19:32 Şahyr Sona Ýazowa aradan çykdy... | |
• Şu gün - 21-nji fewralda Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Sona Ýazowa aradan çykdy. Merhuma iman baýlygyny dileýäris. ◇ Şahyr hakynda Şahyr 1941-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Kemine obasynda dünýä inýär. Çeper döredijilik bilen çagalyk ýyllaryndan bäri meşgullanyp gelýän ýazyjynyň ilkinji goşgusy ol heniz mekdepde okaýarka gazetlerde çap edilip başlady. S.Ýazowa 1966-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlaýar. Ol 1966-1968-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, 1968 — 1977-nji ýyllarda «Ýaş kommunist» gazetiniň bölüm müdiri, 1977-2004-nji ýyllarda «Garagum» žurnalynyň bölüm müdiri, 2004-2005-nji ýyllarda Türkmen telewideniýesiniň baş müdirliginiň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň syýasat bölümçesiniň režissýory, ses režissýory, 2006-2011-nji ýyllarda Türkmen telewideniýesiniň baş müdirliginiň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň studiýa we dubliýaž bölüminiň redaktory, 2011-2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň studiýa we dubliýaž bölüminiň redaktory, 2012-2017-nji ýyllarda bolsa şol bölümiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy wezipelerinde işledi. Halypa şahyr 2017-nji ýylda hormatly dynç alşa çykyp, ömrüniň soňky gününe çenli erkin döredijilik bilen meşgullandy. Şahyr Sona Ýazowa zähmet we döredijilik ýolunda edebiýat äleminde meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ençemesi bilen duşuşyp, işleşip, döredijilik gatnaşyklaryny saklady. Ol meşhur ýazyjy-şahyrlarymyz G.Ezizowy, K.Gurbannepesowy, B.Hudaýnazarowy öz halypalary hasaplady. S.Ýazowa müňlerçe goşgynyň, makalanyň awtorydyr. Halypa şahyr 2009-njy ýylda Russiýa Federasiýasynda, 2010-njy ýylda Hytaý Halk Respublikasynda, 2011-nji ýylda Özbegistan Respublikasynda geçirilen halkara medeni çärelere, şeýle hem ýurdumyzda guralýan medeni çärelere, şygryýet agşamlaryna, döredijilik duşuşyklaryna gatnaşyp, yzygiderli çykyş edýärdi. Şahyr Sona Ýazowa 1994-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», 2014-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» hormatly atlary berildi, 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2008-nji ýylda «Galkynyş» ordeni, 2009-njy ýylda «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, 2011-nji ýylda «Gaýrat» medaly, 2014-nji ýylda «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglandy. 2007-nji, 2009-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||