21:46 Zöhre ýyldyzy / hekaýa | |
ZÖHRE ÝYLDYZY
Hekaýalar
Näme üçin adam, ýaşy gidişdigiçe, geçmişine dolanmagy, çagalyk döwrüni ýatlamagy gowy görýärkä?! Näme üçin, ara daşlaşdygyça, geçmiş barha ýakynlaşýan ýaly bolýarka?! Hemme zat barha durlanyp, bolup geçen wakalar saňa has aýdyň görünýärkä?! ... Ykbal meni Talhatanbaba obasynda deň- duşlarym, doganlar Kakabaý bilen Zöhrä, Çary bilen Sülgüne, Ýakup bilen Merjene duşurypdy. Asly oturymly ýer bolmansoň, bu ýere dürli sebäplere görä göçüp gelen maşgalalar biri-biri bilen dostlukda, ýakyn garyndaş ýaly bolup ýaşaýardylar. Şol döwürde Talhatanbaba daş-töweregindäki obalaryň ençemesini özünde jemleýän kiçeňräk etrap merkezi hasaplanýardy. Kakamyň iş ýagdaýy sebäpli, ol ýere göçüp barypdyk. Biziň oturan kowçumymyzyň ortarasynda aýlaw boşluk bardy. Agşamlaryna şol boşlukdaky ýeke-täk til agajyň depesindäki elektrik çyrasy töwerege nur saçyp ýagtyldýardy. Bu ýeriniň edähedine görä, ýaşaýjylar agşamara iýip-içip bolanlaryndan soň, şol çyranyň aşa- gyna ýygnanýardylar. Çagalaryň her haýsy öz deň-duşlary bilen garylyp gidýärdiler. Men kiçi bolsamam, hemişe özümden ulular bilen oýnaýardym. Ýöne ulular gizlenpeçek oýnanlarynda, meni mydama eşekçi belleýärdiler. Eşekçi bolmagy halamasam-da, ulularyň arasynda oýnaýanym üçin, eşekçi bolmaga-da kaýyldym. Eşekçi bolsaň, pellehanada gözüňi ýumup, beýlekileriň hemmesi gizlenip bolýan- ça, käte-käte: «Gukmy?» diýip sorap durmalydyr. Kimdir biri: «Guk!» diýip gygyransoň, olary gözlemäge başlamaly. Oýnuň kyn ýerem şunda. Alagaraňkyda kimiň nirede gizlenýändigini näbiljek?! Olaryň kimsi otuň-çöpüň arasynda, kimsi bir jaýyň içinde gizlenýärdi. Köplenç halatda, hemmelerden uzakda gizlenýän Zöhre bilen Kakabaýy gözläniňde, eglenmeli bolýardy. Ahyrsoňunda-da olaryň iki- sinem bir ýerden tapýardym. Ýöne eşekçiniň iki adamdan bolmaýandygy üçin, bu iş, köplenç, Kakabaýyň başyna düşýärdi. Şonuň üçinem Zöhre hiç mahalam eşekçi bolup görmändi. Her gün gaýtalanyp dursa-da, biz bu oýundan ýadamaýardyk. Günleriň bir günem gyzlar «Gelin-gelin» diýip, täze bir oýun tapdylar. Bu oýun şeýle bir gyzyklydy welin, biz her gün agşamlyk naharymyzy iýerimize mähetdel, çyranyň aşagyna üýşmäge howlugýardyk. Biz soňabaka öýümizde galan naharlarymyza çenli getirip, şol çyranyň aşagynda üýşüp iýmäge başladyk. Ejelerimizem gözleriniň alnynda oýnaýandygymyz üçin, öýden keçe, ýorgan-düşek alyp gaýtsagam käýäp durmaýardylar. Biz öz oýunlarymyzdan diýseň göwnühoş bolup, bu günleriň haçan hem bolsa bir gün tamam boljakdygy barada pikirem etmeýärdik. Bir günem Kakabaýlaryň maşgalasy Murgaba göçüp gitdi. Şeýdibem, bileje oýnan deň-duşlarymyz Kakabaýdyr Sülgünden aýra düşdük. Aşgabatda biziň hiç hili tanşymyz bolmasa-da, bir gün kakam giçlik işden geldi-de, tiz wagtda Aşgabada gitmelidigini, şoňa çenli bizi enemleriň ýanyna göçürmekçidigini aýtdy. Enemleriň ýanyna göçmeli bolsak, diýmek, kakam Aşgabada iş bilen uzak wagtlyk gidýän bolmalydy. Muňa biziň ählimizem göz ýetirýärdik. Göçmeli günümiz ähli goňşular bizi ugratmaga geldiler. Ejem goňşy aýallar bilen hoşlaşanda, gözýaşlaryny saklap bilmedi. Menem ýükli maşynyň bir burçunda doganym Bibini gujaklap oturyşyma, bileje oýnan oglan-gyzlarymyň mölterişip duruşlaryny görenimde, indi olar bilen hiç mahal görüşmejekdigime akylym çatmaýardy. Maşyn ýerinden gozganyp, goňşularymyz bilen aramyz daşlaşdygysaýyn, soňlanmadyk «Gelin-gelin» oýnumyzyňam, şadyýan çagalygymyzyňam şol çyranyň aşagynda galandygyna gynanyp, uly sesim bilen agladym. Uzak ýyllardan soň ykbal meni ýene-de Aşgabatda Zöhre bilenem, Sülgün bilenem duşurdy. Zöhre bilen azyk dükanynda tötänleýin sataşdym. Onuň adamsynyň bu ýere işe çagyrylyp, göçüp gelendiklerine diýseň begendim. Soňra Sülgüniň hem Aşgabatda ýaşaýandygyny bilip, onuň salgysyny aldyk. Zöhre ikimiz sorag-ideg edip, Sülgüni tapdyk. Bu duşuşyga begenişip, birek-birek bilen dogan ýaly gatnaşyp ugradyk. Şonça ýylyň dowamynda Kakabaýy görmesek-de, Sülgünden ol barada köp zatlary eşitdik. Zöhre her gezek onuň durmuşy bilen içgin gyzyklanýardy. Kakabaýyň ykbalyna biparh garamaýandygyny gizläp bilmeýärdi. Bir günem Sülgünlerde üç jora bolup «Gelin-gelin» oýnan günlerimizi ýatlap, hezil edip gülşüp otyrkak, Sülgüniň kiçi gyzy daşardan ylgap gelip: «Eje, Kakabaý daýym geldi» diýip buşlady. Biz begendik. Sülgün bilen bile onuň öňünden çykmaga howlukdyk. Kakabaýyň hem bizi görende nähili şatlanjagyny göresimiz gelýärdi. Ýöne doganjygy bilen salam-helik alşyp duran ers-mers kişiniň epeý keşbi biziň badymyzy gowşadaýdy. Biz bosagadan daşaryk ätlejek ädimi- mizi yza alyp, alasarmyk ýagdaýda ýaýdanyşyp durduk. Sebäbi biz bu adamyň ýüz-gözünden şol bileje oýnan Kakabaýymyzyň keşbini görmek isleýärdik. Onuň bilen aç-açan gepleşip, çagalyk ýyllarymyzy ýatlaşyp, gülşüp-degşip oturmagy höwes edýärdik. Sülgün dogany bilen saglyk-amanlyk soraşyp, ony biz bilen tanyşdyrmaga howlukdy: — Kakabaý, ynha, bularam biziň köne tanyş- larymyz, Zöhre bilen Selbi. Ýadyňa düşýärmi, çagalykda bular bilen bileje oýnardyk?! Kakabaý biz tarapa agraslyk bilen başyny atyp, salam berdi. Soňra ýüzüni aşak salyp, nämedir bir zady ýadyna saljak bolýan ýaly, az salym oýlanyp durdy-da: «Ýadyma düşenok» diýip, eginlerini gysdy. Biz oňaýsyz ýagdaýa düşdük. Şol şadyýan çagalyk döwrümizi ýene bir gezek ýitiren ýaly, kalbymyzy ýukajyk gussa gaplap aldy. Kakabaý aýtmaly habaryny aýdyp, dogany bilen hoşlaşdy-da, ýüzüniň ugruna howludan çykyp gitdi. Birsalym dymşyp duranymyzdan soň, Sülgün öýe girmegi ündedi: — Ýörseňizläň, gyz, saçak başyna geçeliň-le, naharlarymyzam sowap gidendir. Saçak başyna geçip otursagam, birbada elimiz nahara uzamady. Birdenem Sülgün bize seredip, aýgytly dillendi: — Ýok-la, ýadyndan çykaran däldir. Ol günleri ýadyňdan çykarmak mümkin däl-ä. Ynha, görersiňiz, soňrak bar zady ýadyna salar. Ol bu sözleri şeýle bir ynamly aýtdy welin, hut şu bolup oturyşymyzam «Gelin-gelin» oýnumyzdan bir parçadyr diýen duýgy kalbyma ýakymly şatlyk berdi. Zöhre bolsa, birdenkä Kakabaý yzyna girägede: «Heý, ol günlerem ýatdan çykarmak bolarmy?! Sen meniň şol bagtly günlerimizdäki Zöhre ýyldyzym ahyryn» diýäýjek ýaly, tä gaýdýançak, gapy tarapdan nazaryny sowup bilmän oturdy. Sona ÝAZOWA, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. | |
|
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |