14:46 Hojaly molla | |
HOJALY MOLLA
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Hojaly molla türkmen edebiýatynyñ taryhynda, esasan, edebi mirasy toplaýjy we öwreniji hökmünde tanalsa-da, onuñ şahyrçylygy dogrusynda welin, şu wagta çenli belli bir zat aýdylman gelinýärdi. 1915-1916-nky ýyllarda çykan "Протоколы заседаний и сообщений членов Закаспийского кружка любителей археологии и истории Востока" atly žurnalyñ 2-nji sanynda Hojaly mollanyñ "Gadym taryh" atly makalasy çykarylýar. Awtor makalasynyñ başynda şeýle ýazypdyr: "...Köp ýazykly, az tagatly, Gyzylarbat säkineli, Bäherdende ystykamat kylgyjy Molla Hojaly Myratberdi ogly. Taryhy Muhammedi sene 1331-de Rejep aýynyñ ýigrimi dördi ýekşenbe gününde, taryhy Isawy 1913-nji senede iýun aýynyñ on altynjy gününde, elli üç ýaşda... mundan soñky zaman adamlaryna ýadygärlik üçin bu taýga baş goýdum". Eger Hojaly molla 1913-nji ýylda 53 ýaşynda bolsa, diýmek ol 1860-njy ýylda dünýä inipdir. Hojaly mollanyñ ogly Myratberdiniñ aýaly Aýsoltan eje öz gaýyn atasynyñ durmuşy barada şeýle habar berýär: "Hojaly mollanyñ kakasyna Myratberdi molla diýer ekenler. Myratberdi molla Gökdepe urşunda wepat bolýar. Myratberdiniñ kakasynyñ ady Hojaly bolupdyr. Hojaly molla öz atasynyñ ady dakylýar. Myratberdiniñ ejesine Ogulsoltan diýer ekenler. Myratberdiniñ öz aýalynyñ ady Ogylbikedi. Ogulbike Bäherdeniñ Ýylysuw diýen ýerinde aradan çykdy. Hojaly molla tekäniñ mökrüp diýen tiresindendir. Hojaly molla üç dogan bolup, ol şolaryñ iñ ulusydy. Iñ kiçilerine Ýazmyrat diýerdiler. Ol perzentsiz dünýäden ötdi. Hojaly mollanyñ oglunyñ ady Myratberdidi. Galan at bolany üçin, oña Atamolla hem diýerdiler, men şonuñ aýaly. Hojaly mollanyñ ýene-de ýedi sany gyzy bardy. Myratberdiniñ ogly Gurbanberdi bolsa uruşda öldi. Hojaly mollanyñ aýaly Nyýazgül Bäherdeniñ Durun obasynda oturýan Orazgeldi mollanyñ doganydy..."[1] Hojaly molla ýaşlykda Bäherdeniñ Durun obasyndaky Rahmanberdi işanyñ medresesinde okaýar. Onuñ medresäni gutaranlygy ýa-da gutarmanlygy belli däl. Hojaly molla 1890-njy ýylda açylan rus-tuzem mekdebinde üç ýyl okaýar. Ol 1879-njy ýyldan tä 1960-njy ýyla çenli Ashabad uezdiniñ Durun pristawybda mürzeçilik wezipesinde işleýär. Soñra ol senetçilik bilen meşgullanýar. Hojaly mollanyñ kakasy Myratberdi hem sowatly bolupdyr. Ol hem türkmen edebiýaty bilen gyzyklanýan eken. Kakasynyñ beýle häsiýeti ogly Hojaly molla-da täsir edýär. Ol hem türkmen halk döredijiligi we edebiýaty bilen gyzyklanyp başlaýar. Bu hakda Aýsoltan eje şeýle maglumat berýär: "Ol dilewardy, Keminäniñ, Ependiniñ şorta sözlerini aýdyp bererdi. Ol goşgy goşardy, okardy, kitaplary kändi, onuñ gurama kitaby bardy, Hojaly mollanyñ gündeligi bardy"[2] Hojaly mollanyñ ylymly, akylly adamdygyny onuñ kitaba, halk rowaýatlaryna söýgüsiniñ kändigini akademik A.N.Samoýlowiç hem ýazypdyr.[3] Hojaly mollanyñ türkmen edebiýaty we onuñ halk döredijiligi bilen gyzyklanyp gelendigini onuñ A.N.Samoýlowiçe iberen materiallary hem tassyk edýär. Ol Belýaýewe iberen hatynda türkmen nakyllaryndan bir kitapça taýyn edendigini hem ýazypdyr. Ine, şular hem Hojaly mollada şahyrçylyk zehininiñ oýanmagyna täsir edipdir. Hojaly mollada şahyrçylyk zehininiñ bardygyny A.N.Samoýlowiç hem belläp şeýle ýazypdyr: "Мне не привелось найти среди туркменов писанных воспоминаний о последнем решительном событии как истерический приходов русских. Молла Ходжали, довольно лекго владеющий стихом поведал мне, что давно собирается вместо с одним своим другом обработать в стихах рассказы соплеменников м собственные впнчатления о "Гёкдепе дагвасы".[4] Görnüşi ýaly, Hojaly molla şygyr düzmegi başarýan adam bolupdyr. Bu ýagdaý onuñ şygyrlaryndan hem görünýär. Aýsoltan ejäniñ aýtmagyna görä, Hojaly mollanyñ öz şygyrlaryny ýazýan ýörie gurama kitaby-da bolupdyr. Şeýle-de bolsa, şahyryñ bize gelip ýeten mirasy juda ujypsyz ýagdaýdadyr. Ol eserlerini Kätibi lakam bilen ýazar eken. Hojaly molla Magtymgulynyñ tematikasyny synlamak bilen, şeýle ýazypdyr: "Magtymguly ajaýyp... zat görse ýazardy. Gezen ýerinde her jüre sözleri ýazmaga başlardy".[5] Şu sözleri bilen ol beýik şahyryñ öz temasyny durmuşdan alandygyny dogry belleýär. Hem edebiýatçy, hem şahyr Hojaly mollanyñ özi şu prinsipe eýerip bilipmi? Ýok. Hojaly molla öz döredijiliginde subýektiwizmden öñe gidip bilmändir. Ol durmuşyñ jümmüşinde aralaşmagy başarmandyr. Hojaly mollanyñ bize mälim bolan şygyrlaryndan iki sanysy akademik A.N.Samoýlowiçe ýazylan hatlar hökmündäki şygyrlarydyr. Ol şygyrlarda awtor özüniñ alyma bolan duýgudaşlygyny beýan edýär. Şygyrlarda iberilýän adamyñ-da, iberýän adamyñ-da takyk obrazy belli däl, olarda durmuş meselesi görkezilmän, diñe şahsyýetleriñ bir-birine bolan subýektiw garaýyşlary beýan edilýär. Emma türkmen edebiýatynyñ taryhynda goşgy bilen iberilýän hatlaryñ ullakan terbiýeçilik ähmiýete eýeleri-de bolupdyr. Zynharynyñ Allaha iberen hatynda[6] onuñ parahorlar, ahlaksyzlar hataryna goşulandygy duýdurylýar we ol ýazgarylmak bilen, dogry ýola çagyrylýar. Bu hat Allaha ullakan täsir edýär we onuñ zähmetkeşleriñ tarapyna geçmegine ýardam berýär. Zynharynyñ ol hatynyñ ullakan taryhy ähmiýeti bar. Çünki Zynhary öz hatynda durmuş meselesini öñe sürýär we ony takyk detallar bilen subut edýär. Emma Hojaly mollanyñ bu hatlarynyñ mazmuny iki dostuñ arasyndaky şahsy gatnaşykdan añry geçip bilmändir. Hojaly mollanyñ "Gadym taryh" ady bilen çap etdiren makalasynyñ içinde onuñ Keýmir köre bagyşlap ýazan mesnewi formasyndaky bir şygry hem çap edilipdir: Är nazar salsa, kesek nan bolar, Hak nazar salsa, kişi soltan bolar. Herne aýtgan sözleri bolmaz hata, Hak aña öz lutfudan kylmyş eta.[7] Bir gözi dogmuş eneden kör idi, Bir gözi ýaşlykda kör bolmuş idi.[8] Awtor özüniñ bu eserinde türkmen halkynyñ legendar gahrymany bolan Keýmiri wasp edýär. Ýöne bu ýerde hem awtor gahrymanynyñ tipiki obrazyny onuñ bitiren işleri arkaly takyk suratlandyryp bilmändir. Ol öz gahrymanyny umumy äheñde wasp edýär. Şahyr öz suratlandyrýan zadyndan obýektiw netije çykaryp bilmän, abstraktlyga ýüz urýar. Onuñ pikiriçe, suratlandyrylýan gahrymanyñ şol derejä ýetmegi diñe hudaýtarapyn bolýar. Hojaly molla 1906-1907-nji ýyllarda hem şygyr ýazýan eken. Bu kärini 1915-1916-njy ýyllarda-da dowam etdiripdir. Ol öz şygyrlaryny goşuk, mesnewi we gazal formasynda ýazypdyr, özi-de şol şygyr formalarynyñ ussady bolupdyr. Ep-esli döwürde şygyr ýazan we goşgy düzmekligiñ ussady bolan Hojaly mollanyñ bize gelip ýeten edebi mirasy, ýokarda belleýşimiz ýaly, ujypsyz mukdarda. Şonuñ ýaly hem şahyryñ döredijilik tematika dar. Biziñ pikirimizçe, onuñ eserleriniñ hemmesi toplanylyp ýetişilmändir. Entek şahyryñ bize belli bolmadyk eserleriniñ halk arasyndan tapyljakdygyna umyt baglamak gerek. Ine, şol wagtda Hojaly mollanyñ döredijiligini hemmetaraplaýyn derñemeklige şert dörär. Akademik Samoýlowiç Hojaly molla 1917-nji ýylda dünýäden öten diýip görkezýär. Emma Aýsoltan eje Hojaly mollanyñ soñky döwürlerde gumdaky Sekizajy diýen obada oturandygyny, şol ýerden Gyzylarbada göçüp gelendigini, Sowet hökümeti ýeñeninden üç ýyl soñ aradan çykandygyny, onuñ Gyzylarbadyñ Garabogaz diýen ýerindäki Gaplañly ata gonamçylygynda jaýlanandygyny gürrüñ berýär. A.Nurýagdyýew. ______________________________________ [1] Inw. 2196. [2] Şol ýerde. [3] "Записки Восточного отделения императорского русского археологического общества", т. XVIII, СПБ, 1908 г. [4] Sankt-Peterburgyñ Saltykow-Şedrin adyndaky döwlet kitaphanasynyñ golýazmalar bölümi, f. 671, iş. 112. [5] "Закаспийская туземная газета", 3, IV-1915, N"25. [6] Inw. 110. [7] "Протоколы заседаний и сообщений членов Закаспийского кружка любителей археологии и истории Востока", N"2. Асхабад, 1916. [8] Şol ýerde. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |