20:09 Gurban şahyr | |
GURBAN Gurban şahyr XX asyryñ başynda Türkmenistanyñ günorta-günbatar sebitinde ýaşap geçen şahyrdyr. Onuñ kakasyma Nazar diýer ekenler. Gurban şahyr, Gyzyletrek, Gürgen, Çendir, Şarlawuk etraplarynda ýaşap geçipdir. Gyzylarbatly Rahym aga 1913-1914-nji ýyllarda şahyry görendigini aýdypdyr.[1] Ol Duzlydepeden sygyr sürüldi, Gurban şahyry Inçejikde goýdular, Şahyr 1917-1918-nji ýyllarda 27 ýaşda bolan bolsa, diýmek ol 1890-1891-nji ýyllarda dünýä inen adam bolýar. Sarahsyñ daragty şahasy pürli, Bu şahyryñ ýazyş stiline, onuñ eserleriniñ mazmunyna, ulanan çeperçilik serişdelerine sereden wagtynda inw. N"708, 740, 769, 805, 928, 1454, 1681, 3070-nji bukjalardaku Gurban şahyryñ adyna gelýän eserleriñ hut şu saragtly şahyryñ paýyna düşýändigini görýäris. Sakar at nyşanly, maral göz gelin, Şahyry özüne bent eden zat altyn gabak, pisse dahan, näzik beden, ýuka dodak, ak ýüzdäki hal däl-de oba gyzynyñ sadalygy. Gurbanyñ wasp edýän gözeli mähiri yssy, adamkärçilikli, agras bir türkmen gyzy. Şahyryñ Ejegi gowy görmeginiñ sebäbi ol Owlak, Amanja ýaly kaşañ geýinmeýär, kelçiklik etmeýär. Ejekde bularyñky ýaly ýasama näziklik-de, uzsyramak-da ýok. Owlakdyr, Aman han, kaşañ Amanja, Şahyr bu eserinde hut durmuşdaky adamlaryñ suratyny çekýär, özi-de umumylykda däl-de, takyk adamlar arkaly real beýan edilýär. Şahyryñ bu eserindäki gözeliñ suraty ýazuw edebiýatyndaky standart gözeliñ suratyndan bütinleý başgadyr. Görnüşi ýaly, şahyr durmuşdaky adamy, onda-da real adamlary suratlandyrýar, olaryñ diñe daşky keşbini çekmek bilen durmuş, olaryñ içki häsiýetlerini hem beýan etmäge synanyşyk edýär. Emma şahyr hemme wagt bir kadany saklamaýar. Ol Ejegi öwende hut öz ýüregindäkini beýan edýär, onda täze meñzetmeler, täze sözler, sada pikir beýan edilýär. Ejegiñ artykmaçlygy guraksy aýdylman, durmuşdaky adamlar bilen deñeşdirilip subut edilýär. Emma bu ýerde şahyryñ şygrynyñ çeperçiligi gowşaýar, onda ritmlilik, sazlaşyklylyk ýöntemleşýär: Bazbent jaýyñ ýasy, ýörüşiñ jansyz, Bara bilmen gije, berk bolar jaýyñ, Şahyryñ bu ýerde getiren "ýörüşin jansyz" ýa-da, özüniñ kimdigini tanatjak bolup aýdan "bir ýatan sansyz" meñzetmeleri şowly çykmandyr. Şonuñ ýaly-da şahyr şygyrda mazmuny hem yzarlap bilmeýär. "Bara bilmen gije, berk bolar jaýyñ" diýen setiriñ manysy yzky setirler bilen tutluşmaýar, bu bolsa çeperçiligine zeper ýetirýär. Şahyryñ köneden gelýän däp boýunça ýazan eserini okanymyzda weli, bular ýaly büdür-südürleri görmeýäris, şygyr öz-özünden akyp durýar: Asly päk göwher zümerret gaşlary ýaý, Bagtyhan, Şeýle-de bolsa bu şygyrdaky wasp edilýän predmet şahyryñ beýleki bir şygryndaky predmet ýaly aýdyñ göz öñüne gelmeýär. Sebäbi Bagtyhanyñ keşbinde standart ölçegleri görýäris, emma Ejegiñ keşbi weli takyk sada oba gyzynyñ keşbi, lirik gahrymanyñ öz söýgülisine bolan garaýşy-da Bagtyhana bolan garaýşy ýaly däl, anyk. Şonuñ üçin-de Bagtyhana garañda Ejegiñ obrazy has aýdyñ. Gurban şahyryñ söýgi lirikasy durmuşda bar bolan gelin-gyzlara bagyşlanylypdyr. Olar: Keýikhan, Ejek, Bagtyhan, Amanhan, Amanja, Owlak ýaly gyzlardyr. Şahyr şol şahslaryñ özlerine mahsus bolan aýratynlyklaryny, gylyk-häsiýetlerini, görk-görmeklerini, sypatlaryny bermäge çalşypdyr. Onuñ gahrymanlary şahya tanyş bolan adamlardyr: Alys ýerden talwas etdim ýar diýip, Tokgar hanyñ deñ-duşy oýnar daşynda, Ine, şahyr öz gahrymanlaryny suratlandyranda şeýle real çemeleşýär. Emma şahyryñ söýgi lirikasyndaky köp predmetlilik, köp şahslylyk olaryñ içki häsiýetlerini açyp görkezmäge, ol gahrymanlaryñ lirik gahrymana bolan garaýyşlaryny anyklaşdyrmaga päsgel beripdir, şonuñ üçin onuñ eserleri köplenç olaryñ daşky keşbini suratlandyrmaklyk ýagdaýynda bolupdyr. At sebäpli arz eder men, bir alaç et, gardaşym.[11] Emma şygyrda ol atyñ alnyşy, onun sebäpleri görkezilmeýär, ol umumy sözler arkalu wasp edilýär. Bu şygyr şahsy aragatnaşyk ýagdaýyndan çykyp, oda formasyna-mazmunyna öwrülmek kaddyna ýetirilipdir. Şygyrda esasy mazmyn at hakynda, onuñ gidişi hakynda bolmaly bolsa-da, Hojaly mollanyñ öwgüsi şygryñ başyndan başlap aýagyna çenli dowam edýär: Hak huda salgan nazar joşgunly derýa Hojaly[12] - - ýaly öwgüli setirler onuñ Bagtyhany taryp edip ýazan şygrynda gabat gelýär: Hak huda näzik ýaratgyn bir açylan gül kimin.[13] Şahyryñ bu şygrynyñ esasynda onuñ hut özüniñ şahsy durmuşy, bähbidi subýektiw garaýşy durýar. Eserdäki at gideren lirik gahrymanyñ obrazy tipik obrazdyr. Şonuñ üçin hem bu şygyr halk köpçüliginiñ arasyna giñden ýaýrapdyr. Ýigide wajypdyr söweşde ölmek.[14] Şonuñ ýaly-da şahyr söweşde ölen obadaşlary Harawyñ, Nepesgulynyñ ölümine bagyşlap ýörite elegiýalar döredipdir. Içi gara goñur, ýelimdir daşy.[15] XIX asyryñ ahyryndaky we XX asyryñ başyndaky edebiýatyñ ýagdaýy hakynda gürrüñ edilende edebiýatyñ öz temasyny durmuşdan alýandygy, onuñ takyk bar bolan predmeti, wakany, hadysany suratlandyrmaga başlandygy hakynda aýdylýar. Emma hemme predmet, waka, hadysa çeper eserde görkezileni bilen okyjyny tolgundyryp bilmez. Eserdäki suratlandyrylýan predmet, hadysa halk köpçüliginiñ durmuşy bilen bagly bolanda, ýagny durmuşdaky tipiki zat bolanda, ol eser okyjyny tolgundyryp biler. Meselem: Kemine öz içmegini suratlandyrýar, emma Keminäniñ şol içmegi müñlerçe garyplaryñ içmekleriniñ biridir. Gurban şahyryñ beýan edýän käsesi-de Keminäniñ şol içmegini ýadyña salýar. A.Nurýagdyýew. _________________________________ | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |