MERET
Meret şahyr 1866-njy ýylda dünýä inip, altmyş ýaşda, ýagny 1926-njy ýylda hem aradan çykypdyr[1] diýen maglumatlar bar. Emma başga bir maglumatda Meret şahyr barada şeýle diýilýär:
"Şu aşakdaky goşgyny ("Han boldy" -A.N.) aýdan Meret adynda bir şahyr bolup, şu wagt Gürgende ýaşaýar, ýaşy 60-65 çemesi".[2]
Soñky maglumaty Ahundow Gürgenli 1928-nji ýylda ýazypdyr. Mundan görnüşine görä, şahyr 1868-nji ýylda dünýä inýär. Onuñ dünýäden öten wagty mälim däl. Ýöne 1928-nji ýylda gartaşan adam eken. Ikinji maglumat hakykatdyr, çünki Ahundow bu habary ýazan wagtynda şahyr diri eken.
Meret atly başga bir türkmen şahyryñ hem bolandygyny bellemek gerek. Ol öz şygyrlarynu Gulmeret ady bilen ýazypdyr. Şahyryñ näwagt ýaşap geçendigi mälim däl. Ýöne onuñ eserleri örän irki döwürde ýazylan 95-nji golýazmada gabat gelýär. Golýazmasynyñ kagyzyna we hatyna seredeniñde, ol XIX asyryñ I ýarymynda ýa-da ortalarynda ýazylandyr diýip çaklamak mümkin. Gulmeret sowatly şahyr bolupdyr, ýazuw edebiýatyndan doly habarly eken. Ol Magtymgulynyñ öñe süren agzybirlik temasyny goldapdyr, nesihat edipdir. Gulmeret öz şygyrlarynda sosial meselä hem degip geçýär. Megerem, Gulmeret XIX asyryñ birinji ýarymynda ýaşap geçen şahyr bolsa gerek.
Biziñ gürrüñini edýän Meret şahyrymyz Günorta-Günbatar Türkmenistanyñ, Garrygala, Gyzylarbat sebitlerinde önüp-ösýär we ömrüni Gürgende paýawlapdyr. Meret şahyr sowatsyz bolupdyr. Emma türkmen halk döredijiliginden we klassyky poeziýamyzdan gulagy ganan Meretde şahyrçylyk ukyby peýda bolýar. Meret şahyr durmuşyñ dürli ugurlaryna bagyşlap eserler döredipdir. Onuñ bize belli bolan eserleriniñ saldamly bölegi söýgi temasyna bagyşlanypdyr.
Şahyryñ söýgi temasyny işlemekde esasy nusgasy folklor we özünden öñ ýaşap geçen şahyrlaryñ döredijiligidir. Dogry, Meret ol şygyrlaryny hut öz obadaşlary bolan Solta, Annagül ýaly gelin-gyzlara bagyşlapdyr. Emma şahyr olarda özboluşlylyk gazanyp bilmändir.
Ak ýüzüñ, gara gaşyñ,
Süýtden sefitdir dişiñ,
Tawus kimin towuşyñ,
Çykar inçe bil Soltan.[3]
Bir bölek boz jeren çykypdyr çöle,
Bir özi görüner göze Soltanyñ.[4]
Meret şahyr gaty garyp bolupdyr. Ol mydama öz ýaşaýşyndan nalapdyr. Bu ýagdaýy onuñ "Seniñ", "Boldy" eserlerinden açyk añmak bolýar. Bu diñe bir şahyryñ öz subýektiw obrazy bolman, şol döwrüñ jemgyýetçilik gurluşyndaky zähmetkeşleriñ tipiki obrazydyr. Ol gahryman durmuşdan zeýrenýär, emma çykalga tapman, pelege şikaýat etmek bilen kanagatlanýar. Meret şahyryñ sowatsyzlygy oña durmuşyñ içki ýagdaýlaryna aralaşmagyna päsgel berýär.
Şahyryñ köp eserleri durmuşy tema bagyşlanypdyr. Olarda hyýaly, abstrakt zatlar düýbünden ýok diýen ýalydyr. Sowatsyz şahyr hiç bir eserinde dini ündew etmeýär, tersine, dine bir hili ikirjiñlenmek bilen garaýar. Onuñ gorkaklaryñ üstünden gülüp ýazan "Boldy" atly eserinden ýokarky pikirimize degişli mysaly tapyp bileris:
Kadyr möwlam, şumy senden umydym,
Ýolganym ýolbarsdyr, gitdi gaýratym.[5]
Meret şahyr, elbetde, dini inkär eden däldir.
Şahyryñ hakyky öz ýüzüni görkezýän iñ realistik eseri "Naragyz" diýen şygyrdyr. Şahyr bu eserinde hiç hili öýkünmä ýüz urmaýar, ol hut şahyryñ öz duýgusynyñ beýanydyr.
Meret şahyr bu şygrynda Naragyz diýen atyñ suratyny çekmek bilen durmaýar, adamlaryñ oña bolan duýgularyny-da beýan edýär:
Uludan kiçidir, kiçiden uly,
Gamçylar ardynyñ bardyr sekili,
Reñki nar gara, burnak depeli,
Saña sakar diýen ýalñar Naragyz.[6]
Bu setirlerden görnüşi ýaly, şahyr beýan edýän predmetibi umumy ýazman, onuñ iñ ownuk detallaryna çenli yzarlaýar. Meret şahyryñ eserleriniñ birnäçesi rewolýusiýadan öñki, birnäçesi hem soñky döwre degişlidir.
__________________________
[1] Inw. 254, 10 sah.
[2] Şol ýerde.
[3] Inw. 1954, 54 sah.
[4] Inw. f. 759, 39 sah.
[5] Inw. 251, 10 sah.
[6] Inw. 43, 2 sah.
A.Nurýagdyýew.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly