09:23 Gurbagaly köl | |
GURBAGALY KÖL
Goşgular
![]() Salam, eý köl, - balajasy deňiziň, Salam Gögüň Zemindäki aýnasy. Emn görsemem sen dek kölleň telimin, Görmedim seňki dek täsin aýlagy. Çagalyk döwrümde gelip boýuňa Kän daşlapdym warryk gurbagaňy seň. Indi baş ýaýkaýan şeble oýuna, Bagyşla läligiň Gurbanowy sen. Seň giňsiň, günämi öt, mawy kölüm, Çagalygym üçin etdim men baryn. Kenaryňda iýdim köp nany, kölüm. Indem senden alýan many, diýarym. Käkilikli, ördekli, leglekli, kölüm, Zar boluplar geldim şat kenaryňa. Gurbagaly kölüm, döwletli kölüm, Belki düşünmersiň meň hünärime. Men bolsam geň owazyňa düşünýän, Gurbagalaň ötüpdirler günämi. Hemem olaň şatlygyna goşulýan, Kenaryňda dikip çadyr-kümämi. Guşlar uçýar asmanyňda gaýmalap, Kenaryňda mesgen tutar çarwalar. Hemem meniň çagalygmy gaýtalap, Gurbagaňy daşlap otyr çagalar... *** Goşgy ýazsaň şeýle dana, Ýürek gelende lerzana. Maňlaýyňy diräp daga, Mejnun deý çyksaň sähraýa. At çapdyryp al säherde, Daljyksaň sähraň giňinde. Soň gözýetmez sähralygy Synlasaň dagyň bilinden. Sähram hakda duýgym süýji, Toşaby ýaly üzümiň. Men sähra gaçmyşam dagdan, Edil ýyldyz deý üzülip. Duýgulam sährada meniň, Küýlerim daglaň bilinde. Hem dagly men, hem sähraly, Hem deňizli öz ilimde. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |