23:00 Gulaş şahyr | |
GULAŞ ŞAHYR Gulaş şahyr 1836-njy ýylda Gazanjygyñ Uzynsuw diýen obasynda dünýä inýär. Şahyryñ kakasy Durdyguly Jepbaryñ dört ogly, iki gyzy bar eken. Gulaş ýaşlykda eneden ýetim galýar. 13-14 ýaşa baranda, atasy hem ölýär. Bularyñ maşgalasy gaty garyp bolan. Şol zerarly hem ol on dört ýaşyndan başlap Dowlybaý Akynyñ malyny bakmaga mejbur bolýar. Şahyryñ aýalynyñ adyna Geñlik diýer ekenler. Ondan dokuz ogul bolýar. Gulaş soñabaka ekerançylyk bilen meşgullanýar. Ol miwe berýän agaçlaryñ köp sanysyny ýetişdirýär, ussaçylyk hünärini hem alyp barýar [1],[2]. Şahyr özüniñ ekin ýerini wasp edip, şeýle ýazypdyr: Uzynsuwdur, Garadag, Şahyr özüniñ çöregini, esasan, hünärmentçilikden gazanypdyr. Ol awçylyk hem edipdir: Towşanlary algyrym, 1870-nji ýyllar töwereginde mal bakyp ýören Gulaş şahyry kürtler ýesir alyp gidýärler we Garabugra diýen ýerde zyndana salýarlar. Onuñ hossarlary garyp bolany üçin şahyry satyn alyp bilmeýärler. Şol zerarlay hem Gulaş on ýyllap zyndanda oturmaly bolýar. Bar bolan maglumata görä, şahyryñ ildeşleri pul ýygnap, ony müñ tümene satyn alýarlar.[5] Bar bolan bir maglumata görä, Gulaş zyndandan gaçýar.[6] Başga bir maglumata görä, Gulaş zyndandan gaçýar. Şahyr garran wagtynda 1911-nji ýylda dünýäden ötýär. Ol Uzynsuwda jaýlanylýar. Tarlanly-tugunly, laçynly, guşly, Syrygar deresi, jülgesi akar, Gulaş şahyryñ bu eserini okanyñda, öz önüp-ösen ýeriniñ her bir dabany gözüne mähirli görünýän gahrymana duşýarsyñ. Şol bir wagtyñ özünde hem daglaryñ derelerinde mal bakýan aç-ýalañaç adamy-da görýäris. Öz gaýgy-hesretini ol gara daşlar bilen, şolaryñ arasynda mesgen tutan guşdur haýwanlat bilen paýlaşýan gahrymany tanaýarys. Ol ýerdäki zatlaryñ hemmesi şahyr üçin gözel, sebäbi şolarda onuñ aýagynyñ yzy, döken deriniñ ysy bar. Güýzeg bolar Töreteniñ billeri, Bu şygryñ çeperçilik taýyndan ýene-de bir aýratynlygy bar: onda şahyr öz obýektinden başga ýana sowulmaýar. Eserde diñe bir mesele - ýurduñ gözelligi beýan edilýär. Şygyrda her bir çeşme, dere özüne mahsus bolan gözellikde suratlandyrylýar. Bu ýagdaýlar Gulaş şahyryñ çeper eserler döretmäge ukyply bolandygyna şaýatlyk edýär. A.Nurýagdyýew. ____________________________________ | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |