13:11 Güýz ýazgylary | |
Gowy adamlar gowulyga guwanýar. Erbetligi ýigrenýär. Erbet adamlaryñ gözüne diñe erbetlik görünýär. Olar iñ ajaýyp adamlaryñ iñ gowy sypatlaryny-da erbetlige ýormagy başarýarlar. ■ SADA ADAM HAKYNDA: "Bilgeşlinden sadasyran bolýar. Baryp ýatan mekir. " ■ ASYLLY GELIN HAKYNDA: "Asyllylyk oña sürtseñem ýokmaz. Il gözüne asyllysyran bolyar." ■ OWADAN ZENAN HAKYNDA: "Gije -gündiz özüne serenjam berip, ýuwnyp - ardynyp, bir gyldan bezenip yörensoñ bir zatdyr-la. Wah, ýogsa onda owadanlyk näme işlesin. " ■ ÝETMİŞ ÝAŞYNYÑ ÖÑÜSYRASYNDA ÝOGALAN ABRAÝLY, ULY ZEHINLI ADAM HAKYNDA: "Görgüli geroý boljak bolup, näçe ölmejek bolup çytraşdy welin, bolmady. (Soñra bolsa gynanansyrap) Wah, ýene-de 3-4 aýjyk ýaşaýmaly eken - dä... " ■ ZÄHMETSÖÝER ADAM HAKYNDA: "Öler ýaly işleýär... Nebsiniñ gara eşegi! " ■ ARASSA ADAM HAKYNDA: "Arassadyr öýdýäñizmi?! Saman astyndan suw goýberendir... " | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |