10:56 Sen, otur! | |
SEN, OTUR!
Goşgular
Ogul-gyz ýetişdi ýeke-ýekeden, Aladalar ýetdi ekiz-ekizden, Ýer gatydy, öküz gördi öküzden, Enäñ eli atañ ýakasy boldy. Ady "Sen bir otur, kakasy!" boldy. Sawçy geldi, gyz bahasy kesildi, Aýal öñküdenem hasam eseldi. Bu ýagdaýdan alman göwni teselli "Gyz satana, nälet!" diýmeli pille, Diýipdirler: "Sen bir otur, çal kelle!" Aýal ýortdy ogul toýna tijenip, Towga ýükläýmeli boldy hojalyk. Goç ýigide tiz ýetişdi gojalyk, Bir söz diýse, aýal hetdinden aşan; Diýipdir ol: "Otur, añkasy aşan!" Uruş-sögüş öýüñ agzyn ajydyp, Gelin gitdi gaýyn öýün aç edip, Gyzy dolananda gözün ýaş edip, Goja gazap bilen dillendi ahyr, Diýdi: "Ah-ow, heleý, indi sen otur!" • GYT ZAT "Iñ gyt zat pul" diýjek bolýar kä kişi. Ýatakdaky dersiñ satsañam puldur. Tuduñ diläp geler gurçuk tutýanlar, Maşynyñda kireý etseñem puldur. Kynlaşdyrýas bu durmuşy özümiz, Ýaşamagam bor-a gyt zatsyz bir tap. Bu durmuşda tapylmaýan bir gyt zat - Olam - Ynsap! Ynsap! Adamlar, YNSAP! Sona ÝAZOWA. "Tokmak" žurnaly, 1990. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |