18:11 Aşyk Çañly | |
AŞYK ÇAÑLY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Şahyryñ çyn ady Rahmanberdi bolup, Çañly ýa-da Aşyk Çañly onuñ edebi lakamydyr. Çañly Esenguly raýonynda 1823-nji ýylda dünýä inýär. Rahmanberdiniñ kakasyna Öwez diýer ekenler. Öwez hem irki döwürlerde şahyrçylyk edipdir. Onuñ asly hywaly. Emma ýerli han-begler bilen oñuşmanlygy üçin, Hywadan Gürgene göçmeli bolýar. Çañly ýomutlaryñ sakawy diýen tiresinden. Şahyr ýaşlygynda mal bakýar, soñra daýhançylyk edýär. Çañlynyñ kakasy Öwez Eýran goşunlarynyñ häli-şundi ýurdy çapyp duranlygy zerarly, ýene-de Hywa göçmeli bolýar. Bu göçüşiñ näwagt bolandygy belli däl. Ýöne, ol göç bilen şahyryñ hem gidenligu mälim. Çañlynyñ kakasy Öwez Hywa hany Mämmetreýim bilen gatnaşykly bolupdyr. Şol sebäpli ol Öwez han adyny hem alypdyr. Çañly Esengulyda oturýan wagtlarynda Bibi diýen bir dul gelin bilen söýüşýär. Şahyr Hywa göçenligi zerarly, söýgülisinden aýra düşýär. Çañly Hywadan ýörite Bibi üçin gaýdýar we ömrüniñ ahyryna çenli Etrek derýasynyñ boýunda ýaşaýar. Şahyr 1897-1898-nji ýyllarda aradan çykýar we Esenguly raýonynyñ Garadegiş diýen ýerinde jaýlanylýar. Çañly Hywadan gaýdýanlygyny beýan edip, şeýle ýazypdyr: Horezmden Horasana gider men, Hümmet senden, ýa Päliwan, hoş galgaý, Haýsy birin diýip, haýsyn aýdar men, Mämmetreýim - şahy-jahan, hoş galgaý![1] Şahyr birnäçe yşky-lirikanyñ, "Daglar" atly peýzaž lirikasynyñ awtorydyr. Çañlynyñ bu şygyrlary 1940-njy ýylda Musa Ballyýew diýen adam tarapyndan şahyryñ öz agzyndan eşiden Nurmämmet Omarow atly bagşydan ýazylyp alnypdyr. Şahyryñ söýgi lirikasynyñ saldamly bölegi söýgülisi Bibä bagyşlanypdyr. Ol şygyrlaryñ käbirinde Bibiniñ görk-görmegi wasp edilse, käbirinde liriki gahrymanyñ çekýän ahy-nalasy teswirlenýär. Çañlynyñ söýgülisini wasp edip ýazan şygyrlarynda şeýle bir özboluşlylygy görkezýän aýratynlyk ýok. Ol söýgülisini wasp edende, halk döredijiligine, klassyk şahyrlara eýeripdir: Tawus dej towlanyp, herýan garanyp, Gola şana alyp, zülpün daranyp, Al-ýaşyl geýinip, atlaz bürenip, Şemle-şal oramyş bili Bibiniñ. Aşyk boldum ýaryñ ala gözüne, Şähdu-şeker, şerbet deýin sözüne, Bibi gyz dogrusyn aýtsam özüne, Çolada gyssanyp, bäri gel, bäri.[2] Şahyryñ aşyklygy gizlin däl. Ol açykdan-açyk öz Bibisini wasp edýär. Emma liriki gahrymanyñ şahsyýeti aýdyñ görünmeýär, sebäbi ol öz söýgülisini wasp edende içki joşgunyny, tolgunmasyny şygryna siñdirip bilmändir. Emma Çañlynyñ ýaryndan aýra düşenindäki ýazan şygyrlarynda weli, liriki gahrymanyñ keşbi, bu aýraçylyk zerarly onuñ çekýän jebri aýdyñ göze ilýär: Seni ýamanlana dawa kylardym, Şirin janym yşk oduna salardym.[3] Bibi başga birine durmuşa çykarylýar. Şahyr bu ýerde Bibini ýazgaryp, "Bilmedim" eserini ýazýar: Tikilen garantgy, bet şekil surat, Mañzy ýok bir hoz ekeniñ bilmedim.[4] Çañly söýgülisini biwepalykda aýyplaýar, ony çeper meñzetmeler bilen masgaralaýar, üstünden gülýär. Eger şahyryñ Bibi baradaky duýgusy şu pikir bilen tamamlanan bolsady, biz şahyry durnuksyzlykda aýyplardyk. Çañlynyñ söýgüsi çyn söýgi bolmazdy, ol wagtlaýyn emele gelen bir durnuksyz duýgy bolardy. Emma şahyr Bibini her näçe ýazgarsa-da, ony erbet zatlar bilen deñeşdirse-de, Bibä bolan ýüregindäki söýgüsini öçügsilendirip bilmeýär. Liriki gahryman täzeden öz magşugyny zarlaýar we ýüreginiñ erkine berilýär: Dünýäde sen idiñ başymyñ täji, Sen täjiñi kime goýdurdyñ, Bibi. Meniñ gözüm seniñ husnuñ gallajy, Sen husnuñdan kimi doýdurdyñ, Bibi.[5] Çañlynyñ iñ oñat şygyrlarynyñ biri-de "Daglardyr". Dag tebigatyna belet şahyr onuñ haýwanlaryny, tebigatyndaky üýtgeşiklikleri özboluşly beýan edýär: "At" diýip, adam geler Hywa hanyndan, Arap atlar, goç ýigidiñ şanyndan, Aýrak, goç enesiniñ ýanyndan, Gyzyl burun, gyr taý tutanym daglar. Atgyr tüpeñ bilen çykyp şikara, Aýragyn, umgasyn atanym, daglar.[6] Şahyr diñe dagyñ gözel tebigatynyñ keşbini çekmek bilen çäklenmeýär. Onuñ halkyñ durmuşy bilen baglylygyny hem beýan edýär. Şygyrdan görnüşi ýaly, halkyñ maly dagyñ bir deresinden inip gelýär, bir deresinden bolsa çykyp barýar. Çañly şahyryñ beýleki temalarda ýazan eserleri entek biziñ elimizde ýok. A.Nurýagdyýew. _______________________________ [1] Inw. f. 655, 5 sah. [2] Inw. 2185, 130 sah. [3] Şol ýerde. [4] Şol ýerde. [5] Inw. f. 655. [6] Inw. 1111. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||