12:02 Bende Aly | |
BENDE ALY Bende Alynyñ durmuşy barada hiç hili maglumat ýok diýen ýalydyr. Ujypsyzja bolan maglumata görä, ol Gyzyletregiñ Garadegiş, Teñli, Gudri diýen obalarynda ýaşapdyr. Şahyryñ haçan dünýä inip, näwagt aradan çykanlygy hem belli däl. Onun hakyky ady Anna Aly bolup, Bende Aly onuñ edebi lakamydyr. Bende Aly öz ömrüni çarwaçylyk bilen ötüripdir. Muny şahyryñ "Çarwanyñ güni gurasyn" diýen şygryndan jem görmek bolýar. Ol öz maşgalasyna azyk satyn almak üçin Gürgene gidýär. Gürgende oturýanlar şahyrdan çarwanyñ ýagdaýyny soraýarlar. Anna olara ýokarky şygry bilen jogap beripdir. Şahyryñ birnäçe goşgusyny 1927-nji ýylda Gyzyletrek raýonynyñ Baýathajy obasyndaky mekdebiñ mugallymy Allamyrat Gulmämmedow ýazyp alypdyr. Ol şol ýazgysynda Anna Aly mundan elli ýyl ozal ýaşap geçen diýip belläpdir. Bende Aly sowatsyzlygy zerarly, öz şygyrlaryny ýazyp bilmändir. Onuñ halkyñ dilinden ýazylyp alnan şygry bolsa bäş sany. Ol şygyrlar TYA-nyñ golýazmalar fondunda saklanylýar.[1] Bakjanyñ çuñ bagybany saklawda gaýym sen gelin, Şu getirilen bendiñ birinji setiriniñ manysy hem düşnüksiz, ol diñe kapyýa üçin getirilipdir. Emma şahyr käwagt öz eserlerine özboluşlylyk girizmeklige hem ymtylypdyr. Ine, şu özboluşlylyk girizmäge ymtylan ýerinde hem şahyryñ duýgusy ýüze çykypdyr: Çeşmime röwşen beren, ýüz derde derman totyýa, Bendiñ üçünji setirinden görnüşi ýaly, şahyr aşyklyk zerarly özüniñ ile gürrüñ bolandygyny aýdýar. Magşuk weli edepli, haýaly bolup, ol halk içinde abraý gazanýar. Emma şu tarypyny edýän bendimiziñ hem çeperçiligine kössi degýän, ýerine düşmedik "sen şeýle zadym" ýaly umumy sözler bar. Alyp iýsem dänäñi, zäher bolsun janyma, Esere gatnaşýan gahrymanlardan daýhan öz ekinine bolan guwanjyny beýan edýär we şol guwanjyna garasaryñ şikest ýetirendigini aýdýar: Niçe kowdum gitmediñ, gelip gonduñ ekine, Eser boýdan-başa dialog bilen berilýär. Sözleriñ ýerbe-ýer getirilmegi, pikiriñ yzygiderliligi, artykmaç epizodlaryñ, detallaryñ bolmazlygy şygryñ çeperçiligine ýardam beripdir we şahyryñ gahrymanlaryñ suratyny dogry çekip bilmegine getiripdir. Bende Aly bu eserini durmuşa uzak wagtlap syn etmeklik bilen, liriki oýlanma esasynda döredipdir. Şol oýlanma arkaly hem okyjyda durmuşa bolan estetiki lezzeti oýarmak isläpdir. Durmuş öz bolşunda dogry beýan edilende, ol okyjyda estetiki lezzeti oýandyryp bilýär. Ine, şahyr şu maksady hem göz öñünde tutupdyr. Emma şygrynda dialektika hem ýüze çykman durmandyr. A.Nurýagdyýew. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |