şu goşgyny ýazyp bir halypa şahyryň huzuryna eltipdir. Halypa şahyr goşgyny okap, muň ýaly göwnüçökgün goşgyny ýene otuz ýyldan soň ýazsaň dagy bolmazmyka diýipdir. Goşgudan başga kemçilik tapmandyr. Mämmetnazaram obşežite gelen soň goşgyny meniň elime tutdurdy-da ýyrtyp zyňmagy tabşyrdy. (Elbet özi ýyrtmaga ýüregi etmedik bolmaly). Menem ýyrtyp zyňdym- diýip, Rejepgeldi aga pahyr mekirje ýylgyryp ýüzüme garap goýberdi.- Ýyrtyp zyňmazymdan öň menem oňa göz gezdirdim. Goşgyny gowy gördüm, şoň üçinem ýadymda galypdyr. Soňra Rejepgeldi aga: «Bir gün bu goşgyny halypaňa okap ber, meňem ýazyp berenimi aýtma-diýdi.-Ýadynda barmyka?!» Meniň ýatkeşligim ýabygorly. Öz ýazanlarymy hem ýatdan bilmeýärin. Ýöne nämüçindir bu goşgyny bir gezek okanymda ýat tutdum. Bäş-alty gün geçen soň redaksiýa baranymda halypama sataşdym. Arkaýynyrak eken. Gürleşip oturdyk. Şol döwür maňa pata ber diýip halypamyň ýüregine düşüp ýören döwürlerimdi. Indi görsek pata bermek, pata almak diýen düşünjeler hakda hiç zat bilemzok ekenik. Mämmetnazar aga bolsa sypaýçylyk bilen hoş söz aýdyp her gezek sypýardy. Asyl bir gezek-ä: «Çyn şahyra patany ýerde däl, ylahyda berýärler, ýeriň üstünde çyn şahyra pata berjek adam bolmaz!» diýipdi. Men bu gezek öňki oglan gylygymy edip, halypamdan pata ber diýip haýyş etmedim. Oňa derek: -Halypa men size bir goşgy okap berjek-diýip, Gurbannazar Ezizowyň «Internasional» goşgusyndaky gahryman ýaly boýnumy sozup, Rejepgeldi aganyň depderime ýazyp beren şol goşgusyny okap başladym. Okap otyrkam halypanyň kijijikden ýiti laçyn gözleri ýyldyrap-uçganaklap gidýärdi. Ol okap oturan goşgymy ortarasynda saklaýjak bolýardy. Tolgunmadan murtlary gymyldap gidýär. Ahyr men goşgyny tamamladym. Halypam: -Bu goşgyny sen nirden bilýäň? Halypam uçaýjak bolýardy. Menem begenjimden aljyraýardym. -Bilýän-dä aýtjak däl-diýip, ýoknasyzlyk edýärdim.-Hany pata berjek däl diýdiň-ä?.. Men bolsa siziň hiç ýadyňyzda hem ýok goşgyňyza çenli ýatlap ýörün. Halypam meniň oglan badyhowalygyma, ünsem bermän geň galyp otyrdy. -Beh, dogry men bu goşgyny ýitirenim dogry, student wagtym ýitirenim dogry. Sen nirden aldyň? -Rejepgeldi aga ýazyp berdi.- diýdim.- Menem ýatlap aldym. Mämmetnazar aga: -Hä-ä, dogry diýdi, şol wagt Rejepgeldi okap ýördi.- diýdi.- Rejepgeldi gaty ýatkeşdir. ...Aradan näçe ýyllar geçenem bolsa, diňe birje sahypasyna birje goşgy ýazylan depderi elime alanymda, rehmetli Rejepgeldi agamyň ýylgyryp duran nurana keşbi göz öňümde janlanýar. Onuň aşakdaky Mämmetnazar aganyň galamyna degişli goşgyny labyz bilen okap berişi henizem gulagymdan gidenok. Meniň garran bedew kimin gussamy, Bagty gelen bagtym diýip öpüp ýör. Mende galdy şol günleiň asmany, Ýollarymy başga biri söküp ýör. Oglan gözlerimi söýen günleriň, Bugdaý kimin seçelenip galypdyr. Hem görünýän deregine gülleriň, Başyňdaky bahar kimin ýaglykdyr. Mahal-mahal ýalňyz gumra öwrülip, Tesellimi-şol günleri çöpleýän. Garylýaryn ak dumana höwrügip, Ýöne seniň daglaryňa çökmeýän. Daglar ümsüm oturarlar dünýede, Tolkunlar öz kenaryny öperler. Meni bir gün ýitirerler dünýede, Hemem seniň gözleriňden taparlar. Çygly şemal gelip maňlaýa degdi, Uzakda bulutlar aglaýar öýdýän. Saňa şu zatlary ýatlatdym welin, Ezizim, sen ýene aglaýaň öýdýän. (Soňra rehmetli agam Rejepgeldi Mejikden Mämmetnazar aga beýle göwnüçökgün goşgyny entek ýazma diýip öwüt beren halypanyň adyny soradym. Rejepgeldi aga şol şahyryň Baýram Jütdiýewdigini aýtdy.) P.S Bir döwür ýitirilen goşgusynyň esasynda Mämmetnazar aga ýene bir goşgy döreden eken. Bu goşguda hem liriki gahrymanyň armanly söýgisi baş mowzuk bolup durýar. Birinji goşgudan alynan setirler bar hem bolsa bu şygyr özboluşly üýtgeşik. • Ýaşlyk Oglan gözlerimi söýen günleriň Bugdaý kimin seçelenip galypdyr. Mensiz otly köýnek geýen günleriň meniň üçin ötülmesiz ýazykdyr. Bu uly ýalňyşym - ýürekde közüm, Tapylmaz ýitgimdir, bagrymy dilen. Ah, ýöne göwün-dä, galyp bir özüm, Gidýärin sergezdan gözlegim bilen. Begres dony gün tygyna ýyrtylan Baglarda galypdyr intizarlygym. Ýaz paslymy bu meýdana örtülen, Ýa-da seniň bahar ýaly ýaglygyň? Maýsalaryň ygşyldysy, aýdymy Şirin sözleriňe düzülenmidir? Ýaýla dolan gülkülerňi söýdümi, Nämeden torgaýyň özelenmesi? Sähranyň üstüne bürenip duran Arassa göwnüňmi, saçlary syýa, Gyrmrzr güllermi yranyp duran Gül bolup gögeren şatlygyňmy ýa? Duýýan bular gümanydyr göwnümiň, Uzakdadyr indi elim ýeterden. Sebäbi men şol ýalňyşly öwrümde Perişdämi, hut özüňi ýitirdim. Seni ýitirdim-de özümi tapdym, Galdym hakykata syrdaş-dost bolup. Indi haçan pikir etsem sen hakda Ejizligim gelýär elem-tas bolup. Bu günem aralap sensiz bossany, Geldim şol ýodanyň bölünen ýerne. Idip garran bedew kimin gussamy, Indim solgun aýralygyň güzerne. Dünýäm, köňül aýdym ýazdy şu ýerde, Boýun alyp, syzyp uly ahwaly, Bu gamgyn güzere gelip gidýänler Bizden soň birneme azalar ýaly. 2015 *** Merdan Baýat Mämmetnazar agany ogullyk söýgüsi bilen söýýän adamlaryň onlugyna girýär. Her gezek Daşoguza gelende Mämmetnazar agany soraýar. Onuň isleýşi bolsa, mümkinçilik bolan halatynda her gezek halypa bilen didarlaşjak, emma iş-alada hemişe gyssagly. Onsaň göwnüňdäki ýaly bolup duranok. Merdan bilen her gezek sataşanymyzda Mämmetnazar aga bilen baglanyşykly gürrüň etmeýän gezegimiz ýok. Halypanyň goşgularyny ýatdan aýdyp oturyşyna gözüm gidýär. Merdan hakyky keşbe girip goşgy okanynda hakykatdan hem örän täsirli bolýar. Mämmetnazar aga bilen galtaşýan islendik zat onuň nazaryndan sypmaýar. Ine, bu gün ol maňa şu goşgyny ugradypdyr. *** Mämmetnazar aga bagyşlanyp ýazylan goşgylaryň içinde Ysmaýyl aganyň şu goşgusy has täsin hem täsirli. • Şahyr M.Babanazarowa Barýar ýol ugrundan çala yranyp, Gözleri gussaly, umydy ýarsan. Bilmän barýar öz göwnüne ýaranyp, Ejirden dişleri dökülen arslan. Barýar lirikanyň diri heýkeli, Dünýäni bir söze satyp barýar ol. Hem-ä rowaýat, hemem erteki, Hem mukam deý yraň atyp barýar ol. Onuň bar uýady ylham şeraby, Onuň bar aýyby yşky dälmidir?! Onuň bar ýazygy dilde kelamy, Onuň bar azygy goşgy dälmidir. Şygryýet şiri ol, lirikaň neri, Ýetişen çynar ol başynda çeşmäň. Şahyr bolup bormy sämetmän seri, Goşgy ýazyp bormy özüňden geçmän?! ...Şygyr atly keramata ynanyp, Öz akjak derýasyn gazyp barýar ol. Ýanýodadan çalajadan yranyp, Iň uly eserin ýazyp barýar ol. Ysmaýyl Tagan. 11.04.2018 *** Eger-de siz adamlary bolşuna görä görýän bolsaňyz, hiç wagt olary gowy edip bilmersiňiz. Eger-de adamlar bilen kämill adamlar ýaly daraşsaňyz, onda olary göresiňiz gelen belentlige çykararsyňyz. I.W.Gýote. *** Halypa okumyş adam. Dil baýlygy gaty gözüňi gyzdyrýar. Ene dilinden başga rus, özbek dillerini gowy bilýär. Rus diline suwara diýseňem boljak. Köplenç rus dilinden edýän sünnä terjimeleri hem muňa mysaldyr. Ýene rehmetli Rejepgeldi agamyň aýdyp beren wakasy ýadyma düşdi. Aslynda Mämmetnazar aga bolan hormat-sarpamyň belent derejä galmagynda Rejepgeldi aganyň paýy az dälmikä diýýän. - Mämmetnazar unwerstetde wagty rusça ökde däldi, ýöne gaty yhlas bilen, erjellik bilen rus dilini öwrenýärdi. Gije-gündiz, ertir-agşam elinden rus dili kitaby düşmezdi- diýip, Rejepgeldi aga gürrüň beripdi.-Bir gezek kursdaş oglanlar bilen Çüli jülgesine gezelenje gitdik. Mämmetnazar agamyzam ulymyz. Salkyn saýaly, bir eşretli ýerde gazan ataryp, nahar-şor edip ýörüs. Mämmetnazar şol wagtam bir gyrada rus dilinde neşir edilen romanmy, powest bir zat okap otyr. Okamanyň kyn düşýäninem bilýäs. Emma çyr-çytyr goýarly däl, dynç alaýmaly wagtam okajak bolup kösenip otyr. Käwagt kellesini şemallatmak üçin çeşmäniň boýuna gidýär, el-ýüzüni ýuwup gelýär. Şol aralykda kursdaşlarynyň ýeser biri Mämmetnazaryň kitabyny alyp okap oturan ýerinden bir-iki sahypa öňe geçirip goýýar. Mämmetnazar gelýärde ýene hasyr-husur okap başlaýar, kitabyň sahypalarynyň öňe süýşürilip goýulanyna ünsem bermeýär. Başagaý bolup okamagyny dowam etdirýär. Mämmetnazar agaly wakany ýatlaýan weli bir okda iki towşan diýen ýaly Rejepgeli agamam ýada düşýär. Bu durmuş täsin. 12.04.2018. *** Akmyrat aga Mämmetnazar aganyň gowy goşgusyny tapdym diýip buşlady. Men bolsa oňa: “Hany, halypanyň ähli goşgularyny alyp, elektron wariýanta, pdf geçirmerismi, näçe wagtdan bäri şeýdeli diýip, bir-birimize aýdyp gelýäris-ä” diýip ýene ýatladasym geldi. Şu döwür göwnüme bolmasa biziň aladamyz çökder bolýar. Halypamyz hakda pikir etmäge hem el degenok. Men bu ýagdaýy biparhlyk diýip düşünýän. Emma ol bir gün bizi awundyrar, soň aýňalyp bilmeris. 19.04.2018 *** Halypanyň iňňän seýrek adamlarda duş gelýän häsýetli aýratynlygy, hiç wagt göwnünde kine saklamazlyk, paýyş sögünmeýänligi, gybatdan hem şöhratdan gaçýandygy, ahlak tämizligi ony meň nazarymda ýagşyzada ýaly ýokary göterýär. Türkmeniň ar-namys meselesine gaty jogapkärçilikli çemeleşýän Mämmetnazar aga bir gezek “Namys” atly goşgusyny döredişini gürrüň berdi. Ol bu gürrüňi aýtmagy kyn görüpdi, emma aýtdy. -Ahlaksyz adamlaryň biri bir ýaş gyzyň namysyna degendigini köpçüligiň içinde gyzykdyryp gürrüň berdi. Men oňa çydamadym. Soňra şu goşgy döredi. Başga bir meýlisde şol ahlaksyz adam ýene şol öňki eden bozuk işini gürrüň berip öwündi. Men çydamadym, onuň gürrüňini soňlatman «Namys» goşgymy gaty ses bilen okadym.-diýip, halypam lapykeç halda gürrüň berdi.- Ol wenezzyna ahyry bu goşgynyň özüne degişlidigini aňyp, meýlisden soň daşary çykylanda daş alyp üstüme topuldy. Halypam biraz wagt ýüzüni tutup oturdy. Şu wagt gaty agyrdy meniň üçin. Misli uly zemin dymýan ýalydy. *** Mämmetnazar agadan ussat ýazyjymyz Beki Seýtege bagyşlap ýazan «Ýaşuly» goşgusyny soradym: - Halypam, göwnüme bolmasa şol goşgyňyz Beki aga bilen gezelenje çykanyňyzda ekspromt döräpdir. Mämmetnazar aga: - Hawa-da-diýip dymdy. Bir zatlary hakydasyna getirdi.-Ýaşulyny ýatlaymda geçen gowy günler ýadyma düşende dörän goşgy ol. Men ondan goşgynyň başlanyşy bilen soňky bendinde görnüş aýratynlygy barada, ritmi barada soraşdyrýanym ýadymda. Ol bolsa henizem ýatlamalardan çykyp bilmän oturyşyna: -Şonda Aşgabadyň gar basan köçelerinde oglan-gyzlar gar tokgalap zyňyşyp oýnap ýördüler. Daş-töwerek şowhun-şagalaň, oýun-gülki. Aşgabadyň köçeleri ýaşlyk bilen joş urýardy-diýip, Mämmetnazar aga hyýalynda şol döwürlere dolandy.-Beki aga ikimiz gar basan köçe bilen tirkeşip barýardyk. Ol töwerekde gar zyňyşyp oýnaýan ýaşlara guwanç bilen garaýardy. Birden Beki aganyň aýagy tyýpdy weli, ýaşulynyň goltugymdan tutup ýetişdim. Halypa ýylgyryp: «Şahyr goltukdan tutawer, gözüm töwerekde, göwnüm ýaşdyr» diýipdi. Soň bu sözler şahyryň ýagty ýadygärligine ýazylan goşguda getiripdim. Men bu goşgyny «Daşoguz habarlary» gazetiniň 1994-nji ýylyň 30-njy martynda çykan sanynyň 1-nji sahypasyndan alyp okaýan. • Ýaşuly Türkmenistanyň halk ýazyjysy Beki Seýtäkowyň ruhuna bagyşlaýaryn Derýalaryň akan hanasy galan, Deňizleriň sudur-synasy galan, Gadymy dünýäniň, Juwan dünýäniň, Bir eli serpaýly, bir eli talaň. Dünýäň serpaý beren adamlary bar, Ýazgyt-maňlaý bilmez olaň ýaşyny. Senem şeýle adamlaryň biridiň, Çagagöwün, ýolbars başly ýaşuly. Kimi ownuk zatlar azara goýýar, Göýä ömür aýrylmaýan çakyza. Sen belent ýaşadyň pespällik bilen, Oňa güwä geçýär kazy hakyda. Şonuň üçin uludan bir dem alyp, Owazly adyňy getirsek dile. «Niçik» diýip sataşaýjak ýaly sen, Başyňy sag egne gyşardyp çala. Ýadymda. Aşgabat. Gar basan köçe, Saňa seredýän kän köwejekleşip. Degşipdiň: «Goltukdan tutawer şahyr», Göwnüm ýaş, gözümem töwerekdedir. Şeýle göwün bilen dünýäden gitdiň, Ýene ýaşap ýörşüň ýalan hal däldir. Köňül diýlen her kişiniň Käbesi, Göwni ter gezenler garraýan däldir. Sahypasy agdarylyp ýyllaryň, Çöşlenip bardykça adamyň ýoly. Özün bilip, ele kitap alanlar, Adyňy açarlar dag-deňiz ýaly. Ynanyp bolmaýan zatlar bar ahyr, Ömür bar süýnmeýän ýyldyzlara deň. Ümezlän göz bilen Beki aga seni Agtaryp barýaryn mähelleden men. Goşgynyň hörpi-howalasy, duýgy-mähri saňa täsin bir ýagdaýda nostalgiýa serpaý edýär. 20.04.2018. *** Mämmetnazar halypa bilen baglanyşykly bir degişmäni deň-duşlary henizem aýdyp ýylgyryşýarlar. Bir gezek ýazyjy Gazakbaý Ýollyýew bir zada gaty gahary gelip, işdeşleriniň ýanynda gyjyr-myjyr bolup oturşyna: -Ýok-deý, akdepelileriň aňy bolmaýa-diýip käýinipdir. Mämmetnazar halypa hem Gazakbaý aganyň saçy düşen kellesiniň lak çalynan ýaly ýalpyldap duran depesini aýasy bilen sypalap: -Dogry aýdýaň, Gazakbaý!-diýip ýylgyrypdyr.- «Ak depelileriň» aňy bolmaýa. Deň-duşlary ýerine düşen degişmäni gülki bilen alyp göteripdirler. 03.05.2018 *** Huşumdan gitmänkä ýazasym gelýär. Akmyrat aganyň maşynynda Mämmetnazar halypa barada gürrüň edip barýardyk. Ilki başda-ha Torum Ýaýlanyň hekaýasyny halamadym diýdim. Ol nakys ýylgyryp, «Torum Ýaýlanyňam bir hekaýasy bolarmy-aý, goşgusyny oňarybersin» diýdi. Soňra ýadyma düşenok ýene Mämmetnazar agaly gürrüňe dolandyk. Men megerem Mämmetnazar aganyň üýtgeşik ýazýandygy barada aýtdym. Ýok, aslynda meň ýanyma gowşak şägirtleriň köp gatnaýandygyny, olardan göwnümiň suw içmeýändigini aýdyp zeýrendim. «Meň ýanyma menden güýçli boljak şägirt gelsedi, menden öwrenip, meň ýaly ýazjak şägirt gerek däl. Menden zor zehinli şahyr çykjak şägirt bolsady» diýipdim. «Soňam, men bir gezegem Mämmetnazar aganyň garşysynda irikgä bolup durup, goşgymy düzetdirip görmändim, Hudaý bar eger - diýip, janykdym. - Halypany gününe goýman öwrenen bolanymda nähili bolardym!» Akmyrat aga hem bir zadyň täsiri bilen boldumy «Aý, Mämmetnazar näme, ýazyp ýör-ä, ýöne olam üýtgeşik ýazanok» diýdi, (ýöne gaty badyhowa aýtdy) yzýanam sekunt geçirmän, «Aý ýazýar-la, özi şol üýtgeşik ýazýar-da» diýdi. Birbada iki hili ýagdaýa düşenine birhili bolan Akmyrat mugallym: «Görýäňmi nebsim badak atdy häzir, ýöne Hudaýam bar, yzyndan Hudaý aýtdyrdy-da soňky aýdanymy» diýdi. Meniň göwnüme Akmyrat aganyň içine bir şeýtan jyn girip, derrewem sogrulyp çykan ýaly boldy. Onuň özem bu ýagdaýa gaty geň galdy. 03.05.2018. *** Emma wagtal-wagtal halypam nähili ruhubelent adam bolmalydygyny öwredýär. Durmuş endişelerinden ýadap, bar zatdan eliň sowap otyrka, ýanyna barsaň ol özüniň gam-gaýga biparhlygy bilen, sada sözleri bilen göwnüňi göterýär. Bir gezek nämedir bir zatdan ýa-da birinden göwnüm galyp, egnim sallap otyrkam, halypama ýagdaýymy aýtmak isledim. Ýöne göwnüm çökgünliginemi bilemok, oňly bir ýadgdaý düşündirip bilmedim. Onsaň men onuň «Ejizlik etme köňlüm» kitabyndan gowy görýän goşgymy ýatdan okap berdim. - Bir möjek men ýaramy Dilim bilen sararyn. Ýetmän galsam kenara Çümmejek gaýgym galar. Hem aglagan, hem gülen, Dünýe çynmy, sen ýalan, Gara geýer boz alaň, Üstünde keýgim galar. Umyt bilen bakýanym, Bulan, towlan, ak ýabym, Möwsümi geçse ýazyň, Güýzüne gaýryň galar. Ýaşdan dolsa owalar, Guw derdini guw alar, Kimler maňa guwanar, Özüme aýbym galar. Bir gün nura ýetirse, Tegmil bolmaz netimde, ...Öwlüýäniň çetinde, Bir tümmek aýdym galar. Bu goşgyny okap boldum weli, halypam: -Ine, şu goşgynam meni işden aýranlarynda ýazypdym -diýdi.-Gaýta gowy boldy, şeýle bir üýtgeşik goşgulary köp ýazdym, baý-bu-uw... Halypamyň sözlerinden hem bu üýtgeşik täsirinden soň köşeşendigimi duýdum. 14.04.2018 01:23. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |