21:12 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Sona Ýazowa | |
SONA ÝAZOWA
Şygryýet melekleri
Şahyr 1941-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Kemine obasynda dünýä inýär. Çeper döredijilik bilen çagalyk ýyllaryndan bäri meşgullanyp gelýär. Ilkinji goşgusy mekdepde okaýarka gazetlerde çap edildi. S.Ýazowa 1966-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlaýar. Ol 1966-1968-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň 34-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, 1968-1977-nji ýyllarda «Ýaş kommunist» gazetiniň bölüm müdiri, 1977-2004-nji ýyllarda «Garagum» žurnalynyň bölüm müdiri, 2004-2005-nji ýyllarda Türkmen telewideniýesiniň baş müdirliginiň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň Syýasat bölümçesiniň režissýory, ses režissýory, 2006-2011-Türkmen telewideniýesiniň baş müdirliginiň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň «Studiýa we dubliýaž» bölüminiň redaktory, 2011-2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň «Studiýa we dubliýaž» bölüminiň redaktory, 2012-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň «Studiýa we dubliýaž» bölüminiň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjy wezipelerinde işledi. Halypa şahyr 2017-nji ýyldan häzirki wagta çenli hormatly dynç alyşda. Şahyr Sona Ýazowa zähmet we döredijilik ýolunda edebiýat äleminde meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ençemesi bilen duşuşyp, işleşip, döredijilik gatnaşyklaryny saklady. Ol meşhur ýazyjy-şahyrlarymyz G.Ezizowy, K.Gurbannepesowy, Berdinazar Hudaýnazarowy öz halypalary hasaplaýar. S.Ýazowa häzirki döwre çenli jemi 1000-den gowrak goşgynyň, müňlerçe makalalaryň awtorydyr. Halypa şahyr 2009-njy ýylda Russiýa Federasiýasynda, 2010-njy ýylda Hytaý Halk Respublikasynda, 2011-nji ýylda Özbegistan Respublikasynda geçirilen halkara medeni çärelerine, şeýle hem ýurdumyzda guralýan medeni çärelerine, şygryýet agşamlaryna, döredijilik duşuşyklaryna gatnaşyp yzygiderli çykyş edýär. Şahyr Sona Ýazowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, medeniýetiň we sungatyň ösmegine, türkmen edebiýatynyň döwrebap eserler bilen baýlaşmagyna, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk ruhunda terbiýelemäge goşan mynasyp goşantlary nazara alnyp, 1994-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», 2014-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy», 1996-njy ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2008-nji ýylda «Galkynyş» ordeni, 2009-njy ýylda «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, 2011-nji ýylda «Gaýrat» medaly, 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglandy. 2007, 2009-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Çeşme: metbugat.gov.tm • "GÜWLE, ŞYGYR!..” Güwle, şygyr! Dagdan inen sil deýin, Şagla-da gaýt, Bent tutdurman badyňa. Şol gelşiňe köki çüýrük zatrlaryň Baryn süpür, Gulak goýman dadyna. Berklik, beýiklikdir dag edýän dagy, Sapla gara dagyň zaw-zaw synasyn. Çüýrük zatlar mydam dargadýan dagy Dagda ömür sürjek, dagy sylasyn. Güwle, şygyr! Şagla-da gaýt, badyňa, Belentlikden gaýtsaň, bolmaz gaýtgynyň. Gaýatala sen derelere ýaň salyp, Ýanyp-ýanyp ýazlan ýürek aýdymyn. *** Bir dost bolýar ýüregiňe has ýakyn, Oňa ähli syryň ynanyp bolýar. Maňa-da düşünmek däldir oňa kyn, Oň bilen begenip, gynanyp bolýar. Kyn pursatda ýüzüň görseň bes saňa, Göwnüň ganat baglap, uçasyň gelýär. Eneň-ataň, balaň ýaly däl ol saňa, Ýer bagyrtlap tozun guçasyň gelýär. Bir günem ýylgyryp dünýäňe dolsa, Ähli aladaňy güm edip bolýar. Iň esasy dostuň ýanyňda bolsa, Asyl şemjagazam Güm edip bolýar. Sona ÝAZOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |