17:27 Gurbangylyç Hydyrow: Gülki hazynasy | |
GURBANGYLYÇ HYDYROW: GÜLKI HAZYNASY
Ýatlamalar
Kitap tekjämde belli satirik ýazyjy Gurbangylyç Hydyrowyň «Salam alýan günüm däl», «Suw seňrikden aganda», «Ýedi ýürekli gassap» atly kitaplary bar. Her gezek bu kitaplara gözüm düşende Gurbangylyç aga bilen bagly ynha, şu pursat ýadyma düşýär. Ol kän wagt ýarawsyz ýatdy. Wagt tapyp, ýagdaýym bolsa onuň halyndan habar alyp gaýdýardym. Ýogalmazynyň öň ýanlarydy. Bir gün öýlerine barsam, ol üç-dört ýassygy arkasyna söýget edip oturan eken. Öňünde «Edebiýat we sungat» gazeti, şeýle-de, kiçiräk ýandepderçesi dur. Äýneklem görmänsoň, harplaryň üstünde lupa goýup okajak bolýardy. Bir elinde-de ruçka, ak kagyza bellik etjek bolýar. Gapydan seredip synlap duranymy aňanokdy. Ogulboldy gelneje hemişeki ýaly, meniň gelenimi duýdurjak boldy. «Ünsüni bölme» diýip, üm bilen düşündirdim. Ahyry onuň özi başyny galdyrdy. Hal ýagdaý soraşdyk. Ol elindäki ruçkasyny goýup: — Näme üçin ýygy-ýygydan gelibereňok? — diýdi. — Wah, Gurbangylyç aga, geljek-le welin, öýde-de iş tapylaýýar — diýip ýagdaýymy aýtdym. «Näme bellik etdikä» diýip, iki gözümem ak kagyzda. Ogulboldy gelneje bilen ýazyja emaý bilen düşeginde gyşarmaga kömekleşdik. Şonda ak kagyzyň ýüzündäki ysgynsyz eller bilen ýazylan düşnüksiz ýazgylara gözüm kaklyşanda, inim dyglap gitdi. Gözümden biygtyýar gaýdan gözýaşymy gizlejek bolup: «Köp gelsemem, aýal adam, çekinýänem» diýen boldum. Başga wagt, hökman bir degişme bilen ýylgyrdýan ýazyjy bu gezek şeýle diýdi: «Kelläme pikirler gelýär. Bellik edilip alynsa gowy boljak. Özüm bilen giderinden gorkýan. Halkyň zady halka galsyn. Gaýrat et, köpräk geljek bol!…» diýipdi. Gurbangylyç agaly ýatlamalar biygtyýar ýylgyrdýar hemem oýlandyrýar. Maňa halypa ýazyjy bilen kän gezek söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Onuň gülküli hekaýalarydyr, powestler ýygyndylaryny, gazet-žurnallarda çykýan degişmelerini kiçiligimden köp okaýardym. Ýöne özüni ilkinji gezek haly fabrikde işleýän wagtlarym ýüzbe-ýüz görüpdim, haly baýramçylygynyň dabarasyna barypdy. Şonda ol: — Kitaplarymy okarsyňyz-a diýjek däl. Ýöne gyzgyn sajyň aşagynda goýarsyňyz. Ýa-da mebelleriňiz tekiz durmasa ulanarsyňyz — diýip kitaplaryndan sowgat beripdi. Şol pursatdan soň on ýyldan gowrak wagt geçipdi, nesibäm çekip «Nesil» gazetiniň redaksiýasyna işe bardym. Bir gün «Edebiýat we sungat» gazeti üçin gazetiň baş redaktorynyň tabşyrygy boýunça Gurbangylyç aga bilen söhbetdeşlik taýýarlamaly bolduk. Kärdeşlerimden ýazyjynyň öý salgysyny soradym. «Gapdalyňda ýazyjynyň gyzy — Enejan otyr, şondan salgy alaý» diýdiler. Hudaýberdiýewa bolansoň, Enejan bilen bir otagda işläp oturanam bolsam, onuň Gurbangylyç aganyň gyzydygyny şonda bildim. Şol gezek olaryň öýlerine ilkinji gezek barşymdy. Gapydan girenimden ýazyjynyň aýaly Ogulboldy gelneje güler ýüz bilen garşy aldy. Töre geçmegimi mürähet etdi. Daglaryň şiri ýaly daýaw ýazyjyny göz öňüme getirip, içki otaga girdim. Emma bu şahandaz ýazyjynyň diwanyň üstünde ýatyşyny görüp, tas aglapdym. Syr bildirmän, ýylgyran bolup, saglyk-amanlyk soraşdym. Içimdenem: — Syrkaw adama azar bolmasam biri — diýip, alada galdym. Wäşi ýüregiň welin, öňküligi eken. Ýaşuly arkasyna ýassygy söýget edip dik oturdylandan söhbetdeşlige başlady. Ýöne gürrüňçiligiň arasynda ol her bäş-on minutdan ýöremeli eken. Bu ýagdaýy görüp, bir tarapdan-a, gynandym. Bir tarapdanam, aýalynyň mähir bilen söýget bolup ýöretjek bolup ýörşüne guwandym. Men bu gelnejede hakyky türkmen zenanyna mahsus edepleriň ählisiniň bardygyny görüp buýsandym. Şonda oňa: — Köp wagt bäri metbugatda çykyş etmäňizsoň, okyjylaryňyz sebäbi bilen gyzyklanýarlar — diýip sowal berdim. — Birinjiden-ä ýaşym ýetmişden geçen. Ikinjidenem, gan basyşym ýokary galyp, ikinji gezek ýykyldym. Indi az-kem ýöremäni öwrenjek bolýan. Maşgalamdan nägileligim ýok. Iýmitimem berhizli. Ýaltanman aýry taýýarlaýarlar. Duzsuz, ýagsyz, etsiz iýmit iýmeli — diýip ýagdaýyny aýtdy. — Duz-a özüňizde-de ýeterlik bardyr-la. Ýöne etsiz-ýagsyz kynrak bolmagy mümkin — diýenimden: — (Ýylgyryp). Hawa, şeýleräk — diýip jogap berdi. Ýazyja: — Degişme näme?— diýip ýene sowal berdim. Ol: — Türkmen häli-şindi degişibem duranok. Gumda ýaşaýan biriniň botlamaly düýesi ýitýär. Muny eşiden goňşy-golamlary düýesi ýiteniň öýüne ýygnanýar. Biri aýdýar: — Aý, nesip bolsa, tapylar-la. Ýene biri: Düýäň pylan ýerde batga batandyr — diýýär. Garaz, her kim bir zat diýip, göwünlik beren. Onda öý eýesi: — Düýesi ýitmedigiň ählisi akylly bolaýýar — diýipdir. Henek, ýomak, degişme — ählisem gülki. Ýöne käbir degişmäni kagyza geçirmek kyn. Dilden ýaýramaga ukyply. Käbiriniň kagyza geçirerligem ýok. Ine, bir henek aýdyp bereýin. — Biriniň çagasy aglap, diňer ýerde diňmändir. Onsoň çaganyň ejesi: — Häk, enesi ýeser – diýip käýinipdir. Muny gapdalda oturan adamsy eşidip, halamandyr. Çaga welin, sesini entegem goýanokmyş. Ahyry, kakasy: — Bolmasa «Mamasy ýeser» diýibem bir gör! — diýipdir. Umuman, satira-ýumor köpsözlüligi halamaýar. Satira — gyzgyn suw. Ýumor — mylaýym suw. Elbetde, mylaýym suwa ýuwunanyňda janyň hezil edinýär. Ýöne ikisem gerek. Islendik adamda-da degişme görýärin. Ýöne esasy zat gülkini açmakda, kagyza geçirmekdemikä diýýärin? Kiçijek zehinli çaga küşt oýnanda kakasyny utup biler. Emma «degişme» diýlen zat gaty kyn. Köp adamlary okamaly . Durmuş tejribäň ýetik bolmaly. Halypalaryň mekdebini geçmeli. Men meşhur satirik Mark Tweni köp okadym. Belli bir halypam ýok. Agahan Durdyýew, Nurberdi Pomma. Bulary hem az okamadym. Kanadadan Stiwen Likok. Ol eseriniň gülküli ýerini bilgeşleýin aýyrýar. Sebäbi «Seniň ha-haýlap güleniň gerek däl. Içiňden gül!» diýýär. Degişmäniň gülküsi gizlenen ýagdaýam bolýar. Obadan on çagaly bir aýal şähere gelýär. Ol çagalaryna žirafa görkezmek üçin haýwanat bagyna barýar. Barsa, şol wagt haýwanlar görkezilmeýän eken. Onsoň bu aýal gapyda duran gelne: — Gaýrat et! Şondan şuňa, çagalaryma «žiraf» görkezmek üçin ýörite geldim – diýip ýalbarýar. Ahyry haýyşy bitmänsoň, haýwanat bagynyň ýolbaşçysyndan haýyş edýär. Haýwanat bagynyň garamatkeşi bu aýalyň yzyna çagalaryny tirkäp, bolup durşuna nebsi agyrýar. Ýaňky gelniň ýanyna barybam: — Ýapyk wagty bolsa-da žirafany görkeziň şulara! Žirafamyz näçe ýyl bäri önelgesiz. Belki, şu çagalary görüp, onuň hem çilesi açylar — diýip, yrym edipdir. Degişmä dogry düşünmeli. Türkmende: «Döwletliden döwlet ýokar» diýen dana söz bar. Haýwan hem ynsan ýaly jandar. Aşyrberdi Kürtüň «Pil» diýen gülküli hekaýasy örän meşhurdyr. Güýçli güýçli žurnalistler, artistler, ýazyjy-şahyrlar, suratkeşler, bagşy-sazandalar, köp adamlar bilen tirkeşdim. Işleşdim. Men olary ýatlaýaryn. — Köp ýyllap «Tokmak» žurnalynda işledim. Teleýaýlymda işledim, ýazan zatlarymyň köpüsini Juma Ýazmyradow bilen Gurbannazar Atakgaýew dagy oýnadylar. Ýöne men 1987-nji ýylda dynç alşa çykdym. Öňki ýaşlygymyň hem saglygymyň ugrunyň ýoklugy-da… Ýogsam, hut şu wagt gülkä, henege gadyr goýulýan, erkin, Garaşsyz zamanada nähili işlejekdigimi bilýän-le. Arman ellerimde ýazmaga ysgyn ýok. Diňe dilim gürleýär— diýipdi. Şu wagt onuň ýazan bir degişmesi ýadyma düşdi. Ol degişmäni wäşi artist Tagan Saryýewiň (Annam brigadyň) 65 ýyllygyna bagyşlanan duşuşykda Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradow aýdypdy. Ol: — «Gurbangylyç agaň bir degişmesi ýadyma düşýär, Poşalak aga! Gel, şony aýdyp bereýin. Goý, halypaň ruhy şat bolsun! — Oglumyň ýedi ýaşy dolup, birinji klasa okuwa gitmelidi. Täzeje kostýum-balak, galstuk, akja köýnek, köwüş, okuw esbaplaryny aldym. Sentýabr aýynyň 1-i güni ejesi ikimiz ir bilen turup, oglumyzy geýindirip,özümizem bezenip-beslenip, elimiz gülli mekdebe ugrajak bolduk welin, oglumyz: — Eje, şu gün mekdepden rugsat alaýyň-da, ukym gelýär — diýdi. — Ýok, oglum, okuwdan galyp bolmaz, gitmelisiň — diýip, höre-köşe bilen äkitdik. Mekdepden gelenden soň ol: — Eje, mugallym gaty erbet eken. Ertir mekdebe ýene-de gelmeli — diýdi-dä. — Wiý, oglum! Mekdebe her gün gitmeli ahyry! — diýip, ýerli-ýerden düşündirdik. Aý, özi islemese, zorlap okatjak bolsaň, gaty kyn eken. Gara kösem bolup, zordan mekdebi gutartdyk. Oglumyzyň näçe ýaşandygyny özümizem bilemizok, harby komissariat bilýän eken. Gulluga çagyryldy. Esger boljak oglumyz hat ýazyp bilenog-a. Ber habary. Nätmeli? Pikirlendik-de, ejesi ikimiz oturyp: «Salam, eje, kaka! Meniň ýagdaýlarym gowy» diýip, 60 sany hat ýazyp, daşyndaky bukja öýümiziň salgysyny ýazdyk. «Gulluk ýeriň salgysyny hem ýolbaşçyňyzdan haýyş edip ýazdyraýarsyň. Iki hepdeden bir haty poçta atsaň bolar, oglum! Bizem saglygyňy eşidip ynjalarys» diýip, tabşyryp iberdik gulluga. Üç hepde geçdi welin, öýümize 20 hat birbada geldi. Bir-iki hepdeden ýene-de 20 hat geldi. Garaz, sähelçe günde 60 hat geldi. Onsoň jaň etdik. Asyl ol poçta gatnamaga ýaltanyp ähli haty birden iberen eken… » diýip, keşbe girip gürrüň beripdi. Bir gezegem öýlerine baranymda ol: — Men «Edebiýat we sungat» gazetinden gaty razy. Gazet sahypasynda meniň bilen taýýarlap berlen söhbetdeşlik otuz ýyl mundan öň ýitiren dostum Abdy Atabalow bilen duşurdy. Şeýle hem ýarawsyzlygymdan habarsyz birnäçe işdeş ýoldaşlarymy habardar etdi. Indi olar häli-şindi jaň üsti bilen ýa-da ýörite öýüme gelip, ýagdaýymy sorap gidýärler. Göwnümi açyp, ruhy goldawymy ýetirýärler. Men häzir ýetmiş ýedi ýaşymda. Hudaýa şükür, ýagdaýym ýagşy. Sylagyňyza Taňryýalkasyn! Işiňiz rowaç bolsun! Okyjylara şu degişmeleri sowgat iberýän — diýip, kän degişmeler aýdyp beripdi. Ynha, şu aýdan degişmesi ýadyma düşýär. — Lew Tolstoý garran wagty ýüregi gysyp, ýazan eserini alaga-da redaksiýalaryň birine barypdyr. Barsa, bir ýaş ýigit: — Geliň, geliň! – diýip, ony kabul edipdir. Tolstoý oňa elindäki hekaýasyny uzadypdyr. Ýigit hekaýany okap görýär-de: — Siz öň heý bir galam ýöredip görüpmidiňiz? — diýip sorapdyr. Ýazyjy hem: — Aý, hawwa, «Uruş we parahatçylyk» diýen eser-ä ýazypdym — diýen. Onda ýaňky ýigit: — Siz entegem köpräk ýazyberiň. Görýän welin, sizden bir zatlar çykjak ýaly-la diýipdir — diýip, hezil edip gülüpdi. Bir günem «Edebiýat we sungat» gazetiniň Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan sanynda Gurbangylyç aga Aýazbaba, menem Garpamyk bolup, ile gülki-şatlyk paýlamak üçin hyýalymyzda gezelenje çykypdyk. Gazetiň sahypasynda «Garaguma gezelenç» ady bilen söhbetdeşligimiz çap edilipdi. Şondan soň Gurbangylyç aga iş ýerime jaň edipdi. Ol juda şadyýan halda: — Meni «Edebiýat we sungat» gazeti gaýta-gaýta begendirýär. Beýle owadan suratymy nireden tapdylarka? Ol surat özümde-de ýokdy. Ýaşlygyma dolanan ýaly boldum. Bir wagtlar otly bilen Daşoguza giderdim. Göz öňüme geläýdi. Nesip bolsa, milli Bahar baýramyna hem gül çemeni ýaly degişmeler dessesini sowgat taýýarlarys — diýipdi. Şol gezekki telefondaky gürrüňdeşligimiz bolsa, biziň iň soňky söhbetdeşligimiz boldy. Ol 2006-njy ýylyň ýanwar aýynyň 16-syna bakyýete göç etdi. Ýazyjynyň üç ogul, iki gyz perzendinden on bäş agtygy, on iki çowlygy bar. Ýakynda onuň gyzy bilen jaňlaşanymyzda ol kakasy — Gurbangylyç Hydyrowyň terjimehalynda 1927-nji ýylyň 7-nji fewralynda Daşoguz welaýatynyň häzirki Gubadag etrabynyň Gümmezli obasynda doglan — diýlip ýazylandygyny aýtdy. Akgül SAPAROWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |