20:57 Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... | |
ÝAGŞYLYGY ÝAÝYP ÝERIÑ ÝÜZÜNE...
Goşgular
Her gezek kalendaryñ iñ soñky sahypasyny agdaranyñda bir gyzykly kitaby okap gutaran ýaly bolýañ. Ondan ummasyz täsir alyp, özüñde birhili tolgunma duýýarsyñ. Geçen günleriñe ser salanyñda, geljeguñe aýdyñ göz ýetirýärsiñ. Göreşlerden, açyşlardan, hyjuwly zähmetden, üstünliklerden doly bolan ýylyñy ugradyp, Täze ýyly garşy alyp durkañ hem öz-özüñden oýlanýarsyñ: Kalendaryñ iñ soñkuja sahabyn, Agtaryp, oýlanyp oturýam bir dem. Bir ýylym, sen maña nämeler berdiñ, Bir ýylym, men saña nämeler berdim?! Nämäni ýitirip, nämäni tapdym? Nämäni öwredip, näme öwrendim? Alanymdan azmy ile berenim? Nämäni söýdüm men, kimi ýigrendim? Geçen günler dolanmaýar hiç mahal, Göwnüñde birgeñsi ýatlama galýar. Azalýar ömrüñden ýene-de bir ýyl, Her kim dogan Güni ýüzüne sylýar. Goý, Täze Günüñiz ýalbyrap dogsun, Goý, Täze ýylyñyz bolsun düşümli! Ýagşylygy ýaýyñ ýeriñ ýüzüne, Ýamanlyga daralyñ biz dözümli. Ýeriñ bar, suwuñ bar, erkiñ eliñde, Öz eliñ, öz ýakañ, bolsa mydaryñ. Zähmet çekip, ýaýnap ýaşap ýörmeli, Aladañy edip ýörkä Serdaryñ. Goý, türkmeniñ bagty daş ýaryp çyksyn, Galkynsyn On ýyllyk abadanlygmyz, Şu günki yhlasym, ertirki ryskym, Ýalkasyn üç ýyllyk Maksatnamamyz. Ýer ýüzüdne bar türkmeniñ buýsanjy, Ýurdumyz abadan bolsun, Adamlar! Bize hemme zatdan eziz Watanmyz, Il-günümiz aman bolsun, Adamlar! 1994 ý. Sona ÝAZOWA. "WATAN" gazeti, 1995 ý. | |
|
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |