22:46 Nury şahyr | |
NURY ŞAHYR
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Nury şahyr ýa-da Nurmuhammet 1824-nji ýylda, käbir maglumatda bolsa 1827-nji ýylda[1] Çelekeniñ Ogamene diýen ýerinde dünýä inýär. Ol aslynyñ çelekenlidigini öz eserinde hem beýan edipdir: Eý ýaranlar, habar alsañ, Çelekendir ýurdum meniñ.[2] Nury şahyryñ kakasy Berkeli garyplykda ýaşapdyr we dört ogluna oñly bir zat miras galdyryp bilmändir. Berkeli aradan çykandan soñ ýetim galan çagalaryñ ýagdaýy gaty agyr bolupdyr. Ýedi ýaşda mekdebe berlen Nury atasy ölenden soñ mekdebi taşlap, baýlaryñ günlükçisi bolup işläpdir. Nurynyñ näçe ýaşda kakasyndan aýra düşendigi belli däl, ýöne ýaşlykda ýetim galandygy mälim: Nurmuhammet, çagyr Kadyr Eýäni, Depä çykyp, köp gözledik düýäni, Dört ýetim ýitirdik ýeke maýany, Bu gamdan azat et bizi, Jelalym.[3] Ýokardaky getirilen mysaldan görnüşi ýaly, Nury bu şygryny ýaş wagtynda ýazypdyr. Muny şygryñ temasyndan, onda getirilýän sözlerden, pikiriñ beýan edilişinden görmek bolýar. Şahyryñ durmuşy elmydama agyr geçipdir. Ol köp adam bergidar bolany üçin, obadan çykyp gitmäge hem mejbur bolupdyr. Emma öz şahyryny gowy görýän obadaşlary onuñ bergisini üzüp beripdirler. Bu habary eşiden Nury gaty begenipdir we ilatyna bolan guwanjyny şygyr üsti bilen beýan edipdir: Ilim-günüm, dostum-ýarym, gardaşym, Alhamdylla, boldy göwnüm şat meniñ; Zamandaşym, deñim-duşum, syrdaşym, Gamgyn halym horram kyldy hat meniñ.[4] Şahyr şeýle ylymly bolmasa-da ýazyp, okap bilýän eken, şeýle-de ol dini kitaplardan, rowaýatlardan habarly bolupdyr. Bu ýagdaýy onuñ Ezber şahyr bilen aýdyşan muammasy açyk görkezýär. Emma döredijilik işine ýaşlykdan başlan we ýazuwdan başy çykýan şahyryñ bize gelip ýeten edebi mirasy weli juda ujypsyz. Zulum-sütemiñ agyr ýüküni gerdeni bile çeken we halkyñ gözgyny ýaşaýşyny gören şahyryñ sosial meselä seslenmezligi mümkin däl. Nurynyñ uly bir depder goşgusy krasnowodskili Derwüş Magtymda bar eken. Emma ol depder 1937-nji ýylda ýitipdir diýen maglumat hakykata ýakyn gelýär. Şahyryñ häzirki bize belli eserleri, esasan, biografik, elegiýa, muamma görnüşindäki şygyrlardyr. Nury şahyryñ eserleri halk durmuşyna ýakynlygy, çeperçilik taýyndan oñat ýazylanlygy zerarly, ilat arasynda uly abraýdan peýdalanypdyr. Mundan hem başga onuñ astrahanly Muhammet Sapa (1800-1871), hywaly Ezber, Berdi ýaly şahyrlar bilen dostluk we edebi gatnaşyk saklamagy Nurynyñ halk arasyndaky abraýyny has hem artdyrypdyr. Ine, şu ýagdaý hem onuñ döredijiligi biken rus alymlarynyñ gyzyklanmagyna getiripdir. Şahyryñ bir şygry 1873-nji ýylda "Kawkaz daglylary hakyndaky maglumatlar ýygyndysy" diýen žurnalda çap edilipdir.[5] Emma ol şygryñ türkmençe teksti häzire çenli ele salynman gelýär. Şahyryñ bu şygrynda rus goşunlarynyñ edermenlikleri, tertip-düzgünleri wasp edilýär. Nury olaryñ sanynyñ känligini görkezmek bilen, ruslara öz simpatiýasyny hem bildirýär. Türkmen şahyrlaryndan ruslara simpatiýa bildirenleriñ ilkinjileri Muhammet Sapa we Nury şahyrdyr. Emma Muhammet Sapa Nury şahyra garanyñda, ruslara has ýakyn durupdyr, hatda ol ruslara garşy çykan adamlary ýazgarypdyr. Nury şahyr şygrynda rus goşunlarynyñ sanyny, gämisiniñ mukdaryny ýüz müñ diýip görkezýär: Aýdaýyn men näme görenim hakda, Demirden, galadan ýollary gördüm; Çykdylar galadan ýüz müñläp atly, Otlamaz, suwsamaz mallary gördüm. Ýüz müñ soldat geler, ýüz müñ ýasawly, Ýüz müñ begler geler, ýüz müñ saklawly, Ýüz müñi gaýduwsyz, ýüz müñi atly, Ýene ýüz müñ rus - batyr haýbatly.[6] Ýüz müñ knýaz geler, ýüz müñ sowutly, Ýüz müñ kazak geler, ýüz müñi atly, Ýüz müñ dagystanly - arslan ýürekli, Ýene suwda ýüz müñ gämili geler.[7] Bu sanlar şahyryñ ulaltmasydyr, çünki türkmenleriñ halk döredijiliginde, ylaýta-da "Görogly" eposynda belli-belli lomaý sanlary ulanmaklyk giñ ýaýrapdyr. Nury hem şol tärden peýdalanýar. Şahyr bu şygryny ýazmak bilen, birinjiden, ruslara simpatiýa bildiren bolsa, ikinjiden, şeýle güýçli goşunyñ garşysyna çykmagyñ mümkin däldigini halka duýdurypdyr. Patyşa samoderžawiýasynyñ metbugaty bolsa eseri çap etmek bilen, rus patyşasynyñ güýjüni mazamlamak isläpdir. Her halda eserden şahyryñ öz obýektine dogry çemeleşendigini görmek bolýar. Nurynyñ bize galdyran edebi mirasynyñ içinde söýgi temasynda ýazylan ýekeje eser bar: Bizd gözel görmüşem ile seretgen, Şol gözelden el götermek bolarmy. Bir bakyşda üç ýüz altmyş näz etgen, Lälezardan el götermek bolarmy. Çarýary ýollady ýeriñ ýüzüne, Hiç kimsäniñ akly ýetmez özüne, Şek getiren käfir bolýar sözüne, Şol gözelden el götermek bolarmy.[8] Şahyryñ bu şygryndaky getirilýän predmet aýdyñlaşmaýar we obýektiñ nämedigi saýgarylmaýar. Şeýle-de bolsa, şygyr Hudaýa ýüzlendirilipdir. Bu esere sufistik äheñde ýazylan şygyr hem diýmek mümkin däl. Sebäbi sufistik äheñde ýazylan eserlerde dünýä wepasyz, onuñ hiç hili gözelligi ýok, hemme zatlar geldi-geçer hasaplanylýar, şol geldi-geçerleriñ içinde diñe Hudaýyñ suraty lowurdadylyp görkezilýär, oña gowuşmaga arzuw edilýär. Biziñ pikirimizçe, sufizmin Nura azda-kände täsiri bolupdyr, emma şahyra düýpli täsir edip bilmändir. Şahyr öz döredijiligini, esasan, durmuşda azanlary ýazgarmaklyga bagyşlapdyr we zähmetkeş halkyñ tarapynda durupdyr. Halk söýgüsini gazanan Nury şahyr 1903-nji ýylda dünýäden ötüpdir. Ol Çelekende Ogamene diýen ýerde jaýlanylýar. A.Nurýagdyýew. _________________________________ [1] A.Meredow, A.Oraztaganow "Nury şahyr" / "Sowet Türkmenistany" gazetiniñ 01.04.1962-nji ýyldaky sany. [2] Inw. 2185. [3] Şol ýerde. [4] Inw. 2185. [5] "Cборник сведений о кавказских горцах", в VII. Тифлис, 1874, 20-nji sah. [6] "Cборник сведений о кавказских горцах", в VII. Тифлис, 1874, 20-nji sah. [7] Ýokarda görkezilen žurnaldan sözme-söz terjime eden awtor. [8] Inw. 2185. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |