16:46 Gury agaç -3 / powestiñ dowamy | |
—Wiý, şeýlemi? —diýip, Ogulbike göwnüne hiç zat getirmän, çagasyny alyp galdy. Keýpsiz Jemiläniň yzyndan gygyryp, göwünlik berdi. —Alada etme, Jemile jan, Alla saňa-da berer bir nesipli gün!
Powestler
Jemile kellesine taýak degen ýaly bolup, yzyna dolandy. Ýusup şol bir oturyşy ýaly otyrdy. —Çaý-çörek getireýinmi? —diýip, Jemile ondan eda bilen sorady. —Otur şu ýerde! —diýip, Ýusup Jemilä kellesi bilen ümläp, ýer görkezdi. Jemile onuň görkezen ýerinde çökdi: —Näme, Ýusup jan?! —Maňa Ogulbikäniň-ä däl, öz jigim Ahmediň çagasy-da gerek däl, Jemile, düşündiňmi? - Ýusup uludan dem alyp gepledi. —Maňa diňe öz neslim gerek. Men bu dünede hut öz neslimiň galaryny isleýän! Jemile ýene gözlerinden paýradyp ýaş dökdi: —Bu ýerde men günäkärmi, Ýusup jan?! Ýusup ellerini kellesine tutdy: —Bilemok. Men hiç zady bilemok! Men ýekeje zady bilýän, şu dünede Ýusupdan-da nesil galmagyň hökmanlygyny bilýän! «Ýusubyň çagasy» diýen sözi eşitmek isleýän men, Jemile! Jemile möňňürip, ýerinden turdy. Soňam beýleki jaýa geçdi. Ol ýene daň atýança aglap çykdy. Irden Ýusup işe şaýlanýarka, maşynyň sesine daşaryk çykdy. Ýusup onuň aglap pökgeren ýüzüne, gabaklaryna nazaram salmady. —Gelýänçäm sallançagy aýryp goý! —diýip, onuň adyny tutman aýtdy-da, soňam işine gitdi. Jemile sallançagy öli ugradýan dek bolup, aglap-aglap aýyrdy. Ýüreginden daş asylan ýalydy. Uzakly gün iýmedem-içmedem. Süýndi ýatdy. Daşarda, eýwanda, diwaryň ýüzündäki çüýden asylyp goýlan, kiçijik radiodan bagşynyň aýdym aýdýan sesi eşidilýärdi. Aýdym yzyna aýdym ýaňlança-da, olaryň birem Jemiläniň gulagyna ilenokdy. Bir aýdym welin hut onuň özi üçin aýdylan ýaly boldy: —Öl agaçdan-eý hasyl öner, Gury agaçlar ýanar-söner! Däli döwran kime döner! Geçdim ýana-ýana, begler! Bu aýdym Jemile üçin aýdym däl-de, agy ýaly bolup eşidildi. Misli, radioda bagşy aglaýan ýalydy. Aýdym Jemiläniň ýüregini ezdi. Ol sesiniň ýetdiginden möňňürip-möňňürip aglady. Ýusubyň soňky günler towlanjyramasyna ol düşünip ugrady. Çagasy bolmasa, Ýusubyň özüni saklamajagyny aňdy. «Indi men onsuz neneň edip ýaşaryn!» diýip, gaýtalap-gaýtalap aglady. Hut biri bilen gürleşýän ýaly, sesli gepleýärdi. Samraýardy. «Ýusup bolmasa, ölerin men, ölerin!» Agşam Ýusup ýene içip, gijäniň bir wagty geldi. Goňşy-golam ýatypdy. Bu gezek ol däliräne döndi. Jemiläni süýräp, köçä çykardy. Urdy, itdi, süýredi. Jemile ol näme etse-de, çydady. «Ýusup jan» diýip gygyrmadan başga zat etmedi. Olaryň gohuna goňşularyň ählisiniň çyrasy ýandy. Olaryň käbiri Ýusup bilen Jemiläniň gohuna äpişgeden jyklap seretdiler, käbiri käçä çykyp, syn saldy. Ýöne olaryň ýanyna «Bes ediň!» diýip, hiç kim gelmedi. Ýusup bolsa: —Sen näme üçin çaga dograňok? Sen näme üçin çaga dograňok? —diýip, Jemiläni urmak urdy. Jemiläniň üst-başy çaň-tozana garyldy. Ýusup ahyry, ony urup-urup, keýpden çykansoň, öýüne girdi. Jemile-de onuň yzyndan girdi. Jemile indi bolmajagyna düşündi. Ýusubyň özüni kowjak bolýanyna düşündi. Ýöne ol gitmek islänokdy. «Goý, urup-urup, öldürsin. Soň öýlenibersin!» diýip, pikir öwürdi. Durmuşyň agyr şarpygy sebäpli, ýüregi hem beýnisi doňan Jemile özüniň aglamagynam ýerliksiz hasaplady. Indi hemme zada garaşybermelidigine özüni ynandyrdy. Gunçanyn Ýusupdan hat getiren gijesini ýatlady. «Näme üçin şol hat maňa ýazyldyka? Näme üçin şol hat maňa ýetdikä?» diýip, özüniň Ýusuba durmuşa çykanyna puşman etdi. «Söýginiň nämedigini bilmän, öweý enemiň gapysynda ot çekip, ömrümi ötüren bolsam bolmaýamy!» diýip, öwran-öwran pikir öwürdi. «Ýusup başga gyzy söen bolsa bolmaýamy! Söýginiň nämedigini bilmän ötsem bolmaýamy!» Ol pikire batyp ýatyşyna, ahyry uka gitdi. Irden kimdir biriniň saçyny sypaýanyna gözüni açdy. Ýanynda gaýgy-gama batyp, Ýusup otyrdy. Munça urlandan soň, Jemile Ýusubyň öz saçlaryny sypamasyna ynanyp bilmedi. Kineden onuň gözlerinden paýrap ýaş döküldi-de, aglamadan çişen ýüzlerinden ýol ýasady. Ýusup onuň gözýaşlaryny aýalary bilen süpürdi. Özem pyşyrdap, oňa ýalbardy: —Jemiläm, bagyşla... Agşam öz akylymda däldim... Akylym rinde bolsa, heý, men saňa barmak batyrjak adammy! Bu sözlere Jemiläniň Ýusupdan doňup duran ýüregi günüň howruna çydam etmedik gar kimin, pagyş-para eredi. ähli kinesi düw-dagyn boldy. Ol hut şu pursatda Ýusuba düşündi. Ýusubyň bu gohlary özüni ýigrenmekden däl-de, perzentsizlik jebrini çekip bilmeýänliginden edýändigine düşündi. Ýerinden galdy. —Sen günäkär däl, Ýusup jan. Men senden birjigem gaty göremok —diýip, Jemile Ýusubyň öz gözýaşlaryny sylýan elini eline aldy. Oňa dodaklaryny ýetirdi. —Men günäkär, ezizim... —Ýok, sen günäkär däl —diýip, Ýusup Jemiläniň alyn saçlaryny timarlady. —Sen günäkär däl... Düşünýän-ä men bu zatlara... Jemile birden başyny Ýusubyň dyzlaryna goýdy-da, horkuldap, aglamaga başlady: —Ýusup jan, indi men şeýdip, ene bolman ötäermikäm?! Ýusup onuň başyny galdrdy: —Aglama, Jemiläm, hemmesi gül ýaly bolar. Alla bardyr. Edil şol pursat gapa ýeňil maşyn gelip durdy. Ýusup bilen Jemile daşaryk çykdylar. Maşyndan Gülsoltan daýza, Gurbag aga, Jemiläniň dogany Döndi, Ýusubyň jigisi Ahmet düşdi. Ýusup bularyň üýşüp gelmesiniň sebäbini aňdy. «Eýýäm agşamky gohy ýetiripdirler-ow. Tüweleme, gybat-gürrüňe zor adamlar bar-ow!» diýip, ol pikir öwürdi. Gülsoltan daýza dessine Jemiläni gujaklap, onuň ýüz-gözüni süpürişdirdi. Ýusuba haýbat atdy: —Ene ýekeje gezek şu çaga barmajygyňy batyraýsaň, eddil eliňi döwerin! Çagasy bolmasa-da, şuny urdurjagam däl, kowdurjagam däl. Çaga gerek bolsa, hana, al, Ahmet janyň ogullarynyň birini. Öz ataň nesli. Keseki däl. —Sen-ow, eliňi kän süýndürme! —diýip, Gurban aga-da ogluna haýbat atdy. —Jemile urulmaly çaga däldir! Döndi bolsa Jemiläniň gününe gynanyp, sessiz gökdi durdy. —Alaý-how meň ogullarymyň birini, men berjek —diýip, Ahmedem Ýusuba ýüzlendi. —Saňa meňzäbem dur şolar... Beýdip ile gürrüň bolup ýörme, gije oba ýaň salyp! Ýusubyň kalbynda ejesine-de, kakasyna-da, jigisine-de gaýtargy bardy. Ýöne ol Jemiläni gynandyrmajak bolup, hijisine zat diýmedi. Özem bu ýerden basymrak saýlananyny kem görmedi. Sesini çykarman, maşynyna münüp, işine gitdi. Jemiläni köşeşdirip, gaýynlarydyr Döndem gaýtdy. Agşam Ýusup ýene gijäniň bir mahaly içip gelip. Jemilä ýapyşdy. Ony köçä çykaryp, kowdy, urdy. —Sen näme üçin çaga dograňok? —diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy. Ertesi ýene Jemilä ýalbaryp, ötünç sorady. Ýene Gülsoltan daýzadyr Gurban aga gelip, Ýusuba käýýäp gitdiler. Hatda Gurban aga eline ýarty kerpiji alyp, Ýusuby urjagam boldy. Her zat etselerem, Ýusup endigini goýmady. Ol günde gije içip gelip, Jemiläni urýardy, irdenem ötünç soraýardy. Jemile soňy bilen Ýusubyň geler uçurlary beýleki jaýa girip, içinden gulplap oturdy. Şeýdende-de Ýusup gapyny depip-depip, oňa agzyna gelenini sögüp, gijesini geçirdi. —Bolmasa, sen meňkide ýaşa —diýip, Gülsoltan daýza Jemilä ýalbaryp gördi. —Belki, Ýusubam soňy bilen köşeşer... —Aý, ýok, öldürýänem bolsa, şu ýerde ýaşajak —diýip, Jemile gaýynenesi bilen ylalaşmady. —Meni diňe ölemde äkiderler Ýusubyň ýanyndan! Ýusup içip-içip, bozulyp barýardy. Munuň öňüni almagyň gerekdigine Gülsoltan daýza-da, Gurban aga-da düşünýärdi. Bir gün olar seri sagka Ýusuby ýanlaryna çagyrdylar. Ahmediň ogullarynyň birini Ýusubyň adyna geçirmek barada maslahat etdiler. —Gerek däl! —diýip, Ýusup olar bilen razylaşmady. —Men öz neslimiň ýörärini isleýän... Gülsoltan daýzadyr Gurban aga-da oňa näme çäre etjegini bilmän, bialaç bolup galdylar. öz durmuşyna Ýusubyň özi-de nä alaç etjegini bilenokdy. Öz bolup ýörşüne özi-de düşünenokdy. Öňler onuň gözüne Jemileden özge gelinler ilmezdi. Onuň Jemilesi bütin obanyň gelin-gyzlaryndan saýlanyp durdy. Boý ýerine boýy bardy. Onuňky kimin owadan hem janalgyç göz-gaşy, birgeňsije gunça mysaly dodaklary, alma ýaly ýaňaklary Ýusup hiç gelin-gyzda görmeýärdi. Hatda görmeksizräk gelinli ýigitlere haýran galýardy. «Görmeksiz aýal bilen nädip ýaşaşyp bilýärkä?» diýip, pikir ederdi. Ol aýallaryň nähilisiniň owadan bolýanyna, mähirli görünýänine indi düşünýärdi. Indi Ýusup üçin eli çagaly aýallar owadan görünýärdi. Olaryň sölpüldäp, ebtini agdyryp barýanlaram, köýnekdir gyňaçlaryna kir siňenlerem, çyrlap-çyrlap sögüp gygyrýanlaram, köne kaloşyndan aýaklarynyň çory görnüp, çagasynyň elinden tutup, idenekledip barýanlaram Ýusubyň gözüne owadan hem bir geňsi bolup görünýärdi. «Ýa hakyky mähir gelin-gyzlara diňe ene bolandan soň siňýärmikä?» diýip, ol pikir öwürýärdi. «Näme üçin meniň Jemiläme şeýle bagty dözmediň sen, Allam!» diýip, ol käteler Hudaýa nalyş edýärdi. Bir gün ony klasdaşy Allamyrat myhmançylyga çagyrdy. Allamyratdyr Gunçadan-da henizem çaga önenokdy. Ýusup baranda Allamyradyň bir özüdi. Gunça atasy öýüne gidipdi. Iki klasdaş bolup, ilki çaý-suw içdiler. Soň gürrüňçilik başlandy. —Sen Jemiläni harlaýamyşyň diýip eşidýän —diýip, Allamyrat ahyry özüniň Ýusuby näme üçin çagyranyny duýdurdy. —Şo hakda gürleşeýin diýdim. Ýusup birbada näme diýjegini bilmän, başyny aşak saldy. Allamyrat dowam etdi: —Jemile harlanmaly maşgal-a däldir, dost! Sen öňler ony nähili gowy görýädiň?! Ýadyňa düşýämi, okaýarkak, saçyna çenli darap berýädiň-ä! —Men ony häzirem gowy görýän! —diýip, Ýusup pessaý gürledi. —Ýüregimem awaýa oňa. —Häzir gowy görýäniňe men-ä ynanamok, dost —diýip, Allamyrat gönüledi. —Bütin oba siziň gürrüňiňizi edýä. «Ýusup her gün agşam köçede Jemiläni ýençýä» diýýäler. Utanaňokmy?! Nädip dözýäň Jemile ýaly gelni urmaga! öň ony Hudaýyň urany azmy?! Ýusup dostunyň igençlerine çydaman, çilim otlandy: —özümiň telek iş edýänimi soň bilýän —diýip, müýnli gepledi. —Içgilikäm... ýatdan çykaýýa... —Men bilýän seniň nämä janyňy ýakýanyňy —diýip, Allamyrat Ýusubyň göreçlerine seretdi. —Sebäbi seniň derdiň meniňem başymda bar. Hana, görüp dursuň, Gunçadanam çaga önenok. Ýöne men ony urmag-a beýlede dursun, onuň ýanynda önelgesizlik hakda dilem ýarmakçy däl. Görnüp duran zat hakda dil ýarmak nämä gerek! Haçan onuň özi çaga küýsese, alaýsyn islän ýerinden. —Çagasy bolmasa-da, sen ony kowjagam dälmi? —diýip, Ýusup haýran galyp sorady. —Men onsuz ýaşap biljek däl, sebäbi men ony hakykatdanam gowy görýän. Gunçasyz durmuş meniň üçin puç —diýip, Allamyrat jogap berdi. —Sen onda söýgi-söýgi diýip, nesilsiz ötäýjeg-ow düneden?! —diýip, Ýusup Allamyradyň bolşuna haýran galdy. —Meniň atamyň nesli dowam edip dur —diýip, Allamyrat arkaýyn gepledi. —Jigimlerimde, doganlarymda çaga ýetik. Hemmesem meniň atamyň dowamy... Gerek bolsa, şolaryini alaryn... Düneden giden wagtyň gapyňy açyp oturmaga biri bolsa bolýa-da. Çaga dogurýan aýal aljak diýip, men ömrümi söýgüsiz ötürip bilmen! —Ýok! Men seniň ol pikiriň bilen ylalaşamok —diýip, Ýusup Allamyrada garşy çykdy. —Men il arasynda «Ýusubyň çagalary. Ýusubyň nesli» diýen sözüň ýöränini isleýän. —Birinjiden-ä, sen bir çagany alyp, ony öz adyňa geçirseňem, il oňa «Ýusubyň ogly, Ýusubyň nesli» diýer —diýip, Allamyrat öz sözüni bek tutdy. —Hakykatda welin, ol barybir, meaz —diýip, Ýusup Allamyradyň sözüni böldi. —Onuň gany meňki bolmaz... —Ine, seniaryňda kimiň ganynyň urýanyny, seniň kimiň neslidigiňi il bilýämi häzir! —diýip, Allamyrat hem Ýusuba ýeň bermedi. —Seniň özüň ataňdan öňki ata-babalaryňy tanaýarmyň? Asyl, bilmänjik geçäersiň... —Bu zatlar saňa nämä gerek?! —Ine, izem şeýle... Biziň adymyz ýörese, üç arka ýörär. Diňe ogluň, agtyklaryň, çowluklaryň diýer «Biz Ýusubyň nesli» diýip... Galan nesilleriň ýadyna sen düşmersiňem... —Maňa bolýa şonça nesil ýatlasa... —diýip, Ýusup dostunyň dawasyndan ýadap, gaharlandy. —Sen gepi uzaldyp oturma-da, aýtsana esasy aýtjak zadyňy... —Aýtjak bolýan zadym şü, sen nesil diýip, Jemile ýaly maşgalany harlama. Durmuş ýanyňda gowy görýäniň barka süýjüdir, ýüregiň almaýan adamsy bilen ýaşamak kyn düşer diýjek bolýan. Ile gürrüň bolup, maşgalaňy dargatma diýjek bolýan... —Men seni gowy görýän, dost —diýip, Ýusup gaharyndan ýaňa çiliminden dişlerini geçiräýjek boldy. —Ýöne biri-birimiziň maşgala durmuşymyza goşulmaly, bolýamy?! Şeý diýip, ol gaýtmak üçin ýerinden turdy. —Sen öz söýgiňi «Ýiti gyzyl tiz solar» etjeg-ow onda? —diýip, Allamyrat hem ýerinden turup, oňa ýene sowal berdi. —Sen Jemiläni nähili gowy görýädiň! Bütin obanyň gürrüňi siz hakdady. Indi bu zatlaryň baryny ýalana çykaraýjakmy sen?! Ýusup Allamyrada: —Sag bol—diýdi-de, daşaryk çykdy. Onuň sowallaryna bolsa jogap bermedi. Allamyrat onuň yzyndan garap galdy. Bu wagt Allamyradyň sözleri, diýen zatlary Ýusubyň gulagyna-da ilenokdy. Gaýtam ol öz ýanyndan Allamyrady samsyk saýdy. «Söýgi diýen bolup, nesilsiz geçjeg-ow ol paňkelle» diýip, iini gepltdi. «Nesilsiz durmuşdanam bir durmuş bolarmy!» Ol diňe ogully bolmagyň höwesi bilen ýaşaýardy. Ýöne Jemiläni näme etjegini bilenokdy. Jemiläniň özüni gowy görýänine düşünýärdi. Onuň özünden aňsat aýrylmajagyny-da bilýärdi. «Aýal tapsam bolýa, her zat ederin, aýraryn» diýip, öz-özüne göwünlik berýärdi. Özem günsaýyn Jemileden sowaşýardy. Indi Ýusuby Jemiläniň owadan keşbem özüne çekenokdy, syratam. Ony görse, gahary gelýärdi. Çagasy bolmaýanlygy üçin ol Ýusubyň gözüne aýal däl-de, eşik geýdirilip goýberilen garantga mysalydy. Ýusup şeýdip, aýlandyrylyp goýberilen ýaly bolup ýörkä oba «Soltangül çagasyny alyp, adamsyndan aýrylyşyp gelipdir» diýen habar ýaýrady. Onuň aýrylyşmasy hakda her kim bir zat diýýärdi. Kim «Nahar bişirmäni oňaranokmyş» diýýärdi. Kim «Kir ýuwmagy oňaranokmyş» diýýärdi. Ýöne hemme gepleriň ahyr netijesi deň gelýärdi. «Soltangülüň özi aýrylyşyp gaýtmandyr-da, adamsy kowupdyr, halys ony ýüregi almandyr» diýýärdiler. Kim näme diýse-de, Ýusubyň göwnüne bolmasa, Soltangül hut özi üçin gelen ýalydy. Ol bu wagt onuň kir ýuwup bilmeýänligi hakda-da, nahar bişirip bilmeýänligi hakda-da pikir edenokdy. Ogla, nesle suwsan Ýusubyň bar pikiri häzir Soltangülüň ene bolup bilenligi hakdady. «Çaga dogrup bilýä, şol bes» diýip, ol öwran-öwran pikir öwürdi. Hem razy edip bilse, Soltangüle öýlenmegi ýüregine düwdi. Oňa öýlenäýse, öz gapysyndan-da özüne meňzeşje oglanžyklaryň girip-çykyp ýörjegini ýatlap, begendi. Öz gapysynda-da gelin toýlaryň, gyz toýlaryň boljagyna begendi. Jemile bolsa onuň gapysynda bolmaly ähli toýlaryň üstüne atanak çekip otyrdy. Soltangülüň ejesi Ogulgül obada mata-marlak satardy. Şonuň üçin mydama ýolagçydy. Ýa şähere barýandyr, ýa beýleki obalara barýandyr. Onuň öýünde bolýan wagtyndan bolmaýan wagty köpdi. Ogulgülüň söwdanyň ugruna giden günleriniň birinde, perzent küýseginden dälilik hetdine ýeten Ýusup gijäniň bir mahaly, utanmazlyk üçin birazajyk içip, Soltangülüň gapysyndan bardy. Gapylar ýapyk, çyralar sönükdi. Bütin oba ukudady. Soltangülleriň bir otagyndan ölügsije yşyk görünýärdi. Ýusup gapyny çalaja tyrkyldatdy. Içerden Soltangülüň: —Kimsiň? —diýip gygyrýan sesi eşidildi. —Men, Ýusup, klasdaşyň —diýip, Ýusup biri eşidäýmesin diýen gorky bile çalaja jogap berdi. Soltangül derrew gapyny açdy-da, gep soraman, Ýusuby içeri saldy. Çyrany ýakdy. Hamala ol Ýusubyň geljeginden öň habarly ýalydy. Juda arkaýyndy. Ortada çalam-çaş bolup ýatan arlykdyr çaga balaklaryny ýygnaşdyrdy. Bir çetde arkan düşüp, iki ýaşlaryndaky oglanjyk uklap ýatyrdy. «Şeýdip, meniňem öýümde çaga uklasady» diýip, Ýusup pikir öwürdi. —Jemilä mata diýip geldiňmi? —diýip, Ýusubyň ýadyna özi düşýändir öýdüp, hiç wagt pikir etmedik Soltangül morta sowal berdi. —Häzir ejem ýok. Ejem gelensoň... Ýusup onuň sözüni bölüp: —Ýok, sen diýip geldim —diýip, oňa ömründe düýşüne-de girmedik jogaby berdi. Ýusubyň bu jogabyna Soltangül agzyny öweldip galdy. Birbada ynanmady. Ýusup nire, Soltangül nire! Soltangül mekdepde-de, obada-da gülki ýassygy bolup geçdi. Hemmeler onuň üstünden güldi. Ýusup bolsa obanyň-da, klasyň-da «men-men» diýen gyzlarynyň armanydy. Onuň ugrunda köýüp-köýüp, oňa özüni söýdürip bilmän geçen gyzlar hakda Soltangülem bilýär-ä. Iň bolman kolhoz işläp ýörkälerem gyzlaryň bar gürrüňi Ýusup bolardy ahyry! üstesine-de, onuň aý ýaly Jemilesi bar! Bu zatlar hakda pikir edip, Soltangül: «Munuň akyly üýtgedimikä? Ýa-da içgiden açylyp bilmän geldimikä?» diýip oýlandy. Soltangülüň dymmasy Ýusuby gorkuzman durmady. Birden özüniň kowlaýmagyndan gorkdy. —Men birneme içdim —diýip, Ýusup Soltangüle seredip gepledi. —Ýöne meniň aňym ýerinde. Men dogrudanam, sen diýip geldim, klasdaş! Aýaly öýündekä «Sen diýip geldim» diýip duran Ýusup hakda Soltangül ýene üýtgeşik pikir etmedi. Bir ýumşy bardyr öýtdi. Ýöne onuň näme ýumuşdygyny sorabam ýetişmedi. Ýusubyň özi dillendi: —Eger sen razy bolsaň, men saňa öýlenmekçi, Soltangül! Soltangül üçin bu gürrüňler düýşde bolup geçýän ýalydy. Heý-de, şäheriň uly wraçy, ençe gyzlaryň ýüreginde arman bolup galan syratly ýigit öýlenjek diýer-de, Soltangül etmezmi! Ol başyna şeýle bagtyň gonýanyna heniz ynanyp bilmän durdy. Ýüregi begençden dükürdäp, agzyndan çykaýjak bolýardy. «Men razy!» diýip, Ýusubyň üstüne towsaýasy gelýärdi. Ýöne sähel gymyldasa, Ýusup özünden gaçyp gidäýjek ýalydy. Ýusubyň göwnüne bolmasa, Soltangül özüne razy bolmajak ýalydy. Ol Soltangülüň ýanyna bardy. Onuň boýunlaryndan ellerini geçirdi. Saçlaryny sypalady. Ýüzüni ýüzüne golaýlaşdyryp. Ýyly demini çabradyp pyşyrdady: —Maňa ogul gerek, Soltangül! Jemileden çaga önenok... Sen maňa ýekeje ogul dogrup bermäge razy bol! Soltangül bu bagtly pursatdan huşuny ýitirdi. Bagtlylykdan dili tutuldy. Näme geplejeginem bilmedi. Erkini Ýusubyň eline berdi. Öz hereketlerine garşy bolmaýan Soltangülüň özüne razy bolanyny duýup, Ýusup serden geçdi. Huşy başyndan uçup, Soltangülüň daýaw göwresini bagryna basdy. Onuň saçlaryndan, ýüz-gözünden ogşap, däli boldy. Çaga dogranlygy üçin Soltangül onuň gözüne adaty aýal däl-de, perişde ýaly bolup görünýärdi. Ýetilmesi kyn arzuw ýalydy. El uzadyp bolmajak belent şaha ýalydy. Häzir bolsa, şol şaha, şol arzuw Ýusubyň gujagyndady. Ýusuba ol arzuw, ol şaha ýetdirdi. Ýusup indi ony öz islegine tabyn edip bilýärdi... Ýusup Soltangüli öpüp-guçup, keýpden çykansoň, daňyň öň ýanynda gaýdarman boldy. —Men çagany saňa ejemiň öýünde dogrup bermelimi? —diýip, Soltangül Soltangüllügini edip, Ýusuby ugradyp durka morta sowal berdi. Onuň bu sowaly Ýusup üçinem gödek hem samsyklaç eşidildi. —Sen göwräňde çaga baryny duýan halatyň men seni öe äkiderin —diýip, Ýusup jogap berdi. —Heleýiň bar-a öýüňde —diýip, Soltangül indi näzirgäp ugrady. —Men-ä oň bilen bir ýerde ýaşaman! Ýusup: —Seni eltsem, ol gitmeli bor—diýdi-de, çykyp gitdi. Soltangül bu bolup geçen zatlar düýşünde bolanam bolsa, begenmän durmazdy. Ýöne bu zatlarygenmekden ýaňa onuň ýüregi çat açaýjak bolýardy. Ol begenç duýgularyndan ýaňa uklabam bilmedi. Ýusup ýaly ýigidiň özüni soraglamasy onuň üçin bagtyň çür depesidi... Ýusup Soltangülüňkä ertesi agşam-da geldi. Soňky agşam hem. Asyl, ejesi gelýänçä, on günläp aýagyny çekmedi. —Ejem gelensoňam geliber, ol saňa hiç zat diýmez! —diýip, Soltangül Ýusuby arkaýyn etse-de, Ýusup gaýynlygy gelensoň, bu öe gelmäge utandy. Birz daşda gezdi. Ýusubyň Soltangülüňkide bolup gidýäni oba ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. —Ýusup Jemiläni kowup, Soltangüli aljakmyş—diýşip, iki adamyň başy çatylan ýerde gürrüň edýärdiler. Bu habar Jemilä-de ýetdi. Şeýle-de bolsa Jemile Ýusubyň gaharynyň gelerinden gorkusyna sesini çykarmady. Ýöne özüni Soltangül bilen çalyşmaga mynasyp gören Ýusupdan kine edip, ýüregini sançdyryp-sançdyryp, aglady. Radio bolsa häli-şindi günortanky konsertinde Jemiläniň ýüregine ot berýän aýdymy aýdyp, ony möňňürdýärdi: Öl agaçdan-eý hasyl öner, Gury agaçlar ýanar-söner! Däli döwran-eý kime döner! Geçdim ýana-ýana, begler! Jemile bir wagt, heniz durmuşa çykmanka gören düýşüni, düýşünde öz başyna gonjak bolup duran Bagt guşunyň birdenkä uçup gidip, Soltangülüň başyna gonuşyny ýatlady. «Düýşe ynanmaly däl» diýýäler. Onda bu näme boldugy?!» diýip, Jemile gussa batyp, aglap oturyşyna oýlandy. «Bagt guşuny meň başyma gondurjak bolup, oňa ýalbaryp gygyrýanam Ýusup, bagty menden alyp, Soltangüle berýänem...» Ol garşysynda kimdir biri oturan ýaly, sesli gepläp, nalaýardy. Soltangülli gybatlar oba ýaýransoň, Gülsoltan daýza bilen Gurban aga ylgap gelip, ýene Ýusubyň daşyna geçdiler. —Sen akylyňdan azaşypsyň! öň-soň ärinden aýrylan aýal almakçy bolsaň, Soltangül-ä almarsyň. Uly iliň pisläni bize gelin bolmalymydyr! —diýip, Gülsoltan daýza Ýusubyň maňlaýyna ýumruk çenedi. —Onsoňam indi aljak aýalyň bu öýde ýaşamaz! Bu ýerde Jemile jan bolar. Indikiňi şähere äkit-de, şol ýerde ýaşat! Ejesi-kakasynyň öz işine goşulmasyna Ýusubyň gahary geldi: —Kim maňa şähere gidip aýal bolar! Nirede bar beýle akmak adam?! —Sen Jemiläni kowsaň, onuň kakasy, öweý ejesi nähili heşelle kakar! Olar bize Jemiläni bermejek bolup, nähileler bolupdylar! —diýip, Gülsoltan daýza gözlerini ýaşlady. —«Söýýän» diýip, Jemilä öýlenenem özüňdiň ahyry, oglum! Diýmek, seniň ony gowy göreniňem ýalan eken-dä?! —«Söýgi» diýip, men düneden perzentsiz ötmelimi?! Diýip gygyrdy-da, Ýusup ýumrugy bilen pola gütledip goýberdi. —Goşulmaň meniň günüme! —Sen her zat etseňem Jemilänem kowaňok, Soltangüle-de öýleneňok! —diýip, Gurban aga oglunyň üsiüne düwledi. Ýusup bar gazabyny gözlerinde jemledi: —Diýmek, sen meniň zürýatsyz ötmegimi isleýäň-dä, kaka?! Meň ýerimde özüňem goýup gör käte! Gurban aga gaýdyp Ýusuba zat diýmedi. Gülsoltan daýza-da bialaç dymdy. Allanyň özi bir tarapa syraýmasa, olaryň hijisi-de bu meselede näme etjegini bilenokdy. Ahyr bolmaly zatlar öz ugruna bolup başlady. Gaýynlygynyň mata gözlegine giden günleriniň birinde ýene Soltangülüň ýanyna baranda, Ýusup ondan hoş habar eşitdi. Soltangül erinlerini gulaklaryna ýetirip, utanyp-çekinjegem bolman, bu habary Ýusuba aýtdy: —Aý, oglan, göwrede çaga-ha dörändir. Ile-güne ryswa etmän, äkideweri öýüňe. Ejeme-de aýtdym bar zady. Ol hem razy saňa barmagyma. Ýusup begenjinden: —Çynyňmy? —diýip, Soltangüli nähili gujaklanynam bilmedi. —Ertiriň özünde äkiderin! «Çaga! Meniňem çagam boljak! Menem çagaly adam bolaryn!» diýip, Ýusup birsyhly pikir öwürýärdi. Çaýkanjyrap, meşik ýaly bolup, girip-çykyp ýören Soltangül häzir onuň gözüne dünýädäki bar aýallardan eziz göründi. «Bolanda näme ikilikçi!» diýip, Soltangülüň geçmişi ýatlady. «Aýal bolmak üçin ikilik bilen bäşligiň tapawudy barmy näme! Aýal aýallyk borjuny berjaý etse bor. Baha hiç!» Ýusup agşam Soltangülüň ýanyndan gelende Jemile ýatmandy. Ol dyzlarynyň üstünde gowşuran ellerine eňegini diräp, oýa çümüp otyrdy. Ýusuba garaşýardy. Ýusup gelenden, onuň gapdalynda çökdi: —Jemile, sen indi çaga däl, ýaş däl, ikimiz dogry gürrüň edeli —diýip, oňa ýüzlendi. Jemile: «Aýdyber» diýen terzde Ýusubyň ýüzüne seretdi. Ýusup dowam etdi: —Senden çaga önmejeg-ä görnüp dur, Jemile! Sen meni haçana çenli şeýdip, özüňe daňyp goýjak?! —Men seni daňamok, Ýusup jan, arkaýyn öýleniber —diýip, Jemile Ýusubyň öýlenmegini näler islemese-de, razylyk bildirdi. Ýusup elini daldalatdy: —Men nädip öýleneýin! Sen öýde otyrkaň, men nädip öe başga aýal getireýin! —Sen başga kişä öýleneňde çagaň bolar öýdýäňmi? —diýip, Jemile pessaý ses bilen sorady. —Belki, bu ýagdaý sen sebäplidir... —Soltangül eýýäm menden göwreli! Ýusup bu sözleri aýdanda Jemile üçin öe bomba düşen ýaly boldy. Gulalary şaňlap, kellesi güwledi. Gyzgynynyň galýanyny duýdy. Ol Ýusubyň Soltangüli aljagyny eşitse-de, olar eýýäm bu derejelere ýetendir öýdenokdy. Jemile Ýusubyň sözlerine dälirän ýaly boldy: —Diýmek, sen eýýäm onuň saçlaryny-da sypap ýetişipsiň-dä?! Ony bagryňa-da basyp ýetişipsiň-dä?! —Hemme zadam boldy! —diýip, Ýusup biperwaý gepledi. —Ertir men ony öe getirmeli boljak. Sen gitmeseň bolmaýa! Jemile aglap, özüni Ýusubyň üstüne oklady: —Sen nädip ony meniň ornumda goýup bildiň, Ýusup ja-an?! —Ol meniň çagamyň ejesi bolmaly. Ol meniň üçin beýik adam —diýip, Ýusup şol bir durkuny saklap gepledi. —Kelläňi galdyr-da, agyňy goý, Jemile! Men bizar boldum seniň gözýaşlaryňdan! Meniňem gözýaşsyz durmuşda ýaşasym gelýä! —Meni kowma, Ýusup jan! —diýip, Jemile ýene oňa ýalbardy. —Gapyňda hyzmatkäriň bolaýyn! Ikinjiň bolaýyn. Men sensiz nädip ýaşaryn! Seni görmän, men nädip oňaryn! Onsoňam, men indi nirä gideýin?! Meniň üçin atam öýümde bekli ahyry! Soltangül seniň bärde bolaryňy islänok! Ýusubyň soňky sözleri Jemiläniň beýnisini doňdurdy. «Islänok?» diýip, sowaly beýnisinde gaýtalady. «Soltangül islänok... şol Soltangül! Kiçi klaslarda partasyny ölläp oturan Soltangül! Meşik ýaly bolup, mydama iliň soňunda süýrenip ýören Soltangül. Soralan sapagy bilmän, ikilikden gözi açylmadyk Soltangül... Gözleri kiçijik, dodaklary sallanyp duran, ýüzi gara ört Soltangül... Şoň ýaly maşgalany meň ornumda goýmaga mynasyp gören bolsa...» Ýusubyň ýagdaýy Jemilä düşnükli boldy. Ol: «Ýusubyň kellesi ýerinde däl» diýen netije geldi. «Çaga küýsegi ony şu derejelere ýetiripdir». Jemile aglamasyny goýdy. Kaýyllyk bilen ýerinden galyp, köýneklerini düwünçege düwdi. Düwünçegini gujaklap, kellesine taýak degen ýaly bolup, Ýusuba kelam-agyz zat diýmän, çykyp gitdi. Baryp, dogany Döndiniň gapysyna maňlaý diredi. Goltugy düwünçekli gelen jigisiniň ýagdaýyny Döndi aňdy. —Zyýany ýok, gynanma, bary Allanyň işidir —diýip, ol Jemilä göwünlik berdi. Jemiläni aglatmajak bolup, özi aglady. —«Irki güni çoýmadygyň öýlän güni çoýmaz» diýleni-dä. Başdan ykbalyň ters boldy-da, jigim... —Soltangül eýýäm ondan göwrelimiş —diýip, Jemile içerik girenlerinden soň gamgyn gepledi. —Ýusup ony söýüpdir. Ýogsa beýle bolmazdy. —Söýüp-söen däldir-le —diýip, Döndi Jemiläni köşeşdirmek maksady bilen, oňa ýaraýjak sözleri tapdy. —Çaga üçin edýändir. Hakykatda ol seni gowy görýändir. Ilki ýürege giren adam hiç wagt ýürekden çykýan däldir. Ine, görersiň, ol küýsäbem ugrar seni. Doganynyň bu sözleri Jemiläniň ýüregine birneme teselli berdi. Hamala Ýusup özüni äkitmäge gelen ýaly boldy. —Alla jan, şony kowup, menem bir äkidäýbiseýdir —diýip, dileg etdi. —äkider, hökman äkider. Seň ýaly owadan gelni barka, ol Soltangül bilen ýaşarmy! —diýip, Döndi Jemilä göwünlik berdi. Jemiläni doganynyň öýi-de gysyp-gowurdy. Wagtyny geçirmek üçin ol öý işlerine-de kömek eden bolýardy. Ýöne her zada güýmense-de, günler ötmeze döndi. Obada welin, gürrüň köpeldi. Indi iki adamyň başynyň birigen ýerinde Ýusup bilen Soltangülüň gürrüňi edilýärdi. Aýallar eňegine jaň dakylan dek jammyldaşýardylar: —Ýusup Soltangüli ejelerine-de maşynly äkidýärmiş. —Ony asyl ýöredenokmyşam. Elinde göterip gezýärmiş. —Kirinem Ýusup ýuwup berýämiş, naharyny-da bişirip, öňüne eltip berýämiş. —Eýýäm näçe sany pombarh köýnegem alyp beripdir. —öýünde-de pombarh geýdirýämiş. Gürrüň kändi. Hut Jemile eşidip, içi ýansyn diýýän ýaly, Jemile dükana barsa-da şol gürrüňlerdi, kçä çyksa-da, toýa-üýşmeleňe barsa-da. Bu gürrüňler Jemiläniň ýüregine ok bolup çümýärdi. Ol özi duýmazdan, sagatsaýy ýere siňip barýardy. Gelibem, doganynyň ýanynda zar-zar aglaýardy. —Ýusup Soltangüli maşyndan düşürenokmyş. —Sen aýallaryň gepine ynanma! —diýip, Döndi oňa birsyhly göwünlik berýärdi. —Olar seniň içiňi ýakmak üçinem aýdýandyrlar. Meniň özüm näçe gezek gördüm Ýusubyň maşynly geçip gidenini. Içinde hiç kimem ýokdy. Döndiniň bu sözleri kemsinmeden ýaňa sorkuldap, durşuna yza bolup duran ýüregine birneme teselli berdi. Ýüzi ýagtylyp gitdi: —Şeýlemi? —Hawa. Jemiläniň ýüzi az salymdan ýene bulut çökene döndi: —Ýusup Soltangülüň kirinem ýuwup berýämiş, naharynam bişirip berýämiş. Eýýäm näçe pombarham alyp berenmiş... —Heý, erkek kişem bir kir ýuwarmy! Seniň kelläň bir ýerindemi! —diýip, Döndi birsyhly Jemiläni köşeşdirýärdi. —Erkek diýeniň hiç wagt aýalynyň öňüne nahar bişirip, getirip goýmaz. Soltangüle sansyz pombarh äberer ýaly, Ýusupda üýtgeşik pul bardyr öýdýäňmi! Olam iliň alýan aýlygy bilen ýaşaýar-a. Soltangülüň-ä egnindäki köýnekleri şol bir öňki köýnekleri. —Şeýlemi? —diýip, Jemile ýene birbada köşeşen bolýardy. Ýöne rahatlygy uzaga çekenokdy. Onuň göz öňünde ýene syratly Ýusuby janlanýardy. Onuň özüne ýylgyryp bakyşlary, saçlaryny darap berýän pursatlary göz öňünden hatar-hatar bolup geçýärdi. Birdenem onuň özüni urup-enjen günlerini ýatlap, ejizleýärdi. Beýnisinde şol bir aýdymyň sözleri gaýtalanýardy: —öl agaçdan-eý hasyl öner, Gury agaçlar ýanar-söner! Däli döwran kime döner! Geçdim ýana-ýana, begler! Bagt guşuny, gören düýşüni ýatlaýardy. Bu zatlaryň näme üçin beýle bolýandygyna hiç akyl ýetirip bilenokdy. Gijelerine ýene Döndiniň gulak etini guradýardy: —Ýusup Soltangülüň saçyny-da darap berýändir... Bileje oturyp, gülşüp, çaý içýändirler... Döndi käte ýaltanman, Jemilä köşeşdiriji sözler aýdýardy, käte hem näme diýjegini bilmän, uludan dem alar goýardy. Bir günem oba «Ýusubyň ogly bolanmyş» diýen habar ýaýrady. Ol gün Jemile bir ölmedi. Aglap-aglap, ýüz-gözi çişdi. Hiç zat iýip-içip bilmedi. Ýüregi sorkuldap-sorkuldap, tas ölüpdi. Döndidir adamsy iki gezek «Tiz kömegi» çagyryp, ony sançdyrmaly boldular. Bu habardan soň gepçi aýallar oba dürli-dürli gepleri ýaýratdylar: —Ýusup ogluna uly toý tutjakmyş! —Ogluny şeýle bir gowy görýärmiş welin, gijelerine-de Soltangüle bermän, öz gujagyna alyp ýatýamyş. —Arlygyny-da özi ýuwýamyş. Gepler ondan-oňa çapdyryldy. Jemile indi bu habarlary Döndiniň ýanynda-da agzamady. Ol her gepi eşidende, sygyr dölä girip, aglap-aglap, ýüregini gowzudýardy. «Meni näme üçin gury agaja dönderdiň, Alla jan?! Näme üçin Ýusubyň ogly menden bolaýmady!» diýip, gaýtalap-gaýtlap, Alla ýalbarýardy.e Bir gije, garaňky mazaly gatlyşansoň, ol Döndä-de nirä gidýänini aýtman, öňki goňşusy Ogulbikäniňkä myhmançylyga gitdi. Özüniň söýgüli ýigidi bilen ençe ýyl bileje ýaşan jaýyna gözi düşende ýüregine pyçak urlan ýaly boldy. Gapydaky ýüpe serilgi arlyklary görüp, gözlerini ýaşlady. «Näme üçin meň gapymda kişiniň arlygy asylgy, Alla jan!» diýip, pyşyrdap nalady-da, aglamjyrady. «Hudaýym, seň başyňa meňkidenem beter gün düşsün» diýip, adamsyny elinden alan Soltangüle gargynjyrady. «Ýusup görünmezmikä?» diýip, boýnuny süýndürip seretse-de, ony görüp bilmedi. Jemile baranda Ogulbike çagalarynyň baryny ýumruklap, birine şarpyk çalyp, gyran-jyran edip otyrdy. Özem agzyna gelen hapa sözleri paýradyp, çagalaryna aldygyna sögýärdi: —Gyran degenler! Ajal alanlar! Birki sanyňyzy ajal alsa-da, men biraz rahatlanjag-a! «Eý, Hudaý jan! Saňa öwretme ýok. Ýöne näme üçin şeýdip, çaga gerekmejegiň üstüne-hä dökübileniňi döküp, gerege-de ýekejesinem bereňok sen?!» diýip, Jemile Ogulbikäniň bolşuny synlap, dem salymda pikir öwürdi. —Jemile jan, geleweri. Ýitig bolduň-la! diýip, Ogulbike köne goňşusyny güler ýüz bilen garşy aldy. Jemiläniň guran, hor düşen göwresine, gamgyn ýüzüne nazar aýlap, oňa ýüregi awady. —Biderek zatlara janyňy ýakýaň-da sen! «Geçenden geç!» diýýändir türkmen. Özüňi unudanyňy sen has beterräk unut-da, bar Ýusupdan-da gowy ýigidi tap-da! Seň ýaly owadan maşgalany kim almaz! Näme bi ýalançyda gaýgy-gama batyp ýörüp. Jemile Ogulbikenäniň gapdalyna geçip oturdy. —Ol menden geçse-de, men ony ýeke salym hem ýadymdan çykaryp bilmen! —diýip, gözlerine ýaş aýlap, Jemile Ýusubyň adyny tutman gepledi. Bogazy doldy. Ogulbike Jemilä şu pursat gerek sözleri bilipjik durdy. Onuň ýüregine hoş ýakaýjak sözleri eşidesiniň gelýänni bilýärdi. Horlanyp, gama çümüp oturan Jemiläni galkyndyrmak üçin Ogulbike gürrüňini Ýusuba gönükdirdi: —Sen, Jemile jan, Ýusupdan aýryldym diýip, birem gam çekme. Uzagyndan ol seni ýygnar, gör-de duraý. —Ogulbike töweregine garanjaklap, sesini birneme peseltdi. —Ol Soltangüli birem gowy görenok. Günde agzyna gelenini sögýä. Oňa diňe çaga üçin öýlenäýipdir. Heý, ol seň ýaly owadan gelnini unudyp bilermi! Bu sözlere Jemiläniň ýüreginiň yzasy birneme aýrylyşyp, ýene ýüzi ýagtylyp ugrady: —Şeýlemi? —diýip, içki şatlygyny mese-mälim bildirip, ýene gep eşitmek üçin öňe-öňe omzady. öz sözleriniň azajygam bolsa, Jemilä gowy täsir edenine Ogulbike-de begendi. —Hawa, şeýle —diýip, ol ýene sözüni dowam etdi. —Ýusup Soltangüle: «Kirli meşik» diýibem sögýä. «Seni nireden alypdyryn!» diýýä! —Ogly bolanda Ýusup gaty begenipdir diýýäler, şol çynmyka? —diýip, Jemile gaýgy bilen sorady. —Begenip näme, gýonuň guzlasa-da begenilýä-dä, Jemile jan —diýip, Ogulbike ýene Jemiläniň ugrundan turjak sözleri tapdy. —Ençe wagt çagasyz gezip ýören kişidir-dä. Begenen bolmagam mümkin. Ýöne biz-ä duýamzok şoň begenenini. Günüň-güni Soltangüle sögüb-ä dur şo! Soltangülüň öňki adamsyndan bolan çagasyny dagy eýýäm äkitdir-dä Soltangülüň ejesiniňkä. Öýünde sakladanok. Bu habarlar Jemiläniň aladasyny birneme ýeňletdi. Ol yzyna göwrümi giň dolandy. Gelip, ähli zady Döndä gürrüň berdi. Şeýdip, bu geplerem oba ýaýrady. Soň oba Soltangülüň Ogulbike bilen bogşanlygy hakdaky habar ýaýrady. «Köpe gözi düşse, göwni açylar» diýip, Döndi Jemiläni toý bolsaalyp gidýärdi. Bir günem obadaşlarynyň biriniň toýunda Jemile bilmezlikde Soltangülüň ejesiniň ýakynragynda oturmaly boldy. ömrüni söwda-satyk bilen onda-munda geçirip ýören, ýüzi ýyrtyk Ogulgül Jemiläniň baryny görüp, gepini Ýusuba gönükdirdi: —Kä heleý Ýusup jan Soltangüli gowy görenokmyş diýip, agzyny oňa-muňa urýar welin, şeý diýýänleň içiniň tütäpjik durany görnüp dur-a! Ýusup jan-a Soltangülüň kirinem ýuwýa, özünem suwa düşürýä. Saçynam ýuwup-darap, örüp berýä! Oguljygynam bir gowy görýä, bir gowy görýä welin, içine-bagryna dykaýjak bolýa. Agtyjagym hut Ýusup jana meňzäpjik dur! Jemile Ogulgülüň sözlerini uzak diňläp bilmedi. Kellesine taýak degen ýaly bolup, toýdan turup gaýtdy. Ýusubyň öz saçlaryny daran pursatlaryny ýatlady. «Onuň saçlaryny-da hökman daraýandyr ol, hökman daraýandyr» diýip, ýolboýy aglap, özbaşyna gepläp gaýtdy. «Ýalan bolsa, gaýynenesi aýtmazdy». Ol Döndiniň ýanynda-da tä ýatýançalar şu sözleri gaýtalady oturdy: —Gaýynesi ýalan sözlemez, Ýusup Soltangülüňem açlaryny hökman darap berýändir... Ol meňňem saçlarymy daraýady... —Jan jigim, o heleý ýalan sözleýä, öz gyzyny öwmek üçin şeý diýýä. Öz gyzynyň halanmaýanyny bilip şeý diýýä ol. Ogulbike bilen seniň eden gürrüňiň üçin, ar almak üçin diýýä ol! Ýusup seň saçlaryňy darasa-da, Soltangülüňkini daramaz. Onuň sypaty ýürek alar ýalymy! Saçy dagy näteňet! ömür gulaklarynyň arkasyndan çogyp dur. Ýusup daraýan bolsa, saçlary şeýdip, gulaklarynyň arkasyndan çykyşar durarmy! Sen bolsaň owadan. Ýusup seniň saçlaryňy gowy görensoň darandyr. Her zat diýilse-de, Jemile bu gezek ynanmady. Jemiläniň aladasy, günüň-güni bir ýerden gep eşidip gelip, keýp bozmasy, Ýusuby unudyp bilmän dökýän gözýaşlary Döndini-de irizdi. Onuň gaýynesidir adamsy-da Jemile hakda Döndä gaty-gaýrym zat diýmeseler-de, Jemiläniň öz öýlerinden girip-çykyp ýörmesini halamaýandyklaryny çytyk ýüzlerinden mese-mälim bildirýärdiler. Hatda adamsy birki gezek Döndiniň ýanynda: «Obada dili uzyn adam kän, Döndi. «Seniň-ä günüň geldi. Iki dogany-da öýüňde bileje saklap ýörmüň?» diýip, maňa degýäler» diýen ýakymsyz habaram agzady. Bu sözler Döndi üçin ýeterlikdi. Gözýaş dökmeden haýyr ýokdy. Jemiläni öýden gidermelidi. «Ýöne nirä giderjek?» diýip, ol küýi-köçesi Jemile bolansoň, ol hakda birsyhly oýlanýardy. «öweý eje bilen kakamdan-a oňa eýe bolan ýok. Olar öň ne gün görkezdiler bize. Önelgesiz aýal kime derkar?!» Günleriň bir güni oba bir şum habar ýaýrady. Sary serhoşuň aýaly ýogaldy. Türkmenlerde erkek kişi ýogalsa-ha aýala merhumyň kyrky geçenden: «Eger başga kişi bilen goş birikdirmek hyýalyň bolsa, rugsatdyr, gelin» diýlen söz hökman aýdylmalymyş diýýäler. Eger aýal ýogalsa, dul galan erkegiň hossarlary merhumyň kyrky geçenden kimdir biriniňkä gudaçylyga barmaly hem-de dul galan erkek kişiniň ýüreginde entekler öýlenme hyýaly bolmasa-da, aýal maşgala söz aýtmaly diýýärler. Şol yryma salgylanyp, Sary serhoşuň hossarlary onuň üçin dul aýalyň idegine çykdylar. Olar başga obalary gözlemedilerem. Sary serhoşdan ýaşy juda kiçi bolsa-da, hatda onuň öz gyzlary bilen deň-duş bolsa-da, Jemilä gudaçylyga geldiler. —Obada şondan başga dul barmy. Boý ýigid-ä seň önelgesiz jigiňi almaz. Ber-de goýber Sara. Deň-duşuny gözläp, ýat obalara çykaranyňdan, öz obamyza bereniň gowudyr. Her zadam bolsa, gözüň alny —diýip, Döndiniň gaýynenesi onuň gulagyny gazamak gazady. Sary serhoşuň hossarlary gelip gidensoň, iňirdäp goýmady. Adamsynyň kir-çägi, öýüň işi bilen belki, Ýusuby unudar, gözýaşlary gurar niýet bilen Döndi ahyry Jemiläni Sary serhoşa bermäge razy boldy. Sary serhoşa barmaga Jemiläniň özem razy boldy. Sebäbi Sary serhoşuň öýi şähere gidilýän uly ýoluň gyrajygynda ýerleşýärdi. Şähere gidýänem, şäherden gelýänem Sary serhoşlaryň gapdaljygyndan geçýärdi. Jemile-de ol ýerde bolsa, Ýusuby günde iki gezek görüp biljegi hakda pikir etdi. Işe gidende-de, gelende-de synlap biljegi hakda pikir etdi. Döndiniňkide ýaşap ýörse, ol Ýusuby hiç wagt hem görüp bilmejegini bilýärdi. Jemile özüniň Sary serhoşa beriljegine hatda begendem. Ony Sary serhoşuň içegenligem, ýaşynyň ululygam, gyzlarynyň özi bilen deň-duşlugam alada goýanokdy. Bu zatlar Jemile üçin gara şaýydy. Bu zatlar nähili bolanda-da Jemilä parhy ýokdy. Ol her gezek Ýusup Sary serhoşlaryň melleginiň gyrajygyna degip duran şa ýoldan ötüp gidende ony synlap galsa bolýardy. Ol şeýtmegi-de özi üçin uly bagt hasaplaýardy. Onuň Ýusuby görüp ýaşasy gelýärdi. Ýusupsyz düne onuň üçin gara tümlükdi. Aýalynyň ýogalanyna üç aýa golaý wagt geçensoň, bir gije Jemiläniň başyna başatgyç atyp, Sary serhoşuňka getirdiler. Sary serhoş Ýusup ýaly Jemiläniň saçlarynam oýnamady. Darabam bermedi. Ony nije ýyllar bäri düşelip-düşelip, depeşek bolup, gülleri tüýdülip ugran köne keçeleriniň üstünden ýazylan, sary giden düşekçäniň üstüne togalap goýberdi-de, özüne degişli işini berjaý etdi. Soň hem beýlesine düňderilip, harlap, uka gitdi. Jemile üçin bu zatlaryň-da parhy ýokdy. Onuň göwnüne bolmasa, bütin synasy doňan ýalydy. Onuň duýgulary-da, damarlarynda at salmaly ganlary-da doňan ýalydy. Onuň diňe beýnisi pikir öwürmäge ukyplydy. Ýüregi bolsa sork-sork edip, sanjyp durdy. Ol diňe özüniň şu ýagdaýyny duýýardy. Galan zatlar bilen işem ýokdy. Onuň gapdalynda aňyrsyna bakyp, harlap, hor çekip ýatan Sary serhoş bilenem işi ýokdy. Ol haýsy tarapyna bakyp ýatanda-da onuň üçin atyň gulagy ýalydy. Ol gözlerini depesine dikip ýatyşyna Ýusup bilen geçen günlerini ýatlaýardy. Onuň göz öňünde diňe Ýusup gaýmalaýardy. Söen ýarynyň özüni bagryna basan pursatlary, bagtly eden pursatlary göz öňünden hatar-hatar bolup geçýärdi. «Indem ol Soltangüli bagryna basýandyr. Onuň saçlaryny oýnaýandyr» diýip, birsyhly pikir öwürýärdi. «Soltangül oňa ogul-da dogrup beräýdi-dä» diýip, öwran-öwran gaýtalaýardy. Şeýdip ýatyşyna gözýaşlary ýaňaklaryndan syrygyp-syrygyp gidýärdi. Sary serhoşuňkyda geçiren ilkinji gijesini Jemile uklaman diýen ýaly ugratdy. Ol irden ylgap daşaryk çykdy. Mellegiň içinde gezmeledi. Mellegiň köçä tarapky çetine kiçiräk depe ýaly edilip, gowaça çöpi basylgy durdy. Onuň gapdalynda-da tut çybygydyr ojar odunlary basylgy. Odunlar hem-ä köçeden gelýän tozanyň durşy bilen mellekdäki göklerdir otlara siňemeginiň öňüni alýardy, hem geçen göz dikip geçmez ýaly, öýi ýolagçylaryň gözünden birneme gizleýärdi. Ýöne odunlaryň ýanyndan öten-geçeni welin, gowy synlap bolýardy. Özüň oduna duwlanyp oturaga-da synlabermelidi. Jemile gowaça çöpünden basylan odunyň gapdalyna gelip oturdy. Şol wagtam onuň gulagyna uzaklardan tanyş maşynyň sesi geldi. Jemile ol maşynyň Ýusubyňkydygyny derrew tanady. Neneň ony tanamasyn, Jemile ol maşynda nijeme ýyllar öz Ýusuby bilen nije menziller sökdi! Beýnisine çalt uran: «Ýusup gelýä!» diýen habar ýüregini gopdurdy. Böküp ýerinden turdy. Ýoluň aňry başyndan Ýusubyň maşyny göründi. Jemiläniň nije ýyllar münen maşynjygy. Süýt reňkli ak «žiguli». Soň ol maşyn Jemiläniň gabadyna geldi. Maşyna seredip durşuna Jemile bir ýüregi ýarylyp ölmedi. Ýusubyň gapdaljygynda, öňler Jemiläniň oturan ornunda meşik ýaly bolup, Soltangül otyrdy. Özem eýýäm ers-mers bolan ogluny öňünde dik duruzyp barýardy. Çagajyk iki eli bilen zol maşynyň aýnalaryna oýun edip kakýardy. Ýusup bilen Soltangül hem zol ýylgyryşyp, çagajyga bakyp, bir zatlar diýişýärdiler. «Hut maňa görkezmek üçin dik durzupdyr. Ýogsa gujagyna alyp gidende bolmaýarmy?!» —diýip, Jemile özüniň näme edýäninem bilmän, aglamjyrady. Bütin synasy bilen saňňyldady. Sandyraýan aýaklary göwresini götermedi. Özüni aşak goýberdi. Oturyp aglady. Ýüregini gowzudansoň, el-ýüzüni ýuwup, öe girdi. Sary serhoşuň öýlenen ogullarynyň-da, durmuşa çykan gyzlarynyň-da öýi aýrydy. Kiçi ogly hem gelni bilen onuň gapdaljygynda ýaşaýardy. Sarynyň öýünde onuň çykmadyk kiçi gyzy Gül bolýardy. Öýüň ähli işini Gülüň özi edýärdi. Nahar-şoruň, syrym-süpürimiň kemini goýanokdy. Mal-gara Sary serhoş seredýärdi. Jemilä bu öýde iş-de ýokdy. Ol islese-hä, Güle öý işlerine kömekleşäýmelidi, islemese-de, uzakly gün oturybermelidi. Oňa öýdäkiler şeý diýip düşündirdiler. Jemile üne diýlen zatlary diňlänokdy. Otyrdy. Onuň göz öňünde kiçijik eljagazlary bilen maşynyň aýnasyna urup barýan çagajyk hem-de biri-birinden beter bolup, çagajyga ýylgyryşyp bakýan Ýusupdyr Soltangül gaýmalaýardy. «Näme üçin Ýusupdan bolan ogly men gujagyma almadym? Näme üçin?» diýip, ol birsyhly pikir öwürýärdi. Sary serhoş çaý-suw içip, işi üçin mellegine girenden, Jemile-de ýola çykyp, hiç kime nirä gidýäninem aýtman, Döndiniňkä ugrady. Täze adamsynyňka eltilenine bir günem geçmänkä yzynaöwrülip gelýän Jemiläni görenden, Döndiniň zähresi ýaryldy. Ol şol wagt gapylaryny süpürip ýördi. Döndi elindäki sübsäni taşlap, Jemiläni alyp, dessine öe girdi. Jemile özüni ýere goýberip, aglap başlady. —Irden gapdalymyzdan Ýusup geçip gitdi —diýip, agysynyň arasynda düşündirdi. —Maşynly... gapdalynda-da Soltangül. Ogullaram bar. Eýýäm ol çaga-da ep-esli bolupdyr. Ýusubam ol çaga ýylgyryp seredýär... Döndi Jemiläniň başyny göterdi-de, aýalary bilen onuň gözýaşlaryny syldy: —Wah, Jemile jan, Jemile jan, şu zatlary aýtmak üçinem täze baran öýüňi taşlap, bärik gaýtdyňmy? —Hawa —diýip, Jemile baş atdy. —Soltangülem ogluny gujagynda oturdaýman, maňa görkezmek üçin, hakyt öňünde dik durzupdyr... —Wah, samsyk jigim —diýip, Döndi baş ýaýkady. —Soltangül seniň ol öýdeligiňi nireden bilsin! Sen geçen agşam gitdiň-ä olara. Bu arada Soltangül seniň Sara baranyňy nireden eşitsin! Ol çagasyny şeýdip ýöne saklaýandyr... —Ýusubam çagasyny gowy görýän eken. Ýylgyryp barýa... —diýip, Jemile ýene uludan dem alyp, gamgyn pyşyrdady. —Jemile, jigim jan —diýip, Döndi Jemilä ýalbaryp ugrady. —Sen çaga däl ahyry! Hemme zada düşünýäň. Indi boljak iş boldy. Ýusuby unut. Ol seniň üçin ütinleý ýat adam. Ol indi deňiňden nädip geçende-de, işiň bolmasyn. Beýdip ýörseň, ahyr kesel bolup ýykylarsyň sen. Düşün şuňa, jigim jan. Indi öz öýüň, gapyň bar. Hana, Gülem saňa Hudaýyň beren gyzy. Adamyň kiri-çägi bilen güýmendejik, akyllyja bolup gez, jigim. Menem, özüňem ile gep etme, jan jigim! Bolýamy?! —Güli men hiç wgatam özüme gyz edinmen —diýip, Jemile gaharlandy. —Alla jan Ýusupdan çaga bermedimi maňa, indi hiç çaganam çaga edinmen men, arkaýyn bolaýyň. Döndi aglap ugrady: —Sen ölenem bolsaň, men şeýdip ýanmazdym, jigim jan. Ýa seniň ýananyňy görmz ýaly, men ölmeli ekenim! Jemile Döndä: —Sen bir aglamasana!—diýdi-de, gaýtmak üçin ýerinden galdy. —Men indi gaýdyp seniň ýanyňa aglap gelmen! —Mert bol, jigim, başa gelenini çekeli —diýip, Döndi oňa ýene hoşamaý sözleri aýtdy. —Barybir Ýusup seňki. O dünede Ýusup diňe seniň bilen bolmaly. O dünede aýal-da, erkek-de diňe ilkinji nikalaşany bilen bolmaly diýýäler... Jemile sesini çykarman gaýtdy. Şu sözlerem oňa birneme teselli berdi. Ýusup bilen ol dünede bile boljagyna-da begendi. Ol gaýdyp gelende Sary serhoş ondan nirä gideninem soramady. Onuň üçin owadanja baýdak boýly Jemile öz gapysyndan girip-çykyp ýörse bolýardy. Jemile jaýyň bir burçuna dykylyp, öýläne çenli diňşirgendi ýatdy. Giç öýlänler onuň gulagyna ýene tanyş maşynyň sesi geldi. «Ýusup» diýen söz beýnisinde at çapdy. Ol hasanaklap galyp, odunlaryň ýanyna atyldy. Ylgap diýen ýaly baryp, oduna duwlanyp durdy. Ýusup geçip gitdi. Ýene-de Ýusubyň gapdalynda Soltangül otyrdy. Ýöne çagajygy bu gezek Soltangül gujagynda oturdypdyr. Onuň garaja saçly kellesiniň depesi zordan göze kaklyşyp gidýärdi. «Seniň bagtyň meňkidenem beter gara bolsun, Hudaýym» diýip, Jemile Soltangüle gargynyp galdy. «Sen barmadyk bolsaň, Ýusup hiç kimem almazdy». Bu gezek Jemile Ýusubyň geçip gidenini aýtmaga Döndiniňkä gitmedi. Ony gaýdyp gynandyrmak islemedi. Doganynyň gaýdyp gözýaş dökmegini islemedi. «Bu gezeg-ä haram Soltangül çagasyny gujagynda oturdypdyr. Dik duruzmandyr» diýip, ol özbaşyna gepledi. Kimdir birine gürrüň berýän ýaly, sesli gepledi. Ellerini hereketlendirip-hereketlendirip gepledi. Ikinji gije-de Jemile üçin öňki ýaly geçdi. Sary serhoş ony köne düşekçesiniň üstüne togalap, öz islegini kanagatlandyransoň, ýene tersine öwrülip. Hor çekmäge başlady. Jemile bolsa tä daň atýança Ýusuby ýatlap hem gussa çekip, gözýaş dökdi. Ertesi güni irden ol ýene Ýusubyň maşynynyň öňünden çykmaga ugrady. Bu gezek Ýusubyň maşynynda Soltangül ýokdy. Muňa Jemile diýseň begendi. —Soltangül ýok eken —diýip, özbaşyna samrady. Ol şeýdip, her gün Ýusuby synlady. Irden hem öýlän odunlaryna duwlanyp, Ýusubyň yzyndan seredip galýardy. Maşynda Soltangül bolan güni oturyp aglaýardy. Ýusubyň bir özi geçip gitse, begenýärdi. Soltangül bolsa-da, öz-özi bilen gepleşip, samraýardy. «Ol kemçin bar ekeni, ol kemçin bar ekeni» diýip, öýüne girýänçä gepleýärdi. Soň bolsa burça baryp, bir gysym bolup, düýrlenip ýatýardy. Soňy bilen gyzlygy Gül oňa basdaşlyk edip ugrady. —öýüň bir işini edenok. Öňki ärini synlamaly bolsa-ha ökjesi ýeňleýär —diýip, ejeliginiň odunlara duwlanyp, Ýusubyň yzyndan garap galyşyny görüp ýören Gül bir gün Jemiläni kakasyna ýamanlady. Jemile Güle Sary serhoşdan öň jogap berdi. Özem täze adamsyndan çekinibem durmady. Sebäbi ol iki tarapyny deňläpdi. Özüni öldüräenlerinde-de onuň üçin parhy ýokdy. Ýusupsyz ýaşaýyş onuň üçin gara şaýydy. Ol häzirem dünede Ýusubyň bardygy üçin ýaşap ýördi. —Seň kakaňa diňe mellegiňiziň ýanyndan Ýusubyň ötüp-geçýänini görmek üçin geldim. Hyzmatyňyzy etmäge gelemok. Şu bolşumy halamasaňyz, äkidip geläýiň yzyma! Sary serhoş Jemilä hiç zadam diýmedi. Ol özünden ýigrimi ýaş kiçi Jemiläniň söýgi hasratyna düşünip durdy. Onuň öz Ýusuby üçin däliligiň bosagasynda gezip ýörenine-de düşünýärdi. Jemiläniň häzir özünden gorkup, ýaşajyk hem söen adamsyny unudyp, özüni gowy görmejegini Sary serhoş bilýärdi. Ol durmuşa gowy düşünýärdi. «Ýaşy geçdigisaýy unudar Ýusubyny» diýip, Sary serhoş pikir öwürdi. Agşam bolsa ol içip-içip, lül boldy. —Menem aýalymy hut seniň öz Ýusubyňy gowy görşüň ýaly görýädim —diýip, Sary serhoş Jemiläniň özüni birjik-de halamaýanyna kemsinip, gürrüň gozgady. —Nätjek-dä. Muňa durmuş diýýäler. Türkmeniň: «El bilen düzedip bolmaýar» diýýäni şü, durmuş diýilýän. Onda seniň islemeýän zatlaryň boluberýä. Ine, durmuş ikimizem iň gowy görýän adamymyzdan aýyrdy, ýöne herimizi bir ýol bilen... Nätjek-dä! Alaç ýok. Adam barybir, ýaşamaly. Her zat etmeli, ýaşamaly. Ile goşulmaly... Bu gije Sary serhoş samrap-samrap ýatyp galdy. *** Durmuş öz akymyna akyp durdy. Günler Jemile üçin meňzeş geçýärdi. Ol her gün irden hem öýlän ýoluň gyrasyna ylgap baryp, Ýusuba seredip galýardy. Onuň üçin her gün şeýdip gaýtalanýardy. Kimler üçin üýtgeşiklik kändi. Ýyl yzyna ýyl geçdi. Soltangül Ýusuba ýylda bir çaga dünýä inderip berdi. Oňa goşa ogul, goşa gyz dogrup berdi. Her gezek ilden Soltangülüň göwrelidigini eşidende, Jemile uzakly gün samraýardy. Hem aglaýardy. «Ine, ol ýene agyrakmyş. Ýusuba ýene bir çaga dogrup berer. Ýusup indi ony has-da gowy görer» diýip samraýardy. Soltangülüň çagasynyň bolanyny eşidensoň bolsa: «Onuň ýene çagasy bolupdyr» diýip, özbaşyna gepläp aglaýardy. Özem gün-günden işdäsi tutulyp, gurap barýardy. Güli-de durmuşa çykaransoňlar, Jemile Sary serhoşuň çaý-naharyna özi seretmeli boldy. Ol her gezek odun getiirpi, ojak otlanda şatyrdap ýanýan odunlara seredip, samrar oturardy: —Ine, şu ýanýan agaçlar men. Gury agaç bular. Bular ýanýar-da, küle öwrülýär. Külem döküp goýberýäler... Gury agaç... Gury agaça men... Soltangül bolsa öl agaç. Ol ýylda miweläp otyr... Şonuň üçin ol gerekli... Soňy bilen ol radiodan eşidýän aýdymyny-da aýtmaga başlady: — öl agaçdan-eý hasyl öner, Gury agaçlar ýanar-söner... Däli döwran kime döner! Geçdim ýana-ýana, begler... Onuň ojakda ýanýan gury odunlara serede-serede, naharyny ýatdan çykarýan pursatlary köpeldi. Aýdym aýdýan wagty köpeldi. Ýusubyň maşynynyň yzyndan seredip geplemesem köpeldi. Soňabaka ol odunlara bukuljagam bolmady. Hut ýoluň gyrasyna baryp, Ýusuba arkaýyn seretdi. Ýusup ýany Soltangülli geçse, Soltangüle gargynyp galdy. Ýeke geçse, ýylgyryp galdy. Ýusup oňa tarap ýüzüni öwürmän geçip gidýärdi. Onuň beýtmesi, Jemilä has-da agyr täsir edýärdi. Bir wagt bu ýoldan ýöräp, ikisiniň gol tutuşyp, Aşgabada okuwa gidişini, okuwdan gelşini, şonda Sary serhoşuň aýaly bilen özlerini gözi gidip synlaýşyny ýatlaýardy. «Şol günler men nähili bagtly ekenim!» diýip, ol sesli gaýtalaýardy. «Indi bolsa men Sary serhoşuň öýünden Ýusup bilen Soltangüli synlap ýörün...» Kellesi göçüp, naharyny ýakyp ýörensoň, Sary serhoş Jemilä nahar-şor etdirmänem goýdy. Onuň iýjek-içjegini gapdalynda ýaşaýan gelni taýýarlap berip başlady. Sary serhoş soňky günler Jemiläniň kellesiniň üýtgäp ugranyny duýup ýördi. Ýöne her zadam bolsa, has beterläýmese, ony kowmakçy däldi. Näme-de bolsa, ýeke ýatyp-turup ýörenden, gapdalynda garady. Jemiläniň ýanyna birki gezek klasdaşy Gunça-da gezmäge gelip gitdi. Gunça bilen Allamyrat çagalar öýünden ogullyk aldylar. Ol eýýäm ýöreýärdi. —Hana, Hudaý saňa-da çaga beripdir, maňa bolsa bermedi —diýip, Jemile tä Gunça gaýdýança şol bir zady gaýtalady oturdy. Gunça hernäçe: «Muny biz çagalar öýünden aldyk» diýip, düşündirse-de, Jemile düşünmedi. —Saňa-da Hudaý beripdir, maňa bolsa bermedi —diýip, ýene şol bir diýenini gaýtalady. Jemiläniň üýtgänini Gunça duýdy. Onuň halyna aglap-aglap gaýtdy. Öýüne gelýänçä aglady. Gelip, ýagdaýy Allamyrada aýtdy. Jemiläniň halyna Allamyrat-da diýseň gynandy. —Hä, haramzada! Nähili gowy gyzyň ömrüni kül etdi! —diýip, öz ýanyndan Ýusuba sögündi. Ýagdaýa alaç tapar ýaly däldi. Şonda-da ol Gunça: «Agşam Ýusuby çagyr, men onuň bilen gepleşjek» diýdi. Gunça Ýusubyňka dessine gitdi-de, Allamyradyň çakylygyny aýdyp gaýtdy. Ýusubyň Allamyradyňka Soltangülüň yşgyna düşüp ýören wagty gelip gidişidi. Ol Allamyrat bilen gatnaşanokdy. Ondan çekinýärdi. Allamyradyň Jemiläni ýatladyp, käýejeginden çekinýärdi. Soltangülüň öz öýüne yzly-yzyna oglumydyr gyz bäbekleri hatarlap getirip oturmagyna gyzyp, soňy bilen Ýusup toý-ýas bolmasa, hiç kimiňkä-de gidip durmady. Çagalar iz-de-izdi. Soltangül-ä zordan arlyk ýuwup ýetişýärdi. Daşyna siňek gonduryp otyrdy. Gepçi aýallaryň aýdyşy ýaly, Ýusup Soltangülüň arlygyn-a ýuwanokdy. Ýöne galan işini welin edýärdi. Öýi süpürip, düşeklerinem kakýardy. Nahar-da bişirýärdi. Onuň Soltangülüň hyzmatynda şeýdip ylgaýşyny görse dagy Jemiläniň ýüregi duran ýerinde çat açjakdy. Onuň bu zatlary görmeýänem bir gowudy. Ýusup Soltangülüň hyzmatyndan gaçmady. Ol şeýle bir çaga mährine suwsapdy welin, Soltangülüň kiri gözüne görnenokdy. Özüne gyz ýerine gyz, ogul ýerine ogul dogrup berýäni üçin ony diýseň gowy görýärdi. Ol gijelerine Soltangül ukusyny gowy alyp bilmedik wagty sallançak üwräbem çykýardy. Ol öz maşgalasynyň keşigi bilen ýaşaýardy. Soltangül oňa Jemiläniň Sary serhoşa berlendigini aýdan güni keýpi bozulmanam durmady. «Şol ýaşy bilen özünden şeýle kiçi maşgalany nädip alyp bildikä, haramzada!» diýip, Sary serhoşa gaharlandy. Özüni kemsidilen ýaly duýdy. Soňam: «özüň-ä taşladyň, indikiň näme!» diýip, öz-özüne käýindi. Jemiläni özi kowsa-da, Ýusup üçin ol hiç kime barman gezäýse kem däldi. Ol özüniň owadanja Jemilesini başga bir erkegiň bagra basaryny islänokdy. Jemile başga kişä bararam öýdenokdy. Baryp biler öýdenokdy. Onuň birdenkä özi bilen deň-duş kişä-dä barman, kakasy bilen ýaşytdaş Sary serhoşa aýal bolup barmasyna Ýusup nähili düşünjegini bilmedi. Dogrusy, haýran galdy. Bu habar onuň üçin tomsuň güni ýyldyrym çakandan enaýy bolmady. Soň çagalaryň gyk-bagy, öýüň aladasy bilen kem-kemden Jemiläni unutdy. Jemile onuň üçin günsaýyn ýat adama öwrülip ugrady. Ol Gunça gelip gidensoň, agşama-da garaşman, eýýäm dört ýaşyny dolduran ogly Maksady gapdalyna mündürip, maşynyny otlap, Allamyradyňka ýöneldi. Agşama garaşmaga takady ýetmedi. Ýüregi bir zat syzýan ýaly boldy. Ýusup baranda Allamyrat daşarda üzümiň kölegesine atylan düşekde ogullygyny dyzyna mündürip, çaý içip otyrdy. Ýusup Maksatjygy maşyndan göterip düşürdi. Soň Allamyradyň ýanyna baryp, oňa elini uzadyp, sessiz salamlaşdy. Mürähet edilmezden, düşege geçip oturdy. Ogluny gujagynda oturdyp, misli, «Men oglumy has gowy görýän» diýýän ýaly, onuň saçlaryny sypap, ýaňagyndan ogşap goýberdi. Soňam Allamyrada ýüzlendi: —Çagyran ekeniň. Aýdyp otur. —Sen Jemiläni ýakdyň, Ýusup, ýakdyň —diýip, Allamyrat baş ýaýkady. —Şondan başga gürrüňiň ýokmudy? Ýusubyň gaharly nazaryndan onuň Jemile hakda gürrüň gozgalmagyny halamaýanyny mese-mälim duýup bolýardy. Şeýle-de bolsa, Allamyrat ondan çekinmän dowam etdi: —Men Jemile hakdaky gürrüňimi hiç wagt goýman! Sebäbi ol aladasy edilmeli adam. Eger sen öýlenmedik bolsaň, ol beýle betbagt bolmazdy! —Seň aýdýanyň näme, Allamyrat! —diýip, Ýusup barha gaharlandy. —Şony başga kişi alanam bolsa, çagasy bolmasa, kowardy. Men günäkär däl-ä onuň önelgesizligine! —Başga biri alan bolsa, belki, kowmazdy. Jemiläni bagtly ederdi. Ine, men Gunça bilen ýaşaşyp ýörün-ä! —diýip, Allamyrat öz sözüni gögertmäge çalyşdy. Dowamy bar... Ogulsenem Taññyýewa. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |