05:22 Gürrüñ | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ GÜRRÜŇ Gürrüňe çagyrýan ýakyny, daşy, Boş görmäň ýürekden çykýan alkyşy. Umydyňy elden berme, eý kişi, Garly gyşyň soňy ýaşyl ýaz bolar. Doýulmaýan bu owadan dünýäde, Haýranlar galýarsyň kä bolýan zada. Soňuny saýmazdan berýärler wada, Diýmek, öz sözünde durýan az bolar. Bagty duýýaň söýeniňde, söýleňde, Gülki, şatlyk mekan tutsun öýlerde. Goly çyzgap göreş tutsaň toýlarda Güýç görkezjek bir çukanak dyz bolar. Ýyllara duwlanyp bekeýär beýni, Daglary göterýär baýyrlaň egni. Ine aý-günleriň edýänje oýny: Gök garpyzyň içi gyzyl köz bolar. Eziz adam, abat bolsun üçegiň, Bagty çüwsün başgaň bagtyn açanyň. Görüp dursaň naz-nygmatly saçagyň Baş hümmeti bir çümmüjek duz bolar. Janyň sag, başyňda akyl-huş bolsa, Garrylyk nämemiş göwnüň ýaş bolsa. Kalby darykdyrýan çytyk gaş bolsa, Göwünleri nurlandyrýan näz bolar. Parhy ýok, begmi ýa bir garyp bende, Bergili biz bir-biregiň öňünde. Unutmaň doganlar, ahyr-soňunda Biz pakyrdan galsa galjak yz bolar. ▶ KINE Bu ömürde kän gezekler Elden gitdi paýym meniň. Duýgulary seňseletdi, Agyr piker-oýum meniň. Ýigit ýaşly atam bardy, Terk etmeli boldy ýurdy. Özgelerden giç dogýardy, - Günüm bilen Aýym meniň. Iki ölüp, bir direldim. Çaga beýnä agram saldym. Şeýle zabun kemsidildim Ýokka hergiz aýbym meniň. Hernä durman geçýär bar zat. Çagalar sag, öýüm abat. Eziz Allam, özüň şaýat – Arassadyr düýbüm meniň. Agyr maňa günä etmek. Kina ýatyr gatlak-gatlak. Emma ine - şükür etmek Öňden gelýän däbim meniň. * * * Adamyň bir mätäç zady – hoş sözdür, Hoş söz aýdyň – depesine täç bolar, Dirilikde aýdyň, dirikä sylaň, Kim bilip dur – bir ýyldan soň giç bolar. Gowa gowy diýiň entek dirikä, Gerek ýerde ýyly söz - bir güýç bolar. Hökman ölerine garaşyp durmäň, Kim bilip dur – bir aýdan soň giç bolar. Ýagşy sözler gaýnap ýürekden çyksyn, Şol närseden bärden çyksa hiç bolar. Goldaweriň bir-biregi söz bilen. Kim bilip dur – bir hepdeden giç bolar. Kalby çoýuň, alkyş alyň adamlar, Alkyşlynyň işi rowaç bolar. Erte tapylanok bu gün göreniň, Şu gün çoýuň – erte belki giç bolar Sahawatsyz ömür – gury bir töňňe, Sahawatsyz ömrüň soňy puç bolar. Sylaň bir-biregi – wagtyňyz barka, Mümkin… ýene bir sagatdan giç bolar. | |
|
√ Setirlem / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Hoş sözli goşgy / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |