17:09 Gury agaç -4 / powestiñ dowamy | |
—Seň ýaly samsyk tapylarmydy, tapylmazmydy —diýip, Ýusup sesini peseldip, ýer dyrmalady.
Powestler
Allamyrat Ýusubyň gözlerine dikanlap seredi: —Betbagtlyga uçrajak bolup duran adamy bagtly etmek samsyklykmy eýsem?! Häzir men Gunçany seniň Jemiläni kowup goýberişiň ýaly, urup-enjip kowup goýbersem, ol seniň Jemiläňden gowy güne düşermi?! —Gunçany kowmanyň üçin seniň özüň betbagt bolup galypsyň —diýip, Ýusup hem öz pikirinden dänmän gepledi. —Dogry, seniň-de ogluň bar. Ýöne ol seniň ganyň däl, seniň nesliň däl, başga biriniňki... Allamyrat Ýusubyň sözüni böldi: —Belki, şeýle-de bolsa, seniň ogluňdan meňki has mährem bolup ýetişer... Goý, bularyň nähili adam bolup ýetişjekleriniň gürrüňinem etmäli. Ýöne il meň ogullygyma-da «Allamyradyň ogly» diýer... Bularyň ogullary bolsa ýetişen halatlary Allamyrat bilen Ýusuby ýa ýatlarlar, ýa ýatlamazlar. Adamzat nesli şeýle dowam edýä. Ýadyňda bolsa, saňa bu zatlar hakda men öňem aýdypdym... Allamyradyň sözleri Ýusuby birneme pikire batyrdy. Allamyrat dowam etdi: —Ine, şonuň üçin men-ä çaga sebäpli özüňe ýürek beren bir naçary betbagtçylyga itmek adamkärçilik dälmikä diýýän. Dogrusy, özüm-ä Gunçany gowy gördüm, häzirem şol, öňkim ýaly gowy görýän. Onsuz ýekeje günem ýaşap biljek däl. Atasy öýüne gezmäge gitse-de, köçä çykyp durýan. Meniň üçin-ä Gunçasyz durmuş durmuş däl. Senem Jemiläni nähileler gowy görýädiň, Ýusup! Nädip onsuz gijeleriňi geçirip bilýäň?! —Men aýaldan çagany gowy görýän! —Jemile seň üçin ýöne bir aýal däl. Ol seniň ýüregiňe ilkinji bolup ornan söýgiň ahyry! Söýgiňi terk edip, nädip ýaşap bilýäň sen?! —Ine, meniň söýgim! —diýip, Ýusup guagynda oturan oglunyň saçlaryny sypap goýberdi. —Bir wagt menem, senem kakamyz şeýdip, gujaklaryna alyp, guwanandyrlar. Ýöne bizden olara näme haýyr bar?! Ine, ýetişdigem-dä! Azarymyz ýetmese, haýrymyz ýetenok. Çaga guwanma-da adam üçin salgym ýaly bir zat. Salgyma kowalaşypjyk ýetmeli... Çagasyndan razy bolup ötýän adam näçekä şu dünede?! — Allamyrat ýene Ýusubyň göni göreçlerine seretdi. —Sen maňa näme diýjek bolýaň? —diýip, Ýusup onuň hörpüni aňman sorady. Allamyrat agras gepledi: —Jemile däliräpdir... Bu habara Ýusup tisginip gitdi. Ýüzi ýedi ýuwlan ak esgi ýaly boldy. Ýüregi gorkuly dükürdedi. —Wah-eý... —diýip, bu habara çyny bilen gynandy. —Näme bolduka oňa? Adamsy bir zat etdimikä ýa? —Ol seni nähili gowy gördi! —diýip, Allamyrat ýene gaharlanyp ugrady. —Ol seniňem özüni gowy görýäniňe ynandy. Seniň özüni Soltangülçe görmän goýbereniňi çekip bilmändir ol. Gunça baryp geldi ýanyna. Diňe seniň adyňy agzap otyr diýýä. «Ýusup meni kowup, Soltangüli alaýdy» diýip, Gunça gaýdýança müň gezek agzapdyr... —Be... Ol-a bolmandyr-aý... —diýip, Ýusup keýpini gaçyryp, uludan demini aldy. —Men beýle bolar öýdüp pikirem etmeýärdim... —Pikir etmeseňem, şeýle iş-ä bolupdyr —diýip, Allamyrat gama batyp, agraslandy. Ýusuby az salymlykça wyždany diýseň horlady. Onuň Jemile bilen bolan bagtly pursatlary ýadyna düşdi. Jemiläniň müň-näz-kereşme bilen gülüp-oýnap, durmuşyny ala-ýaz eden halatlary göz öňünden geçdi. —O görgülini indi däderkäler, dost?! —Şeý diýip, Ýusup Allamyradyň ýüzüne bakdy. —Bilmedim —diýip, Allamyrat uludan dem aldy. —Belki, keselhana salarlar... Ýöne oňa bejergi haýyr edermikä? Oňa diňe sen gerek, Ýusup! Häzir sen Soltangüli atasy öýüne eltäge-de, Jemiläni ýanyňa alsaň, ol göni sagalar. Sen ony beýdip taşlama! Ýüregi awasa-da, Ýusup akyly üýtgän Jemiläni öýüne äkitmek hakda pikir edip bilmedi. Ol hatda öz akylynda däl adamlar hakda gürrüň eşitmegem halamaýardy. Bu zatlara ýüregi bolanokdy. Jemilä hem ýüregi awady, hem ondan gorkdy. Allamyrada näme jogap berjegini bilmedi. üstesine-de, indi Jemiläniň başga adamsy bardy. «Ikinji äre giden aýalyny yzyna ýygnan türkmen heý, görlüp-eşidilen zatmydyr» diýip, Ýusup pikir öwürdi. Içki pikirini daşyna çykardy: —Onuň adamsy bar ahyry, dost! Men ondan heý, Jemiläni diläp bilerinmi! Ol meniň kellämi almazmy! —Ýagdaýy adamkärçilikli düşündirseň, düşüner. Akyly üýtgän aýal bilen ýaşamak Sary serhoşa-da ýeňil düşüp durmaz. Ol belki, ony kowjak bolup ýörendir. Seniň özüň barma-da, onuň ýanyna adam iber. Jemiläniň bu ýagdaýa hut sen sebäpli, senden aýrylanlygy sebäpli düşendigini aýtmaly oňa. —Bu zatlara Soltangül razy bolarmyka? —diýip, Ýusup alada galdy. Ýusubyň sözlerine Allamyradyň gany depesine urdy: —Soltangül näme bolsa şol bolsun! Ol asla seniň deňiň däl! Gynansagam, bu dünede şoň ýalylar bagtly bolýar! —Deňim bolmasa-da, ol meniň çagalarymyň ejesi ahyry! —Ol seniň çagalaryňa eje bolmaga-da mynasyp däldi. Ýöne onuň maňlaýy güýçli eken. Ondan beýle gorkýan bolsaň, ýalbar-da, ýagdaýy düşündir. Iň bolman klasdaşlygyň hatyrasyna ol seniň Jemile bilen gaýtadan ýaşaşmagyňa razylyk bersin. Ol senden aljagyny aldy. Goý, biraz atasy öýünde ýaşasyn. Sen bolsaň, halys aýrylyşyp bilmeseň, Soltangülüňem ýanyna gatnaber. —A biri «Iki aýally» diýäge-de, hökümete ýamanlaýsa näderin?! Işimden-ä aýrarlar. —Ony ýamanlanan çagyň göräýmeli bor. —Bir ýamanlanansoň, düzedip bolarmyka? —diýip, Ýusup alada galdy. —Işimden kowmasalar... Ýusubyň bolşuna Allamyradyň içini it ýyrtdy. «Be, munuň özüni gowy göräýşini» diýip, gahar bilen oýlandy. «Indi bildim munuň näme üçin Jemiläniň aladasyny etmän, diňe öz gaýgysyny edenini. Özüni gowy görýän adamlar hiç wagt başganyň aladasyny edip bilmez!» —Ow! Jan dost! Sen işiň aladasyny edýäň, bir bendäniň seň üçin ömri zer-zaýa bolup dur-a! Ýüregiň awanokmy-how bu zatlara! —diýip, Allamyrat ýene Ýusubyň üstüne gygyrdy. —Beýtme ahyry ony! Ýusup gaýtmak üçin ýerinden galdy. Allamyradyň gaharyna gahar bilen jogap gaýtarmaga çekindi. Sebäbi bu wagt myhman hatyrasy üçin Allamyradyň öz gaharyny zor bilen içinde saklaýany mese-mälim bildirip durdy. Onuň gözlerine gan öýüp, gahardan gögeren dodaklary titreýärdi. —Men entek pikirlenip göreýin —diýip, Ýusup maşynyna münensoň, Allamyrada jogap berdi. Ol öýüne gelenden, maşynyndan düşüp, içeri girdi. Ýassyga bagryny berip, pikire çümdi. Ýusubyň aladaly ýüzünden bir gepiň baryny aňan Soltangülem onuň ökjesini sydyrdyp, içerik girdi-de, myşlap, agyr göwresini ýere goýberdi. —Näme boldy? —diýip sorady. —Hiç zat —diýip, Ýusup başynam galdyrman jogap berdi. Soltangül bu jogap bilen kanagatlanmady: —Keýpiň-ä ýok. Ýüzüň-gözüň aýdyp dur. Ýusup ýagdaýy Soltangülden gizläp durmady: —Jemile däliräpdir. —Hih —diýip, Soltangül bu habara birbada allaniçigsi boldy. —Daş edewersin, daş düşen ýerinde ýatsyn —diýip, soňam mydama açyk, bagjyksyz ýakasyna birki gezek tüýkürdi. Birdenem, Ýusubyň gamgyn bolmasyny halaman, gabanjaňlyk duýgusyna özüni aldyryp jedirdedi. —Asyl, söýgülijigiňe nebsiň agyryp, keýpiň ýok diýsene! Meň üçinem şeýdip, keýpiňi bozarmykaň sen! —Onuň däliränini menden görýäler. Meniň kowanlygymdan görýäler! —diýip, Ýusup gamgyn gepledi. —Ah-eý, aslynda, tohumynda bir dälilik bardyr-da, ýogsa, heý, ärinden aýrylany üçinem bir aýal dälirärmi! Heý, eşidipmidiň şeýle zady? ärinden aýrylyp ýören aýal-a kän şu zamanda. Onuň bolup ýörşi öňem bir saga meňzeş däldi. Başyna ýaglyk bogup, şo-ol ot daşamadan başga zady bilmezdi. Heý, ile goşulanyny görüpmidiň şonuň? öýümdäkiler öldürýänem bolsa, men-ä ullakan gyz halyma ot daşamazdym... Kim bilýä, öweý ejesi urup-urup, kellesine zeper ýetirendir-de, ol indi bildirýändir... Soltangülüň sözleri Ýusuby ymykly oýlanmaga mejbur etdi. Ol: «Dogrudanam, şeýle bolaýmasyn» diýip, pikire batdy. «Dälilik ýedi arkasynyň birinde bolýanam bolsa, geçip biler-ä nesle!» Birdenem, ol bütin ýaşaşan wagtynda onda dälilikden nyşan görmändigi hakda oýlandy. Näme edip, näme goýjagyny bilmedi. Başy çaşdy. —Hany, «Seň üçin däliredi» diýip, kim aýdýan bolsa, şoň salgyny ber maňa! —diýip, Soltangül iki elini ýere diräp, myşlap, ýerinden galdy. Adam kellesiniň ululygyndaky göwüslerini titredip, çaýkanjyrady. —Eddil meýdini ýakyp geleýin şonuň! Ýusup oňa jogap bermedi. *** Jemile zyr däli diýer ýaly däldi. Ol aňynda Ýusup bilen bileje geçiren pursatlaryny birsyhly ýatlap bilýärdi. Soltangülem unudanokdy. Ýöne özbaşyna aldygyna samraýardy. Samramasyny gün geçdigisaýy artdyrýardy. Bir günem ol Soltangülden ymykly ar almagy niýetine düwüp, ýola çykdy. Ýusubyň maşynyny garawullady. Maşynda Ýusubyň diňe özi bolan halatlary ýoluň gyrasynda durup, onuň yzyndan bakyp galdy. Soňky günler Soltangülüň häli-şinli Jemilede dälilik öňden bardyr diýip nygtamasyna ynanyp ugran Ýusup köçede öz ýoluna bakyp duran Jemiläni görende ýüregi tisginip, erbet jigläp gitdi. Ony ýigrenenokdy. Ýöne gözüne görünmese, kem däldi. Häzir Ýusubyň ýüregi Jemiläni öňki hörpünde kabul edip bilenokdy. Jemile ahyry Ýusubyň şähere tarap Soltangüli mündürip geçen gezegini gördi. Ony yzyna geçýänçä garawullady. Oturyp-oturyp, eňki agsa-da, ýoldan gaýtmady. Agşamara Ýusup Soltangül bilen ýene yzyna dolandy. Jemile maşyn özüne ýakynlaberende ýoluň ortarasyna bardy-da, duruberdi. Özem «dur» diýen terzde elini galdyrdy. «Elini galdyrýar welin, şu gaty bir däliränem däl bolaýmasyn. Belki, bir gürrüň bardyr» diýip, pikir eden Ýusup maşynyny saklady. «Obad-a Jemiläniň däliräni hakda gürrüň ýok. Diňe Allamyradyň gürrüňi. Kim bilýä, belki, ol hem ýeteräk aýdandyr». Maşyn durandan Jemile atylyp, Soltangülüň oturan tarapyna bardy-da, göz açyp-ýumasy salymda gapyny açdy. Özem dişlerini biri-birinden geçirip, iniňi düýrükdirip barýan ses bilen çirkin gygyryp, Soltangüle penje gerip topuldy. Ýusup çepiksije göwrede beýle güýjüň bolýanyny ilkinji gezek görýärdi. Jemile bir silkip çekenden Soltangülüň göherdiňki kimin agyr göwresini maşyndan gaçyrdy. Gujagyndaky çaganyň agzy ýer garbady. Soltangülüň zähresi ýaryldy. Dat edip, gygyryp başlady. Çaga-da aglaýardy. Jemile bolsa guduz açdy. Soltangülüň hem saçlaryny ýolýardy, hem ýüzüni. Hem dişleýärdi, hem ýumruk bilen çem gelen ýerine urýardy. Ýusup Jemiläni gujaklap, hernäçe çekse-de, ony Soltangülden aýryp bilmedi. Gykylyga goňşy-golamlar, ýoldan ötüp-geçýänler ylgaşyp geldiler-de, olary aralaşdyrdylar. Kim çagany galdyrdy, kim Soltangüli. Ýusup Jemiläni saklady. Ýusup gorkudan aljyrap, birsyhly oňa ýalbardy: —Jemile jan, hany, köşeşsene! —Şol maşynyňa münse, men ony öldürjek —diýip, Jemile çaga ýaly dodaklaryny kemşertdi. —Sen näme üçin ony mündürýäň?! Ýusup Jemiläniň haýsy tarapdan gopmalydygyna basym göz ýetirdi: —Maşyna münäýseň, öldirin-eý, bar, ugra şu ýerden! —diýip, ol Soltangüle gygyrdy-da, oňa gözüni gypyp goýberdi. Soltangül çagasyny alyp, ylgaşlap diýen ýaly gitdi. —Hana, gördüňmi, men ony kowdum! —Bütinleý kowduňmy? —diýip, Jemile sorady. —Hawa... —Onda men öe baraýjak?.. —Men häzir bir ýerik gitmeli... Gyssagly. Seni soň gelip, özüm alyp gidäerin —diýip, Ýusup indi Jemiläniň üýtgänine doly göz ýetirip, ondan sypmagyň alajyny gözledi. Jemiläniň maňlaý saçlaryna ak sepipdi. Onuň gözlerem üýtgän ýalydy. Birsyhly, kimdir biriniň aýak sesine diňşirgenýän ýaly, depesine diklendi. Bu zatlara syn edip, Ýusubyň endamyna garynja goýberilene döndi. —Çynyň bilen gelermiň äkitmäge? —diýip, Jemile Ýusupdan sorady. —Gelerin. Hökman —diýip, Ýusup ýalan sözledi. Özi welin, ondan sypyp bilse razydy. Sary serhoş öz gapysynda sadylla bolup, bu ýadaýa ser salyp durdy. Ýöne nämüçindir, Jemiläniň ýanyna gelmeýärdi. Jemiläniň özi Ýusupdan sypdy-da, atylyp, öýüne ylgady. Ýolboýy-da gygyrdy bardy: —Ýusup Soltangüli kowdy-y... Ol indi meni alyp gitjek diýýä... Ýusup Jemile gidenden. Maşynyna sümüldi. Soňam batly sürüp gitdi. Soltangülüň yzyndan ýetip, ony hem maşynyna mündürdi-de, öýüne bardy. Ýusup-da, Soltangül-de Jemileden şeýle bir gorkdular welin, aýdyp-diýer ýaly bolmady. Soltangül-ä içi-içine sygman, horkuldap aglaýardy. Çagasy-da aglaýardy. Ýusup gorkudan süňňüni saklap bilenokdy. Misli, üşütme tutýan dek, galpyldaýardy. Hamala, Jemile ökjelerine düşüp gelýän ýaly, yzyna-da seredip bilmedi. Ýolda: «Birden öe baryp, çagalarymy bogaýmasyn» diýip, howsala düşdi. Maşynynyň badyny barha artdyrdy. —Bi Ýusuba nä döw çaldyka, bu bolup barşy bilen birini kakdyrmasa-da biri —diýip, onuň yzyndan adamlar hüňürdeşip galýardylar. Ýusup öýüne baryp, ähli çagalaryny maşyna dykdy-da, gapysynam gulplap, göni ejelerine sürdi. Henizem agysyny goýup bilmeýän Soltangülüň horkuldysy, ähli çagalaryny maşyna basyp, ýüzüni ak tam edip gelýän Ýusup Gülsoltan daýzanyň zähresini ýardy. Ýöne ol näme bolanyny sorabam ýetişmedi. Ýusup ölüm habaryny aýdýan ýaly bolup, ejesine ýagdaýy aýan etdi: —Jemile däliräpdir... Soltangüli tas bogup öldüripdi... Bu habar Gülsoltan daýzanyň ýüregini aşak gaçyrdy. Ol depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. —Wah-wah-eý... Garamaňlaý diýsä —diýip, sesini süýndürdi. Soňam Ýusuba ýumruk çenäp, aglamjyrady. —Senden aýrylany ýokuş degdi şoňa. Hemme zada sen günäkär! Şony kowmalam däldiň! öňem Jemileden gorkanyna jan yýanyp duran Ýusup üçin ejesiniň sözleri çökder boldy. —Men näme, zürýatsyz ötmelimi! —diýip, ol iki dyzyna ýumruklap, sesiniň ýetdiginden gygyrdy. —Meniň ýerime bolan bolsaň, senem aňsat çekmezdiň perzentsizlik dagyny! Gülsoltan daýza oglunyň bu sözlerine näme jogap berjegini bilmedi. Özüni ýere goýberdi. Soňam biraz oturyp: —Jemiläni kowman tapaýmalydyň birini halys öýlenmän goýmajak bolsaň. Ilçilik. Belki, aýalyň baryny bilibem, geljek tapylard-a! Bar-a il-günde çagasy bolmasa, üstüne aýal alyp, ikisinem bile ýaşadyp ýören. —Goý şo gürrüňleri. Indi boljak iş boldy —diýip, Ýusup gahar bilen elini silkip goýberdi. Gülsoltan daýzanyň Jemiläniň tarapyny tutmasy Soltangüle ýaramady. Ol gözýaş ýuwan ýüzlerinde aýalaryny gezdirip, Jemile hakda öň Ýusuba diýenlerini diýdi: —Ýusupdan aýrylany üçin däliräsi ýok-la haram süýtsüz. Öňden tohumynda bardyr-da dälilik. ärinden näçe aýallar aýrylýa. Heý, dälireýäni barmy şolaň! öňem oglunyň dünden itmäniň ýerine onuň boýnundan aslyşan Soltangüli Gülsoltan daýza asla halanokdy. Ol, özüne galsa-ha, Ýusuba kimi äberse-de, Soltangüli äbermekçi däldi. «Ýöne bi, durmuş diýen zady el bilen düzedip bolmaz eken» diýip, Gülsoltan daýza pikir öwürdi. —Jemile janyň tohumynda dälilik bolmaz, keýgim! Ejesi pahyr dagy gyzyl ýaly adamdy. Ýa kakasy ile gün bermän ýören adammy onuň! Soltangül şäl-şälläp, gaýynenesiniň sözüni böldi: —Edi arkaňda biri däli bolsa-da, geçýämiş diýýäler... —Otur, keýgim —diýip, Gülsoltan daýza onuň ýüzüni aldy. —Tohumyna çekip däliremeli bolsa, Ýusup bilen nije ýyllar ýaşady ol, heý, şonda bildirmezmidi! Seniň Jemiläniň ykbalyna baha kesmäge akylyň ýetmez, keýgim. Gepleme sen! Soltangül tasanjyrap, yzyna gitmäge yhyýallandy. Ýöne ýene Jemilä sataşaýmak gorkusy onuň aýaklaryny duşaklady. Gülsoltan daýza uludan dem alyp, özbaşyna hüňürdedi: —Kimsäge toý-baýram, kimsäge zulum düne bi... —Eje, onuň jyny Soltangüle düşüpdir. Birden öe baraýmasyn diýip, biz-ä bärik gaýdandyrys —diýip, Ýusup ejesine ýüzlendi. —Indi näderkäk? —Men nä bileýin nätjegiňizi, oglum... Öýüňden gaçyb-a ýaşap bolmaz! —Çagalara zyýan edermikä diýýän... —Çagalaryňy birki gün mamasynyňka äkidäý. —Bärde goýsam näme?! —Bärde goýasyň gelse, bärde goý. Bärde-de olary näçe gün saklarsyň. Ahmediňkilerem bir topar... —Her zadam bolsa, şu gün bir sizde bolaly, eje —diýip, Ýusup gama batdy. —Beýle zatlar bolar öýdemokdym... Zähräm ýaryldy. Däli bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz bolup görşüm... Onuň gözlerem üýtgäpdir. Ýöne depesine bakyp dur... —Oňa ýüregiň awanokmy? Kömek edesiň gelenokmy? Ol seniň yşkyňda ýanyp-bişip galan gelniň ahyry —diýip, Gülsoltan daýza ýene gaharlandy. —«Gelniň» bir diýmesene, eje. Ony ýatlasam, birhili, ýakymsyz duýgy gaplaýar meni! —Duýgyňam gursun, özüňem —diýip, Gülsoltan daýza hüňürdäp, öýüne girip gitdi. Bu günlükçe Ýusupdyr Soltangül çagalary bilen Gülsoltan daýzalarda boldy. *** Ýusubyň özüni sekuntlarça gujagyna gysyp durmasy-da Jemilä uly täsir etdi. Ol muňa şeýle bir begenýärdi welin, guş bolup uçaýjak bolýardy. Ýusubyň özi üçin dolanyp geljegine-de ynanýardy. —Ýusup meni alyp gitjek diýýä. Häzir Soltangüli kowup, geljek diýip gitdi —diýip, ol ilki bilen bu habary Sary serhoşa buşlady. —Men indi siziňkiden gidýän. Sary serhoş Ýusubyň Jemiläni hiç wagt äkitmejegini bilýärdi. Onuň bu gepleri Jemileden gaçyp gutulmak üçin diýenini aňýardy. Şeýle-de bolsa, Sary serhoş Jemilä hiç zat diýmedi. Näme etse-de, onuň badyna kakmady. Jemile bir uly gara ýüň gyňajyny orta ýazyp, oňa özüniň köýneklerini üýşürdi. Soňam gyňajyny berk düwdi. —Ýusup gelse, taýýar bolup oturaýyn —diýip, ol öz-özüne aýtdy. Jemile hernäçe garaşsa-da, gün batyp, garaňky düşse-de, Ýusup gelmedi. —Ol belki, Soltangüli kowup bilýän däldir —diýip, özbaşyna gepledi-de, gijäniň bir mahaly düwünçegini goltuklap, daşary çykdy. —Men oňa kömek bereýin. Ýogsa, ol heleý Ýusuby sypdyrýanam däldir. —Garaňkyda gitme, öňüňden it çykar —diýip, Sary serhoş ony ýolundan gaýtarjak boldy. Ýöne Jemiläniň gahara eýlenen gözleri Sary serhoşy elini çekmäge mejbur etdi. Ol Jemile özüne-de topulaýsa. Gowulygyň bolmajagyny duýdy. —Men itden gorkamak —diýip, Jemile ärine jogap berdi. Soňam uly ýola düşüp, Ýusup bilen bileje ýaşan öýüne tarap gadam goýdy. Onuň kellesinde diňe Soltangül bardy. Şony basymrak urup-urup, keýpden çykasy gelýärdi. «Ol menden Ýusuby aldy. Ony öldirin» diýip, dodaklaryny müňküldedip, zol gaýtalaýardy. Jemile gelende onuň Ýusup bilen bileje ýaşan öýünde çyra ýanmaýardy. Gapylar gulpludy. Jemile gapyny çekip gygyrdy: —Ýusup! Ýusup! Ine, men geldim! Aç gapyňy! Ol şeý diýip, telim gezek gygyrdy. Gapy açylmady. Ahyry ol gapyny ýumrugy bilen urup başlady. Ol şeýdip, kän durdy. Gapynyň ýumruklanmasyna hem-de Jemiläniň sesine Ogulbike geldi. Ol gözlerine ynanmady. —Jemile, senmi? —diýip, garaňkylykda duran Jemilä ýüzlendi. Belet ýerini sermäp, daşarynyň çyrasyny ýakdy. —Sesiňden senmikäňem diýdim-le... Ogulbike bu sözleri çyrany ýakyp durka aýtdy. Ol çyrany ýakyp bolup, yzyna öwrülip, Jemiläniň ýüzüne seredende bolsa ýüregi jigläp gitdi. Oňa birhili, Jemiläniň tüýsi üýtgän ýaly duýuldy. Onuň gözleri sag adamyň gözlerine çalym edenokdy. Hanasyndan atylyp çykaýjak ýalydy. Özem sülleren gül kimindi. Onuň öňki owadan, gül meňzi saralyp-solupdy. Jemiläniň kellesiniň üýtgäni heniz oba doly ýaýrap ýetişmänsoň, Ogulbike-de ondan bihabardy. Şeýle bolansoň, ol Jemiläniň: «Ýusup şu gün Soltangüli kowup, meni alyp gaýtjak diýdi» diýen habaryna birbada ynanjak ýaly etdi. «Ýusup akylyna aýlanyp ýörmükä?» diýip, içini gepletdi. Jemiläniň soňky sözleri oňa nämäniň-nämedigini aňmaga kömek etdi. —Ýusup barmady. Meň özüm geläýdim. Ol ýolda meni gujaklabam durdy. Saçlarymy-dasypady. Soltangüli kowup, hökman seni alyp giderin diýip gaýtdy. Men ärime-de indi Ýusup bilen ýaşajagymy aýdyp gaýtdym. —Şu zatlary aýdansoň, Jemile Ogulbikä ýüzlendi. —Ol Soltangüli kowdumy? Ogulbike Jemiläniň agzyna gelip durmasyndan gorkdy. —Hawa, kowdy, Jemile jan —diýip, ýuwaşja aýtdy-da, ökje ogurlap, yza süýşmäge başlady. Soňam sen-men ýok, gadamlaryny batlandyrdy-da, öýüne ökje göterdi. Içerik girendenem, gapyny gulplady. —Näme boldy? —diýip, aýalynyň gözlerini elek-çelek edip, haslap durşuna geň galyp, adamsy sorady. —Jemile gelipdir. Ýusuby gözleýär —diýip, Ogulbike adamsyna pyşyrdy biln jogap berdi. —Onuň gepi-sözem üýtgäne meňzeýä. Bu habara Ogulbikäniň adamsynyň-da ýüzi ak tam boldy: —Goýsan-aý?! —Eger çynym. Hana, daşaryk çyk-da, seret. Ol Ýusuba garaşyp otyr. —Gapyny bir berkräk ýapaweri! Bärik bir geläýmesin —diýip, Ogulbikäniň adamsy aýalyndan beter gorkdy. —Sen bolmasa, Ýusuby gözläp geläý. Ol ejesiniňkä giden bolaýmasyn? —Ýog-a! —diýip, Ogulbikäniň adamsy ýorganyny başyna büredi. —Ýusupdyr öýdüp, ol meniň yzymdan ylgaýmasyn! Men däliden öler ýaly gorkýan... Olar gapylaryny berkden berk ýapyp ýatdylar. Jemile bolsa Ýusuba garaşyp-garaşyp, halys bolansoň, Soltangüllere ugrady. «Ol Soltangüli kowmak üçin ejesiniňkä eltendi. Soltangül ony goýberýän däldir» diýip, pikir etdi. Daňyň öň ýanynda gapysynyň şakyrdamasy Soltangülüň ejesi Ogulgüli gorkuzman durmady. «Allajanlarym, näme gep-gürrüň barka?» diýip, ol başyny göterdi-de, çyrasyny ýakdy. —Kimsiň? —diýip gygyrdy. Jemile adyny aýtman: —Ýusup sizdemi? —diýip gygyrdy. Ses birhili, tanyş ýaly bolsa-da, Ogulgül ukynyň arasynda ony kimiňkä meňzetjegini bilmedi. Her zadam bolsa, geleniň aýal maşgalalygy onuň gorkusyny aýyrdy. Özüni dürsäp, arkaýynlandy. «Ýusup öýünde ýokmuka? Bu wagt ony kim gözleýärkä?» diýip, Ogulgül içini gepletdi. «Ýa Gülsoltanmyka?» Ol pikire gümra bolup, gapyny açdy. Gapyda sadylla bolup duran Jemiläni görüp, üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Sebäbi Soltangül ejesine Jemiläniň kellesiniň üýtgäp ýörendigi hakda bir wagt aýdypdy. —Waý! Il-gün! Ýetiň-u! —diýip, Ogulgül sesiniň ýetdiginden bögürip, köçä ylgady. Sebäbi ol içerik girip, gapyny gulplap ýetişmejegine göz ýetirýärdi. Ýaşlyk güýji dyňzap duran Jemiläniň ýanynda özüniň asgyn geljeginem bilýärdi. Darajyk öýüň içinde onuň eline düşäýse, öz başyndan nämäniň injeginem bilýärdi. Ýüz keşbi hem gaba göwresi gyzy bilen juda çalymdaş Ogulgül Jemiläniň gözüne Soltangül bolup göründi. Jemile oňa penje gerip topuldy. Ýöne özüne el uzadan Jemileden sowlup geçip, Ogulgül eýýäm gaçmaga ýetişipdi. Ol yzyndan Jemiläniň basym ýetjeginem bilýärdi. Şonda-da goňşulary kömege çagyryp galmak üçin köçä janhowluna ylgady. —Waý! Il-gün! Dat! Bidat! Kömek ediň! öldürýäler-u-u! —diýip, Ogulgül zähresi ýarylan ýaly bolup gygyrýardy. Jemile Ogulgülüň ökjesine düşdi. Derrewem yzyndan ýetdi-de, onuň ýüz-gözüni dyrnaçaklap, bogup başlady. Ogulgül gorkudan ýaňa ysgyndan gaçyp, ýere ýykyldy. Özem bokurdagyna pyçak goýlan ýaly bögürýärdi. Onuň gykylygy daňyň süýji ukusynyň lezzetini görýän goňşulary örüzdi. Goňşular ýerli-erden ylgap gelip, Jemiläni tutdular. Gorkusyna aýaklarynyň ysgyny giden Ogulgülüň goltugyna girip, öýüne äkitdiler. Soltangüllerden juda uzak bolmadyk goňşuçylykda ýaşaýan Allamyrat bilen Gunça-da ýetip geldi. Olar höre-köşe bilen Jemiläni öz öýlerine äkitdiler. —Men ony bogup öldürjek, ol Ýusuby meniň elimden aldy —diýip, Jemile nalady. —Ýusup meni alyp gaýtjak diýdi. Soltangül bolsa ony goýbermän saklaýar. —Ol Soltangül däl-ä, Jemile jan. Soltangülüň ejesi —diýip, Gunça jorasyna aglap düşündirdi. Jemiläniň üst-başyny düzedip, öýüne saldy. Düşekde oturtdy. —Häzir Ýusuby Allamyrat tapyp geler. Sen otur şu ýerde! —Ýusup öýünde ýok eken. Men ol ýere bardym —diýip, Jemile özüniň nireden gelýänini habar berdi. —Onsoň, Soltangüli bogmaga gaýtdym. Sebäbi Ýusuby Soltangül goýberenok. Ýogsa Ýusup meni alyp gaýtjak-la... Allamyrat Ýusup ejeleriniňkidedir öýdüp, şol ýere ylgady. Daňdan gapynyň kakylmasyna öýdäkileriň bary daşary çykdy. —Jemile baryp, Soltangülüň ejesine topulypdyr. Ony häzir biz saklap otyrys —diýip, Allamyrat belli bir adama ýüzlenmän aýtdy. Soňam Ýusuba seretdi. —Ony näme etsekkäk? —Waý, ejem jan-eý! Ol däli ony öldürendir —diýip, Soltangül aglap başlady. Ýusup Allamyradyň üstüne gygyrdy: —Sen näme üçin bärik gelýäň? Onuň dogany, adamsy bar-a. Bar, şolara aýt-da habaryňy. Bir wagt aýalym bolanmyş diýip, men ýygnamalymy ony! Aýalyndan aýrylýan erkek kän, olaň haýsy biri birinji aýalynyň yzynda ylgap ýör?! Bu sözlerden soň Allamyradyň ýüzüne urlan ýaly boldy. Şonda-da ol özüni ýitirmedi. —Gykylygyňy goý! —diýip, Ýusuba azgyryldy. —Birinjiden-ä, Jemile seni gözläp ýör. Ol häzirem saňa garaşyp otyr. Sen ony alyp gaýtmaga söz berenmişiň. Ikinjidenem, onuň şu güne düşmegine diňe seniň özüň günäkärdigiňi unutma! Allamyrat şeý diýip, yzyna öwrüldi. Ol bu ýerden soň ýagdaýy Döndä habar bermäge gitdi. —Waý, ejem jany getiriň-eý —diýip, Soltangül özüni öldüräýjek bolup aglaýardy. —Gaýrat ediň, jan doganlar! —Men-ä gitjek däl! —diýip, Ýusup çürt-kesik boýun gaçyrdy. —Jemile meni görse, sypdyrmaýaram. Öňem ondan zordan gutuldym. Ony görmäge ýüregimem bolanok. Birhili, endiräp dur. —Hany, ýör, özüň git ejeň ýanyna. Men saňa ýoldaş bolaýyn —diýip, Gurban aga Soltangüle ýüzlendi. —Jemile Allamyratlarda bolsa, indi gaýdyp ejeňkä gelmez. —Şeý diýip, Gurban aga Ýusubyň maşynyna özüni atdy. Soltangül gaýynatasy bilen ejesiniňkä gitdi. Beýlekiler bolsa ýene öe sümüldiler. Soltangül gelende Ogulgül özünden gidip ýatyrdy. Goňşular hem onuň daşyndadylar. Ukudan oňly açylmanka, daňyň alagaraňkysynda gopan bu ahwalat Ogulgülüň ýüregine gaty erbet täsir etdi. —Waý, eje jan! —diýip, Soltangül ejesiniň üstüne özüni zyňyp, eňredi. Gurban aga rejäniň geň däldigini aňyp, Soltangüli düşürip, Ýusubyň yzyndan gitdi. Ogulgüle däri-derman etdirmek üçin Ýusuby alyp geldi. *** Allamyradyň daň bilen elten habaryna Döndi aglamady. Jigisiniň gününe aglap-aglap, indi onuň gözýaşlary gurapdy. Ol indi başa näme gelse, görübermegiňi pikiri bilen ýaşaýardy. Aglamasa-da, ol juda gynandy. Döndi Jemile samrama belasyna ýolugansoň, ony öz ýanyna ymykly almak üçin gaýynenesine-de, adamsyna-da aglaplar ýalbardy. Ýöne olar Döndä razylyk bermediler. Akyly üýtgäp ugran ýat maşgalany hiç kimiň öýünde saklasy gelenokdy. Gaýynlary aladasyny çekişmänsoň, Döndi Jemiläniň agşamky goparan işi hakda-da olara kelam-agyz zat diýmedi. Allamyrady ýoldag edinip, Sary serhoşuňka bardy. Jemiläniň öýden gidenini azaram edinmedik Sary serhoş Döndi dagy baranda daňyň süýji ukusynyň lezzetini görýärdi. Ol äpişgäniň batly urulmasyna oýanyp, daşaryk çykanda, gapyda duran Döndidir Allamyrady görüp, bir zat bolanyny aňdy. —Jemile agşam obany öýme-öý aýlanypdyr. Soltangülüň ejesi Ogulgül daýzany bogup durka, Allamyrat dagy ýetişipdir —diýip, Döndi gamgyn halda gepläp, habaryny aýtdy. —Goýbermeli däl ekeniň-ä ony, Sary aga. Sary serhoş zatdan bihabarsyrap gepledi: —Men-ä onuň çykyp gideninem bilmändirin. —Indi ony alyp bir gaýdyň-a. Meň-ňä. Öýüme gaýynlam eltdirmez —diýip, Döndi ýene gynanç bilen gepledi. Sary serhoş derrew gapdalynda ýaşaýan ogluny turuzdy-da, maşyny otlatdy. Dört bolup, Jemiläniň yzyndan ugradylar. —Men-ä aýybam bolsa, bir zat aýtjak —diýip, Allamyrat ýolda gürrüň gozgady. —Sary aga gaty görse-de... —Ýok, ýok, men zaly gaty görmen, inim —diýip, Sary serhoş ony ugruna sürdi. —Aýt, çekinme-de! —Aýtsam, şeýle... Her zadam bolsa, Ýusuby höre-köşe edip, Jemiläni oňa yzyna aldyrmalymyka diýýän. Jemile özüni Ýusubyň kowanyny ýokuş görüp ýetdi şu derejä... Döndi Allamyradyň pikirine garşy boldy: —Ýok, jigim! Indi Ýusuba Jemile berilmez! Jemile dälilikden açylyp bilmän, ölýänem bolsa, indi ol Ýusuba berilmez! —Döndi biraz dymyp, uludan dem aldy. —Wah, «Ulynyň diýenini etmedik uwlar» diýleni boldy biziňki. Kakam Jemiläni şolara bermejek bolup, dogry eden eken. Kakam bilýän eken kimden wepanyň boljak-bolmajagyny... Bular baranda bütin gijäni ondan-oňa kaňkap geçen Jemile uklap ýatyrdy. —Döndi, göwnüňe zat getirmeseň-ä, şuny şu ýerden göni şäher keselhanasyna äkideliň. Bu indi daňyp saklaýmasaň, bize saklatmaz. Haçana çenli yzyna düşüp gezjek. Belki, dugtaryň haýry deger?! —diýip, Sary serhoş Döndä maslahat saldy. Döndi onuň bilen ylalaşdy. Jemiläni ukudan oýarman, göterip, maşyna saldylar. Ony Sary serhoş, Allamyrat hem Sary serhoşuň ogly alyp gitdiler. Döndi bilen Gunça bolsa, öli ugradan dek bolup, onuň yzynda aglap galdylar. Keselhana Jemiläni bütinleý sagaltmady. Ýöne güýçli-güýçli ukollar onuň eňkini aldy. Ysgyn-mydardan, güýç-kuwwatdan gaçyrdy. Keselhanada bolmaly möhleti gutaransoň, ony Sary serhoş ýene öýüne alyp gaýtdy. Ol indi hiç kim bilen sögüşmäge-de gitjek bolmady, uruşmaga-da. Ýusubyň ýoluny-da garawullamady. Özbaşyna hüňürdäp, gezip ýördi. Şol bir sözlerini gaýtalaýardy. —Ine, bu men —diýip, odunlyk üçin basylyp goýlan agaçlara birme-bir barmagyny degrip çykýardy. —Ine, bu-da men, bu-da... —Bişen erikleri dökülişip duran baglaryň ýanyna baryp, olary yralap —Bu bolsa Soltangül diýýärdi. —Soltangül hemmä gerek. Ýusuba-da gerek. Onuň miwesi bar. Men bolsam, diňe ýakylmak üçin gerek. Men diňe ýanmaly. Gury agaç men... Ýusup meni äkitjek diýibem, äkitmedi... Ol meniň saçymy-da sypady. Gujaklabam durdy... Ol meni gowy görýä... Ýöne ony Soltangül goýberenok... Soltangül, ony goýberäý-dä. Meniňem Ýusuby göresim gelýä-dä... Onuň bilen bileje ýaşasym gelýä —diýip, Jemile käte hem hyýalynda Soltangüle ýalbarýardy. Käte ol bir mahal ýüregine hem beýnisine ýazylyp galan aýdyma hiňlenip, adamlaň ýüzüne seretmän, köçelerden, dükanyň öňünden aýlanyp gaýdardy: — öl agaçdan-eý hasyl öner, Gury agaçlar-eý ýanar-söner. Däli döwran-eý kime döner! Geçdim ýana-ýana, begler! Begler, begler-eý, jan-a, begler... Onuň owazy diýseň ýakymlydy, näzijekdi. Gamgyndy. Onuň bolup ýörşüni görenler deňinden aglaman geçenokdylar... Günleriň bir güni bolsa, obanyň ýetginjekleri üýşüp, gijäniň bir mahaly Ýusuby «Biri çagyrýa. Ýaramaýan bar» diýip, aldap äkidip, öler ýaly edip ýençdiler. Ýusup ol ýenjilmeden soň keselhanada üç-dört aýal golaý galyp bilmän, ýatmaly boldy. *** Jemiläniň Soltangüldür öýdüp, onuň ejesini bogup gaýdan gününiň ertesi Jemiläniň keselhana salnanyny eşidip, Ýusup maşglasy bilen öýüne dolanyp geldi. Maşyndan düşenden, Soltangülüň gözüne del düwünçek ildi. Ol Jemiläniň köýneklerini salyp, soň ýadyndan çykaryp giden gara ýüň gyňaçly düwünçegidi. Soltangül düwünçegi aýagy bilen depip, köçä tarap pyzdy. Öz yzyna tirkäp gilen ogly Ýarana ýüzlendi: —Haram däliniň zatlary! Bar, oglum, ho-ol, aýak ýetmez ýaly ýere taşlap gel! Onuň şeý diýip, gykylyklap duranyny Ogulbike eşitdi-de, ylgap gelip, düwünçegi Ýaranyň elinden silkip alyp gitdi. —Ite-de uýat ýagşy! Düwünçekde näme günä bar! —diýip, Ýusubyňam, Soltangülüňem ýüzüne azgyryldy. Ýusup utanyp, onuň ýüzüne seredip bilmedi. Soltangül bolsa Ogulbikäniň yzyndan gygyryp galdy: —Sen it! Beýle ýüregiň awaýan bolsa, düwünçegiň eýesinem getiräý öýüňe! —Gepleme, haýasyz! —diýip, Ogulbike duran ýerinden Soltangüle jogap gaýtardy. —Seniň geplemäge hakyňam ýokdur. Özüňi hödürläp, bir bendäniň maňlaýyny garaltdyň. Seň ýalynyň bagty-da çüwäýýä! Ýogsa Jemiläniň dyrnagyça barmy sen! Şeý diýip, Ogulbike öýüne girip gitdi-de, Jemiläniň düwünçegini ogullarynyň birinden Döndä iberdi. Soltangül bolsa agzy ýadaýança Ogulbikä gargyndy. Jemiläniň ýollarda, dükanyň juda ejiz düşen ýagdaýda aýlanyp ýörmesini görüp durmak, hem adam üýşen ýerde ol hakda edilýän gürrüňleri diňlemek Ýusuba dýiseň agyr düşýärdi. Ol soňky wagtlar obadan şähere göçmek hakda pikir etdi. Obanyň ýaş ýigitleriniň özüni üýşüp urmagy bolsa, onuň pikiriniň amala aşmasyny tizleşdirdi. Ol özüniň Jemile üçin urlanyny bilýärdi. Ol Jemiläni bütin obanyň gowy gowy görýänini bilýärdi. Ol özüni uran ýetginjekleriň käbirini tanaýanam bolsa, olary milise-beýlekä salgy beribem durmady. Asyl, urlanyny hiç kime aýtmady. Keselhanada soranlarynda-da: «Gije işden gelýärkäm, nätanyş adamlar duşdy» diýip, jogap berdi. *** Aýlar-günler kerwen gurap ötdi gitdi. Obanyň ýaşy ululary nobaty bilen düneden ötdi gitdiler. Ýusubyň ejesi Gülsoltan daýza-da, kakasy Gurban aga-da, Soltangülüň ejesi Ogulgül-de, Döndinyň gaýynenesi-de, Jemiläniň kakasy Abdy aga-da, ejeligi Täçjemalam. Garaz, köp adamlar... Sary serhoş-da ýogaldy. Uly nesliň ornuna onuň yzyndaky nesil süýşüp baryp durdy... Sary serhoşuň öýünde Jemiläniň bir özi galdy. Onuň çaý-suwuna Sary serhoşuň ogludyr gelni seredýärdi. Jemile özbaşyna samrap, oňa-muňa aýlanyp, ahyry öýüne gelip ýatýardy. Ömrüniň ähli günleri meňzeş geçip durdy. Şol bir aýdýan aýdymyny käteler uzak günem gaýtalar oturardy. Soltangül bolsa Ýusuba jemi sekiz çaga dogrup berdi. Ogul ýerine ogul, gyz ýerine gyz boldy. Ýusup çagadan gerk-gäbe doýdy. «Besdir! Indi çaga gerek däl, bes et dogurmaňy!» diýip, ol soňabaka Soltangülüň üstüne gygyrybam başlady. Ýusubyň gykylygy Soltangülüň piňine-de däldi. —Men günäkärmi, özüň günäkär —diýip, ol myşlap oturyşyna hikir-hikir gülerdi. Özem ýyl geçdigisaýy semräp, tüýs meşige dönüp barýardy. Alkymlary sallanyp, dodaklary bagyr kimin pakgardy. Bir saçagyň başyna çökse, galmasy ýokdy. üst-başyna dökan-saçan edip, daşyna siňek üýşürer oturardy. Soňabaka Ýusup ondan halys doýdy. «Nädip şuny aýal edindimkäm?» diýip, öz-özüne haýran galdy. Çaga bolan teşneligiň öz aňkasyny nähili aşyranyny ol şu wagt aňyp başlady. Ol Soltangüli tanyş-bilişlerine «aýalym» diýip görkezmäge utanýardy. Onuň bilen bir saçagyň başynda garbanasy gelenokdy. Naharyny aýry jaýda iýýärdi. Onuň gül ýüzli Jemilesi ýyl geçdigiçe ýadyna düşüp, ýüregini ezýärdi. Gijeler düýşünde ony bagryna basyp-basyp, ganmaýardy. Saçlaryny sypaýardy. «Men seni ne günlere salaýdym, Jemile jan» diýip, ýeke galan halatlary Jemile bilen hyýalynda gepleşýärdi. «Arman, önelgesiz bolduň-da. Men seni ömür zyňarmydym ýogsa». Birdenem, ol klasdaşy Allamyradyň diýen sözlerini ýadyna salyp, pikir öwürýärdi. «Hana, kakam pahyr öldi gitdi. Onuň bir topar çagasam bar-da. Bizden oňa näme haýyr boldy? Hiç zat... Diňe ol ölýänçä «Gurban aganyň ogullary» diýdirdik. Biz ýogalamyzsoň, il arasynda «Gurban aganyň ogullary» diýen sözleri hiç kim agzamaz... «Pylanynyň ogly, pylanynyň nesli» diýen zatlaryň bary wagtlaýyn zatlar eken... Hemme zat wagtlaýyn... Munda baky zat ýok. Onda-da näme üçin adam pahyr şu wagtlaýyn zatlara imrigip, köplenç halatda kimdir birini ynjytmaly bolýarka?!» «Kimdir birini» diýip, Ýusup içinden gaýtalady-da, «Iň mähriban adamsynam» diýip, sözüniň üstüne goşdy. Onuň göz öňüne ýene Jemile geldi. Onuň bagtly hem betbagt pursatlary ýadyna düşdi. Onuň hiňlenjiräp, biçäre ýagdaýda gezip ýören halatlaryny ýatlap, gözlerine ýaş aýlady. «Jemile jan! Nädip dözdümkäm seni şeýtmäge, Jemile! Ýaş bolupdyryn-a men. Gögele bolupdyryn-a». Birdenem, ýene ýadyna klasdaşy Allamyrat düşdi. «Ýok, men samsyk bolupdyryn. Meniň akylym köp zada çatmaýan eken». Şeý diýip, ol birsyhly özüni kötekledi. «Näme üçin Allamyrada berlen akyl maňa-da berilmedikä?!» Ýusubyň çagalary iýermenjediler. Bir Ýusubyň aýlygy olary bol-telki ekläre ýetenokdy. Ýusup olaryň eklenji üçin hatda maşynynam satmaly boldy. üstesine-de, çagalar iýip-içip, garynlaryny doýurýardylar-da, boguşmak, uruşmak bilen bolýardylar. Buýrulan işi etmeýärdiler. Hatda dükana gidip, ejelerine çöregem getirip bermeýärdiler. —Men nä akylyma Alladan çaga diledimkäm? Şular ýalyň öýümde ýoklugyna näme üçin şükür edip gezmedimkäm?! —diýip, Ýusup käte çagalaryna käýýände agzyna gelenini diýip gygyrýardy. —Näme üçin men çagasyz geçmedimkäm?! Çagalaryň gohy öýi göçüräýjek bolýardy. Gije, diňe olaryň bary uklansoň ýataýmasa, gündiz dagy Ýusuba uky alma ýokdy. Ululary Ýaran bilen Maksad-a ýigit ýetip, kakalaryna jogabam gaýtaryp ugradylar: —Bizi halamaýan bolsaň, özüň gidiber-ow öýden, kaka! Biz köplük, sen bolsaň ýeke. —Gepiň gelmesin-ow, kaka! Iňňildiňi bes et! Ol her gezek ogullary bilen garpyşanda göz öňüne Jemile gelýärdi. Ýusup bütin maşgalasy bilen ýene oba, öňki öýüne göçüp geldi. Ogullary ne mellek işine kömek edýärdi, ne-de mal-gara seredýärdi. Bir zat diýse-de, ýerli-erden: —Gepiň gelmesin-ow, kaka!—diýşip, Ýusubyň ýüzüni alşyp durdular. Ýusup gatyrak gidäýse, ogullarynyň özi bilen erjeşäýmekdenem gaýtmajakdyklaryny duýup durdy. «Siz diýip, gül ýaly aýalymdan aýryldym, haramzadalar. Bir hapysa ýoldaş boldum» diýip, olara içinden gargynýardy. Ogullarynyň Ýusubyň aladasy bilen işleri ýokdy. Olaryň biri «Motor äber» diýip, kakasyna gün berenokdy, biri «tigir» diýip. Ýene birine delje eşik gerekdi, ýene birine del köwüş. Ýusup käte olardan gaçyp, başyny alyp gitmeli ýer bolsa, gitmäge taýýardy. Adam pahyr «zürýat-zürýat» diýip, gül ömrüni kül etse-de, zürýat sylagy ene-atanyňkyça ýok eken» diýip, Ýusup häli-şindi pikir öwürýärdi. Soltangüli çagalar bilen ejesiniň mellegine iberäge-de, ýanyna Jemiläni alyp gelmegi ol kän gezekler ýüregine düwüpdi. Ýöne indi oňa beýtmäge Sary serhoşuň ogludyr Döndiniň rugsat berjek-bermejegini ol bilenokdy. Rugsat berlerinden berilmeziniň ýakynlygyny ol duýýardy. Günleriň bir güni oba şum habar ýaýrady: —Jemile ýogalypdyr! Bu habar Ýusubyň ýüregini aşak gaçyrdy. Şol wagt ejesiniň bir wagt aýdyp beren rowaýaty Ýusubyň ýadyna düşdi: «Jan berýän pursady pahyrdan perişdeler sorarmyş: «Tabydyň götermäge dört ogluň taýýarmydyr?» Ine, şonda pahyr bolan bendäniň ogly dört bolsa-ha, ol perişdeleriň ýanynda beýgelermiş. üç, iki ogullynyňam buýsanjy bolarmyş, iň bolman, ýeke ogly bolanam kemsinmezmiş. Düneden ogulsyz öten bolsa, kemsinmekden ýere siňip barýamyş. Ol perişdelere: «Ogul ýokdur» diýenden, perişdeler ony saýyp-saýyp gidermiş. «Sen näme üçin dünýä oglu bermediň!» diýip. Ýusup ajy habary eşidenden: «Ýogalansoňam jebir çekmeli boljag-ow ol pahyr» diýip, Jemilä ýüregini awatdy. Soňra ýaňy on sekiz ýaşy dolan ogly Maksat bilen on ýedi ýaşy dolan ogly Myrada ýüzlendi: —Ýuwunyp-ardynyp, üst-başyňyzy tämizläň, Jemile ýogalypdyr. Ýaran, senem taýýarlan —diýip, soňra Ýusup Soltangülüň yzyna tirkäp gelen ogluna-da tabşyrdy. —Şo-ol, däli aýalmy? —diýip, Ýusubyň ogullary onuň üstüni soragdan gömdüler. —Ýogalsa ýogalypdyr-da. Näme sebäbe oň üçin biz ýuwnup-ardynmal-aý! Ýusup ogullarynyň ýeňsesine gezekli-gezegine şarpyk çalyp goýberdi: —Basym boluň! Kakalarynyň tüýsüniň bozukdygyna göz ýetiren ogullar düwdenekleşip, hammama tarap ylgadylar. —Sen bu çagalary pata ýerine alyp gitmekçimiň? —diýip, Soltangül gykylyklady. —Ýaş-a bular heniz oň ýaly ýere giderden! —Lal bol, senden gep soralanok! —diýip, Ýusup Soltangüle azgyryldy. —Şolar-a gitmez! Seniň özüňem gitme! —diýip, Soltangül moýmuldap, Ýusuba ýakynlady. —Ogul gerek bolsa, özi dogurmaly eken ol süýtsüziň! Jemiläniň indi bu dünede hiç haçan bolmajagyna gynanmakdan möňňüräýmekden zordan saklanyp duran Ýusup janynyň ýangynyna Soltangülüň agzyna-da ýumrugy bilen ýelmäp goýberdi. Soltangül agzyny tutup, aglamjyrap, öe tarap gitdi. Ýigitleriň üçüsem Ýusubyň yzyna düşdi. Ýusup baranda Sary serhoşuň öýüniň töweregi köçeler bilen adamdan doludy. Köçelerde ululy-kiçili maşynlar hatar-hatar bolup durdy. Bu görnüşe Ýusubyň gözowasyna ýaş ýygnandy. Soňra ýaş damjalary ýaňaklaryndan syrygyp gaýtdy. «Seni bütin obaň gowy görýär, Jemile jan! Seni hemmeler sylaýar! Diňe men sylamadym seni. Men haramzada boldum, Jemile jan! Men hemmelerden pes boldum! Sen meni dälilik hetdine ýetip söýseňem, men seniň söýgiňi basgyladym, Jemile jan! Bagyşla meni, ezizim!» diýip, Ýusup hyýalynda birsyhly Jemilä ýalbardy. Ýusubyň baranyny görüp, misli, öňden garaşylyp oturylan ýaly, agyr märeke ýol açyp, oňa geçere maý döretdi. Ýusup ogullaryny hem-de ogullygyny erkek kişileriň arasynda galdyryp, giň eýwany tutup oturan aýallar mähellesiniň içi bilen agy sesi gelýän öe tarap ugrady. —Armanly gitmeli bolduň, Jemile jan! Gözüňi açyp gitmeli bolduň-a! —diýip, Döndiniň zarynlaýan owazy has aýdyň eşidilýärdi. Ýusup geçip barşyna aýallaryň: —Gözünem ýumanok, görgüli. Ýusuba garaşýan bolaýmasa—diýşen geplerini gowy eşitdi. Ýusup içeri girende, agy sesleri galyşyp, az salymlykça ümsümlik aralaşdy. Hemme göreçler Ýusuba dikildi. Ýusup düýbüne palta salnan çynar ýaly bolup, uzap ýatan Jemiläniň baş ujunda dyza çökdi-de, onuň maňlaýyny emaý bilen sypalady. Ýüzüne ýapylan ýaglygy galdyrdy. —Günämi öt, Jemile jan, bagyşla meni. Gögele bolupdyryn men —diýip, agy gatyşykly sesi bilen pyşyrdady. Jemile misli, uka giden ýaly bolup, kirpiklerini kirpigine gatdy-da, gözlerini ýumdy. Ýusup möňňürip aglady-da, daşaryk çykyp gaýtdy. Aýallaryň agy sesleri onuň agysyny alyp göterdi. Ýusup daşaryk çykyp, bir çete çekildi-de, maňlaýyny tutup, esli salymlap agysyny goýup bilmän oturdy. —Etjegini edip, indiden soň aglan bolmasyna seret ol äteňenälediň! —diýip, kimdir biri hüňürdedi. —Otur, gepleme! —diýip, ýoldaşy hüňürdäni köşeşdirdi. —Onuň ýerinde bolsa, hiç kimem nä alaç etjegini bilmezdi. Edilmeli däp-dessurlar berjaý edilip, merhumyň soňky ýola atarylmaly müddeti geldi. —Ogullary bar bolsa, merhumyň baş ujuna geçsin! —diýip, molla ýol salgy berdi. Ýusubyň öwredişi ýaly, Maksa bilen Myrat Jemiläniň tabydynyň baş ujuna bardy. Ýusup bolsa Ýaran bilen aýak ujuny saklady. —Çagalar ýaş öýdýän, aýrylaýsyn beýläk —diýip, ýaşulularyň biri Maksat bilen Myradyň ýüzüne seretdi. Ýusup ara düşdi: —Iň bolman, birküç ädim götersinler, atam, zat diýme! Obadaşlar hem hatar gurap, ataly ogullara tekge berdiler. Jemiläniň tabydyny eginlerine göterip, Myratdyr Maksadyň başyny çekip barýan mähelle ýer süýşen ýaly bolup, obadan saýlanyp ugrady... Ýusup Jemiläni ýerläp gelensoňam, öýüne girip, uzak günläp aglady. Oňa ähli zat Jemiläni ýatladýardy. Onuň özünden gitmejek bolup, ellerinden ýapyşyp aglan ýerleri, aglap-aglap, ýalňyz özi ýatyp galan otagy, köçelere çykaryp, ony uran ýerleri... Nirä barsa, her bir zat Ýusuba Jemiläni ýatladýardy. Soltangülüň garşylygyna bakman, bir gün Ýusup Jemiläniň suratyny ullakan portret etdirip, jaýyň töründen asyp goýdy. Jemiläniň peri mysaly suratyna baksa-da, nämüçindir Ýusubyň göz öňünde owadan, gül ýüzli Jemile däl-de, ejiz düşüp, köçelerde aglap ýören Jemile janlanýardy. Onuň zaryn aýdymy bolsa Ýusubyň gulagynda ýaňlanyp durdy, ýaňlanyp durdy: — Öl agaçdan-eý hasyl öner, Gury agaçlar-eý ýanar-söner. Däli döwran-eý kime döner! Geçdim ýana-ýana, begler! Begler, begler-eý, jan-a, begler... Günleriň bir günem Ýusup Soltangüle ýüzlendi: —Men saňa ogullaryňy öermäge, gyzlaryňy çykarmaga kömek ederin. Sen çagalaryňy al-da, ejeň mellegine göç. —Ýigrimi ýyllap ýaşaşyp, bu indi näme etdigiň boldy?! —diýip, Soltangül agzyndan ak köpük saçdy. —Ýalan dünýäniň hilesine aldanyp, Jemiläniň özün-ä bagtly edip bilmedim. Onuň ruhuny bir şatlandyraýyn. Ol seniň bu öýde ýaşamagyňy islänokdy... «ölä aýan—dirä güman» diýýäler. Belki, ol seniň bu öýden gideniňi bilip, indi bir razy bolsun menden! Onsoňam, anna agşamlary merhumyň ruhy ilki bilen ilkinji ojagyna aýlanarmyş. Goý, şonda Jemile yzyna närazy bolup dolanmasyn! —Äh-ä! Heleýjigiňi unudyp bileňokmy?! Saňa şunça çaga dogrup beribem, men indi seniň üçin şo däli heleýçe bolmadymmy! —diýip, Soltangül şermendeligine tutdy. Agzyna gelenini diýdi. Her zat diýse-de, Ýusup ony ejesiniň öýüne göçürdi. Öz ýanynda ogly Maksady alyp galdy. Şundan soň Ýusup diňe Jemiläniň ruhuny razy etmek pikiri bilen ýaşap başlady... Näme üçin biziň köpimiz özümiziň bagtly etmek isleýän adamlarymyzy-da wagtynda bagtly edip bilemzok?! Näme üçin?! Bu ejizlikden nyşanmyka?! Ýa-da namartlyk?! soñy. 1992 ýyl. Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||