00:36 Gurban baýramy hakynda rowaýatlar | |
GURBAN BAÝRAMY HAKYNDA ROWAÝATLAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
• Uly sogabyñ eýesi XI asyryñ uly piri Muhammet Gazaly Gurban baýramynda sopularyny öýli-öýüne goýberip, baýramçylyk geçip, olar gaýdyp gelenden soñra olaryñ näme iş edenligini ýeke-ýeke sorapdyr. Mümkinçiligi bolan sopular özleriniñ gurbanlyk edenligini aýdypdyrlar. Olara pir: "Eden gurbanlygyñyz kabul bolsun" diýip, dileg edipdir. Mümkinçiligi bolmadyk sopular bolsa: "Pirimiz, biz-ä ýagdaýymyz bolmansoñ, gurban kesip bilmedik, ýöne iliñ-günüñ edenine gatnaşdyk. Maşgalada hojalyk işlerimize kömek etdik" diýipdirler welin, Muhammet Gazaly olara: "Allatagala mätäçleriñ gurban kesmegine garaşmaýar. Ýöne siz il-günüñ gurbanlygyna gatnaşyp, maşgalañyza kömekleşip, uly sogap alypsyñyz" diýipdir. Muhammet Gazaly ahyry özüniñ täze alan ýaşajyk sopusyndan Gurban baýramynda näme iş edenligini sorapdyr. Ýaşajyk sopy bolsa oña: "Pirim, meniñ gurban kesmäge ýagdaýym ýok. Kömekleşeýin diýsemem, maşgalam-hojalygym ýok. Ýöne "kyýamata çenli ýüz görüşmeris" diýip, göz-gülban bolup, sögüşen iki goñşyny zordan ýaraşdyrdym" diýende, bu halatly pir ähli sopularyny ýygnap, iki goñşyny ýaraşdyran sopyny görkezip, "Siziñ arañyzda mukaddes Gurban baýramynda iñ uly sogaba eýe bolan, çünki, gurban kesenler özlerine buýran wajyp sadakasyny edipdirler. Mätäç sopularymyz bolsa hojalygyna kömekleşip, borçlaryny berjaý edipdirler. Iki goñşyny ýaraşdyran sopymyz bolsa, Allanyñ dinimizdäki parzdan öñki parzyny berjaý edipdir. Sebäbi her bir ynsanyñ niýetini päk tutup, şeýtanyñ pitnesinden halas bolup, öýkeleşen-urşan adamlary ýaraşdyrmagy möçbersiz sogapdyr" diýip aýdypdyr. Dogrudanam, adama ýagşylyk etmekden, öýkeleşenleri ýaraşdyrmakdan uly sogap ýok bolsa gerek. • Tekepbiriñ "sogaby" Bir baý adam her ýyl Gurban baýramynda uly tutum bilen gurbanlyk edýän ekeni. Onuñ köp çagaly mätäjiräk goñşusy bar ekeni. Ol adam gaty dindar bolansoñ, oñar-oñmazrak bolsa-da, "Eý, Allam, günämizi geçirersiñ-dä. Janly soýup, gurbanlyk edeli diýseg-ä çagalaryñ agzyndan kesmeli" diýip, her ýyl towuk öldürip, sadaka eder ekeni. Ahyry bir gün bolsa, şeýtan baý adamyñ kalbyna tekepbirligi salandyr-da, ol obasyndaky molladan: "Mollam, ynha men her ýyl janly soýup, gurbanlyk edýän, mätäç pylan goñşym bolsa, towuk öldürip sadaka edýär. Meniñ sogabym onuñkydan näçe esse köpdür" diýip, bilesiglijilik bilen sorapdyr. Ylymly-bilimli molla ol baýa şeýle jogap beripdir: "Sen gurbanlyk kesip, Allanyñ wajyp buýrugyny berjaý edýärsiñ. Eger sen wajyp sadakañy etmeseñ, Biribaryñ gazabyna uçrarsyñ. Seniñ mätäç goñşyna bolsa, mümkinçiligi ýoklugy sebäpli gurbanlyk kesmegem, asla sadaka etmegem hökman däl. Emma muña garamazdan, ol goñşyñ ýagşy niýet bilen ýokdan bar edip, sadaka berýär. Şonuñ üçin ol goñşyñ ýagşy niýet bilen sadaka edip alýan sogaby seniñkiden has köpdür. Üstesine-de sen tekepbirlik edip, gurban kesip aljak sogabyñy peseltdiñ" diýenmiş. Dogrudanam, tekepbir adam nähili ýagşy amal etse-de, özüniñ ulumsylygy üçin alýan sogabyny püçege çykarýanlygyny unutmaly däldir. • Isrip - haram Molla Töre ahunyñ ýanyna öñ garyp bolup, soñra tüçjar bolan bir adam gelip: "Ahun aga, men her ýaşyma bir janly gurban kesjek. Şol mallary nähili tertipde sadaka edeýin" diýip sorapdyr. Onda Molla Töre ahun ol baýa: "Sen gurbanlyga niýetlän mallaryñy deñ üçe böl. Bir bölegini maşgalaña sarp et. Beýleki bölegini oñar-oñmaz dogan-garyndaşlaryña, olardan artsa il-güne paýla. Üçünji bölegini bolsa nahar edip, sadaka beräý. Ýöne hiç hili isripçilige ýol berme. Isrip etmek haramdyr" diýip, örän akylly maslahat beripdir. • Jennetiñ açary Bir garyp adam hemişe niýetini päk tutan. Her Gurbam baýramynda bolsa: "Men ýekeje malym bolsa-da, gurban keserdim" diýip, gurbanlyk edip bilmän, arzuwda geçip, ömrüni ötüripdir. Ol adam niýetini päk tutup, hemişe ýagşy arzuw edip ýaşany üçin kyýamatda jennete düşüpdir. Hakykatdanam, "Ýagşy niýet - ýarym döwlet" diýipdirler. Mümkinçiligi bolman, ýagşy amallary edip bilmedik adamlar ruhdan düşmän, niýetini päk tutup, adama ýagşylyk etmegiñ arzuwynda bolup, halal ýaşasalar, uly sogaba eýedirler, çünki, Allanyñ dergäginde amallar niýetiñe görä, kabul bolar. Döwlet ÝAZGULYÝEW. # edebiyatwesungat_99 | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||