01:40 Allaguly Saýatly | |
ALLAGULY SAÝATLY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Allagulynyñ ömri we döredijiligi hakynda takyk maglumat ýok. Käbir maglumata görä, ol 1810-njy ýylda doglup, 1898-nji ýylda hem aradan çykýar. Başga bir maglumatda bolsa 1813-nji ýylda doglup, 1901-nji ýylda hem dünýäden ötýär. Allagulynyñ kakasyna Ataş molla diýer ekenler. Ataş molla hem şahyrçylyk edipdir, emma şygyrlary bize gelip ýetmändir. Ataş mollanyñ kakasyna Öwezberdi diýer ekenler. Allaguly şahyr Esengulyda jaýlanylýar. Allagulynyñ häzir on sany goşgusy bize belli bolup, olar TYA-nyñ golýazmalar fondundaky 931, 1111, 1633, 1783, 1954, 2185-nji bukjalarda saklanylýar. Şahyr şygyrlaryny Allaguly ýa-da Bendeguly ady bilen tamamlapdyr. Ol il arasynda, esasan, Allaguly Saýatlu ady bilen tanalýar.[1] Allagulynyñ durmuşy garyp bolupdyr. Onuñ näme kär edeni belli däl. Ol sowatsyz eken. Bu sowatsyzlyk şahyra durmuşyñ içki çylşyrymlyklaryna aralaşmagyna mümkinçilik bermändir. Emma tebigy zehin halkyñ jümmüşinde ýaşaýan Allagulyra estetiki duýgynyñ döremegine sebäp bolupdyr. Şahyryñ döredijiliginiñ esasy temasy önüp-ösen ýeriniñ gözel tebigatyny söýmek, durmuşda ýüze çykýan wakalara seslenmek bolupdyr. Allaguly söýgi temasyndan hem eser döredipdir. Emma bu meselede hem şahyryñ ýurduna söýgüsi magşugyna bolan söýgüden ileri durupdyr. Liriki gahryman magşugyny wasp edýär. Emma gahrymanyñ göz öñünde söýgüliniñ ornuna oba, çeşme atlary peýda bolýar we magşugyñ obrazy şol atlaryñ içinde ýitip gidýär: Maşat-Misseriýanyñ görje ýerinde, Gaýgy-gam ýok, goç ýigidiñ serinde, Bugdaýly bogazda, Koýmat burunda, Şol burunda ýat eýläýin ýar seni. Guýly gurt inmezde, Tüññi barada, Atly gatnamazlar iki arada, Egrije böwsükde, Garma derede, Şol derede ýat eýläýin ýar seni.[2] Şahyryñ sekiz bentli şu şygrynyñ bir-iki bendini aýyrsañ hem ol şygyrlygyna galýar. Şygryñ çeperçiligini alamatlandyrýan häsiýetleriñ biri bentleri biri-birinden aýryp bolmazlygydyr. Her bendiñ soñunda gelýän setir öñündäki bentleriñ jemlemesi bolmalydyr. Ýer atlaryny getirmek bilen, liriki gahrymanyñ öz magşugyny zarlaýan ýerlerine "Zöhre-Tahyr" ("Ýerlere"), "Saýatly-Hemra" ("Agladym") ýaly dessanlarda hem duş gelinýär. Emma olarda şol ýer bilen baglanyşykly aşyk-magşugyñ arasynda bolan bir detal suratlandyrylýar we okyjynyñ göz öñünde bir waka peýda bolýar. Allagulynyñ bu şygrynyñ çeperçilik taýyndan gowşak çykmagynyñ sebäbi, ýokarda aýdyşymyz ýaly, onuñ Gündogaryñ poetik ussatlygyny doly ele alyp bilmezligidir, ikinjiden, ol elmydama öz söýgülisiniñ duýgusy bilen ýaşamandyr. Haýsy-da bolsa bir waka şahyryñ añynda uzak wagtlap dowam etse, ol şol wakanyñ duýgusy bilen ýaşasa, bu wagtda döredilen eser birbada ýüze çykýan duýgy zerarly döredilen eserden çeper bolýar. Biz muny Allagulynyñ "Ýar seni" şygry bilen "Röwşen eýle" şygryny deñeşdirmek bilen görüp bilýäris. Şahyryñ elli bir ýaşynda bir ogly bolýar. Çaga ýaşlykda mama keseli degip, görejinden aýrylýar. Allaguly bu ýagdaýda uzak wagtlap hesret çekýär: Bendeguly, köp çekerdim ahy-zar, Elli birde saña boldum intizar, Isa, Musa sizler boluñ medetkär, Balamyñ çeşmini röwşen eýle.[3] Şahyr şu şygrynda özüniñ hesretini, perzende bolan söýgüsini ussatlyk bilen beýan edýär. Şygyrda şahyryñ duýgusy aýdyñ bolýar. Allaguly önüp-ösen ýurdundan aýra düşýär. Öz ýurduny söýen şahyr bu aýraçylygy unudyp bilmeýär, elmydama watana dolanmak arzuwy bilen ýaşaýar. Ine, şu zerarly hem onuñ öz watany hakda ýazan şygry çeperçilige ýugrulypdyr. Goýun jañlar çykar, ýol eder sürnek, Gaýyp ata birle ol gabyl Burnak, Egni çarh gowaly gul bilen gyrnak, Küýüm arzuw eýlän jaýlar, gal indi.[4] Ýaz gelende boldur ýagy, sargany, Şaýydyr gowasy, hamdyr urgany, Ak akyn, Gara akyn, gürde Gurgany, Namart, jomart diýen düzler, gal indi.[5] Şahyryñ bu şygry hakyly predmet esasynda ýazylandygy, durmuşy dogry suratlandyryp bilendigi zerarly, çeperçilik taýyndan onuñ "Ýar seni" goşgusydan artykmaçdyr. Eger şahyr diñe bir ýurt atlaryny sanan bolsady, onda şygrynyñ çeperçiligi häzirki derejesine göterilip bilinmezdi. Bu şygry şygyr eden zat ondaky getirilen predmetleriñ ynsan durmuşy bilen baglylykda beýan edilmegidir. Allaguly halkyñ sylagly, hormatly adamlaryndan biri bolupdyr. Ol halk durmuşy bilen bagly bolan her bir meselä gatnaşypdyr we degerli maslahatlar beripdir. Şahyr goşgy düzmegini ömrüniñ ahyryna çenli diýen ýaly dowam etdiripdir. Onuñ garran döwründäki eserlerinde hem, ýaşlykda ýazan şygyrlarynda bolşy ýaly güýçli hyjuwlylyk, öz ilini, watanyny söýmeklik öñ hatarda durupdyr. Şahyra pessimistik ideýalar ýat bolupdyr: Hajy han gürlese kenar ilinde, Harby-jeñ ýaragy taýýar bilinde, Ors, türkmen ygtyýary elinde, Şer isteseñ, meýdan-ýerlerim bardyr.[6] Allagulynyñ bu şygry Türkmenistan Russiýa birleşdirileninden soñra, ýagny 1881-nji ýyldan yzky döwürde ýazylypdyr. Ol döwürde şahyr eýýäm ýetmiş ýaşdan agan eken. Emma on bäş bentli bu eserde garrylygyñ alamaty duýulmaýar. Şygyrda türkmen halkynyñ batyr ogullarynyñ atlary sanalýar we şol batyrlaryñ üsti bilen hem Astrabat hanyna gaýtawul beriljekdigi duýdurylýar. Allagulynyñ öz döredijilik aýratynlygy bar. Şahyr peýzaž hakynda ýazan wagtynda, ýer-ýurt atlaryny birin-birin getirse, oda ýazan wagtynda hem gahrymanlary yzly-yzyna sanaýar. Emma bu ýagdaý görkezilýän predmetiñ we suratlandyrylýan gahrymanyñ obrazynyñ hemmetaraplaýyn açylmagyna päsgel beripdir. Şahyryñ şygrynda bir predmetiñ ýa-da obrazyñ dürli taraplary hakda aýdylman, umumy beýan etmek häsiýeti köp ýüze çykypdyr. Bu ýagdaý eseriñ çeperçiligine, belli bir derejede, nogsan beripdir. Emma muña garamazdan, onuñ eserleri hakyky durmuş wakalaryna, bar bolan predmete, tebigat gözelliklerine ýüzlendirilendir. Şonuñ üçin ol eserleriñ estetiki lezzeti bar we öwrenilmäge mynasyp. A.Nurýagdyýew. _________________________________ [1] Allaguly Saýatlydan başga-da üç sany Allaguly atly şahyryñ bolandygyny bellemek gerek. Olardan birinjisi Allaguly şahyr bolup, ol häzirki Kerki raýonynyñ Astanababa obasynda XIX asyrda ýaşap geçýär. Bu şahyr öz eserlerini Allahy lakamy bilen ýazypdyr. Ikinji bir Allaguly atlandyrylýan şahyr Günbatar Türkmenistanda XIX asyrda ýaşap geçýär. Allaguly şahyryñ asly ýomudyñ ýylgaýlar bölüminden eken. Şahyryñ nebereleri häzir Gazanjyk raýonynda ýaşaýarlar. Bu şahyryñ eserleri bize gelip ýetmändir. Il arasynda ýörgünli dowam edýän "Başyma meniñ" atly satiriki şygyr Allaguly ýylgaýyñkydyr diýen çaklama bar, emma bu mesele entek açyklygyna galýar. Üçünji bir Allaguly atlandyrylýan şahyr Marydan bolup, XIX asyryñ ahyrynda we XX asyryñ birinji ýarymynda ýaşap geçipdir. Bu şahyr ýaşlykdan kör bolany üçin, Allaguly kör lakamyny hem alypdyr. [2] Inw. 1111. [3] Inw. 1954. [4] Inw. 1783. [5] Inw. 2185. [6] Inw. 1954. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||