21:08 "Men Seniñ gyzyñ.. " | |
"MEN SENIÑ GYZYÑ..."
Goşgular
Men seniň gyzyň, Watan! Seniň adyň keşdeledim ýaglygma, Göwnüň söýlänini saýla diýseler, Seni çalyşmadym dünýäň baýlygna. Men seniň gyzyň, Watan! Hymmyl kakyp doldum aýly gijäňe, Bagyňa gül boldum, Gülüňe bilbil, Şu bagt düşüpdir meniň bijäme. Men seniň gyzyň, Watan! Borjumdyr üwremek sallançagyňy, Gurşun kimin kalba guýup pendiňi, Unutman ak ýola ýollan çagyňy. Men seniň gyzyň, Watan! Zenan söýgim bilen söýerin seni. Ýöne gerek bolsa ýowuzlyklara, Bir ogluň deregine ugratgyn meni. Sona ÝAZOWA. | |
|
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Kim görer hurşydy, ol mahy-sima bolmasa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Jam içre meý ki daýyra salmyş hubap aňa... / Goşgular - 31.10.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Aglama sen, ýüregim! / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Agyr meseläniň ýeňil çözgüdi / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Mähir, meni terk etme sen! / Goşgular - 12.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |