20:48 Döwük küýze | |
DÖWÜK KÜÝZE
Goşgular
Ýegen Atagarryýewe Alym kişi niçe gündür dyrmalap, Bitin ele saldy döwük küýzäni. Ol hamana altynly hum tapan dek, Küýze bilen unudypdy dünýäni. Ýazdy, pozdy, kelle döwüp oýlandy, Topragyñ gatlagyn öwrendi kemsiz. Ýagly petir ýaly gat-gat taryhyñ Niçeme asyry ýatyrdy demsiz. Deñeşdirdi ençe tapyndysyny, Gözleriniñ göreji dek gorady. Alym kän gürleşdi küýzesi bilen, Aslyny, durkuny, hilin sorady. Kim ýasapdyr, kimse içipdir suwun, Küýze ýekän-ýekän beýan edipdir. Adam öz eliniñ hünäri bilen Nesillere döwrün goýup gidipdir. * * * Goluñ ýaýyp, daşyn garan bir zaman, Durmuş gözel, ýaşanyña degýändir. Şükür, seniñ kimdigiñe garaman, Aý, Gün señ üçinem ýaşyp-dogýandyr. Penjireden girip, gapydan çykyp, Dünýe durar, adam gider bakyýa. Bäş gün ömür, sarpa goýup adama, Süýji-süýji ýaşaşalyñ, Aky aga! Asyrlaryñ keşgin çeken metjitler Dymyp saña köp zatlary aýdyp dur. Munda diñe il-gün diýip baş goýan Owadan adamlañ ady galypdyr. Sona ÝAZOWA. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Bu jany gördüm / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Ilýa Erenburgyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Pyragyň kyssasyn söýdüm / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Diýer sen / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Galasym gelýär / Goşgular - 13.11.2024 |
√ Ýarym degişme / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Блондинка / Goşgular - 25.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |